09:05 Çingiz han -19: romanyň dowamy | |
Ikinji bap
GÜNDOGAR HÖKÜMDARYNYŇ ILÇILERI Olaryň geýimleriniň gasynlaryndan uzak ýurtlaryň gülleriniň hoşboý ysy gelip durýardy. (Pars ertekisinden) Derbi-dagyn edilen Samarkant Horezmiň soňky şasynyň wagtlaýyn paýtagty boldy. Erkinlik söýüji samarkantlylary ýeňendigini alamatlandyrmak üçin Muhammet ol ýerde belent metjit saldyrdy we uly köşk saldyrmaga başlady. Ol özüni Isgender Zulkarnaýn kimin beýik jahangir hasaplamagyny dowam etdirýärdi, özüne wepaly gypjak goşunlary bilen bilelikde älemiň ahyryna çenli gitmeli we Horezm şalaryň soraýan ýerleriniň çäklerini Soňky deňze1 ýetirmeli, şondan aňyrda bolsa ýagty jahan gutarýandyr diýip hasaplaýardy. Ol ähli musulmanlaryň baştutany diýen ady Muhammediň almagyna razy bolmadyk Bagdat halypasy Nasyry özüniň iň uly we hatarly duşmany hasaplaýardy. Ilki bilen Nasyry derbi-dagyn etmelidi we Bagdadyň esasy metjidiniň öýünde mukaddes ýere naýzasyny sançmalydy, soňra bolsa, baýlyklary taryplanýan, uzakdaky Hytaýy ba« syp almakdan ötri, atyň başyny öwrüp, gündogara goşun çekip gitmegi gerekdi. Muhammet ullakan goşun ýygnady. Ol ýaşyl baýdagyny açyp, Eýranyň üsti bilen, arap halypalarynyň paýtagty Bagdada ugrady. Emma şa goşunynyň öňdäki bölegi ýyly geýminiň ýoklugy jähtli tiz wagtdan Eýranyň daglarynda syrgynly gaýda gyryldy, ol halys ysgyndan gaçansoň kürtler gelip, ol goşun bölegini namartlyk bilen bütinleý gyrdylar. Bu betbagtlyk wakasy Muhammedi aýak çekmäge mejbur etdi we ol halypanyň garşysyna uruşmagyň gerekdigine şübhelenmäge başlady. «Hudaýyň gazaby bolaýmasyn?» – diýip, ol oýlandy we Buhara gaýdyp gelip, şol ýerde wagtlaýynça «öz jahankeşdelik hasasyny goýdy». Bu ýere Towşan (1219) ýylynyň güýzünde mongollaryň, tatarlaryň, hytaýlaryň we gündogarda ýaşaýan beýleki halklaryň beýik kagany Çingiz hanyň tarapyndan köp sanly ilçi geldi. Horezm şa ýene tatarlar bilen meşgullanmaly boldy. Çingiz hanyň ilçileri – Horezmden Aziýanyň dürli künjeklerine harytly kerwenleri her ýylda iberip duran iň baý täjirlerden bolan üç sany musulman özleriniň ala, sähra atlaryny sürüp, şa köşgüniň belent derwezelerine geldiler. Ýerligi üç sany uly şäherden – Gürgençden, Buharadan we Otrardan1 bolan bu üç täjir köpden bäri Çingiz hanyň hyzmatyndadylar. Beýle baý täjirler adatça söwda kompaniýalaryny düzýärdiler we söwdada bagtyny synap görmekçi bolýanlardan pul kabul edýärdiler. Uly söwda barlyşyklary boýunça pul tölemek hakynda olaryň berýän buýruklary uzakdaky gündogarda bolşy ýaly, günbataryň aňry çetlerinde-de eglenmän berjaý edilýärdi, ol buýruk boýunça tölenýän pullar hökümdarlaryň hazynasyna gelýän paçlardan tiz gowuşýardy. Horezm şa Muhammede iberlen sowgatlary ýüz düýä we gowy bezelen hem iki sany tüýlek gäwmiş goşulan araba ýükläp getirdiler. Ilçileriň ygtyýaryna berlen şäher çetindäki köşkden şa Arkynyň derwezesine çenli märekeden doludy. Ol täjirleriň hytaýyň ýüpek matasyndan tikilen bir dürli donly, geýnüwli hyzmatçylary düýeleriň ýüklerini düşürýärdiler, açýardylar we üýtgeşik, seýrek sowgatlary köşgüň gelen-giden kabul edilýän jaýyna daşaýardylar. Sowgatlaryň arasynda ozal görülmedik reňkli gymmat bahaly daşlar, kerk şahlary, müşk-anbarly haltajyklar, gyzyl we al merjenler, ýaşmadan we nefritden ýasalan haşamly okarajyklar, ak maýa ýüňünden dokalyp, diňe hanlara hödürlenýän gymmat baha «targu» matasynyň bölekleri bardy; zer bilen nagyşlanan ýüpek matalar, kerep dek ýuka we aňyrsy görnüp duran mata bölekleri bardy. Ahyrda hyzmatçylar Hytaý daglaryndan alnan, düýe boýny möçberinde ägirt uly altyn bölegini alyp girdiler. Bu altyny tüýlek gäwmişler goşulan araba bilen getiripdiler. Horezm şa Garahanlar neberesinden iň soňky soltan bolan Osman soltanyň gadymy belent tagtynyň üstünde oturyp, ilçileri kabul etdi. Şa öz hyzmatçylary ýaly, ýüpek geýimlidi; ol böwrüni diňläp we perwaýsyzlyk bilen gözüni süzüp otyrdy. Onuň nazary ýygnananlaryň üstaşyr uzaklarda gezýärdi. Tagtyň ýanynda beýik wezir durdy we döwletiň beýleki ýokary töreleri gyslyşýardylar. Üç sany ilçi ýere çenli baş egip, çök düşdi we özleriniň gelmeginiň sebäbini düşündirmäge başlady. Baş ilçi, uzyn boýly we ýognas Mahmyt Ýalwaç söze başlady: – Külli mongollaryň hökümdary beýik Çingiz han dostluk, parahatçylyk we hoş niýetli goňşuçylyk aragatnaşyklaryny ýola goýmak üçin bizleri ilçi edip iberdiler. Beýik kagan Horezm şaha sowgat hem salam iberýärler we özleriniň üşbu sözlerini aýtmagy bizlerge tabşyrdylar... – diýip, Mahmyt Ýalwaç pergament düýrümini beýleki ilçä uzatdy, ol pergament düýrümine gök mum möhür ak sapak bilen berkidilgidi. Ikinji ilçi Aly Hoja al-Buhary ol pergament düýrümine ýazylan sözleri okap bermäge başlady: «Seniň mertebäň ýokarydygy hakynda-da, seniň kuwwatly patyşalygyň uly möçberleri hakynda-da meniň habarym bar. Seniň şalyk şan-şöhratyňa älem döwletleriniň köpüsinde uly hormat goýulýanlygyny men bilýärin. Şoňa görä, seniň bilen, Horezmiň şasy, dostluk aragatnaşyklaryny berkitmegi men öz borjum hasaplaýaryn, çünki senem meniň ogullarymyň arasynda iň gowy görýän oglum1 dek gymmatlysyň...» Şa oýanyp: – Oglum? Näme diýdiň, oglum diýdiňmi? – diýip, hemleli sorady. Ol guşagyna gysdyrylan gamasynyň şirmaýy sapyna aýasyny goýup, aşak ýapyryldy-da gepleýäne çiňerlip seretdi. «...Şonuň bilen bir wagtda, Hytaý patyşalygynyň baş demirgazyk paýtagtyny alyp, Hytaý patyşalygyny özüme boýun egdirenligimi hemde seniň mülkleriňe goňşy ýerleri öz ilime birikdirenligimi sen bilýänsiň»...» – diýip, ilçi arkaýynlyk bilen sözüni dowam etdirdi. Şa başyny ýaýkap, sakgalynyň gara buýrasyny almaz ýüzükli barmagyna çolamaga başlady. «Maňa degişli ýerleriň meniň ýeňilmez nökerlerimiň lagerleri bolup durýanlygyny we olaryň kümüş magdanlaryndan doludygyny sen her kimden gowy bilýänsiň. Meniň giň illerim her dürli önümleri bol öndürýär. Şoňa görä, olja almak üçin öz illerimden daşary gitmegiň maňa hiç geregi ýok. Eý beýik şa, eger sen biziň her birimiziň täjirlerimiziň erkin gelip-gitmegine ýol açmagymyz peýdaly diýip hasaplaýan bolsaň, onuň özi biziň ikimiz üçin-de bähbitli bolar we oňa ikimiz-de köp kaýyl bolarys». Gündogaryň göçme ilatynyň hökümdarynyň hatyna günbatar musulmanlarynyň häkimi näme jogap bererkä diýip üç ilçiniň üçüsi-de seslerini çykarman garaşyp durdy. Horezm şanyň şol gymyllaman oturşydy. Ol beýik weziriň ýüzüne seredip, altyn bilezikler bilen bezelen elini ýaltalyk bilen bulaýlady. Çingiz hanyň iberen hatyny beýik wezir dabara bilen kabul etdi. Ol Muhammediň ýüzüne seretdi, Muhammet bolsa, ýürege düşgüç siňegi kowýan ýaly, ýene elini galgatdy. Şol wagt wezir aşak egilip, baş ilçi Mahmyt Ýalwaja ýuwaşjadan: – Beýik kabul edişlik tamam boldy. Patyşa indi derwaýys iş üçin gelen beýleki adamlary kabul etmek bilen olara merhemet ederler – diýdi. Üç ilçi ýerinden turdy we aňyrsyna öwrülmän, hormat edip, şol duruşlaryna gapa tarap çekilmäge başlady, soňra beýleki kabul ediş jaýyna çykdy. Şol ýerde olaryň yzyndan wezir gelip, Mahmyt Ýalwaja: – Ýarym gije maňa garaş! – diýip pyşyrdady. __________ 1 Ol zamanda ýer gyrak-bujaksyz deňziň ortarasyndaky ada diýlip hasaplanýardy. 2 Otrar şäheri – mongollaryň çozup gelmeklerinden ozal Orta Aziýanyň iň uly şäherleriniň biridi. 1219-njy ýylda ony Çingiz han weýran etdi, ilatyny uçdantutma diýen ýaly gyrdy. Soň-soňlar ol dikeldildi, onuň ady Orta Aziýanyň taryhynda duş hem gelýär, emma ozalky köp ilatlylygyna we baýlygyna ýetip bilmedi. Indi ol kem-kemden pese gaçan şäheriň harabaçylyklarynyň köp sanly seňňerleri we depeleri görnüşindedir. Ol harabaçylyklar Orenburg – Daşkent demir ýolunyň «Timur» stansiýasynyň golaýyndadyr. 3 Ol zamanda Gündogardaky düşünjelere göre, bir döwletiň hökümdary özüne diňe tabynlykdaky, baknalygyndaky beýleki hökümdaryna oglum diýip bilýärdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |