09:24 Çingiz han -28: romanyň dowamy | |
On birinji bap
Taryhy proza
ÇINGIZ HANYŇ GAHARY GELDI Kagan gündizine çadyrdan telim gaýta çykyp, uzaga seredýärdi, ol bir zada-ha garaşýar. Çadyra gaýdyp gelip, ýüpek halynyň üstüne geçip oturýardy we özüniň baş geňeşçisi, uzyn boýly, äwmezek, agajet, içiňden geçip barýan ägä gözli Ýelýu Çu-saýyň düşündirýän zatlaryny diňleýärdi. – Atyň üstünde oturan ýeriňden älemi ýeňip almak bolar, emma atyň üstünde oturan ýeriňden ony dolandyryp bolmaz. Haýal etmän, her ülkä häkim bellemek gerek, ol häkim däne zapaslarynyň aladasyny iýer, ilatdan çakly salgytlar ýygnamak, salgydy üzmeýänlere ölüm jezasyny bermek üçin diwanhanalar gurar. Şol diwanhanlaryň her birine alymlardan iki sany ähtibarly adam bellemek gerek, olaryň biri baştutan, beýlekisi onuň kömekçisi bolar. Girdejileri köpeltmek üçin täjirlerden paç almagy, şerapdan, sirkeden, duzdan, demir, altyn, kümüş çykaryp almakdan we ekin meýdanlaryny suwarmak üçin suwdan peýdalanylýany üçin salgyt almagy ýola goýmak gerek...1 Çingiz han: – Bularyň hemmesini sen dogry aýdýarsyň – diýip jogap berdi. Möhür saklaýan uýgur Ysmaýyl Hoja kaganyň möhürini eline berdi. Ol al reňk bilen boýalan altyn tegelejigiň içinde duran ýakut ýolbars şekiljigidi. Ýelýu Çu-saýyň öňünden taýynlan permanyna kagan möhür basdy. Şemalsyz, jöwzaly günortan çagy sähranyň ýokarsynda gyzgyn howa tolkunlary endiräp durdy. Çingiz hanyň lageri bütinleý irkilip durdy, hatda düzlükde otlap ýörýän atlar-da indi bir ýere ýygnanyp, özleriniň töwereginde gaýyşyp ýören çirkeýleri kowup, kellelerini birsyhly ýaýkaşyp, butnaman durdular... Uzakdan, edil siňegiň wyzzyllysy ýaly bolup, inçejik, üznüksiz owaz eşidilip ugrady. Soňra jaňjagazlaryň çalt jyňňyrdysy bildirip ugrady. Çingiz han gysga ýogyn barmagyny ýokary galdyrdy, inedördül ýüzüni işige tarap öwürdi we agyr altyn syrga asylgy salpy gulagyny gapa gabartdy. – Çapar gelýär, birem däl... – diýip, ol çadyrdan çykdy. Ýel bilen tozan turup gelýändigi eýýäm görnüp ugrady. Üç sany atly lagere tarap at salyp gelýärdi. Olar gara öýleriň duşuna ýeteni bilen bir at güpüläp ýykyldy; üstündäki bolsa atyň başy aşyra tüwdürlip gitdi. Garawullar atlaryň jylawyndan tutup, olary garawulhana getirdiler. Ol ýerden, şol gelenleriň ikisi garawullar bilen bilelikde, taýçanaklar üçin bolan agylyň ýanyna gelip, şol ýerde Çingiz hana duşdular. Kagan bir gyr baýtalyň garşysynda çommalyp otyrdy we bir demir gyr taýçanagyň öz enesiniň al emjegini sokjyşyna syn edip, gözüni süzüp otyrdy. Gelen iki adamyň ýüzi-gözi esgi bilen saralgydy. Ýüzleri çiş, tutuş ýara. Olar şeýle bir üýtgäpdir, hatda kagan olara seredip: – Kim bolarsyňyz? – diýip sorady. – Beýik kagan! Biz ozal seniň müňlügiň nökerleridik, indi bolsa, görden çykanlara döndük. Horezmiň şasy bizi ýaman horlady we söweşijiniň at-abraýy bolup durýan sakgalymyzy otlady. – Hany, Ibn Kefrej Bugra nirede? – Seniň buýruklaryňy şanyň ýüzüne berk aýdany üçin, Horezm doňzuna ýaranjaňlyk edýän itler ony kerçelediler. – Näme? Olar meniň ilçimi kerçeledilermi? Meniň batyr, wepaly Ibn Kefrej Bugramymy? Çingiz han gaharyna çydaman uwlamaga başlady, Ol bir penje toprak alyp, ony öz depesinden guýdy, Ýüzünden syrygyp barýan gözýaşlaryny eli bilen süpürip, ýüzüni owkalady. Ol öňe okduryldy we äpet, agyr göwresine garamazdan, ýol bilen ylgap ugrady. Onuň yzy bilen onuň golaýyndakylaryň hemmesi ylgady, galmagala başga nökerler oýanyp, näme sebäpli galmagal turandygyny aňşyrman, bulara goşuldylar. Kagan sojap, at ýatagyna ylgap bardy, ýalaňaç duran atyň tanapyny gazykdan üzüp, ýalyndan ýapyşyp, onuň gerşine özüni atdy we ýola düşüp, gös-göni gök daga tarap at saldy. Ýelýu Çu-saý we Çingiz hanyň ogullary hem atlaryna münüp, onuň yzyndan gamça basdylar. Olar atlaryny daradyp, gaýaly daga bardylar. Kagan dagyň burun beren ýerinde, arça agaçlarynyň arasynda durdy. Ol uzakdan görünýärdi. Ol telpegini çykardy-da guşagyny boýnundan asdy1. Uly-uly we buldurap duran gözýaşlary kaganyň toprak çyrşan ýüzünden syrygýardy. – Eý beýik pelek! Sen päklerin dadyna ýetişýärsiň, günälileri jezalandyrýarsyň – diýip, kagan gygyrdy. – Sen gadyr bilmez musulmanlary jezalandyrarsyň! Eşidýäňizmi, meniň batyr pälwanlarym: musulmanlar meniň ilçim Usuny we söwda etmäge giden dört ýüz elli sany yhlasly täjirimi bogup öldüripdirler. Musulmanlar olaryň harytlarynyň hemmesini talapdyrlar, olar bize gülýärler. Olar meniň beýleki ilçim batyr Ibn Kefrej Bugrany öldüripdirler. Olar ýene-de iki sany ilçimiň sakgalyny edil doňuz läşi ýaly oda tutupdyrlar we atlaryny ellerinden alyp, ykmanda ýaly edip kowup goýberipdirler. Biz beýle namys astynda galyp ýörerismi? – Äkit bizi musulmanlaryň üstüne! – diýip, tatarlar gygyryşdylar. – Biz olaryň şäherlerini leýs ederis, olaryň ählisini aýal-gyzlaryna we çagalaryna çenli gyrarys! Ähli mallaryny, ýabylaryny ellerinden alarys. – Ol ýerde aýaz we sowuk gaýlar bolmaýar – diýip, Çingiz han çirkin eňremegini dowam etdirdi.– Ol ýerde mydama tomus, ol ýerde süýji gawunlar, pamyk we üzüm bitýär. Ol ýeriň meýdanlarynda ot-çöp her tomusda üç gezek gögerýär. Musulmanlar ýaly jenaýatkärler şeýle gülşenli ýerde ýaşamaga mynasypmy? Biz olaryň ýerlerini ellerinden alarys, şäherlerini ýer bilen ýegsan ederis. Tekizlenen şäherleriň ýerinde arpa ekeris, onsoň ol ýerlerde biziň berdaşly atlarymyz sonarlap gezer we diňe biziň wepaly aýal-çagalarymyzyň öýleri oturar. Siz musulman illeriniň üstüne gitmäge taýynmy? Mongollar: – Sen olaryň nirededigini bir görkezseň bolýar, biziň özümiz olary çapyşdyrarys! – diýip gygyryşdylar. Çingiz han batly ses bilen: – Sähetli aýyň başlanandygyny we goşun çekip günbatara gitmek wagtynyň gelendigini men gurrandazsyz hem görýärin – diýdi-de aňyrsyna öwrülip, haýallyk bilen dagyň ýokarsyna çykmaga başlady. Onuň parraçlary yzyna düşdüler we Çingiz hanyň pikirlenmek üçin ýeke galmak islän ýeriniň daşyny alyp durdular. Dagyň ýapysy bilen öňküden-de ýokary çykanda, Çingiz han bir uçurymyň üstündäki meýdançada ot ýanýandygyny gördi. Oduň başynda bir oglan oturyp, bir kiçeňräk el körügini basýardy, közüň üstünde bolsa bir uzyn demir çym-gyzyl bolup ýatyrdy. Edil şol ýeriň özünde garry bir mongol çommalyp oturan ýerinden ol demri gysaç bilen eýlesine-beýlesine öwürýärdi we demri süýmek üçin çekijini beýleki elinde taýyn tutup otyrdy. – Kim bolarsyňyz? – diýip, kagan sorady. – Men demirçi Hori, özümem Jebe-noýonyň tümeniňden. – Sen näme üçin bu ýerde? – Men ýaý oky üçin taplanan peýkamlar ýasaýaryn. Meniň ýasaýan peýkamlarym demre degip epilmeýär, iň bir berk demriň içinden geçýär. Beýle daşdan gaýtmaz peýkamlar ýasasam saňa kömek berdigim dälmi näme? – Sen dogry aýdýarsyň. Ýöne näme üçin bu taýda, dagyň üstünde işleýärsiň? – Bu taýda, dagda köp gyzgynly ýalyn berýän şireli kökler kän. Onsoňam, dogrymdan gelsem, men bu ýerden sähranyň örän uzak ýerlerini görýärin we şol tarapda biziň mähriban obalarymyzy görýärin... – Näme biderek ýaňraýarsyň? Bu ýerden biziň obalarymyz görünmez. Olar uzakda! – Sähra uzaklyklary bir meňzeş bolmaýarmy näme? Men mähriban tarapa seredenimde ýüregim aram tapýar! – Bu oglan seniň ogluňmy? – Hytaýjykdy, indi meniň oglum boldy. Men seniň bilen, beýik kagan, Hytaýa gidipdim we şol ýerde taşlanan bir çagany ýygnapdym. Men muny eýeriň üstünde ösdürip kemala getirdim. Bu maňa ussahanada el-aýak bolup durýar. – Seniň ussahanaň nirede? – Ol bütinleý meniň ýanymda, eýeriň üstünde. Ynha çekiçlerim, bir bölek demir goýsam, sandal bolýar. Körügimi halta salýaryn we ikinji atyma ýükleýärin, oglum hem şol ata münýär. – Atlaryň gowumy, daýawmy? – Atlarym indi gaty garrady, men olar bilen indi näçe ýörişler etdim. Buhara illerine baranymyzda, men ol ýerden özüme daýaw atlar hem-de ýekedaban urdurmak üçin birnäçe gul saýlap alaryn... – Gowy uruşsaň, bütin bir süri at hem edinersiň, – Menden indi söweşiji nirede! Meniň ýaralanmadyk ýerim ýok. Söweşe indi meniň kän ýarawym ýok, emma ynha pyçak ýasamak, peýkam ýasamak meniň öwrenşen işim. Maňa bir zady aýt, beýik kagan, biz bu ýerde ýene kän durarysmy? Biziň Jebe-noýonyň tümeni açlyk çekýär we öz atlaryny iýýär. Ýola düşmek wagty gelen ýaly... Çingiz han güýçli haşlap, sojamaga başlady: bu erbet yşaratdy. – Ýok, ilki sen maňa aýt, demirçi Hori: eger Jebe-noýonyň bütin tümeni öňe giden bolsa we ol indi on iki günden bäri bu ýerde ýok bolsa näme? Sen indi onuň yzyndan ugrap, Jebe-noýony gören ýokmy diýip, öňüňden çykan ykmandadan sorap ýörjekmi? Eger nökerleriň hemmesi goşuň töwereginde ygyşyp ýörjek bolsa, meniň goşunymyň hemmesi pytrar! Demirçi titremäge başlap, özüni ýüzinligine ýere goýberdi. – Höküm edýäris: bu demirçi Horini meniň müňlügime eltmeli we küreniň ortarasynda onuň dabanlaryna ýigrimi taýak urup, gijisini gandyrmaly. Lageriň töweregine dessine atlylar ibermeli, öz ýüzlüklerinden galyp, ygyp ýören nökerleri tutuşdyrmaly, olaryň ýüzbaşylarynyň we müňbaşylarynyň adyny maňa aýtmaly, ýen olaryň hemmesine temmi bererin. Çingiz han özüniň boldumly, gowky aýaklaryny gujaklamaga başlan demirçini itip goýberdi-de daşly ýodajyk bilen ýuwaşjadan ýokary çykyp ugrady. Ol aýak çekdi. – Men şowly ýöriş hakynda pelek bilen gürrüňleşjek. Hiç kim meniň gürrüňime päsgel bermez ýaly, dagyň töweregine goraw goýmaly! – diýip, kagan dagyň depesine tarap ugrady. __________ 1 Reşideddin. 2 Munuň özi mongollarda «özüni bütinleý Allanyň ygtyýaryna bermekligi» alamatlandyrýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |