09:20 Çingiz han -26: romanyň dowamy | |
Dokuzynjy bap
Taryhy proza
ÝITEN KERWEN Çingiz han öz musulman ilçilerine bir uly kerweniň şaýyny tutup, haryt satmagy bahanalap, Horezm şanyň ýerlerine ugramagy buýurdy. Çingiz han özüniň Hytaýdan talap alan gymmat bahaly zatlarynyň eslisini olara berdi, ol zatlary satyp alnan pullara bolsa, özlerini görkezenleri sylaglar ýaly, mümkin boldugyça köp mata satyn almagy buýurdy. Mahmyt Ýalwaç kerwen bilen köp haryt iberdi, emma özi Horezme gitmekden boýun gaçyrdy. Ol we onuň iki hemrasy bizi Buharada zäherläpdirler diýip, öýde iňiläp ýatyrdylar. Kerwen bäş ýüz düýeden ybaratdy we ol kerweniň ýany bilen täjir hem satygçy bolan bolup, dört ýüz elli adam ugrady. Kerwenbaşy edip, Çingiz han özüniň mongol nökeri Usuny goýdy. Týan-Şan dag ulgamlaryndan geçip, kerwen musulmanlaryň serhet ýakasyndaky Otrar şäherine gelip ýetdi. Şol ýerde kerwenbaşy Usun şäher häkimine Muhammet şanyň hut öz goly çekilen we onuň mum möhüri basylan hatyny görkezdi, şa ol hatynda mongol täjirlerine «Horezmiň ähli şäherlerinde erkin gezmäge we hiç bir paçsyz söwda etmäge» ygtyýar berýärdi. Otrar şäheri özüniň bazarlary bilen şöhratlanýardy. Bu ýere ýazyna we güýzüne örän uzak ýerlerdäki çarwalar gelýärdi. Olar dowar we gul getirýärdiler, gön, ýüň, dürli baganalar, haly getirýärdiler, olary mata, ädik, ýarag, palta, gaýçy, iňňe, iňňebagjyk, käse we mis hem küýze gap diýen ýaly zatlara çalyşýardylar. Bu zatlaryň hemmesini Mawerannahr we Horezm şäherlerindäki çeper ussalar we olarys gullary ýasaýardylar. Gelen kerwen Otraryň bazarlary üçin örän üýtgeşik kerwendi. Täjirler halylaryň üstünde şeýle bir geň we gymmat bahaly zatlary çykaryp goýdular, hatda otrarlylar beýle zatlary hiç wagt görmändiler. Olar topar-topar bolup gelýärdiler we şeýle ussatlyk bilen ýasalan, ylla altyndan guýlan ýaly edilip, daşyna gyzyl çaýylan metal adam şekillerine, ýaşmadan ýasalan, gaňrak tutaýly, «bagt getirýän» hasalara, kündüklere, çakmaklara we ýaşma hem nefritden ýasalan enaýy şekiljiklere, näzik hytaý forforyndan ýasalan çyn çäýneklerine we käselerine, altyn desseli hem-de gymmat bahaly daşlar bilen bezelen gynly hanjarlara seredip, geň galýardylar. Bu ýerde samyr derileri-de we garamtyl goňur tilki derileri-de, ykyrdap duran galyň ýüpek matadan tikilen, gunduz derisi bilen bezelen erkek we aýal geýimleri-de bardy, başga-da seýrek we gymmatly zatlar bardy. Märekede şeýle gürrüň edýärdiler: – Bu gymmat bahaly zatlaryň hemmesini tatarlar Hytaýdan, patyşa köşklerinden talap alypdyrlar. Bu bezegli geýimlerde guran gan tegmilleri-de bardyr. Nökerler özleriniň talap alan zatlaryny täjirlere arzan baha bilen satandyrlar, täjirler bolsa, olary bu ýerde satyp, baýlyklaryny artdyrmaga jan edýärler. Başgalary: – Näme üçin biziň goşunlarymyz Hytaýa gitmeýärlerkä? Bizem şular ýaly gymmat bahaly zatlar alardyk – diýip, gürrüň edýärdiler. – Eger-de tatar täjirleri bu gymmat bahaly harytlary ýarpy bahasyna hödürlejek bolsalar, onda Otrar täjirleri näme etmeli bolarlar? Biziň harytlarymyzyň ýüzüne-de seretmezler. Sähradan gelen çarwalar hyrçlaryny dişläp, kellelerini ýaýkaýardylar: – Beýle zatlar kime gerek? Hanlara, beglere hem-de kazylardyr beýik ymamlara don tikinmäge gerekdir-dä. Bu gymmat bahaly geýimleri satyn almak üçin indi olar bizden iki esse artyk salgyt alarlar. Otrar şäheriniň häkimi Horezm şanyň enesi Türkan Hatynyň ýegeni Ynaljyk Kaýyr handy. Ol öz ýakyn adamlary bilen bilelikde bazara aýlandy, mongol kerweniniň ýaýradylyp goýlan zatlarynyň ýanynda aýak çekdi we täjirleriň sowgatlaryny kabul etdi. Soňra ynjalyksyzlanyp, galasyna gaýdyp geldi-de Horezm şanyň adyna bir hat iberdi, özüniň şol hatynda ol şeýle ýazdy: «Täjir geýimini geýip Otrara gelen bu adamlar täjir däl, olar kaganynyň jansyzlarydyr. Olar özlerini ulumsy tutýarlar. Aslyýeti hindi bolan bir täjir maňa «han» diýmän, gedemlik edip, meniň dine adymy tutdy, men ony çygar çybyk bilen ýençmegi höküm etdim. Beýleki täjirler bolsa, söwda işine hiç bir dahyly ýok işler hakynda adamlardan habar alýarlar, Olar ýeke adam bilen galanlarynda bolsa: «Siziň öz arkaňyzda edilýän işlerden habaryňyz ýok. Tiz wagtdan şeýle bir hadysalar bolar welin, siziň olara hiç bir alajyňyzam bolmaz...» diýip, haýbat atýarlar», Horezm şa Muhammet bu hata ynjalyksyzlanyp, Otrardaky mongol kerwenini tutmagy höküm etdi. Dört ýüz elli täjiriň hemmesi we mongol kerwenbaşysy Usun galanyň ýerzemininde nam-nyşansyz ýok boldy, mongollaryň harytlaryny bolsa, satdyrmak üçin Otrar şäheriniň häkimi Buhara iberdi. Ol harytlarynyň satylmagyndan düşen puly bolsa, Horezm şa Muhammediň özi aldy. Bütin kerwenden birje adam diri galdy. Ol gaçyp, zordan birinji mongol postuna bardy. Şol ýerde ony ýolagçy gatnadýan jaňly ata1 mündürdiler we aýylganç şum habary ýetirmäge Çingiz hanyň ýanyna at goýdy. __________ 1 Çingiz han özüne gol asty ýerlerin esasy ýollarynda poçta postlaryny gurdy, şolarda kaganyň permanlaryny ýaýratmak üçin we ylgarlar hemişe taýýar durýardy. Garşydan duşýanlar sowlup, ýol berer ýaly, poçta atynyň boýnuna jaň dakýardylar. *Surat: N.Rerih / "Çingiz hanyñ ýörişi" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |