09:12 Çingiz han -22: romanyň dowamy | |
Bäşinji bap
Taryhy proza
BEÝIK KAGAN ILÇILERIŇ HABARYNY DIŇLEÝÄR Çingiz han uzyn boýlulyk we sagty pugtalyk bilen tapawutlanýardy. Gözleri pişigiňki ýalydy. (Taryhny Juzjany. XIII asyr) Üç sany atly atlaryny tatar öýleriniň arasyndaky ýoda bilen çalt sürüp barýardy. Olaryň ýüň ýapynjalary uruşýan garaguşlaryň ganaty ýaly galgaýardy. Saklawda duran iki sany nöker naýzalaryny atanaklaýyn çal« şyrdy. Atlylar atlaryndan düşüp, özleriniň egnindäki tozan basan ýapynjalaryny ak çägäniň üstüne taşladylar. Gelen atlylaryň biri egnindäki zolak-zolak gyzyl donuňy düzedişdirip: – Kaganyň ady şanly bola! Aýratyn möhüm habar getirdik! – diýdi. Iň ýakyndaky öýden ýeňleri gyzyl daňyly, gök possunly iki sany nöker çykyp, eýýäm ylgap gelýärdi. – Biz günbatar ýurda beýik kaganyň tarapyndan ilçi gidip, gaýdyp geldik. Biziň gelenimizi habar et, Men ilçi Mahmyt Ýalwaç. Sary çadyryň ýüpek eňsisi açyldy we ol ýerden buýruk ýaňlandy. Ol çadyra barýan ýodanyň ugrundaky sekiz garawul biri-biriniň yzyndan: – «Goýberiň, gelsinler» diýip, beýik kagan höküm etdi – diýip, gaýtalady. Gelenleriň üçüsi-de bil büküp, ellerini döşlerinde gowşuryp, çadyra tarap ugradylar. Hyzmatçy hytaý olara ýol berdi, olar başlaryny galdyrman, çadyra girdiler-de töre geçip, halynyň üstünde oturdylar. – Aýdyber! – diýen ýognas ses çykdy. Mahmyt Ýalwaç başyny ýokary galdyrdy. Gerse, garşysynda garalyp görünýän gyňyr ýüzli, gataňsy sary sakgally bir adam otyr. Onuň örülip, uçlary düwülen iki sany çal saçy giň eginlerine düşüp durdy. Ägirt uly göwherli, reňklenen gara telpeginiň eteginden onuň mawumtyl-mele gözleri çiňerlip seredýärdi. – Horezmiň şasy Allaeddin Muhammet seniň sowgatlaryňa we dostluk hakyndaky teklibiňe köp hoşal boldy. Ol seniň täjirleriňe her dürli ýeňillikler bermäge göwünjeňlik bilen razy boldy. Emma onuň bir zada gahary geldi... – Meniň oňa oglum diýenimemi? – Sen, beýik hökümdarym, hemişe bilşin ýaly, muny-da bildiň. Şa şeýle bir gaharlandy welin, meniň kelläm nedenem gidipdi. Kaganyň gözleri süzülip, uzynja yş ýaly boldy, – Sen şeýle bolar öýdensiň? – diýip, kagan eliniň ýogyn barmagy bilen howada çyzyk çekdi. Onuň bu hereketinden hemme adam gorkýardy: Çingiz han ölüm jezasyny berende şeýderdi. – Men Horezm şasynyň gaharyny köşeşdirdim, şol sebäpli ol saňa salam hem hat iberdi. – Sen onuň gaharyny köşeşdirdiň? Nädip? – diýen müňkür ses çykdy. Gözleri kä ýazylyp, kä büzülip, siňe seredýärdi. Mahmyt Ýalwaç özleriniň Muhammet şanyňkyda kabul edilişini we gijäniň birmahaly öz ýanyna beýik wezir gelip, gizlin gürrüňleşmäge çagyrandygyny birin-birin gürrüň bermäge başlady, Şulary aýdyp, ol özüniň Horezm şadan alan göwherini Çingiz hanyň giň aýasyna goýdy we Muhammet bilen näme dogrusynda gürrüň edendigini birin-birin beýan etdi. Mahmyt Ýalwaç özüne kaganyň siňe seredýändigini we içki pikirlerini aňjak bolýandygyny gabagyny galdyrman oturan ýerinden duýýardy. – Şular seniň eşidenleriň hemmesimi? – Eger unudan zadym bar bolsa, bagyşla, men bir huşsuzdyryn! Hyrryldy eşidildi, bu hyrryldy kaganyň göwni hoş bolandygyny aňladýardy. Ol özüniň agyr eli bilen Mahmyt Ýalwajyň arkasyna kakdy. – Sen mekir musulman, Mahmyt. Meniň goşunym garaňky gijedäki tüssejikden enaýy däldir diýip gowy aýdypsyň. Degme, şa şeýle pikir edibersin! Agşam üçiňizem meniňkä nahara geliň, Ilçiler çadyrdan çykdylar. Irimçik gara kendir matadan tikilen, inli tylla guşakly, uzyn boýly, küýküräk kagan ýerinden turdy, Ak mişi ädikli uly-uly hem gowky aýaklary bilen agyr-agyr ädimläp, çadyryň içinde iki ýana gezmeledi, eňsini çalarak açyp, ak selleli we ala donly üç ilçiniň tozan basan atlaryna münüp, ýuwaşjadan ugraýşyna syn edip duran ýerinden: – «Beýik höküm» (ýörişe ugraýyş) çagy ýakynlady. «Sähetli aýa» garaşaýyn – diýip, öz-özüne maslahat berdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |