09:17 Çingiz han -24: romanyň dowamy | |
Ýedinji bap
Taryhy proza
KULAN HATYNYŇ ÖÝÜNDE Tapmarsyň gözeli olardan zyýat! Gyýa gözler seredende eder şat! (Mongol aýdymyndan) Bu gije ümsümlikdi, garly daglardan sowuk howa öwsüp durýardy. Aýyň öňüni agyr bulutlar tutdy. Kä ýerde öçük ýyldyzlar ýylpyldaýardy. Hytaýly gyz jasmin gülüniň ýakymly ysyky saçyp, öňden barýardy. Ýerden iki sany kölege turdy. – Ha! 1 Kim gelýär? Hytaýly gyz pyşyrdap: – «Gara Yrtyş».. – diýdi. Garawul: – «Tabyn älem» – diýip, paroly aýtdy, şondan soň kölegeler iki ýana gidip, ýol berdi. Ak öýe ýetip barýarka kagan: «Kýusýultýu bu gün gör nähili oýun çykararka?» diýip içini gepledýärdi. Her gezek goşun baştutanlary bilen geçirýän gürrüňini goýup, onuň ýanyna gelende, Kulan hatyn ony her dürli garşylaýardy: kä üýtgeşik gül nagyşly ýüpek geýim geýnip, hytaý hanymy ýaly bolup garşylaýardy, kä gunduz derisinden tikilen basyrgyny ýapynyp, edil ölüp barýan ýaly iňiläp ýatýardy we özüniň kiçijik ýüreginin üstüne kaganyň öz güýçli elini goýmagyny soraýardy, kä Keruleniň2 gök kenarlary we aňyrsyna göz ýetmeýän çola sährada ýeke oturan göçme çarwa gonalgasy hakynda gadymy mongol aýdymlaryny aýdýan garry mongol aýalyny diňläp, iki eli bilen öz başyny tutup, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp oturýardy. Hytaýly gyz ak öýüň eňsisini ýokary galdyrdy, kagan öýe girdi. Öýüň ortarasynda sähra çöp-çalamynyň kökleri ýanyp durdy we ysly tüssejik burum-burum bolup, tüýnüge tarap gidýärdi. Kulan hatyn dyzyny gujaklap, hereketsiz, süzük gözlerini oduň oýnaklap duran ýalynjyklaryna dikip otyrdy. Ýere ozalky ýüpek halylaryň ornuna üç sany ýönekeý ala keçe ýazylgydy. Bir gapdalda eýýäm gözelip, ýola taýynlanan çuwallar durdy. Kagan iç işikde aýak çekdi. Onuň ýanyp duran pişik gözlerinde şat uçgunlar uçganaklady. «Ine saňa täze oýun!» – diýip, ol pikirlendi. Kulan hatyn ukudan oýanan ýaly boldy, sürme çekilen we uzaldylyp çekgelerine ýetirilen gaşly gözlerini eliniň aýasy bilen sypalady. Ýerinden zöwwe turdy, kellesini arkan gaýşardyp, özüni aşak goýberdi-de kaganyň aýaklaryny gujaklady. – Ukyňy bimaza edenim üçin ýa-da pikirleriňe ýa-da harby maslahatyňa päsgel berenim üçin meniň günämi öt, ähli asyrlaryň çalyşmaz ýalňyz beýigi. Emma men mundan buýana bu ýerde durup bilmeýärin. Hemme ýerden, yşlaryň hemmesinden meniň özüme-de, meniň kiçijik ogluma-da ölüm howpy gezelip durýar. Men diwana bolup, başymy alyp gitjek, öz ýanymda meniň wepaly hyzmatçy gyzym bolsa bolýar, sährada gezjek ýörjek, ol ýerde meni hiç kes tanamaz. – Bir azajyk sabyr et ahyryn, maňa bir käse çyn çaýy ber, men bolsam seniň ýanyňda oturyp, saňa nireden we kimiň howp salýandygyny diňläýin. Kagan oduň duşundan geçip, törde keçäniň üstünde oturdy. Öýüň içine ýazylgy ýüpek halylary nätdilerkä? Ozal tärimden asylgy durýan, guş we gül suratlary bilen bezelgi tutular nirede? Bu indi garamaýak, ýönekeý çarwanyň öýi ýaly bolupdyr, kaganyň özi-de mundan kyrk ýyl ozal şeýle ýönekeý çarwady. Kulan ýene ýygrylyp, gaharjaň gözlerini gazaba münen köwügiňki ýaly edip kagana seredýärdi. Onuň ýanynda, saçy syrylyp, iki sany gulpajyk goýlan gara kelleli, garaýagyz oguljygy Kýulkan ýygrylyp, çyplak ýatyrdy. Kulan zaryn, mylaýym ses bilen gepläp ugrady: – Men hiç bir zada, hiç bir goraga ynam edip bilmeýärin. Mende ne ata bar, ne-de ene, doganlarymyň hemmesinden diňe biri galdy, ol hem ýönekeý nöker bolup hyzmat edýär, öňkülik bolan bolsa, onuň müň nökeri bolardy. Meniň bu doganym-da uzak ýaşamaz. – O näme üçin uzak ýaşamaz? – Biziň merkitlerimiziň hemmesi, biziň bütin şumbagt taýpamyz seniň ýolbars gözli, daş ýürek, rehimsiz ogluň Juçynyň nökerleriniň hanjaryndan gyryldy. Tiz wagtdan ol bu ýere geler, meniň atamy öldüren we biziň bütin urugymyzy gyran ýigrenji ganhor meniň gözümiň alnyndan aýrylmaz. Üstüme ýykylyp, mynjyratjak bolup duran gaýanyň aşagynda durup näme işim bar? Meni goýber. Ugrabermäge eýýäm şaýymy tutdum. – Juçy han bu ýere gelmez. Ol Irgiz derýasynyň ýakasynda täze ýörişe taýynlanýar. Onsoňam meniň özüm heniz diri, älemi dolandyrmagy öz gerdenimde saklaýaryn. Sen menden güýçli nähili pena gözleýärsiň? Kulan inçejik barmaklary bilen gözlerini sypalap, dulugyndan syrygyp barýan gözýaşlaryny süpürdi. – Seniň doganyň Jelal Hajyny men öz müň nökerimiň altynjy ýüzlüginiň baştutany belleýärin. Ol altynjy ýüzlügiň seni-de, seniň öýüňi-de, seniň körpeje pälwanyň Kýulkany-da goramalydygyny men öz müňlügimiň baştutany Çagana ertir aýdaryn. Meniň gözümiň astynda bolup, kimiň gorkmaga haky bar? Kulan ýüzüni aşak saldy we endireýän ýuwaş ses bilen: – Seniň öz daşyňda-da oklar gezelişip dur... – diýdi. Kagan elini Kulanyň egnine goýdy: – O nähili oklar? Aýt, kimiň oklary? Kulan hyrçyny dişläp, aňyrsyna özrüldi, onuň elinden sypdy-da ýerinden çalt turup, ýeňil ylgap gandala gaçdy. Onuň örülgi uzyn gara saçy suwulyp barýan ýylan ýaly bolup keçäniň üstünde süýrenip ugrany bilen, kagan onuň ujuny aýagy bilen basdy-da pyşyrdap gaýtalady: – Aýt, kim meni öldürjek bolýar? Kulan arkasyny tärime diredi. – Eý älemiň beýik hökümdary! Hiç bir halkyň, hiç bir goşunyň seniň ýanyňda manysy bolmaz, şemal turup, güýz ýapraklaryny alyp gidişi ýaly, sen olary derbi-dagyn edersiň. Emma seniň bilen bilelikde bir çadyrda oturan, gijesi – gündizi seniň yzyňa düşüp ýeren gizlin duşmanlardan özüňi gorap saklap bilermiň? Bir men saňa wepalydyryn we mähriban Altaýyň ýalpyllap duran garly äpet hem ajaýyp dagyny gowy görşüm ýaly, men seni-de gowy görýärin. Bir sensiň meniň arkadaýanjym, sen bolmasaň, meni ýolda ýatan daşjagaz ýaly, aýaklarynyň burny bilen kakyp goýbererler. Meniň aýdýanym dogry dälmi näme? Sen hemmesini görýärsiň, hemmesine düşünýärsiň, şemalyň diline-de, bilbiliň owazyna-da, ýylanyň çekremegiňe-de düşünýärsiň. Meniň aýdýanlarymyň hemmesi dogry ahyryn? Kagan onuň saçyny goýbermän, gyryk ses bilen: – Hemmesini aýt, gören-eşideniň baryny aýt! – diýdi. Kulan hatynyň gözlerinde ýeserlik otlary uçganaklady. – Hanyň ogullarynyň hemişe iň körpesi mirasçy bolmalydyr, ýurt eýesi bolmalydyr, şuny sähra ýaşululary dogry tapypdyrlar. Uly ogullar ýetşip, atasynyň atynyň jylawyny öz ellerine aljak bolup alňasaýarlar. Şoňa görä, atasy olary aýryp, olara özüniňkiden uzakda öý dikip berýär, öz güzeranyny özleri görsünler diýýär. Emma ýaşajyk, iň körpe oguljygy ýetişýänçä, atasy öz sürülerini arkaýyn bakyp ýörüp bilýär. Sen hemmesine garaz, bir zat berdiň, ogullaryň hemmesine ulus berdiň, neme üçin iň körpe ogluň Kýulkany mirasçy etmegi unutdyň? Kagan onuň saçyny goýberip, uzak wagtlap hümledi-de ahyry şeýle diýdi: – Men oglany-da, seni-de goraýaryn... Şol sebäpli men ony mirasçy diýip yglan etmedim. Mongollar merkit aýalynyň ogluny hiç wagt halamazlar, oňa boýun egmezler. Kulan özüni ýere goýberip, çöküne düşdi. – Ynha men dünýäde ýeke-täk gowy, adamlaryň iň üýtgeşigi, merkit aýalynyň ogluny, asmandan inen seni sönmekden gorkmaýaryn. Seniň eneň beýik Oelun hem mongol gyzy däldi, meniň taýpamdandy, merkit gyzydy. Çingiz han hümläp ýerinden turdy. – Hawa, sen dogry aýtdyň! Ony hemme adam unutdy, Goý, ýatlamasynlaram... Seniň sözleriňi men öz ýüregimde saklaryn. Hiç ýana gidiji bolma. Halylary ýene ýazyşdyr. Noýonlar bilen harby maslahatlardan soň men seniň ýanyňa gelip duraryn, meniň kiçijik maralym, göwün söýenim Kýusýultýu! Onsoň kagan agyr-agyr ädimläp öýden çykdy. Kulan ýerinden turdy we gaşlaryny ýygryp, böwrüni diňläp, uzyn gara saçyny haýallyk bilen zline çolamaga başlady. Hyzmatçy gyzy çagyrdy. Hytaý gyz diwaryň ýanynda gyşaryp, uka gidipdi. Kulan ony özüniň kiçijik aýagy bilen kakyp oýatdy: – Yzgytsyz! Tas elimi döwüpdi!.. Halylary ýene ýazyşdyr! Meniň saçyma ýene birneme at gurugyndan ör, ol wagşy tas saçymy goparypdy! Ertir özge ýurt ilçileri bilen uly meýlis bolýar. Kümüşden gül suratlary çekilen gök hytaý köýnegimi tapyp goýarsyň… __________ 1 Ha – dur. 2 Kerulen we Onon – Argun derýasynyň goşantlary, «düýp mongoliýanyň» esasy derýalary. Çingiz hanyň ýaşlygy şol derýalaryň kenarlarynda geçipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |