09:14 Çingiz han -23: romanyň dowamy | |
Altynjy bap
Taryhy proza
ÇINGIZ HANYŇ GALAGOPLY GIJESI Çingiz han uzyn buhary bilen ýyladylýan, lälik hytaýlaryň gowy görýän sekisiniň üstünde ýatmagy ýa-da musulman täjirlerinde bolýan per düşekçäniň üstünde ýatmagy halamaýardy. Kagan öz ýanbaşynyň astynda gaty ýeriň duýulyp durmagyny gowy görýärdi, şoňa görä, goja hytaý hyzmatçy halynyň üstüne diňe gowy çekilen galyň keçäni iki epläp, onuň astyna ýazýardy, Kagan adatça gyşaran badyna uklaýardy. Ýygy-ýygydan düýş görýärdi we ol düýşlerini porhanlaryňa ýa-da öz parasatly hytaý geňeşçisi Ýelýu Çu-saýa1 ýordurýardy, emma olaryň ýorgutlaryna kän bir ynanyp durman, öz bildigiçe hereket edýärdi. Daňdanlar oýanyp, ýyly gunduz possunyň astynda ýatan ýerinden, kagan özüniň onlarça müň nökeri we atlary hakynda, özüniň doýmaz dolmaz goşunyny ilat naharlap durar ýaly iň gowy ýol hakynda, özüniň Mongoliýada goýup gelen bäş ýüz aýalyny, olaryň çagalaryny, gyrnaklaryny we hyzmatçylaryny eklemek hakynda pikir edýärdi. Özüniň goşun çekip gitmekçi illerine öňürti iberişdiren köp sanly jansyzlarynyň habarlary hakynda-da ol pikir edýärdi, biri-birinden gabanýan we biri-birine göriplik edýän öz ogullary hakynda hem pikir edýärdi, öz aýaklarynyň we bogunlarynyň agyryp durýandygy hakynda-da, ölüm hakynda-da pikirlenýärdi... Kagan ýokarky gabaklary kirpiksiz, gyrpyldamaýan gözlerini açdy-da bir nokada seretmäge başlady. Ol çadyryň matalarynyň arasyndaky yşdan daşaryk seredýärdi. Asmanyň bir bölegi gögerip görünýärdi. Ýyldyzlar eýýäm öçüpdir. Duran ornundan gidip, soňra pessaý-pessaý ýöräp, yzyna gaýdyp gelýän garawul nökeriň kölegesi kämahal garalyp gidýärdi. Bir agyr pikir kaganyň kellesinde ýygy-ýygydan peýda bolýardy. Günbatara ýörişe gitmekçi bolup ýörkä, Çingiz hanyň garry, ýognas aýaly Burte oňa hemişeki ýaly parasatly sözleri aýtdy. Ol başyny ýere çenli egip we agyr-agyr dem alyp, şeýle diýdi: «Beýik kagan, sen goşun çekip, daglardan we çöllerden aşyp, ýat illere, özge halklar bilen aýylganç söweşlere gidersiň. Duşman okunyň seniň güýçli ýüregiňden geçmegi ýa-da ýat il nökeriniň hanjarynyň seniň polat telpegiňi çapmagy mümkindir diýip pikir etdiňmi? Eger şol zerarly bir aýylganç hem düzedilmez iş bolaýsa (ol «ölüm» hakynda pikir edýärdi, emma ol sözi aýtmaga dili barmaýardy) we eger ýer ýüzünde seniň deregine diňe mukaddes adyň galaýsa, sen dört oglumyzyň haýsy birine öz mirasçyň we älem hökümdary bolmagy höküm edersiň? Biziň ogullarymyzyň arasynda soňra jeň we ölüşik bolmaz ýaly, öz islegiňi ýeriň giňinde hemmä yglan et». Onuň garrylygy hakynda, onuň günleriniň indi, belki, sanalgydygy hakynda şu güne çenli onuň ýanynda hiç kim dil ýazdyryp bilmeýärdi. Hemmeler ol beýik, çalşylmaz, orny tutulmaz serkerde diýip, ol bolmasa älem ýykylar diýip hetjikläp ýörýärdiler. Diňe garry, wepaly Burte ölümi onuň ýadyna salmaga ýürek etdi... Ýa-da ol hakykatdan-da garraýdymyka? Ýok, ol heniz özüniň eýerlenmedik atyň üstüne böküp, ony aýak aldygyna goýberip, ýüzüniň ugruna ýekegapany naýza bilen urup ýykmagy başarýandygyny we duşmanyň elini sowup, ony özüniň güýçli elleri bilen bogup öldürmäge ukyplydygyny gizlin içigaralaryň gözüne görkezer. Onuň güýçsüzligi ýa-da garrylygy hakynda agzyny açanlaryň hemmesiniň pendini berer... Emma şeýle-de bolsa, parasatly, ýüregine daş baglan Burtäniň ol wagt mirasçy hakynda gürrüň açmagy hakdy. Dört oglunyň haýsy birini ol öz mirasçysy edip bellemeli? Boýun egmezek we özdiýenli uly ogly Juçy öz atasynyň ölmegini hemmeden beter isleýär. Ol häzir kyrk ýaşynda, ol patyşalyk jylawyny atasynyň elinden gaňryp almagy, atasyny bolsa haýy gidip, waýy galan garrylar öýünde oturtmagy arzuw edýändir. Şoňa görä, Çingiz özüniň ogly Juçyny uzaga, öz patyşalygynyň iň bir çetdäki künjegine iberdi we Juçynyň her bir demi we her bir niýeti hakynda şugullap durar ýaly, onuň ýanynda gizlin jansyzlary goýdy... Ikinji ogly Jagataý hem atasynyň ölümini isleýär, emma ondan hem beter ol öz dogany we bassaşy Juçynyň ölümini isleýär. Olar heniz biri-birini ýigrenip, özara çekeleşip ýörkäler, olar hatarly däl. Şoňa görä, ol ur-tut üçünji ogly Ugedeýi mirasçy diýip, yglan etmegi ýüregine düwdi, ol ýumşak hem perwaýsyz häsiýetli adam, şagalaňly meýlisleri, laçyn bilen aw awlamagy, at çapmagy gowy görýär, ol öz atasyny ýykmak üçin onuň aýagynyň aşagyny köwmez. Dördünji, iň körpe ogly Tuli han hem şeýle. Olaryň ikisi-de jalaýlygy gowy görýär, häkim bolasy gelmek hyjuwy olarda heniz döremändir. Şoňa görä, Çingiz han ýörişe gitmekçi bolup, üçünji ogly Ugedeýi tagt mirasçysy diýip, yglan etdi. Emma munuň bilen ol iki uly ogluny öňküden-de beter gaharlandyrdy, şol sebäpli hemişe hüşgär bolmaly, janyna kast edilmeginden, garaňkynyň içinde awuly ok goýberilmeginden ýa-da çadyryň eňsisiniň aňyrsyndan naýza bilen urulmagyndan howatyr edip ýörmeli boldy... Şondan bäri göwni galan Juçy hemişe uzakda, goşunyň öňünde, özüne bellenip berlen tümeniň başynda bolýar. Ol özüni görkezmäge jan edýär, özüni nökerleriň gowy görmegini gazanmaga dyrjaşýar, ol at we şöhrat gözleýär. Ol jahyl, güýçli... Jahyllyk gowy zat!.. Kagan bir ýanbaşyndan beýleki ýanbaşyna agdarylyp, garry, ýognas Burtäniň sözlerini ýygy-ýygydan ýatlaýardy we özüniň ölümi hakynda pikirlenýärdi. Ol gaňraw şahly ýeňil keýikler dazlaşyp, al-asmanda ýuwaşlyk bilen garaguşlar gaýyşyp ýören sährada duşýan belent depe hakynda oýlanýardy... Beýle depelerde beýik batyrlaryň jesedi ýatyr. Halklaryň iň edermen hökümdarlarynyň garaz, ölmän galýany ýok. Emma ol, Çingiz han hemmesinden edermen. Eýsem beýle giň ýerleri henize çenli özüne tabyn eden barmy näme?.. Ölüm näme? Demri altyna öwürýän daşlaryň bardygyny bilýän okumyş tebipler we jadygöýler barmyş. Olar adamy täzeden ýigdeldýän içgi häzirlemegi, togsan dokuz otdan adama baky ömür berýän däri-derman ýasamagy başarýarmyşlar... Eýsem ozalky boýny boýunturukly gul, ýönekeý nöker Timuçin gurultaýda «asmandan iberilen», ýagny Çingiz han diýlip yglan edilmedimi näme? Eger-de gök asman baky bolýan bolsa, onda onuň indereni-de baky bolmalydyr. Goý beýik hytaý geňeşçisi Ýelýu Çu-saý howlukmaçlyk bilen, ertiriň özünde, patyşalygyň hemme ýerine pugta permanlar ibersin: keramat görkezmegi başarýan iň bir parasatly okumyşlar – hytaý daoslary-da, tibet jadygöýleri-de, altaý porhanlary-da derrew kaganyňka gelsin, olaryň hemmesi güýç, jahyllyk we ölmezlik berýän dermanlaryny alyp gelsin. Şeýle ajaýyp dermanlar üçin ol, beýik kagan, olara heniz älemde hiç bir hökümdaryň bermedik, görlüp-eşidilmedik sylagyny berer... Ol uzak wagtlap irkilip bilmän, bir ýanbaşyndan beýleki ýanbaşyna birentek agdarylyp, ýaňy irkilmäge başlanda, aýagynyň başam barmagy çalarak agyryp gitdi. Nämedir bir zat gaty gapjan ýaly boldy. Ol gorkmady. Çarwalarda bolýan bu adaty yşarata ol beletdi. Kagan başyny galdyrdy, emma garaňkynyň içinde hiç bir zat seljerip bilmedi. Bu yşarat onuň ýadyndady: ol heniz ýigdekçekä özüniň söýgüli gelni, ol wagt inçejik we ylla sähra ýalmany ýaly çalasyn Burtäniň aýagynyň barmagyny şunuň ýaly gysýardy. Ol wagt bir topar maşgala bolup, Burtäniň gyňyr atasy Daý-Seçeniň garasky öýünde keçe ýazyp ýatýardylar. Onuň aýak ujunda bir-ä otyr? Ony bir-ä çagyrýar? Ol emaý bilen elini uzatdy, eliniň aýasyna ýuwkajyk ýüpek geýim, gysmyljyrap duran aýal göwresi, nakysja çiginler ildi, saçynyň örülişi-de üýtgeşik, bu kimkä? Ony dartyp öz ýanyna getirdi we ol aýal çalgyrt dil bilen onuň gulagyna çawuş çakyp düşündirdi: – Seniňki Kýusýultýu, seniňki hany-manyň Kulan hatyn, öljek bolýa, seniňki bardy bar... Göwünlik berdi bar... senim – gün, Kýusýultýu – aý... «Men – hytaýly, seniň «Kýusýultýu» diýýän ýaş aýalyň Kulan hatynyň hyzmatçysydyryn. Men ýylan ýaly suwulyp sessiz-üýnsüz çadyra gelip girdim. Kulan seni çagyrýar». Kagan içine keçe tutulan giň ädigini geýdi-de öz beýle ýanynda ýatan ogullary Ugedee we Tulä degmejek bolup, seresaplyk bilen işige baryp, çadyrdan çykdy. __________ 1 Hytaýda, onuň paýtagty ýeňilip alnan wagtda, Ýelýu Çu-saýy getirip, Çingiz hana görkezipdirler, ol ozal patyşalyk süren Kidanlar neberesiniň nesilidi. Ýelýu Çu-saý öz bilimliligi, goşgulary bilen, hytaý kanunlaryna we köşk däp-dessurlaryna ökdeligi bilen tapawutlanýardy. Yrymçy Çingiz han onuň belli beterem astrologlygyny we gurrandazlygyny gowy gördi. Çingiz han ony boýun egdirilen ýerleri dolandyrmak boýunça öz baş geňeşçisi edip belledi, onsoň Ýelýu Çu-saý mongol imperiýasynyň görnükli işgäri boldy. Ol şahsy durmuşynda çala mydar bilen oňan, sap ýürekli we Çingiz hanyň gaharyny ýatyrmagy başarýan adam bolupdyr. Ýelýu Çu-saý ölenden son onuň öýünden birentek kitapdan we astronomiýa gurallaryndan başga hiç bir baýlyk tapmandyrlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |