09:11 Çingiz han -21: romanyň dowamy | |
Dördünji bap
Taryhy proza
ILÇINIŇ ÇINGIZ HAN HAKYNDA AÝDANY Hiç kimi ýeňsesinden ýamanlamaly däldir, çünki ýerden seda çykar. (Gündogar nakyly) Wekil öz yzyna düşmegi mongol ilçisine teklip etdi we ony egrem-bugram hem bulam-bujar geçelgelerden geçirip, belent gümmezli bir hüjürä eltdi. Hüjüräniň diwarlarynyň ýanynda demre gaplanan gara sandyklar durdy. Darajyk taglaryň içinde tozanjyrap kagyz düýrümleri ýatyrdy. «Patyşalyk kitaphana ekeni!» – diýip, Mahmyt Ýalwaç öz ýanyndan pikirlendi we birneme ynjaldy, Ol gynap sorag etmek üçin ýel ýerzemine düşerin öýdýärdi. Halynyň üstünde gar ýaly ak sakgally we ýaşaryp duran gyzyl gözli, bili bükülen bir goja otyrdy. Onuň ýanynda mylakatly, näzik ýüzli, gyza meňzeş bir ýaş mürze esli kagyz üstüne egilip otyrdy. Wekil howlukmaç işleriniň bardygyny aýdyp, çykyp gitdi. Ökdelik bilen saralan selleli we gyzyl ýüpek donly uzyn boýly, daýaw ilçi özüniň ýaşyl köwşüni işikde goýup, pessaý-pessaý ýöräp, gojanyň ýanyna bardy, goja bolsa salam berip ýerinden turdy. Goja aşak oturmagy teklip edenden soň, ilçi çöküne düşüp oturdy. Ikisi-de pyşyrdap omyn etdi, soňra saglyk-salamatlyk soraşdylar. – Meniň tatar häkimi hakynda bilýänlerimiň hemmesini saňa gürrüň edip bermegimi beýik patyşa maňa höküm etdi. Men onuň ýanynda adatça dilmaç bolup gezýärin, häzir bolsa ilçi wezipesini ýerine ýetirýärin. – Men seni örän üns bilen diňleýärin, biziň hormatly we seýrek gelýän myhmanymyz. Beýik patyşamyz maňa-da şony: biziň watanymyz üçin peýdaly maglumatlary senden bilip, eşiden zatlarymyzy köşgüň sene ýazylýan gizlin depderine ýazmagy höküm etdi. Mahmyt Ýalwaç ýüzüni aşak salyp, birmeýdan dymyp oturdy. «Meniň aýdan zatlarymyň hemmesi köşk gepçilerine sanlyja günden mälim bolar. Eger degerli bir zat aýtmasam, gaharly şanyň gazabyndan we şu gijeki gürrüňimizi bigüman eşitjek beýik tatar kaganynyň gazabyndan nädip gutulyp bolarka? Çingiz hanyň içalylarynyň aralaşmadyk ýeri ýokdur...» diýip, ol böwrüni diňleýärdi. Ilçi ýüzüni sallap we gamgynlanyp, çep eline oralan sadap tesbi monjuklaryny birin-birin elden geçirmäge başlady. – Men akylyňy haýran edýän birentek zatlar hakynda gürrüň edip bereýin – diýip, ilçi gürläp ugrady. – Ol zatlar hemişeki öwrenişilen zatlardan gaty üýtgeşik. Ol gürrüňleriň dogrulygyna meniň özümiň-de ynanmaýan wagtlarym köp bolýar.., Emma eger-de men olaryň hemmesi ýalan diýip aýtsam, onda-da olaryň nähili ýalandygyny seniň bilesiň geler. Şoňa görä men eşidenlerimi aýdaýyn. Adamyň ýalňyşmaýany bolmaz. Eger-de bir adam ýalňyşmazlyk mertebesine ýetdim diýse, ol adam gürrüňleşeniňe degmez!.. Mahmyt Ýalwaç sözüne dyngy berip, gabagyny ýokary galdyrdy-da öz aýdýanlaryny ýaş mürzäniň çalt ýazyşyna geň galyp seretmäge başlady. Ýuwuş galam kagyzyň ýüzünde şeýle bir ýeňil süýşýärdi welin, sözler yzly-yzyna owadan arap harplary bilen ýazylyp, endigan setire düzülýärdi. – Bu ýaş ýigit näme. üçin hemmesini ýazyp otyr? Men tatarlar hakynda heniz hiç bir gürrüň başlamok ahyryn! – Bu ýigit däl. Bu gyz Bent Zankyja...– diýip, sene ýazyjysy Mürze Ýusup jogap berdi,–Meniň gözüm kütelmäge başlady, elimem sandyrap dur. Emma ynha agtygym kömek berip ugrady. Bu şeýle ýeňil we hünji düzen ýaly owadan ýazýar. Emma bu gyz maňa uzak wagtlap kömekçi bolar öýtmeýärin. Bu eýýäm «gara gözleris şatlygy» hakynda we «ýaňakdaky hal» dogrusynda goşgy goşýar, şona görä bu gyz tiz wagtdan meni taşlarmyka diýýärin... Şol wagt men ellerimi döşümde gowşuryp, «seňňi mugallaga»1 ýüzümi bermeli bolaryň. Ol gyz gabagyny galdyrman, ýazyp oturan ýerinden; – Men seni taşlamaryn, babam! – diýdi. Goja ýene ilçä ýüz tutdy: – Seniň aýdan zatlaryň üçin, biziň habardar bolmaly möhüm zatlarymyzyň hemmesi üçin patyşa saňa ýokary sylag bermäge wada edýär. Biziň biagyrlygymyz zerarly yslam ýurdy birdenkä güýçli duşmanlaryň çozmagyna sezewar bolaýsa, onuň özi gynançly bolar! Senem biz ýaly musulman dälmi näme? Sen bizi öz wagtynda ägä edip bilermiň? Sana ýokary sylag berler... – Maňa hiç zat gerek däl!–diýip, ilçi uludan demini aldy. – Goý meniň älemde sergezdanlyk edip çeken zähmetlerim üçin sylag hökmünde, magşar gününde meniň täzeden dirilen päkler hatarynda oýanmagym üçin ýagşy niýetli musulmanlar ýagşy dileg etsinler! Gyzyň ýüzünde ýaňsylaýjy ýylgyryş peýda boldy. Ol ynanmazlyk duýgusy bilen ilçä, onuň ýogyn göwresine we altyn ýüzükli barmaklaryna nazar saldy, Ilçi dymyp, her bir sözüni pikirlenip görýärdi. Sene ýazyjy goja duýgudaşlyk bilen: – Inşa Alla! – diýdi. Uzyn çal saçly, hor hyzmatçy-gul dürli nygmatly kümüş mejme alyp gelip, ony myhmanyň ösünde goýdy. Ol bir küýzeden kümüş pyýala garamtyl gyzyl şerap guýdy. Sene ýazyjy: – Köşk ýerzemininden getirilen köne şerapdan içip gör – diýip, hödür etdi. – Biziň ilki bilen bilmeli zadymyz: mongollar we tatarlar nähili halk? Olar nirede ýaşaýarlar? Olar näçe? Olaryň söweşjeňligi neneňsi? Olar edil şerçi Iblis tarapyndan ýeriň ýalynly jümmüşinden çykarylan aýylganç äjit-mäjitler ýaly bolup, biziň serhedimizde şeýle duýdansyz peýda boldular. Ilçi düşündirmäge başlady: – Mongollar-da, tatarlar-da sähra adamlary; olar uzakdaky gündogar ýurtlarda ýanaşyk ýaşaýarlar we oturymly ýaşap bilmeýärler. Olaryň giň ýerleri bol otly we az suwly çöldür, emma at, dowar we düýe bakmak üçin ýaramly, sebäbi ol mallar oty köp iýýär, suwy az içýär... Sene ýazyjy ilçiniň sözüni agzyndan alyp: – Olaryň goşuny bize howplumy, ine şony bilmegimiz gerek – diýdi. – Eger men mongollaryň we tatarlaryň öz goňşulary üçin howplulygy äjit-mäjitleriňkiden pes diýsem, onda meniň yslama haýynlyk etdigim we erbet ýalançy boldugym bolar... Goja Mürze Ýusup: – Alla saklawersin! – diýdi. – Olaryň söweşjeňligi azalypdyr, ýüz ýyl bäri olar biri-biri bilen jetleşip gelýärler. Bir gün bir tatar hanynyň müň gylýaly, uly süri dowary we ýüz sany ýarym ýalaňaç çopany bolýar, ol çopanlar-da hemişe nägile, hemişe aç, çünki her çopanyň aç aýaly we aç çagalary bar... Han öz çopanlarynyň sabyr-kararynyň galmandygyny, olaryň wagşy haýwanlar ýaly arlaşýandygyny görende, olara: «Goňşy taýpanyň üstüne gideliň! Biz doýup we baý bolup gaýdyp geleris!» diýip buýurýar. Han öz çopanlary bilen ýörişe gidýär... Gyrlyşyk kämahal ol hanyň özüniň boýnuna künde salnyp, mal-garasy we çopanlary bilen bilelikde jan başyna dört dirhemden satylmagy bilen gutarýar, olary goňşulykda oturýan üçünji taýpa ýa-da täjirler, gul alyp-satyjylar satyn alýarlar... Sene ýazyjy nägilelik bilen şeýle diýdi: – Sen näme üçin bulary gürrüň berýäň? Bize gullar ýa-da şolar ýaly beýleki ownuk zatlar hakyndaky habarlary bilmek möhüm däl. Tatar hanynyň goşuny hakyndaky, onuň ýaragy, onuň nökerleriniň sany we söweşjeňlik sypatlary hakyndaky habarlary aýt! Ilçi alňasaman, pyýalasyndaky şeraby içdi: – Daga çykmak üçin kämahal ilki öňden çykýan derýalardan, köllerden we şorluklardan geçmeli bolýar... – Hormatly myhman, ilki şorluklar hakynda däl-de, tatar patyşasy hakynda gürrüň bersene. Mahmyt Ýalwaç ýüzüne alman: – Horezm şanyň ýerzeminlerinde gowy, hoşboý ysly şerap bar ekeni! – diýip, sözüni dowam etdirdi .– Ol ömrüniň ahyryna çenli horluk garasyny görmän patyşalyk sürsün... Söweşjeň tatar hanlaryňyň arasynda Timuçin atly biri söweşlerde aýratyn rowaçlyk, duşmanlaryna rehimsizlik, öz tarapdarlaryna sahylyk we hüjümde okgunlylyk bilen tapawutlanypdyr. Ol han Timuçin ozal köp görgüler görüpdir. Timuçin ýaşlygynda hatda gul hem bolupdyr we duşman taýpanyň demir ussahanasynda boýny agaç kündeli bolup, iň bir agyr işleri edipdir1. Emma ol özüniň zynjyry bilen sakçyny öldürip, ol ýerden gaçypdyr we köp ýyllary uruşlarda geçirip, beýleki hanlara häkim bolmaga dyrjaşypdyr... Hanlar ony beýik kagan diýip yglan edende we Timuçin iň tanymal hanlaryň isleglerini berjaý eder diýen umyt bilen «hormatyň ak keçesine salyp» göterenlerinde ol elli ýaşynda ekeni... Emma Timuçin hemmäni öz erk-islegine boýun egdiripdir, özüne «Çingiz han» diýip, täze at dakypdyr, bu bolsa «Alla tarapyn» diýen sözdür, boýun egmedik taýpalary derbi-dagyn edip, gulçulyga salypdyr, olaryň serdarlaryny bolsa diriligine gazanda bişiripdir... Sene ýazyjy uludan demini alyp: – Ol örän aýylganç zat! Ýöne sen tatarlaryň beýik häkiminiň goşuny hakynda gürrüň bermän, elhenç erteki aýdyp berýärsiň! – diýdi. Ilçi ýene bir pyýala şerap içdi, sene ýazyjy bolsa ona indi gorky bilen seredip ugrady. «Köşk şeraby güýçlüdir... Horezm şa üçin gerekli habarlary aýtmaga ilçi ýetişermikä ýa uklap galarmyka?» Hor, garry hyzmatçy bolsa kümüş pyýala ýene şerap guýdy. – Men hut goşun hakynda gürrüň edýärin – diýip, ilçi arkaýyn garşy çykyp, sözüni dowam etdirdi. – Çingiz hanyň beýik kagan diýlip yglan edilen gününden başlap, ozalky jet tatarlaryň hemmesi onuň agzybir, boýun egen goşunyna öwrülipdir. Tatarlary müňlüklere, ýüzlüklere we onluklara onuň özi bölüpdir, urug taýpalarynyň ynam edip bolmaýanlaryny aýryp, öz müňbaşylaryny, ýüzbaşylaryny we onbaşylaryny onuň özi belläpdir. Bir çarwanyň-da başga çarwa bilen jetleşmäge, başga çarwany talamaga ýa-da aldamaga hakynyň ýokdugy, şonuň ýaly her bir günä üçin diňe ýeke jeza beriljekdigi – ölüme duçar ediljekdigi dogrusynda täze kanuny her ýere atlylar iberip, yglan edipdir! – Çingiz hanyň kanuny tatar däl beýleki taýpany talamaga we aldamaga ygtyýar berýärmi? – Hawa! Tatar taýpasyndan bolmadyk del adamy talamak, onuň zadyny ogurlamak ýa-da ony öldürmek olarda hatda aýratyn edermenlik hasaplanýar–diýip, ilçi jogap berdi. – Düşünýärin – diýip, sene ýazyjy pyşyrdady. – Garamaýak çarwalar näme diýipdirler? Olaryň açlygy azalypmy? – Çingiz han öz raýaty bolan taýpalar hudaý tarapyndan nazar salnan, älemde ýalňyz halkdyr diýip yglan edipdir, şundan beýläk olara «mongollar», ýagny «ýeňijiler» diýen ady bermeli diýip yglan edipdir... Ýer ýüzündäki beýleki halklaryň hemmesi mongollaryň guly bolmaly diýipdir. Özüne boýun egmeýän taýpalary Çingiz han ýer ýüzünden ýok etjekdigini, diňe mongollaryň galjakdygyny aýdypdyr. Sene ýazyjy hyrçyny dişledi. – Tatar kagany biziň serhedimize-de musulmanlaryň oňa boýun egmegini talap etmek maksady bilen geldimikä?.. Emma biziň patyşamyzyň batyr esgerlerden düzülen ägirt uly goşuny bar, biziň esgerlerimiz yslamyň mukaddes ýaşyl tugy saýasynda arslan dek söweşýärler... Şeýle edermen musulman goşuny, Horezm şa Allaeddin Muhammet ýaly şeýle şöhratlanan serkerde garamaýak çarwalaryň akyly çaşan hanyna boýun eger diýip pikir etmek akylsyzlyk, çaga ertekisi ahyryn! Pygamberiň özünin mukaddes kölegesi biziň goşunymyzyň üstüne saýa bolup durýar we ony üstünliklere alyp barýar! Ilçi özüniň çişik ellerini gäbe garnynyň üstünde çalşyryp, uludan demini aldy we gözlerini ýumup: – Sen meniň gürrüňlerimi ugursyz zat we erteki hasaplarsyň diýip, men öňünden aýtdym ahyryn! – diýdi. – Ýok, ýok, gadyrly myhman! Aýdyber! Seniň aýdýanlaryň adatdan daşary bolsa-da, akyla sygar ýaly däl bolsa-da, men diňleýärin. Ilçi göneldi. Ilçiniň gözüniň akyl we ýeserlik bilen ýanyp durandygyny gyz duýdy, emma ilçi göýä ýadaw ýaly bolan bolup, gözlerini ýumdy we ýaltalyk bilen sözüni dowam etdirdi: – Hanlaryň açgözlüliginiň peselmändigini, garamaýak çopanlaryň açlygynyň we mätäçliginiň güýjändigini, tatar halkynyň öz biri-birini gyrmagy indi bes edensoň güýç toplandygyny tatar kagany görüpdir... Şona görä, ýönekeý çarwalaryň öz hanlaryňa garşy gitmezligi üçin, Çingiz han toplanan güýji başga tarapa gönükdirmegi ýüregine düwüpdir... Ol gurultaý, ýagny iň tanymal hanlaryň maslahatyny çagyrypdyr we olara şeýle diýipdir: «Siz tiz wagtdan beýik ýörişe gitmelisiniz. Siz uruşdan gyzyla gaplanyp, at sürülerini, başga mal sürülerini we bir topar ussa gullary sürüp gelersiňiz. Men garyp çopanlary doýuraryn, olaryň garnyny gymmat bahaly ýüpek mata bilen basyraryn, her birine birnäçe gyrnak bererin... Biz örän baý ýurdy özümize tabyn ederis, onsoň siziň hemmäňiz şeýle bir baý bolup gaýdyp gelersiňiz, hatda alan oljaňyzy öýňüze getirmäge ulag ýetmez...» Ýaz çykanda, sährada gök ownuk ot gögerende Çingiz han atly aç goşuny gadymy baý Hytaýyň üstüne alyp ugrapdyr... Ol öňünden çykan hytaý goşunlaryny syryp-süpüripdir, apy-tupan turzup, ýurdy çapawullapdyr, Hytaý şäherleriniň müňüsini-dagysyny küle we tozana garypdyr we üç ýyllap urşandan soň Hytaýyň ýarysyny özüne boýun egdirip... köp oljalary alyp, özüniň sähra mekanyna gaýdyp gelipdir... – Allanyň özi saklawersin! – diýip, sene ýazyjy pyşyrdady. – Meniň aýdanlarym saňa ýene erteki bolup görünýändir, emma bularyň hemmesi dogry! – Gadyrly Mahmyt Ýalwaç, ol üýtgeşik serkerde Çingiz hanyň daş görki nähili, şony bir aýdyp ber. – Ol uzyn boýly, özi-de eýýäm altmyş ýaşyndan geçen-de bolsa, heniz örän güýçli. Agras gadam basyşy we tagaşyksyz hereketleri aýynyňky ýaly, mekirligi tilkiniňki ýaly, gahary ýylanyňky ýaly, okdurylyşy barsyňky ýaly, ýadawsyzlygy düýäniňki ýaly, özüniň sylaglasy gelýänine sahylygy öz çagajyklarynyň üstünde ölüp-öçüp barýan ganhor ýolbarsyňky ýaly. Ol giň maňlaýly, uzyn inçe sakgally, gyrpyllamaýan sary gözleri bolsa, pişigiňki ýaly. Hanlaryň hemmesiniň we ýönekeý nökerleriň ondan gorkaýşy otdan-suwdan gorkulyşynyň çaky däl we eger-de ol on sany nökere müň duşmanyň üstüne çozmagy höküm etse, olar birjik-de ikirjiňlenmän topulýarlar, çünki olar özleriniň ýeňjekdiklerine ynanýarlar. – Çingiz han hemişe ýeňip gelipdir... Sene ýazyjy şeýle diýdi: – Men dünýäde köp ýyl ýaşadym we köp şöhratly, ýürekli serkerdeleri gördüm, emma seniň aýdýan adamyň ýaly adama men heniz duşamok... Seniň sözleriň ertekä gaty meňzeýär... Eger başarsaň, maňa şuny düşündir, eger tatar kagany her bir çopany baý eden bolsa, indi näme üçin onuň özi birden öz watanyndan şeýle uzaklaşyp, biziň serhedimize gelip çykypdyr? Ilçi pyýaladaky şeraby düýbüne çenli içdi, ýene gözlerini ýumdy we güýçli çaýkandy. Hyzmatçy ýene şerap guýjak boldy, emma sene ýazyjy gözüni alardyp, onuň önüni aldy. Emma ilçi özüni dürsedi we boş kümüş pyýala gözi düşüp, hyzmatça yşarat etdi, onsoň ol garamtyl gyzyl şerapdan pyýalany pürepürledi. – Köp içýäň diýip geňirgenme! Ne-hä sen, hormatly Mürze Ýusup, ne-de seniň ýaş kömekçiň, hiç biriňiz bir damja-da içmediňiz, şoňa görä men üç adamyň deregine içmeli bolýaryn... Mahmyt pyýalany elinde saklap we çalarak yranyp oturan ýerinden sözüni dowam etdirdi: – Beýik kagan öz çarwa mesgeninde üç ýyl dynç aldy. Goşunynyň ýarysyny ol Hytaýda goýdy, ol ýerde halk henize çenli watanyny goramagyny dowam etdirýär. Goşunyň ikinji ýarymyny onuň özi çölüň we daglaryň üsti bilen günbatara alyp gitdi... Sene ýazyjy elleri bilen gulaklaryny tutdy-da ah çekdi: – Men aýylganç zady öňünden duýýaryn!.. Ilçi sözüni dowam etdirdi: – Hanlaryň açgözlüligi we garamaýak çarwalaryň açlygy hiç çakyň däl. Iň gowy oljany hanlar özlerine aldylar, garyplara taşlandy ýetdi diýip nökerler naladylar. Şol wagt, olaryň öz biri-birlerini we öz hanlaryňy gyrmaga başlamazlygy üçin, Çingiz han nökerleri uzaga äkitmegi ýüregine düwdi... – Indi tatar goşuny näçeräk barka? Ilçi ukuly, lellik ses bilen şeýle diýdi: – Çingiz han günbatara on bir tümen (korpus) alyp gitdi. Her tümende on müň atly tatar bolýar. Her atly öz ýany bilen ýene bir ätiýaçlyk at, käte iki at iýdip barýar... Sene ýazyjy batly ses bilen: – Diýmek, tatar kaganynyň jemi ýüz on müň atlysy bar-da? – diýdi. – Biziň patyşamyzyň nökerleri bolsa dört esse köp!.. Eger-de ol biziň taýpalarymyzyň hemmesini mukaddes urşa baş götertse, onda yslamyň ägirt uly goşuny hiç eýgertmez! – Uly mertebeli Horezm şa Allaeddin Muhammede men şony aýtmadymmy näme? Tatar goşuny Muhammet şanyň– ylahym ol ýüz ýigrimi ýyl patyşalyk sürsün! – goşunynyň öňünde garanky gijedäki tüssejikden enaýy doldir!.. Dogry, günbatara ýörişe gidilende, ýolda tatar goşunyna sähra ykmandalarynyň hemmesi: uýgurlar-da, altaýlylar-da, gyrgyzlar-da, gara hytaýlar-da goşuldylar, şol sebäpli Çingiz hanyň tatar goşuny çaltlyk bilen köpeldi we ulaldy... Bu-da erteki däldir! Ilçi çaýkanyp gitdi, elini hala diredi-de süýndi. Gyz gelip, onuň başynyň astyna mişi ýassyk goýdy we gojanyň gulagyna çawuş çakyp: – Bu mekir tilki ekeni! Munuň dogrusyny aýdasy gelenok... – diýdi. – Ilçiler asyl şeýle bolar! Sen dogruçyl ilçini nireden taparsyň! Wekil gelip girdi. Uklap ýatan ilçini nätjeklerini bilmän, uzak wagtlap dymyşyp we garaşyp oturdylar. Mahmyt Ýalwaç birden oýandy-da bytdym-sytdym ötünç soran; dessine dik oturdy: – Mes bolup, size näme aýdanymy özümem bilemok! Ol sözleri siz nähak ýazdyňyz! Ol ýazanlaryňyzy ýakyň!.. Ilçini wekil köşgüň dar garaňky ýollary bilen yzyna äkidip, çolaryp duran daşky gapynyň ýanyna getirdi, ol ýerde eýerli atlar häzir durdy. Entirekläp duran Mahmyt Ýalwajy nökerler zordan ata mündürdiler. Atlanyp, danyň ýaňy saz berip ugran wagtynda, ukuda ýatan Buharanyň gum-gukluk köçelerinden geçip, şanyň şäherden daşardaky köşgüne geldiler. Şol günüň ertesi Muhammet şanyň elinden jogap hatyny alyp, tatar ilçileri gündogara, ähli tatarlaryň beýik kaganynyň goşunyna gaýtdylar. __________ 1 «Seňňi mugallak» – musulmanlaryň dini merkezi Mekkede saklanylýan hem-de keramatly güýji bar diýlip zyýaratçylar tarapyndan sežde edilýän ullakan gara meteorit. 2 Çingiz han ýaşlygynda garyplykda ýaşap, köp mahrumçylyklar çekipdir, goňşy taýpa ýesir düşüp, üç ýyllap agyr gulçulykda bolupdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |