08:51 Çingiz han -16: romanyň dowamy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM
Taryhy proza
IRGIZ DERÝASYNYŇ ÝANYNDA BOLAN SÖWEŞ Birinji bap GYPJAK SÄHRASYNA GOŞUN ÇEKILIP GIDILIŞI Afrosiab diýdi: «Men goşun çekip, söweşe gidýärin! Atymyň gurugyny hynalaň!» (Gadymy Eýran aýdymyndan) Horezm şa Muhammet gahar-gazaba münip, Gürgençden Samarkanda at salyp bardy. Ol öz giýewisi Osmandan we öz şasyna garşy gylyç çekmäge milt eden ilatdan birehim ar almagy ýüregine düwüpdi. Muhammet Samarkant şäherini gabap, eger-de şäher boýun egmese, bütin ilaty uludan-kiçä gyrjakdygyny, hatda daşary ýurtlulary-da gyrjakdygyny yglan etdi. Samarkantlylar darajyk köçeleri pürsler bilen bekläp, uzak söweşdiler, ahyrsoňy Osman han Horezm şanyň ýanyna gelip, onuň şäheriň günäsini ýetmegini haýyş etdi. Osman han bir eline şemşir, beýleki eline kepenlik ak mata alyp, Muhammet şanyň ýanyna gelip durdy: ol özüniň şeýtmegi bilen, özüniň bütinleý boýun egýändigini hem-de şol şemşir bilen öldürilmegine kaýyldygyny aňlatdy. Horezm şa giýewisi Osmanyň gelip, öz aýagyna ýykylanyny görüp, oňa rehimi geldi we onuň günäsini ötmäge razy boldy. Şäher boýun egenden soň şanyň gyzy Hansoltan atasynyň ýanyna geldi, ol topalaňçylaryň gabawynda galan galada batyrgaýlyk bilen göreşip saklandy. Onuň öz äriniň günäsini geçesi gelmedi, onuň öldürilmegini talap etdi. Gijäniň birmahaly Osman jezalandyrylyp öldürildi. Onuň dogan-garyndaşlarynyň hem hemmesi çaga-çugalary bilen bilelikde gyryldylar, şeýlelik bilen, Samarkandy sorap gelen gadymy Garahanlar1 tohumy tükendi. Horezm şa bilen bilelikde gelen gypjak hanlary Samarkandyň ilatyndan gazap bilen öç alýardylar. Olar on müňden gowrak adam gyrdylar, gyrmagy we şäheri talamagy olar dowam etdirmekçidiler, ýöne şanyň rehimsiz, emma paýhasly enesi Türkan Hatyn ara goşuldy we gypjak hanlaryňa tewella edip, gyrgynçylygy bes etdirdi. Şondan soň Samarkant Horezm şanyň paýtagty boldy. Şa ullakan köşk saldyrmaga başlady. Gündogar çöllerinden gelip, gypjak çarwalaryny gysyp çykaran tatar-merkitler2 taýpasyny derbi-dagyn etmäge, gypjak sähralaryna Horezm şanyň goşun çekip gitmegini gypjak hanlary şadan talap etdiler. Şa döwlet aladalaryny we köşk saldyrmagyny bahanalap, ony başyndan sowýardy. Şol wagt onuň enesi Türkan Hatyn şol haýyş bilen oňa ýüz tutdy. Köpi gören bürgüdiň gaýanyň depesinde, ýetip bolmaýan höwürtgede, özüniň ýiti gözleri bilen uzaga seredip, gyzyl etene çagajyklaryny goraýşy ýaly, aýallaryň iň hilegäri we paýhaslysy bolan Türkan Hatyn-da hemişe nägile ilatyň howply gozgalaňlaryndan, hilegär hanlaryň dönüklik we haýynlyk etmeklerinden we olaryň assyrynlyk bilen kast etmeklerinden şa tagtyny goraýardy. Ol howp dörän wagtda, özüniň Gürgençdäki garaňky, del adamlar baryp bilmeýän köşgünde oturan ýerinden, özüne yhlasly gypjak leşgerlerini öz ogly, ýeňilmez Horezm şanyň beýikliginiň garşysyna el galdyranlaryň etini çekelemäge iberýärdi. Şoňa görä, Horezm şa öz paýhasly enesiniň maslahatyna gulak asman durup biljek däldi. Indiki ýylyň alabaharynda Muhammet Gürgenje geldi we şol ýerden uly atly goşuna baş bolup, ýörişe ugrady. On bölek goşun şäherden on günläp yzy üzülmän çykyp durdy. Her bölekde alty müň atly bardy. Zapas atlaryň üstünde arpa, dary, tüwi, ýag bardy, gymyzly-çally meşikler ýüklenipdi. Horezm şa uruş dabarasyny, ýörişe çagyrýan söweş depleriniň gümmürdisini, söweş surnaýlarynyň gyryk sesini gowy görýärdi. Onlarça müň atlynyň öňünde giň göwüsli dor at özüniň al reňke boýalan guýrugyny galgadyp elesläp barýardy. Atyň altyn şaý-şaýmanlary ýalpyllaýardy, gymmat bahaly daşlary ýanyp durýardy we aýaklaryndaky kümüş düwmeler şaňňyrdaýardy. Dürli zerler bilen bezelen we gar ýaly ak selleli, gara sakgally adamyň münýän dor atyny Horezmde kim bilmeýärdi! Ol atly – yslamyň diregi, musulmançylygyň arkadaýanjy, butparazlaryň ýagysydy, ol pygamber neslinden bolan Bagdat halypasy Nasyra-da öz gahar-gazabyny iberýärdi. Ol atly – öz patyşalygynyň çäklerini ýeňilmez jahangir Isgender – Rumynyň ýetip bilmedik çäklerine ýetiren Horezm şa Allaeddin Muhammetdi. Goşunlar on günlük ýola uzaldy. Birnäçe mün atlydan ybarat bolan her bir topar gonan ýerlerindäki guýularyň suwuny içip tükedýärdi. Dine bir gije-gündizden soň ol guýulara suw ýygnanýardy. Birinji topar aňtawçylardan ybaratdy. Horezm şa ikinji topar bilen barýardy. Şol topar bilen bilelikde sülsat–çadyrlar, gazanlar we şa üçin bişiriljek bol iýmitler ýüklenen bugralar barýardy, Iň yzdaky, onunjy toparda, hemişe topalaňçy we boýun egmezek türkmenler bilen bilelikde şanyň ýaz-garylan ogly Jelaleddin barýardy. Türkmenler gypjaklaryň ulumsylygyny we aç gözlüligini ýigrenip, hemişe ýagydylar. Türkmenler giň aýlawlar görnüşinde ot ýakyp, agşamlaryna olaryň töwereginde harby oýunlar edýärdiler: harby aýdymlar aýdyp we özleriniň ýallyrdawyk egri şemşirlerini başlarynyň ýokarsynda bulaýlap, biri-birleriniň ellerinden tutup, öňe we yza gaýdýardylar. Ýol Horezm (Aral) denziniň boýy bilen gidýärdi. Goşun Seýhun1 derýasyndan geçip, darajyk Sary-Çaganak aýlagyna çykdy. Şa şol ýerde gondy. Ol öňe iberlen aňtawçylardan habara garaşýardy, şol wagtdan peýdalanyp, elguşlaryny alyp, gök deňziň boýuna aýlandy we awlan ördekdir durnalaryny ýüpe düzüp, goşa gaýdyp geldi. Demirgazyk tarapda, Irgiz derýasynyň aýaklarynda, onuň Çelkar kölüne guýulýan ýerinde merkitleriň mal sürüleriniň görlendigini aňtawçylar habar berdiler. Hemme otrýadlar gelip ýetişýänçäler Horezm şa garaşdy, olaryň baştutanlaryny öz ýanyna çagyrdy we maslahatda hüjümiň planyny düşündirdi. Bütin goşun üç bölek bolup gitmeli. Şanyň özi ortadaky bölekde boljak, ol ortadaky bölek iň soňky, aýgytly zarbany urmaly. Leşgerleriň çep tarapynda gypjak hany Turgaý ýolbaşçylyk etmeli, sag tarapyny Horezm şanyň ogly Jelaleddin alyp barmaly. Muhammet öz boýun egmezek we özüne göwni ýetýän oglunyň söweşde özüni nähili alyp barşyny synlamakçy boldy. Düşelgä Gürgençden bir atly gelip, şanyň ejesi Türkan Hatyndan bir düwünçek getirdi. Wekil bilen mürze şanyň yzyna düşüp, onuň çadyryna geldiler. Şa hanjary bilen ol düwünçegi açdy. Onuň içinden gyrmyzy ýüpek haltajyk çykdy. Horezm şa ol haltajygy maňlaýyna we dodaklaryna degrip, ony açdy. Onuň içinde uly-uly harplar bilen ýazylyp düýrlenen insizje bir hat bar ekeni2. «Diniň we adalatlylygyň iň beýik we ak pataly arkadaýanjy Horezm şa Allaeddin Muhammede – Hudaýym seniň patyşalygyňy aman saklasyn! – salam! Ähli metjitlerdäki ymamlaryň hemmesi her gün bäş wagt namaz okap, hemmä erki ýetýän biribardan ýagşy dileg edýärler, onuň özi seniň patyşalyk sürmegiňi uzaldar hem seni duşmanlardan üstün çykarar. Şeýle bolar inşa Alla! Bazardan bir derwüş tutduk, ony Bagdat halypasy içaly edip iberipdir. Ol derwüş biziň söýgüli şamyzyň göýä parslaryň nädogry mezhebini kabul edeni üçin oňa Alla göz görkezer we oňa jeza hökmünde Horezme butparaz äjit-mäjitler1 gelip, biziň patyşalygymyzy weýran ederler diýip, ynanjaň, agzy gowşak adamlaryň arasynda wagyz-nesihat edipdir. Ýaňra derwüşi jellatlaryň baştutany Jahan pälwan tutdy we gyzdyrylan demir bilen etini daglap, bazar meýdanynda onuň dilini kesip, dara çekdi. Bu jezany görüp, barçalar wehim eder. Özge babatda abadançylyk. Asudalyk we aman-esenlik seniň döwletiňde köp ýyllar dowam etsin! Türkan Hatyn – älem-jahan aýallarynyň hökümdary». Goşunlar säher bilen ýola düşüp, çalt ýöräp, iki menzilden soň Irgiz derýasyna baryp ýetdiler. Sährada täze çykan ter ýaz otlary gök öwüsýärdi. Hemişe oty-çöpi köýük bolýan we sus ýatýan sährada häzir saryly-gyzylly güller we gyrmyzy çigillem gülleri düzlüge seçelenen ýalydy. Gün kä çykyp, ýiti şöhle saçýardy, kä gara bulutlara gabat bolýardy. Irgiz derýasynyň ýüzi heniz gowşak we boşaň buz bilen basyrylgydy. Suw buzuň ýüzüne çykyp durýardy, garalyp duran oýlar we buzuň çäken ýerleri goşunlaryň derýanyň aňyrsyna geçmegine mümkinçilik bermeýärdi. Horezm şa goşunlara gamyşlyk çöketlerde bukulyp garaşmagy höküm etdi – ýogsam merkitler sizi görüp, aňryk, sähra düzlüklerine giderler – diýdi. Goşun ot ýakman, iki gün dynç aldy. Ikinji gije asmanda düşnüksiz bir ýagtylyk peýda boldy. Asman ýanyp duran köz ýaly çym-gyzyldy, onuň öňüni garaňkylyk büremedi, şonuň üçin ýyldyzlar görünmedi. Agşam şapagy ertiriň dan sazyna utgaşyp giden ýaly boldy1. Goşun bilen bilelikde barýan şyh-ul-yslam2 bu hekaýat – Horezm şa Muhammede garaşýan beýik şöhratyň Alla tarapyn yşaratynyň ýalkymydyr diýip düşündirdi. Derýanyň buzy eränden soň, aňtawçylar güzerleri tapdylar we goşunlaryň hemmesi derýanyň aňyrky kenaryna geçdi. Kä ýerleri baýyrly çöl sähra asudalyk we gizlin syr bilen uzalyp gidýärdi. Goşunlar çala seljeril» ýän ýoda bilen gündogara tarap barýardy. Olar tizden başlanjak söweşe taýynlanyp, has ýygjam saklanýardylar. Bir jülgede, daşlyk merzleriň arasynda gara öýler göründi. Olar howlukmaçlyk bilen gaçylanda taşlanan öýler bolmaga çemeli. Ýoluň ugrunda köçeler, aýal geýimleri we köne halylar çaşyp ýatyrdy, şol ýeriň özünde iki sany gara gulpakly we gyýa gözli, sary ýüzli bir adam hem serilip ýatyrdy. Onuň solan, ökjelerine ýetip duran gök, uzyn geými çapylypdyr, Ondan aňyrrakda gapdalyna ýykylyp ýatan, iki tigirli bir araba duşdy. Aňtawçylar baýyrlaryň üstüne çykyp, nyşanlar edip, bir gapdaly görkezip ugradylar. Goşun ýarym aýlaw bolup, şol tarapa öwrüldi. Atlylar atlaryny gorgunladyp ugradylar, soňra atlaryny ýuwaşrak sürmäge başladylar. Olaryň öňünden göýä gara esgiler taşlaşdyrylan ýaly bir çal düzlük çykdy. Eýerli, emma üsti adamsyz bir at düzlükde gezip ýördi. Nökerler: – Söweş bolan meýdan! Baky Allanyň yradasy bilen bularyň kazasy dolupdyr – diýişdiler. – Bularyň läşini sermäge kömek berenler kimlerkä? Baý oljany kimler bizden öňürdip aldyka? Hany bularyn sürüleri, atlary, düýeleri? Goşunlar meýt bary serlip ýatan meýdanyň içi bilen geçip ugrady. Hanjar bilen çapylan, içlerinden peýkam we naýza geçirilen meýtler uzakdan esgi ýaly bolup görünýärdi. Olaryň ýeke-ýekeden ýatan ýerleri bardy, onlap-onlap ýatan ýerleri-de bardy. Käbirleriniň geými we aýakgaby çykarylyp alnypdyr. Atlylar meýdana pytrap, kim eýesiz ýatan hanjar, kim tegelek galkan ýa-da naýza almaga başlady. Horezm şa pikire batyp, gara sakgalynyň buýrasyny barmagynyň ujuna dolap, meýdanyň içi bilen atyny sürüp barýardy. Onuň ýakyn adamlary öz aralarynda ýuwaşjadan gürrüňleşýärdiler: – Bu ýerde örän zor söweş bolupdyr. Telim müň merkidiň kellesi kesilipdir. Olaryň hiç birine rehim etmändirler, ýaralananlaryny-da öldüripdirler... Bir atly ýüzin salyp gelip: – Men bir diri merkit tapdym. Ol gepläp bilýär – diýip gygyrdy. Horezm şa atyny aýak aldygyna goýberdi. Onuň ýakyn adamlary şanyň yzy bilen ýüzin saldylar. Merkit bir baýryň eteginde otyrdy. Onuň garşysynda gypjaklar çommalyp oturan ýerlerinden ondan hal-habar alýardylar. Merkitiň başy syrylgy we gana boýalgydy. Horezm şa atynyň başyny çekdi. – Ol näme diýýär? Haýsy taýpadan? Kimler olary gyrypdyr? Merkit iňläp we zar-zar aglap gürrüň bermäge başlady: – Biziň halkymyz beýik halkdy, indi bolsa ýoga çykdy! Biziň halkymyza merkitler diýilýärdi. Biziň hanymyz Tuktu handy... Ol öz ogly Haltu han bilen bilelikde gaçdy, onuň ogly meşhur awçydy, peýkamy hiç kim şondan gowy we uzaga atyp bilmeýärdi. Nökerlere olaryň ikisi-de şeýle diýdi: «Gyzyl sakgal Çingiz hanyň gazabyndan biziň bilen bilelikde gaçyň; ol merkitler taýpasyny emer-damary bilen goparmagy ýüregine düwüpdir... Günbatarda, şor kölleriň aňyrsynda gypjak sähralary deňze çenli uzalyp gidýär; ol ýerde bize-de orun tapylar. Öküzlere ýakymly birentek otlary we gür gamyşlyklary taparys; ol ýerde sürülerimiz ýene-de köpelip, artmaga başlar. Gypjaklar bize garaşyk ederler we özleri bilen bir gazandan iýmäge, bir tulumdan içmäge rugsat bererler...» Biziň hanlarymyz şeý diýdiler. Bizde näme alaç bardy? Yzymyzdan ölüm kowalaýardy, ýeňde erkinlik we şatlyk bardy. Iki sany ýarak köpek öz burunlaryny biziň aýak yzlarymyza tutup, biziň yzymyza sürrek düşüp gelýärdi. Ol köpekleri gyzyl sakgallynyň uly ogly Juçy han küşgürýärdi, ol köpekleriň biriniň ady Subudaý, beýlekisiniň ady Tohuçar-noýon...1 Biz aýak aldygymyza gaçdyk... Atlarymyzyň yzyny bildirmejek bolup, çagylly jülgeleriň we gyzyl gumlaryň arasy bilen ýöredik. Emma atlarymyz arryklady, toýnaklary çat açdy, şol sebäpli olaryň ozalky çuslugy galmady... Mongollar2 guduzlan ýaly bolup, biziň üstümize çozdular. Mongollaryň ýigrimi müň atlysy üstümize çozanda, biziň gutulara ýerimiz bolmady. Irgiz derýasy daşypdy, onuň ýüzünde uly-uly buz bölekleri ýüzüp ýörýärdi, suw gidip, laý bolan ýerde atlarymyz batýardy... Beýik merkit halky indi ýok! Kimseler mongollar tarapyndan çapylyp, şu meýdanda gurban boldular, kimseleri ýesir alyp gitdiler... Çypar Çingiz han özüniň sary öýünde telim gat keçäniň üstünde gülüp oturandyr! Merkitleriň gadymy şöhratyndan derek galmady! Merkitler urugyndan diňe ýeke dönük, ýaş hanym, gözel Kulan diri galdy! Çingiz han ony özüne aýal edindi; ol häzir Çingiz hanyň iň ýaş aýaly... Gypjaklar: – Bizi ol garakçylaryň üstüne äkit! Biz olaryň gözüne görkezeris! Olar uzaga giden däldirler! Öküzleri we ýesirleri çalt kowup gidip bilmezler. Biz oljany olaryň elinden alarys... – diýip, gygyryşmaga başladylar. Horezm şa: – Biz hä diýmän olaryň yzyndan ýeteris! – diýdi we çapylan merkitleriň geýim-gejimlerini sypyryp, meýdanda aýlanyşyp ýören atlylary çagyrmagy surnaýçylara buýurdy. __________ 1 Garahanlar – X asyrda Orta Aziýa türk taýpalary çozup, Syrderýa bilen Amyderýanyň iki aralygyndaky medeni ýerleri eýelänlerinde tagta münen türk şazadalarynyň neslidir. Garahanlar nesliniň höküm süren zamanynda Mawerannahr medeni taýdan yza gaýtdy we hanlar tarapyndan gysyldy, şonuň netijesinde telim gezek halk gozgalanlary bolupdyr. (Akademik W.Bartold). 2 Tatarlar – türk gelip çykyşly, Çingiz han tarapyndan boýun egdirilen birentek göçme taýpalaryň umumy ady. Merkitler – şol taýpalaryň biri. 3 Seýhun – Syrderýanyň XIII asyrdaky ady. 4 Ol zamanda Samarkant kagyz işläp çykarmakda şöhratlanýardy, onuň kagyzy daşary ýurtlara hem çykarylyp satylýardy. 5 Äjit-mäjitler – gündogar ertekilerinde ýygy-ýygydan duşýan nämälim halkyň ady. 6 Demirgazyk ýalkymyna meňzeýän bu atmosfera hadysasy hakynda şol zamanyň sene ýazuwçylarynyň hemmesi gürrüň berýär. 7 Şyh-ul-yslam – musulman ruhanylarynyň baştutany. 8 Subudaý batyr we Tohuçar-noýon – soňra Kalka derýasynyň golaýynda bolan söweşe gatnaşan görnükli mongol serkerdeleri. 9 Mongollar – türk taýpasy; Çingiz han şol taýpadandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |