09:01 Çingiz han -18: romanyň dowamy | |
DÖRDÜNJI BÖLÜM
Taryhy proza
DUŞMANLAR SERHETDE Birinji bap MONGOL GOŞUNY ALAMANA TAÝYN Bu patyşa aýratyn rehimsizlik, ötgür akyl we ýeňişler bilen tapawutlanýardy. (Pars ertekisinden) Gara Irtyşyň ýokary sebitinde, gök sähranyň arasynda ýeke somalyp duran depäniň eteginde sary ýüpek çadyr durdy. Bu çadyry Çingiz han Hytaý imperatorynyň elinden alypdy. Çadyryň syrtynda ak keçeler bilen basyrylgy iki sany ullakan mongol öýi durdy: ol ak öýleriň birinde Çingiz hanyň iň soňky aýaly ýaş Kulan (merkitleriň mongollar tarapyndan öldürilek hanynyň gyzy) özüniň ýaşajyk ogly Kýulkan ikisi ýaşaýardy. Beýleki eýde ýedi sany hyzmatçy aýal-hytaý gyrnaklary ýerleşýärdi. Çadyryň öňündäki meýdançada daşdan çykalan gurban sekileriniň üstünde ot ýanýardy. Beýik kagana salama gelýänleriň hemmesi şol otlaryň arasyndan geçmelidi. «Ot ýaman niýetleri aýyrýar we betpäliň töwereginde göze görünmän gaýmalaşyp ýören hem-de bagtsyzlyk we syrkawlyk döredýän jynlary kowýar»– diýip, porhanlar düşündirýärler. Zömmek keçe telpekli we giň ak balakly garry baş porhan Beki we dört sany jahyl porhan uly depleri elleriniň aýalary bilen urup we düwmelerini şaňňyrdadyp, gurban sekileriniň daşyna aýlanýardylar. Olar ýerli-ýerden uwlaşyp, kämahal gygyryp doga okaýardylar we oda şireli şahalary, guradylan, gowy ysly gülleri taşlaýardylar. Çadyryň bir tarapynda «Seter» diýen bir gyr at altyn myha daňylgy durdy. Onuň gözleri ýanyp durdy we gara teninde kümüşsöw ak tüýi bardy. Ol hiç wagt eýer görmändi we oňa hiç kim münmändi. Porhanlaryň aýtmaklaryna görä, Çingiz hanyň ýörişleri wagtynda ol ata urşuň gudratly hudaýy, mongol goşunlarynyň medetkäri Sulde münüp, olary beýik ýeňişlere alyp barýarmyş. Çadyryň beýleki tarapynda Çingiz hanyň hemişe eýerli, örän gowy görýän, giň döşli söweş aty «Naýman» daňylgydy, ol mele atdy, aýaklary hem gurugy garady, sagrysynyň üstünden gara gaýyş çekilgidi, ol ýabany sähra atlarynyň tohumyndandy. Seter atyň ýanynda Çingiz hanyň ak baýdagy çolanan uzyn gargy syryk dik berkidilip goýlupdyr. Depäniň töwereginde demir geýimli we demir telpekli garawul parraçlar «turgaudlar» ýerleşipdir; olar beýik kaganyň çadyryna janly jemendäniň ýakynlaşmazlygyna gözegçilik edýärdiler. Diňe aýratyn altyn tagtalylar – ýolbars kellesiniň suraty çekilen paýsalylar sary ýüpek çadyrly depäniň ýanyna barmak üçin turgaud saklawyndan geçip bilýärdi. Sähranyň aňyrrakdaky sebitinde tatarlaryň gara öýleri we sary, ýüň tangut çadyrlary giň agyl şekilli dagynyk otyrdy. Bu Çingiz hanyň hut öz kürenidi, bir müň saýlama parraçlaryň – ak atlylaryň mesgenidi. Bu sakçylyga diňe atly-abraýly hanlaryň ogullary alynýardy: kagan şolaryň arasyndan iň dogumly we yhlaslylaryny saýlap, otrýadlara baştutan edýärdi. Ondan hem aňyrda beýleki kürenler ýaýylyp gidýärdi; olar düzlük bilen uzalyp gidýärdi we gür tokaýly daglara ýetip durýardy. Kürenleriň aralygyndaky sährada düýeler we dürli reňkli atlaryň sürüleri otlap ýörýärdi. Atbakarlar ellerindäki tanapy bulaýlap we gykylyklap, at salýardylar we dürli sürüleriň atlarynyň garyşmazlygyna ýa-da taýly baýtal sürülerine ýakynlaşmazlygyna seredýärdiler. Musulman topraklarynyň üstüne ugramazdan öňürti, mongol hökümdary Buhara, Horezmiň şasy Muhammediň ýanyna bol sowgatlar bilen bilelikde ilçileri iberdi. Ol ilçilere baş edip, özüne wepaly musulman Mahmyt Ýalwajy goýdy. Mahmyt Ýalwaç ýerligi Gürgençli, baý täjirdi, ozal Orta Aziýadan Hytaýa kerwen iberýärdi. Oňa günbatar illerde näme iş edilýändigini, ol ýerlerde nähili goşunlaryň bardygyny we Horezm şanyň urşa taýyndygyny-däldigini bilmek tabşyryldy. Şonuň bilen bir wagtda Çingiz han ol ýere köp sanly gizlin içaly iberdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |