09:07 Çingiz han -20: romanyň dowamy | |
Üçünji bap
Taryhy proza
ŞANYŇ ILÇI BILEN GIJEKI GÜRRÜŇI Güýçlüdirin diýmegin – özüňden hem güýçlä duşarsyň. Mekirdirin diýmegin – özüňden hem mekire duşarsyň. (Gyrgyz nakyly) Dymyp ýören bir hyzmatçy gijäniň birmahaly Mahmyt Ýalwajy mongol ilçileriniň ýerleşdirilen ýeri bolan şäherden çetki köşkden çykardy. Bir çynar agajynyň aşagynda eýerli atlar häzir durdy. Aýyň ýagtysyna Mahmyt Ýalwaç atlylaryň arasynda beýik weziriň bardygyny seljerdi. Mahmyt Ýalwaja ol: – Meniň yzyma düşersiň. Atlan – diýdi. Olar garaňky köçeleri söküp, gum-guk Buharanyň içi bilen geçdiler we demir gabsaly, sedasyz bir diwaryň ýanyna baryp, atlarynyň başyny çekdiler. Ozaldan dilleşilen tyrkylla gapy ýuwaşjadan açyldy. Ol ýerde sagdakly we demir telpekli tukat bir nöker durdy, ol aýyň ýagtysyna kümüşden guýlan ýaly bolup görünýärdi. Weziriň yzyna düşüp, Mahmyt Ýalwaç howuzly bagyň içinden geçdi, ol ýerde guw guşlar irkilişip durdy, suwuň ýokarsyndaky telärlerde bolsa aýal sesleriniň pyşyrdysy eşdilýärdi. Ol enaýy teläriň eýwanyna çykdy. Agyr eňsiniň aňyrsynda diwarlarynyň ýüzüne nagyşly mata kakylan bir kiçijik otag bar ekeni. Belent kümüş şemdanlarda şytdyllap, ýogyn mum şemler ýanýardy. Kaşmiri şaldan tikilen ala donly Muhammet şa ýüpek ýassyklaryň üstünde otyrdy. Myhman bilen sag-salamatlyk soraşandan soň şa: – Ýakynrak otur! – diýdi. – Meniň üçin örän möhüm işler hakynda seniň bilen iki çäk oturyp gürrüňleşmek isleýärin. Sen meniň raýatym hasaplanýarsyň, seniň ýerligiň Horezmden, meniň Gürgenç şäherimden ahyryn? Sen bolar-bolmaz, namart ataşparaz däl-de, musulman bendesiniň, şona görä sen yslamyň duşmanlaryna satylman, öz janyň-teniň, pähimiň we işleriň bilen musulmanlaryň tarapyndadygyňy häziriň özünde maňa subut etmelisiň. Mahmyt Ýalwaç Muhammediň aýaklarynyň ýanynda çöküne düşüp: – Bularyň hemmesi dürsdür, patyşam! Meniň aslym Gürgençden. Men uly mertebeli şanyň sözüni hormat hem çekinjeňlik bilen diňleýärin, men yslam illeriniň hökümdaryna bütin janym-tenim bilen hyzmat etmäge häzirdirin – diýip, jogap berdi. – Eger sen meniň ähli sowallaryma dogry jogap berseň, men seniň gadyryňy bilerin. Ine şu-da meniň wadamyň berjaý ediljeginiň girewidir – diýip, şa altyn bileziginden uly bir göwheri goparyp, ony ilçä uzatdy. – Emma eger-de sen ýalançy we haýyn bolup çykaýsaň, ertir güne ýüzüň düşmejegini ýadyňda sakla. – Men näme etmeli? Men boýun egýärin, patyşam! – Tatar kagany Çingiz han hakynda bilmeli zatlaryň hemmesini men seniň üstüň bilen bilmek isleýärin. Seniň onuň ýanynda meniň gözüm hem gulagym bolmagyňy isleýärin. Seniň maňa wepaly adam bilen hat iberip durup, Çingiz hanyň näme iş edýändigi, onuň näme niýetiniň bardygy, nirä ýöriş taýynlaýandygy hakynda çalasynlyk bilen mana habar ýetirip durmagyňy isleýärin. Şony ýerine ýetirjekdigiňe kasam et! Mahmyt Ýalwaç: – Meniň saňa hyzmat edýändigime we hyzmat etjekdigime Alla güwädir, patyşam! – diýip, ellerini sakgalyna ýetirdi. – Sen ýene bir gije-gündiz şu ýerde bolup, Çingiz han hakynda bilýän zatlaryň hemmesini: onuň nireden peýda bolandygyny, nähili uruşlar alyp barandygyny we nähililik bilen ähli tatarlaryň häkimi bolandygyny meniň sene ýazyjym Mürze Ýusuba gürrüň edip berersiň. – Men ony gürrüň edip bererin, hökümdarym! – Çingiz han indi kuwwatly Hytanyň hökümdarydyryn we hatda onuň paýtagtyny aldym diýýär. Ol hakykatdan-da şeýlemi ýa-da ol biderek güpülemekmi? – Üstümizde hudaý bar, ol tüýs hakykat! Beýle möhüm iş gizlin galyp bilmez. Tiz wagtdan, hökümdarym, onuň hakykatdygyna seniň öz gözüň ýeter – diýip, Mahmyt jogap berdi. – Bar, hatda ol şeýle ekenem-dä. Emma meniň mülklerimiň ölçegleriniň egirt uludygyna we meniň goşunlarymyň nähili köp sanlydygyna sen beletsin. Ol öwünjeň ataşparaz çarwanyň maňa, ähli musulmanlaryň hökümdaryna oglum diýmäge neneň dili barýar?.. – diýip, şa özüniň güýçli elleri bilen ilçiniň gerdenlerinden tutdy-da onuň ýüzüne çiňerlip, özüne dartdy,– Aýt häziriň özünde, onuň goşunynyň güýji neneň? Mahmyt Horezm şanyň sözündäki gizlin gahary duýdy. Onuň gahar-gazabyndan we öldürmeginden gorkup, ellerini döşünde gowşurdy-da misginlik bilen: – Seniň san ýetmez, ýeňişli goşunlaryň bilen deňeşdireniňde Çingiz hanyň goşuny gije garaňkylygyndaky tüssejikden zyýat däldir!.. – diýip, jogap berdi. – Dogry! – diýip, şa gygyrdy-da ilçini iteläp goýberdi.– Meniň goşunlarym san ýetmez hem ýeňilmez goşundyr! Ol äleme aýandyr, sen hem bularyň hemmesini maňa gowy düşündirdiň... Ýene bir günden sen tatar patyşasyna meniň jogap hatymy alarsyň. Saňa we seniň söwdagär mongol ýoldaşlaryňa bolsa, haryt satmak we satyn almak üçin, musulman illeriniň arasyndan erkin gatnamaga ähli ýeňillikleri we artyk ygtyýarlary bererin. Häzir bar, meniň wekilim bilen git; ol seni hüjürä elter, ol ýerde meniň sene ýazyjym goja Mürze Ýusup garaşýandyr. Horezm şa göwnühoşluk bilen baş atdy we birnäçe gezek çapak çaldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |