09:27 Çingiz han -29: romanyň dowamy | |
On ikinji bap
Taryhy proza
HATY NÄHILI ÝAZMALY Çingiz han mongol dilinden başga dil bilenokdy, onuň hat-sowady-da ýokdy. (Akademik W.Bartold) Kagan agşamara çadyryna gaýdyp geldi we uly serkerdeleri çagyrdy. Bularyň arasynda Çingiz hanyň jahyllyk çagynyň, ýeňişler şöhraty bilen bezelen, küýkeren, çalaran, eti-gany gaçan, duluklary salparan ýoldaşlary-da, kimiň nähilidigini dessine aňýan kagan tarapyndan ýokary çekilen, gahrymanlyk görkezmäge arzuw edýän ýigit esgerler-de bardy. Her biriniň baýdagy astynda söweşe doly taýýar on mün atlysy bardy. Hemmesi halylaryň üstünde biri-biriniň ýakynynda ýarym aýlaw bolup egrilişip otyrdy. Dine Çingiz han altyn tagtyň üstünde hemmeden ýokarda otyrdy. Tagtyň arkasyny hytaý ussalary, biri-birine çyrmaşyp, uzyn-uzyn aýajykly deňiz ýyldyzyna meňzeş «göwher» oýnaýan «bagtly aždarhalar» görnüşinde çeperlik bilen ýasapdyrlar, tagtyň tutaýlary bolsa gazaba münen iki sany ýolbarsy şekillendirýärdi. Bu altyndan ýasalan kürsini kagan Hytaý imperatorynyň köşgünden alypdy we ýörişde öz ýanyndan goýanokdy. Tagtyň sag tarapynda Çingiz hanyň iki dogany we iki kiçi ogly: Ugedeý bilen Tuli otyrdy, çep tarapynda kaganyň soňky aýaly, ýaş Kulan hatyn gymmat bahaly monjuk-hünjüler we bileklerinden omuzlaryna çenli geýdirilen tylla bilezikler bilen tutuşlaýyn ýalpyllap otyrdy. Hytaý hyzmatçylary oturanlaryň ýeňsesinde sessiz-üýnsüz gaýmalaklaşyp, içi iýmitli altyn tabaklary, gymyzly hem-de humarly gyzyl şeraply latyn käseleri getirip goýuşdyrýardylar. Kaganyň çep tarapynda onuň ýaş aýalynyň ýanynda iki sany ilçi otyrdy, biri güýçli tangut patyşasy Burhanyň1 tarapyndan gelen Aşaganbudy, beýlekisi Demirgazyk Hytaýyň Szin imperatoryny ýigrenýen, şoňa görä mongollar bilen dost we ýaran bolmak isleýän Günorta Hytaýyň Suw imperatory tarapyndan iberilen hytaý serkerdesi Men Hundy2. Bu meýlisde Çingiz han myhmanlary owadan-owadan bezegli altyn gap-gaçlar, nygmatlar we içgileriň bollugy we dürlüligi bilen geň galdyrdy. Uly-ula altyn gaplar bilen ýaşajyk baýtalçanyň ýabany sugunyň we toklutaýyň gowurlan eti äberilýärdi. Şularyň arasy bilen, hytaý aşpeziniň taýynlan üýtgeşik süýji ir-iýmişleri hem getirilýärdi. Gymyz, aýran-çal, Eýranyň gyzyl şeraby we garpyz çigidinden ýasalan hytaý aragy, atdan ata münüp, telim günläp ýol ýöräp getirilen seýrek günorta miweleri – bularyn hemmesi gulan sürüleri barýan, olaryň yzy bilen bolsa ýolbarslar gelýän bu çola derede ylaýta-da adatdan daşary bir zat bolup görünýärdi. Çadyryň ýüpek eňsisiniň aňyrsyndan aýdymçy hytaý hanymlarynyň çirkin aýdymlary, fleýtalaryň we gamyş tüýdükleriniň owazy eşidilip ugrady, Enaýy geýinen birnäçe tansçy gyz, sugunyň meýdanda gamsyz otlap ýörşüni, bir barsyň bolsa, bukdaklap onuň ýanyna barşyny, onuň üstüne böküşini, emma bukulyp oturan awçynyň okundan onuň özüniň ölşüni şekillendirip tans edýärdiler. Çingiz han jaýyna düşen meýlise göwni hoş bolup, tagtyň üstünde aýbogdaşyny gurup otyrdy we agzyny şapbylladyp, aýratyn gapdan gowurma alýardy, ol gaby hyzmatçy hytaý onuň öňünde elinde saklap, çöküne düşüp otyrdy. Etiň iň gowy böleklerini kagan özüniň merhemet etmek islän myhmanlarynyň agzyna tutup berýärdi. Meýlis wagtynda Çingiz han gabanyp, tangut ilçisine gözüniň gytagyny aýlaýardy, ol ilçi kaganyň aýaly Kulan hatynyň ýanynda otyrdy we ozal sähralarda hiç haçan ýoldan azaşmadyk bolsa-da, Hytaýa birinji gezek baranda onuň paýtagtynyň bulaşyk, darajyk köçelerinde azaşandygy hakynda gürrüň bermek bilen Kulan hatynyň gülküsini tutdurýardy. Kulan gamsyzlyk bilen gülüp otyrdy. Çingiz han goýun pilçesini gemrip oturan ýerinden tangut ilçisine şeýle diýdi: – Seniň hökümdaryň Burhan patyşa geljekki täze ýörişde meniň sag elim bolmaga wada beripdi, Indi musulman halky meniň ilçilerimi öldürdi, men şonuň üçin Horezmiň şasynyň gözüne görkezmäge ýola düşýärin. Burhan patyşanyň öz atlylary bilen gelip, meniň goşunymyň sag ganatynda orun tutmak wagty gelip ýetdi. . Owadan Kulan hatyn bilen gürrüňe kellesi gyzan tangut ilçisi Çingiz hana geleňsizlik bilen şeýle jogap berdi: – Ýöriş etmek üçin goşunyň ýetmeýän bolsa, kagan bolup ýörme. Çingiz han goýun pilçesini bir gapdala taşlap goýberdi-de ýagly barmaklaryny ak mişi ädigine süpürdi we gunduz possunynyň etegi bilen murtuny süpürdi. Hemme dymdy. Ol sojap ardyndy-da tangut ilçisine ýüzlenip şeýle diýdi: – Sen öz hökümdaryň adyndan gepleýärsiň. Maňa beýle bihaýalyk bilen jogap bermäge seniň neneň diliň barýar? Meniň öz alarman goşunlarymy häziriň özünde tangut patyşalygynyň üstüne göndermek meniň üçin kyn işmidir? Emma meniň häzir başga aladam bar, men häzir seniň ýaly bet, mekir tangutlara el urup durjak däl. Ämma Alla meni duşman okundan aman saklasa, men Horezm şany derbi-dagyn edip gaýdyp gelenimden soň seniň gepiniň üstünde tapylmaýan patyşaň üstüne goşun çekip giderin. Şonda seniň sözleriňi ýatladaryn we kagan bolup bilýänimi-bilmeýänimi siziň gözüňize görkezerin!.. Ýelýu Çu-saý, häziriň özünde atlary getirmegi buýur, bu tangut güjügi meniň çadyrymdan gümüni çeksin. Tangut ilçisi Aşaganbu sakynyp: – Näme men göwne ýakmaz söz aýtdymmy? – diýdi. Emma hytaý hyzmatçylar onuň goltugyndan tutdular-da südenekledip, ony çadyrdan çykardylar. Çingiz han gaşyny çytyp, Hytaý ilçisi Men Hunuň örän az içendigini gyňyrlyk bilen aýtdy we jerime hökmünde yzly-yzyna ullakan alty pyýala şerap içmäge mejbur etdi. Ilçi boýun egijilik bilen içdi we şol mahal myhmanlaryň hemmesi şol hytaýlynyň şanyna öwgi aýdymlaryny aýtdylar. Altynjy pyýaladan soň ilçi ýykylyp, şol bada uklady. Çingiz hanyň ýene-de geçisi ýaýrady. Ol şeýle diýdi: – Ine bu myhmanym içmek kemini goýmady! Diýmek, bu meniň dostum we meniň bilen ýürekdeş. Meniň aşnamy emaý bilen göteriň-de öz çadyryna eltiň, Ertir bu-da öz watanyna gaýdyp biler. Şäher häkimleri ony hemme ýerde uzagrak saklasynlar, ony şerap, çaý we göwnüniň islän nygmatlarynyň hemmesi bilen myhmanlasynlar. Gowy sazandalaryň ýolda oňa surnaý, tamdyra çalyp bermeklerini höküm edýärin. Biz hytaý aşnamyzyň hiç zada zar bolmazlygyny isleýäris. Uklap ýatan ilçini göterip çykaranlarynda, Çingiz han Ýelýu Çu-saýa ýüzlenip: – Meniň ilçimiň gandary Horezm şa Muhammede hat ýazdyňmy? – diýip sorady. Kaganyň beýik geneşçisi ýuwaşjadan şeýle jogap berdi: – Iki sany batyr serkerde uruşmakçy bolýan wagtda men degerli hat ýazyp bilermikäm? Men diňe basylyp alnan illerde tertip döretmegi oňarýaryn we seniň permanlaryň berjaý edilmegine göz-gulak bolup ýörmäge jan edýärin. Şoňa görä, haty seniň has ökde mürzäň Ysmaýyl Hoja Uýgur ýazdy. – Ol nirede? Kaganyň gaty garran mürzesi we möhür saklaýjysy Ysmaýyl Hoja tagtyň ýanyna bardy-da pergament düýrümini başynyň üstünde tutup, çöküne düşdi. – Oka! Ysmaýyl Hoja okamaga başlady: «Allatagala meni ähli halklaryň beýik kagany mertebesine ýetirdi. Soňky ýedi ýylyň içinde meniň bitiren şanly işlerimiň hetdi-hasaby ýokdur. Beýle patyşalyk gadym eýýamdan bäri bolmandy. Men boýun egmeýän hökümdarlaryň üstüne goşun çekip, olary çym pytrak edýärin. Meniň goşunym peýda bolan bada uzak ýurtlarda-da boýun egip, rahatlanýarlar. Emma näme üçin sen nähak iş edýärsiň? Gaýtmyşym et! Ýa-da seniňem meniň gahar-gazabymyň zarbyny synap göresiň gelýärmi?..» Çingiz han tagtdan aýaklaryny sallady. Ysmaýyl Hojanyň üstüne topuldy-da onuň okap gutarmadyk hatyny elinden silkip aldy. – Sen muny kime ýazýaň? Meniň bilen gepleşmäge mynasyp hökümdaramy ýa-da sary gulak it oglunamy? Duşmanlar bilen şeýle gepleşmelimidir? Seniň özüň musulman bolaňsoň musulman hanynyň öňünde gurugyňy bulaýlaýarsyň. Meni Muhammet şadan gorkýan ýaly edip görkezjek bolýaňmy? Ysmaýyl Hoja gorkusyna ýüzüni hala berip, galpyllap ýatyrdy. Kagan onuň guşagyndan tutdy-da süýräp çadyrdan çykardy we daş işikde taşlap, aýagynyň burny bilen depip goýberdi. Geneşçisi Ýelýu Çusaý onuň ýanynda häzir boldy we ýuwaşlyk bilen öwüt bermäge durdy. – Öz mürzäň çal sakgalyna seret. Onuň uzak ýyllar içinde eden hyzmatyny ýatla. Ol seniň çagalaryna we agtyklaryňa hat-sowat öwretdi. Sen öz wepaly hyzmatçyňy beýle jezalandyrmaly dälsiň... Çingiz han göneldi-de: – Ysmaýyl Hojanyň haty guluň hatyna meňzeýär. Ol merdem geplemegi oňarmaýar. Ol meniň agtyklarymy mundan beýlägem okadybersin, emma halklaryň hökümdarlary bilen gepleşmäge baş goşmasyn – diýdi. Kagan çadyryna gaýdyp geldi-de ýene tagta çykyp oturdy. Çep dyzynyň üstüne çök düşüp, sag dyzyny gujaklap, ol uzak wagt oturdy. Onuň mawy gözleri kä giňelýärdi, kä süzülýärdi. Tagtyň ýanynda eli hiç zat ýazylmadyk pergamentli başga bir mürze peýda boldy. Ýelýu Çu-saý ol mürzä ýuwuş galam äberdi. Çingiz han bolsa, gaharly gözlerini süzüp we bir nokada dikip, dymyp otyrdy. Soňra ol çök düşüp garaşyp oturan mürzä tarap öwrüldi-de şeýle diýdi: – Ýaz: «Sen uruşmak islediň – islegiňe ýetersiň», Kagan göýä ukudan oýanan ýaly bolup, gök1 reňk bilen öllenen altyn möhüri Ýelýu Çu-saýyň elinden garbap aldy-da ony hatyň aşagyna basdy. Pergamentde möhüriň şeýle yzy galdy: Alla asmandadyr. Kagan hudaýyň ýerdäki eminidir. Ýedi yklymyň soltany. Ähli adamlaryň hökümdarynyň möhüri. Suw sepilen ýaly dymyp oturan myhmanlaryň dym-dyrslygynda birden mongollaryň çozýan wagtlarynda gygyrýan: – Khu-khu-khu! – diýen söweşjeň sesleri ýaňlandy. Çingiz hanyň çadyryň aňyrsynda daňylgy duran, örän gowy görýän atlary öz eýesiniň sesini tanap, kişňediler. Şonuň yzy bilen goşuň hemme ýerinde mongol atlary kişňemäge başlady. Ýelýu Çu-saý iki elini uzadyp, pergamenti emaý bilen aldy, Çingiz han bolsa, gyňras we pert-pert edip şeý diýdi: – Haty ibermeli! Musulman serhedine! Derrew! Çapara saklaw bermeli! Üç ýüz atly!.. – Soňra, oturanlara ýüzlenip, kagan ýene şelaýyn, sypaýy ses bilen: – Biz bolsak, meýlisimizi dowam etdirip, asudalykda söhbet edeliň – diýdi. – Tiz wagtdan musulman illerinde şadyhorram bolarys. Ol ýerde keýip çekeris. Sürülen meýdanlary at derinden emele gelen dumanyň basjakdygyny, zähresi ýarylan adamlaryň nähili yzan-da çuwan boljakdygyny, boýnuna ýüp daňylyp alnyp barylýan aýallaryň nähili çirkin haýkylyk edip, çygyrjakdygyny men eýýäm göz öňüne getirýärin, ol ýeriň derýalary ine şu şerap ýaly gyzyl bolup akar, lowlap ýanýan obalaryň tüssesine asman garalyp, gyp-gyzgyn bolar... Ol gözlerini süzdi we ýognas gysga barmagyny çommaldyp, lageriň hemme ýerinde atlaryň henizem kişňeýändigine gulak asdy. Oturanlar: «Ýöriş ýakynlaşdy öýdýärin...» diýip, ýuwaşjadan gürrüňleşmäge başladylar we uly serkerdeleriň däbi boýunça, biri-biriniň işiniň rowaç bolmagyny isläp, altyn pyýalalaryny salykatlylyk bilen hödürleşdiler, geljekdäki beýik günler hakynda söhbet açdylar. __________ 1 Tangut patyşalygy – Demirgazyk-Günbatar Hytaýyň welaýatlaryndan biri. 2 Mongollar we Çingiz han dogrusynda Men Hunuň ýazan hatlary heniz hem bar. 3 Kagan beýleki halklaryň hökümdarlaryna iberýän hatyna gök möhür, ýönekeý hatlara gyzyl möhür basýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |