09:19 Çingiz han -25: romanyň dowamy | |
Sekizinji bap
Taryhy proza
KAGAN BARMAK BÜKÜP SANAÝAR Kagan «gazaba münen köwügiň» aýdanlaryny pikirlenip, ýuwaşjadan ýöräp, depäniň duşundan geçip barýardy. Onuň öňünde ýene kölege peýda boldy. Bular parollary aýdyşdylar: «Gara Yrtyş!» – «Tabyn älem». Ol sakçyny kagan tanady, ol kaganyň alamanlarynyň hemmesinde onuň ýanynda bolýan goja nökerdi. – Näme görüp-eşitdiň? – Şo taýda, daglarda köp ot ýanýar. Görýäňmi, ýyldyzlardan düzülen hünji ýaly, ol bu düzlügiň öz mal-garalaryny alyp daglara gaçan ilatynyň otlary. Olar biziň goşunymyzdan gorkýarlar. – Nökerlerimiz öz aralarynda näme gürrüň edýärler? – Dowarlarymyzy iýip, tükedip barýarys, atlarymyz otuň hemmesini iýdiler, indi otuň köklerini gazaýarlar, hanjarlarymyz gan soraýar diýýärler. Şoňa görä' olar beýik kagan bizden has parasatlydyr, ol hemme zady görýär, bilýär, tiz wagtdan biziň özümiziň we atlarymyzyň ryzky üçin hemme zadyň bol ýerine äkider diýýärler. – Dogry! Kagan hemmesini görýär, hemmesini bilýär, hemme zadyň gamyny iýer. Ylga, tiz bar-da müňbaşy Çagana aýt, biz onuň häziriň özünde öz ýany bilen alty ýüz nöker alyp, atlanmagyny buýurýarys. – Lepbeý, keremli hanym! – Dur! Çagana ýene aýt, men şu otluk meýdanjygyň öňünde, depäniň üstünde barmak büküp sanap, garaşyp durjak. Ol mongol özüniň çaýşyk aýaklaryny agyr-agyr galdyryp, baýyrdan aşak ylgap indi, kagan bolsa, çommalyp oturdy-da gymyldaman, özüniň ýelken ýaly gulagyny herreldip, garaňkylykdan gelýän seslere gulak asmaga başlady. Ol öz içinden: Bir, iki, üç, dört...– diýip, sanap ugrady we ýüze ýetende bir barmagyny ýumýardy. Aý kä buluda gaplanyp, kä ýaňadan garaňky asmana çykyp, asmanyň ýüzi bilen haýal süýşüp barýardy, şol wagt nökerleriň baýryň töwereginde giň agyllaýyn ýerleşen öýleri käte açyk we ýakyn görünýärdi, käte bulutlaryň kölegesine düşüp, çala bildnrýän gara garantga bolup durýardy. Kagan sanap iki ýüze ýetende we ikinji barmagyny ýumanda, öýleriň arasynda kölegeler gaýmalaklaşyp ugrady, birnäçe nöker at salyp, garaňkylykda ýitip gitdi. – Ýow, ýow! – diýen garjaşyk sesler goşun hemme ýerinde eşidildi. Kagan öňküsi ýaly butnaman oturyp, üçünji ýüzi, soňra dördünjini... arkaýyn sanamagyny dowam etdirdi. Uzakdan bir güpürdi gelip ugrady, ol güpürdi barha güýjeýärdi, onuň müň atdan ybarat süriniň güpürdisidigine kagan düşünýärdi. Ýylky sürüsi dabyrdap barha ýakynlaşýardy we baýryň etegine gelip, birden aýak çekdi. Kaganyň burnuna at deriniň ysy goňursap urdy we hapylap gelen tozan bütin lageri gaplap geçip gitdi. Kagan sanap, barmak ýummagyny dowam etdirýärdi. Sürüdäki atlaryň urşup gygyryşýandygy we depişýändigi eşidilýärdi. Kagan ýogyn hem gyryk sesi bilen: – Çagan! Aha-aw, Çagan! – diýip arlady. – Ha-aw, gulluk! – diýen jogap garaňkynyň içinden gelip ýetdi. – Men eýýäm alty barmak ýumdum! Näme yzyň gelmedi? – Ýene iki barmak ýumýançaň hemmämiz atlanarys! Aý ýene bulutdan çykyp, öýleriň arasyndaky açyklygy gowy ýagtyltdy, ol ýere mongollar dumly-duşdan ylgaşyp ýygnanýardylar. Kimseler eýer bilen içirgi alyp barýardylar, beýlekiler atlaryny idip, öýleriniň ýanyna barýardylar, özgeleri özleri üçin öňünden bellenilen orunlara atlaryny alňasak sürüp geçýärdiler. Kagan sanamagyny dowam etdirýärdi. Ol ýedinji barmagyny ýuman badyna, ýeňsesinde aýak sesini eşidip, gaňrylyp seretdi. Iki sany nöker Çingiz hanyň mele atyny eýerläp, idekläp gelýärdi. Ol eli bilen atyň ýalyndan tutup, eýeriň üstüne atlandy we haýal sürüp, baýryň burun berip duran ýerine çykdy. Onuň yz ýanynda ýedi sany nöker nyzama durdy, olaryň biriniň elinde uçlary galgaşyp duran tug bardy. Kaganyň ýeňünden heniz köp sanly atlar hem atlylar dumly-duşa geçýärdi. Emma olaryň hemmesi özlerine ozaldan mälim orunlara dessine baryp, aýak çekýärdiler we Çingiz han heniz sekizinji barmagyny ýummanka onuň öňünde atlylaryň tertipli alty sany hatary häzir boldy, her hatarda ýüz atly bardy, öňde müňbaşy Çagan we onuň ýakynynda birnäçe parraç-turgaud häzir boldy. Çingiz han: – Çagan, gel bärik! – diýip gygyrdy. Çagan atyny çapdyryp baýryň ýanyna geldi-de kagana üç ädim ýetmän, atynyň başyny çekdi. – Sen şol daga gidersiň, ol ýerde haraçularyň (garamaýak, garyp çarwalaryň) hemmesi hem-de sähranyň har gulak towşanlary jemlenipdir. Olaryň mal-garasynyň hemmesini sürüp gelersiň, dowarlaryň birini-de sypdyrmarsyň. Sür! Çagan atynyň başyny öwürdi-de öz toparyna tarap at goýdy. – Meniň yzyma düşüň! Otrýad hatar-hatar bolup, ýüz-ýüzden gozganyp, aýyň aýdyňyna agaryp görünýän ýola tarap öwrülip ugrady. Kagan baýryn burun beren ýerinde şol butnaman durşuna durdy we iň soňky atly ala garaňky uzaklykda gözden ýitip gidýänçä sanamagyny we barmak ýummagyny dowam etdirdi. Ol onunjy barmagyny ýumup: – Gedem öwünjeň Muhammet şa şeýle goşun taýynladymyka? Biz ony tiz wagtdan Buharanyň ýanynda söweşde göreris – diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |