08:52 Çingiz han -17: romanyň dowamy | |
Ikinji bap
Taryhy proza
DEL TAÝPA BILEN BOLAN SÖWEŞ – Zalyň batyr Rüsteme näme diýenini bilýäňmi, atam, ol oňa: «Duşmany äsgermezlik etme, duşmanyň peşeçe bolsa, pilçe gör» diýipdir. (Gadymy pars aýdymyndan) Goşun uzynly gije ýol ýöredi. Atlara iým bermek üçin dine iki gezek aýak çekdiler. Daňdanlar sährany ümür tutdy. Käbir toparlar biri-birlerini ýitirdi. Aňtaýjylar möjeklerdir şagallara öýkünip, inçejik, zaryn sesler bilen habarlaşýardylar. Sowukja şemal turup, dumany bölek-bölek edip, sürüp gitdi. Asmanyň altyn reňk şöhlesinde baýyr depeleri görnüp ugrady. Olaryň eteginde örän köp otlar ýylpyllap görnüp ugrady we atly toparlary, düýeler hem-de üsti ýükli ägirt uly, belent tigirli arabalar barha aýdyň görünmäge başlady. Ol del taýpanyň lageridi. Ol ýerde Horezm şanyň goşunynyň golaýlaşandygyny eýýäm duýdular. Dagap barýan duman bölekleriniň arasyndan çykyp, otuz sany atly göründi. Olar on-ondan üç topar bolup gelýärdiler. Günüň ilkinji gyýa şöhleleri olaryň uzyn; gök geýmini, demir sowutlaryny we demir telpeklerini açyk görkezdi. Olaryň astynda ýogyn aýakly, uzyn ýally kiçeňräk atlar bardy. ÖňDäki on atly bilen bilelikde belent türkmen atly, başy ak selleli we egni sary nagyşlar bilen bezelen mele possunly, ak sakgally bir musulman gelýärdi. Gojanyň ýany bilen başga bir atly gelýärdi, onuň elinde naýza bardy, naýzanyň ujunda bolsa ak at gurugy sallanyp durdy. – Essalamyaleýkim! – diýip, goja gygyrdy. – Menem musulmandyryn! Siziň iň uly serkerdäňiz bilen gepleşmäge maňa rugsat beriň, hudaýym onuň ömrüni uzak etsin! – Biziň goşunymyzda serkerde köp, emma biri, älemiň gazaby, yslamyň hanjary, Horezm şa Allaeddin Muhammet baştutanlyk edýär. Goja atyndan düşdi. Ol ellerini döşünde gowşuryp, çalarak egilip, Horezm şanyň ýanyna bardy. Horezm şa öz ajaýyp atynyň üstünde abaýlanyp otyrdy, töwereginde bolsa bezegli hanlar seslerini çykarman durdular. – Mongol goşunynyň hökümdary, beýik noýon (beg) Juçy han, gündogar ýurtlarynyň häkimi Çingiz hanyň ogly maňa, ýagny öz dilmajyna günbatar ýurtlarynyň edermen häkimi Allaeddin Muhammedi gutlamagy, buýurdy, hudaýyň özi seniň patyşalyk sürjek döwrüňi ýüz ýigrimi ýyl uzaltsyn! Ol saňa salam aýtdy! – Salam iberen-getiren sag bolsun! – Han Juçy, şanyň gahryman goşunynyň uzynly gije şeýle howlukmaçlyk bilen ýol ýöräp, mongol goşunynyň yzyna düşüp gelmeginiň sebäbini soraýar. Goja jogaba garaşdy. Emma şa sesini çykarman, öz gara sakgalyny sypalap, mongol ilçisine gazap bilen siňe seredýärdi. – Han Juçy ondan hem başga, öz atasy, ýeňilmez häkim Çingiz hanyň öz serkerdeleri Subudaýa we Tohuçara hanyň erkinden gaçan topalaňçy merkitleri gyrmagy höküm edendigini aýtmagy buýurdy. Şolary gyryp, mongol goşunlary ýene öz sähralaryna giderler... Şanyň üýtgemezek gazaply ýüzüne ýiti nazar salyp, ol goja bir azajyk wagt geplemän durdy, soňra sözüni dowam etdirdi: – Keçeli öýlerde ýaşaýan halklaryň hemmesiniň hökümdary Çingiz han, bardy-geldi duşulaýsa, musulman goşunlaryna dostluk bilen garamagy bize höküm etdi. Han Juçy alnan oljanyň we gul ornunda ýesir alnan merkitleriň birnäçesini şa hezretleriniň goşunlaryna dostluk nyşany hökmünde bermegi teklip edýär. Şol wagt şa atyna bir gamçy çaldy. Muhammediň güýçli elleri bilen jylawlary dartylyp duran dor at oýnaklap ugrady. Ine şol wagt şa şu meşhur sözleri aýtdy, onuň köşk sene ýazyjysy Mürze Ýusup bolsa ol sözleri «Şanyň edermenlikleriniň, söweşleriniň hem aýdan sözleriniň ýöriş depderçesine» şol ýeriň özünde ýazdy: – Bar-da hökümdaryňa aýt: eger Çingiz han saňa meniň bilen söweşmezligi maslahat beren bolsa, maňa hudaý başga höküm edýär – siziň goşunyňyzyň üstüne çozmagy höküm edýär! Men sizi, haram butparazlary gyryp, gudraty güýçliniň öňünde sogap gazanmak isleýärin!.. Dilmaç geň galdy we doňan ýaly bolup, Horezm şanyň sözlerini pikirlenmäge başlady, emma Muhammet öz atyny alňasaklyk bilen söweş tertibine düzülip ugran goşuna tarap eýýäm gönükdiripdi. Dilmaç mongol atlylarynyň ýanyna gaýdyp bardy-da atyna mündi, onsoň mongol atlylarynyň hemmesi öz goşunlaryna tarap ugrady, Olar atlaryny birnäçe ädim ýuwaşjadan sürdüler, soňra atlarynyň ýalynyň üstüne ýapyrlyp, atlaryny özleriniň lagerine tarap aýak aldygyna goýberdiler. Söweş ýakynlaşyp ugrady. Goja musulman mongollaryň lagerine baran bada ol ýerden birnäçe topar saýlanyp, ýuwaşlyk bilen Horezm şanyň goşunlarynyň garşysyna çykyp ugrady we ýapgyt baýyrlara ýetip, aýak çekdi. Horezm şa hanlara buýruk berdi: – Goşuny üç bölege: sag, çep we ortaky bölege bölmeli. Mongollaryň lagerinden hiç kim sypyp bilmez ýaly, ol iki bölek mongollaryň lagerini dolap almaly. Ortadaky bölek ätiýaç güýç bolar, meniň özüm şonda boljak. Nirä kömek gerek bolsa we haýsy ýere mäkäm zarba urmaly bolsa, men ony şol ýere ibärin. Duşmanlar biziň üstümize gös-göni topulmazlar. Bardy-geldi topulaýsalar, onda has hem gowy: olar läbik şor batgalyga batyp galarlar. Şa baýryň üstüne çykdy. Söweş boljak sähra biçeme uludy. Şa atyndan düşüp, halynyň üstünde_ oturdy. Desterhançy nagyşly ýüpek ýaglyk ýazdy, üsti çörekli, kişmişli, kakly mejmeleri goýuşdyrdy. Ol okaralara gymyz guýdy-da ýörişde Horezm şanyň ýanynda bolup, harby işi öwrenýän ýaş beglere äberişdirdi. Üsti azykly bugralar çökerildi. Ýörişde ýadan şa dynç bermekden ötri, desterhançy beýleki hyzmatçylar bilen bilelikde altyn golçalary, gaplary we iň bir saýlama nygmatlary çykaryşdyryp ýören ýerinden serenjam berýärdi. Goşunyň sag ganatyna Horezm şanyň söýmeýän ogly Jelaleddin serdarlyk edýärdi. Gara at ony bir bada gum depesiniň üstüne alyp çykdy. Ýaş han özüniň gyýa, gara gözlerini kiçijik eli bilen günden saýalap, söweş düzlügine nazar saldy. Ol bir nökere: – Gara Hanjary çagyr! – diýip gygyrdy. Gyrmyzy donly daýaw hem jahyl türkmen baýryň üstünden aýak aldygyna aşak indi we gara silkme telpekli, gara ýapynjaly agajet ýigit bilen gaýdyp geldi. Gara Hanjar atyny sürüp, Jelaleddiniň ýanyna bardy we oňa tarap egilip, onuň sözlerini üns bilen diňledi. Han häzir boljak söweşiň planyny düşündirdi. Gara Hanjaryň garçgaý ýüzünde hiç bir howsala ýokdy, onuň gara, hüwiniňki ýaly tegelek gözleri şatlykly uçganaklap durýardy. Jelaleddin: – Şu şorlugy görýäňmi? – diýdi. – Şunuň bizi heläk etmegi-de mümkindir, işimizi rowaç etmegi-de. Tatarlar onçakly kän däl. Biz üç esse köp. Emma gep sanda däl. Men öz söweşijilerimize ynam edip bilerinmi? Mongollaryň jemi ýigrimi müňe golaýdygyny men jan berip barýan merkitden bildim. Şonuň üçin, eger biziň ganatymyzyň garşysyna olaryň ýarysy çyksa, ol diňe on müň bolar. Bizdäki türkmenleriň bir özi alty mün, ýene gara hytaýlar bäş müň. Emma gara hytaýlar mätäçlikden we açlykdan patyşa boýun egdiler. Olar uruşmak üçin ýörişe çykman, özgäniň oduna çoýunmak üçin çykdylar. Men olary öňden goýberjek. Olar tatarlaryň goşlaryna tizräk ýetmek üçin höwes bilen giderler. Emma edil şol merkidiň özi tatarlara «guduzlan ýolbarslar» diýip at berdi. Söweşde, elbetde, tatarlar gara hytaýlary ýeňerler we biziň üstümize topularlar. Şol wagt olary örän gazaply garşylamak gerek, olary bir gapdalyndan urup, batga şorluga sokmak gerek. Şol ýerde olar batgalyga batarlar, bizem olaryň daşyna geçip, çapyşdyrarys. Şondan soň biz meniň atamy halas etmäge topularys. Patyşa bu gün jan rahatlygyny we gowrulan ördekleri unutmaly bolar... A-haw, ýigitler, ýetiň, türkmen hanlaryňa aýdyň, bu gün olara Garagumuň barsy Gara Hanjar baştutan bolýar. Alty sany atly baýyrlarda ýerleşen türkmen goşunlarynyň hemme tarapyna at salyp gitdi. Goşun Gara Hanjaryň adyny eşidende hereket hem gowur peýda boldy. Horasana we Astrabada hemişe howp salyp durýan Gara Hanjaryň adyny eşitmedik barmy! Süýnmek daýaw mele atly, kän geplemezek garaýagyz ýigit Garagum düzlükleriniň gorkusyz we ele düşmez ýigididir diýip hiç kim güman edenokdy. Gara Hanjar atyny çapdyryp, türkmenleriň arasyna bardy, birnäçe atlyny öz ýanyna çagyrdy we söweşiň planyny gysgaça beýan edip, üç müň atlyny baýyrdan aňryk äkitdi, ol şol baýryň aňyrsynda gizlenip, tatarlara garaşmakçydy. Jelaleddin gara atyny aýak aldygyna goýberip, gara hytaýlaryň ýanyna bardy. Kiçijik tüýlek atly, keçe gulakçynly gara hytaýlar gysgajyk naýzalaryny öňe gezeşip, tertipsiz mähelle görnüşinde garaşyp durdular, – Edermen gara hytaýlar! – diýip, Jelaleddin olara ýüzlendi. – Siz dag barslarysyňyz, siz söweşde biçeme batyr! Honha, siziň garşyňyzda gorkak ykmandalar goşy. Olar gije ogrulary ýaly bolup, biziň bol oljamyza talan saldylar. Ol olja diňe biziňki bolmalydyr, biz bu sähranyň eýesi ahyryn. Olaryň üstüne çozuň-da olaryň goşlaryndan islän zadyňyzy alyň! Gara hytaýlar gozganyşdylar-da atlaryny gorgunyna goýberip, tatarlaryň lagerine tarap eňdiler. Tozan turup al-asmana galyp ugrady, atlylar atlarynyň başyny gowşutdykça olaryň elhenç gykylyklary tutuşlaýyn arrylda öwrüldi. Horezm şa Muhammet samyr possunynyň uzyn synlaryny arkan gaýşaryp, halynyň üstünde arkaýyn oturdy we berk ak dişleri bilen çöl ördeginiň buduny gemirmäge başlady. Ördegiň beýleki buduny şyh-ul-yslam iýýärdi, kiçijik halynyň üstünde patyşanyň alnynda oturmaga patyşanyň ýakyn adamlaryndan diňe şol mynasyp bolupdy. Patyşanyň ýörişleriniň hemmesine gatnaşan, patyşa tarapyndan gowy görülýän, onuň «hanjarynyň destesi we rahatlygynyň galkany» hasaplanylýan Temur Mälik-de, hatda şol-da ellerini garnynyň üstünde gowşuryp, Muhammediň ymam bilen edýän çuňňur manyly gürrüňini diňläp durdy, ol şyh-ul-yslam patyşanyň ýeňmegini Alladan diläp, hemişe doga okamak üçin, ýörişde patyşanyň ýanynda bolmak isledi. Horezm şa henek atýardy, sährada aýry-aýry toparlar bolup ýygnanýan ýowuň tarapyna çendan ýarym göz aýlaýardy. Aýry-aýry goşun bölekleriniň arasynda atlylaryň nähili çalt at salýandyklary, olaryň tegelek polat galkanlarynyň ýalpyllysy ertir howasynda açyk görünýärdi. Mongol edermenleriniň bir topary dazlap öne çykdy. Olar gypjak atlylary bilen çaknyşdylar... Ýalpyllap duran egri gylyçlar ýokarda galgap, aşak inýärdi! Bir söweşiji ýykyldy, aty bolsa eýerini garnynyň aşagyna alyp, tagaşyksyz bökjekläp, sährada hyzzynlamaga başlady. Soň hüjüm başlandy. Gypjaklaryň birnäçe atly toparlary sarymtyl düzlük bilen at salyp gitdi. Şa elindäki ördegi goýup: – Çozuň, begler! Alla size penadyr! – diýip gygyrdy. Şanyň buýrugy boýunça, gypjak otrýadlary mongollaryň daşyny gabamak üçin, egilýän el ýaly bolup uzalyp ugrady. Emma mongollar iki ujy tapyşyp barýan halkadan sypjak bolup synanyşyk hem etmeýärdiler. Mongollaryň birinji otrýady lagerden saýlandy, Ýüz adamdan hatara düzülen, bir-birine ýanaşyp duran müň atly özleriniň demir we teletin sowutlar bilen basyrylgy kiçijik, tüýlek atlaryny aýak aldygyna goýberdiler. Olar sährada giň ýaýraň gypjaklaryň tertipsiz, çaýkanyp duran hataryny hökman böwsüp geçmelidirler. Mongollaryň: – Khu-khu-khu-khu! – diýen, wagşy haýwanlaryňky ýaly elhenç arryldysy eşidilýärdi. Lagerden ikinji müň bölünip aýryldy we sähranyň içi bilen at goýdy. Günüň yşygyna polat telpekler, metal galkanlar we egri hanjarlar ýalpyllaşýardy. Mongollaryň goşunynyň umumy toparyndan otrýadlaryň yzly-yzyna bölünip, ugraýandygyny we gyryk sesler bilen «Khu!» diýip gygyryşyp, bat bilen öňe gidýändigini şa baýryň üstünde duran ýerinden görýärdi. Gypjaklar özlerini bir oňa, bir muňa urýardylar. Çetdäki otrýad mongollaryň goşlaryny talamaga lagere tarap öwrüldi. Emma lagerden ýene bir müň atly bölündi we edil öňküler ýaly ýeňillik hem endiganlyk bilen gapdala gidip, gypjaklaryň ýoluny kesdi. Otrýadlaryň ikisi garpyşdy. Söweş meýdany tozana gaplandy. Ol ýerden aýry-aýry gypjak atlylary sypyp, atlarynyň boýnuna ýapyrylyp, sähranyň içi bilen at salyp başladylar. Şa ýerinden turup: – Munuň ýalyny men hiç wagt görmändim! – diýdi. Ol gözüni uzaga dikip, sakgalynyň ujuny barmagyna howsala bilen towlaýardy. Mongollaryň dört otrýady biri-biriniň yzyndan, nyzamly tertip bilen, şanyň ýaýraň tertipdäki goşunynyň ortasyna, Muhammediň we onuň ýakyn adamlarynyň duran baýryna tarap ugrady. Mongollaryň «khu-khu-khu!» diýen güýçli gykylyklary barha ýakyndan eşidilýärdi. Bu eňip gelýän ýagynyň öňüni kim bekläp biler? Muhammet gaňrylyp seretdi. Görse, Temur Mälik onuň ýanynda eýýäm ýokdy. Ol atynyň üstüne böküp, söweş meýdanyna tarap ýüzin salyp gidipdi. Synaglardan geçen iň gowy gypjak otrýadlary mongollaryň garşysyna okduryldylar. Emma mongollar azajyk säginip, özlerine ýol açdylar-da, öňe, baýra tarap, Muhammediň duran ýerine tarap haýdadylar. – Aty! Aty ge¥iriň! – diýip, şa gygyrdy we gykylygynyň eşidilerine garaşyp durman, çalasyn ylgap, baýryň etegine indi, şol ýerde iki sany at« bakar gyrmyzy gurukly dor atyň jylawyndan tutup durdy. Şa onuň üstüne böküp mündi-de sähra tarap gyp basdy. Onuň yzy bilen onuň ýakyn adamlary ýaraglaryny, at şaý-şaýmanlaryny we düwmelerini şaňňyrdadyp eňildiler. Baýryň üstünde depelenen haly, mis okaralar, altyn pyýalalar we ir-iýmişler çaşyp galdy. Ala ýüpek desterhanyň bir ujuny ýel galgadýardy. Şanyň ýakyn adamlarynyň diňe biri göterilmäge ýetişmedi. Ol çal sakgal şyh-ul-yslamdy. Şanyň ýakyn adamlarynyň hemmesi Muhammediň yzy bilen ýüzin salanda şyh-ul-yslam atdan agdaryldy. Ymam baýryň üstüne çykdy-da halyny düzedip, onuň üstünde çöküne düşdi. Özüniň ap-ak sellesiniň ýygyrtlarynyň arasyndan süýri ýasy altyny çykardy. Mongollar baýra ýetip gelende, olaryň baştutanlarynyň üç sanysy we goja dilmaç baýryň üstüne çykdylar. Olaryň biri jahyl, çytyk ýüzli, gara gözli we gara çokga sakgallydy. Sakgalynyň ujy örülip, çep gulagynyň ýokarsyna çatylgydy. Ikinjisi sag eli gowky, özi garry, agras we ýognas mongoldy. Onuň ýüzünde tyg ýarasynyň yzy göm-gök bolup keserip durdy, şol sebäpli onuň bir gözi ýumugrakdy, beýleki gözi pökgerlip, töwerek-daşdakylara aňtaýjylyk bilen seredýärdi. Üçünjisi uzyn boýly, agajet, boýdan-başa demir geýimlidi. Bular – Çingiz hanyň uly ogly Juçydy we eýýäm Hytaýda şöhratlanan iki sany serkerde – ýeke gözli Subudaý batyr we agajet Tohuçar noýondy. Ymam maňlaýyny bir ýere goýup, bir ýokary galdyryp, namaz okamagyny dowam etdirdi. Dilmaç: «Bu – hudaýa hyzmat edýän adam» diýdi. Ymam ýerinden turdy, ellerini döşünde gowşurdy we bilini büküp, kiçi-kiçi ädimläp, mongollaryň biriniň ýanyna bardy. Ol mysapyr ses bilen: – Indi üç ýyl bäri men älemiň hökümdary Çingiz hana wepaly hyzmat edýärin – diýdi we ýasy altyny mongola uzatdy. – Hytaýa gidýän uly ýoldaky birinji mongol saklawynyň baştutanyna men her aýda kerwenleriň ýany bilen hat iberip durdum. Indi men öz mongol goşunyňyzyň gullugyna almagyňyzy soraýaryn. Meniň Horezme gaýdyp barasym gelmeýär... Ymamyň sözlerini dilmaç mongollara düşündirdi. Juçy han ýasy altyny sowuk-salalyk bilen eline aldy... – Laçyny kiçi paýsa... – diýip, ol sähra üns bilen seretmegini dowam etdirdi, ol ýerde atlylar dumly-duşa alakjaşýardylar. Ol ýasy altyny şyh-ulyslama gaýtaryp berdi-de: – Ýok! Öz hökümdaryň ýüreginden heniz mähir tapýan wagtyňda sen bize gerek. Öz ynanjaň patyşaň ýanyna git we bize wepaly hatlar iberip dur – diýdi. Şondan soň mongollar ymamy şol ýeriň özünde unutdylar. Tutluşyk baýra ýakynlaşýardy. Jelaleddiniň türkmenleri çep tarapdaky mongollary basdylar, olaryň goşunynyň bir bölegini gylyçdan geçirdiler, galanlaryny batgalyga tarap gysyp ugradylar. Mongol serkerdeleriniň üçüsi-de baýyrdan at salyp düşüp gitdi. Söweş agşama çenli dowam etdi. Türkmenler we gara hytaýlar çep ganata geçip, mongollaryň üstüne çozup ugradylar. Olar aýry-aýry otrýad bolup söweşýärdiler. Mongollar kä pytrap, bir gapdala gaçýardylar, kä birden atlaryny yza öwürýärdiler we kowalap gelýän türkmenlere gözi ýok ýaly topulyp, soňra ýene gaçmaga başlaýardylar. Iňrik garalan bada mongollar bir başa özleriniň lagerine at salyp gitdiler. Horezm şa baýra gaýdyp geldi we bu howsalaly gijäni şol ýerde geçirdi. Töwerek-daşda gypjak nökerleri atlaryny daňyp, atlarynyň ýanynda gyşardylar. Uzakda mongollaryň odunyň yşygy düşüp, asman çym-gyzyl bolup durdy. Otlar uzynly gije öçmedi. Gypjaklar: «Mongollar ertir söweşine taýynlanýarlar» diýişýärdiler. Sähranyň dumly-duşundan iňňilli we kömek soraýan sesler gelýärdi,– gypjak goşunynyň ýarysy bu söweşde ýaralandy, gyryldy. Jelaleddin janyndan syzdyryp, Horezm şany yrjak bolýardy: – Indi, mongollar biziň goşunymyza kär edip bilmedik wagtda gaýra çekilmek öz şöhratyny ýoga çykarmakdyr. Olar häzir özleriniň lagerini berkidýändirler... Diýmek, häzir, şu gijäniň özünde duýdurman ýakyn barmaly, duýdurman çozmaly we şol ýeriň özünde olary tükellemeli. Muhammet samyr possunyna dolanyp: – Söweşi ertir dowam etdireris – diýdi. Günüň gyýa şöhleleri sähra çaýylyp, baýyrlardan uzyn-uzyn kölegeler dartylyp gidende, Horezm şanyň goşunlary ýaňadan üç bölek bolup, nyzama düzüldi we mongollaryň üstüne ugrady. Emma olaryň lagerinde tüsseläp duran otlaryň aňyrsy boş ekeni: lagerde mongol nökerleriniň biri-de galmandyr. Diňe wagşylyk bilen çapylan merkitleriň meýitleri serilip ýatyrdy we birnäçe maýyp düýe agsap ýördi. Mongollaryň yzyndan kowgy iberlen türkmen otrýady agşamara yzyna dolanyp geldi. – Mongollar gündogara tarap şeýle bir çalt gidýärler welin, biz olaryň al-asmana galýan we barha uzaklaşýan tozanyny görüp galdyk. Horezm şa: – Olar gowy söweşýärler, olar ýalyny men heniz görmändim! – diýdi we atlaryň başyny yza öwürmegi öz goşunyna buýurdy. Patyşa ýüzlenip, Jelaleddin şeýle diýdi: – Bular öňdäki aňtaýjylardyr. Olar ägirt uly goşun bilen dolanyp gelerler. Häzir olaryň yzy bilen gitmek gerek, olaryň näme etmekçidigini syn edip bilmek gerek we özümiziň howlukmaçlyk bilen urşa taýynlanmagymyz gerek... – Sen hiç zat görmedik oglan ýaly gürrüň edýärsiň. Mongollar mundan buýana meniň üstüme çozmaga hiç wagt ýürek edip bilmezler!.. – diýip, Muhammet jogap berdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |