10:02 Çingiz han -2: romanyň dowamy | |
Ikinji bap
Taryhy proza
ÇARWANYŇ ÖÝÜNDE Horezm şanyň¹ mirasçy ogly Jelaleddin Meňburny Garagum çöllerinde aw awlaýardy. Ýaş hanyň ýanynda saýlama bedew atly iki ýüz sany goç ýigit bardy. Olar Jelaleddin Horezmiň çäklerinden çykyp gidibermesin diýip şanyň beren gizlin buýrugyny ýerine ýetirýärdiler. Atly ýigitler keýikleri we gulanlary öňdäki baýyrlyga gaýtarjak bolup, sähra bilen ýarym aýlaw bolup gelýärdiler, şol baýyrlygyň aňyrsynda bolsa hyzmatçylar ýeriň giňinde ýokarsyna ak mata çekilen gara çadyr dikip, awçylaryň hemmesi üçin meýlis taýýarlaýardylar. Ýaz çykyp, gumlara ilkinji ýek-tük gülleri seçeläpdi we onda-munda çukanak-çakanaklarda üýşüp galan iň soňky garlar ýitelen günüň aşagynda çalt ereýärdi. Awuň üçünji güni asmanyň ýüzi birden garalyp ugrady. Demirgazykdan, Gypjak sähralaryndan² sowuk ýel turup, güýçli syrgyn başlandy. Gallaw, tohum gara atyň üstündäki Jelaleddin ýaralanan tekäni kowalap barşyna öz hemralaryndan arany açdy. Ol tekäniň agsaýanyny, üşerilip, yzyna garanjaklaýanyny görýärdi. Awy ol aldym-berdime salyp barýardy, emma teke burum-burum şahlaryny silkeläp, sähranyň içi bilen ýene tutduryberýärdi. Gaýduwsyz hem gaharlanan han, öňünden jaýtarylyp garalyp barýan guýrukdan gözüni aýyrman, satanlarynyň arasy köpürjiklän atyny ýüzin saldyryp barýardy. Ahyrsoňy jereniň içinden peýkam geçirilip, atyň syrtyna bökderildi. Gaý bolsa bardykça güýjäp, ýodajyklary gömdi. Jelaleddin azaşandygyny we gaý birnäçe güne çekäýse, heläk bolmagynyň mümkindigini aňdy. Atyny idekläp, ýeliň garşysyna ugrady. Gün gijigýärdi. Han halys ysgyndan gaçyp, atynyň keçesini açdy-da atynyň üstüne ýapdy we boýdan-başa gara batyp, uzyn gijäni oturyp geçirdi. Gün dogdy, ýel köşeşdi. Gar eremäge başlap, gum depeleriniň arasyndan bulaklar akyp ugrady. Jelaleddin uzaga seredip, bellikli bir depäni – çöp-çalam we süňk-saňk ýygnalyp emele getirilen tümmegi gördi; ol deňiz ýaly bolup ýatan birsydyrgyn düzlügiň, çöl beýewanyň içinde ýol görkezýän çelgidi. Han şoňa tarap ugrady. Toýun toprakly bir jülgäniň ugrunda, gum aňňatlarynyň arasynda dört sany garypja gara öý ýerleşipdir. Itleriň ýabşynyp üýrmeklerine öýden bir goja çarwa türkmen çykdy. Ol egnine ýasgynjak atan possunyny tutubrak, pessaý ýöräp, atlynyň ýanyna geldi we myhmansöýjülik bilen atyň jylawyndan tutdy. Gelen atlynyň baý geýimine, keteni balagyna, belli-beterem diňe şazadalara ýetdirýän gara bedew atyna geň galan goja: – Öýümi gaty dar görmeseň, düş, myhman bol, hormatly beg ýigit! – diýdi. – Salam! Arpaň barmy? Men iki baha bererin. – Çölde galla puldan arzylydyr. Emma gadyrly myhmanyň islän zady tapylar. Seniň atyňa arpa ornuna saýlama bugdaý bereris... Ýakyndaky öýden el degirmeniňiň sesi gelýärdi, ol ýerde aýallar bugdaý üweýärdiler. – Aha-aw, hany çykyň-da aty tutuň! Ökjelerine düşüp duran gyzyl köýnekli iki sany gyz, döşlerindäki kümüş bezeglerini we apbasylaryny şaňňyrdadyp, başlaryna atan öýmeleriniň bir ýan çeti bilen ýüzlerini ýapyp, öýden howlukmaç çykdy. Olaryň her biri atyň bir jylawyndan tutup, alyp gitdiler. Han gelip, öýe girdi. Öýüň içi ýylydy. Ortarada birnäçe töňňe tütäp durdy. Dulda keçäniň üstünde bir adam arkanlygyna süýnüp ýatyrdy. Onuň gara sakgaly, gany gaçyp, nury öçen ýüzi we döşünde gowşurylan elleri onuň indi uzak ýaşamajagyny aýdyp durýardy. Onuň üzlem-saplam dem alşy bu ysgynsyz jesetde ýaşaýşyň heniz gazaply göreşýänini görkezýärdi. Syrkawyň aýak ujunda, Mekgä zyýarata gidip gelen adamlaryňky ýaly çüri telpegi ak daňyly, sakgallak derwüş otyrdy. Onuň ýarym ýalaňaç tenini ýiti reňkli köp sanly ýama salnan giň ýapynja basyrýardy. Jelaleddin: – Essalawmaleýkim! – diýip, girdi-de syrkawyň ýanynda, keçäniň üstünde oturdy. Gözlerine çenli bürenen gyrnak aýal ýuwaşlyk bilen gelip, hanyň aýagyndaky öl-myžžyk bolan ýaşyl ädigini çekip çykardy. Jelaleddin egri gylyçly gaýyş guşagyny çözüp, öz ýanynda goýdy. Ol derwüşe: – Kim borsuň? Geýim-gejimiňi göreniňde, alys ýurtlary görüp gelene meňzeýäň – diýdi. – Men ýurt söküp ýörün, ýalançylyk deňzi içinde çynçylyk adasyny gözleýärin... – Seniň watanyň nirede, nirä barýarsyň? – Maňa Hajy Rahym diýýärler, Bagdady diýip lakam hem dakdylar, sebäbi men Bagdatda okadym. Meniň halypalarym iň bir kämil, keremli we bilimli adamlardy. Men köp ylymlary öwrendim, araplaryň, türkleriň, parslaryň köp rowaýatlaryny, gadymy pehlewi usulynda ýazylan rowaýatlary okadym. Emma meniň ýigitlik çagym mende ahmyrdan we agramyma deňe-deň günäden başga zat galdyrmady... Onuň aýdýanlary göwnüne näjaý bolansoň, Jelaleddin gaşyny ýygyrdy-da: – Nirä we näme üçin barýarsyň? – diýdi. – Men bäş deňiz arasynda ýatan ýeriň bu ýasy bölegi üstünde gezip ýörün, şäherleri, obalary we çölleri aýlanyp gerýärin we gaýduwsyz erjellik oduna tutaşan adamlary gözleýärin. Meniň üýtgeşik zat göresim gelýär we hak gahrymanlara hem sap ýüreklii adamlara tagzym edesim gelýär. Häzir men Gürgenje barýaryn, eşitmegime görä, ol Horezmiň we bütin dünýäniň iň gözel we iň baý şäherimiş, ol ýerde bilimdar, parasatly adamlary we şäheri beýik sungat nusgalary bilen bezeýän çeper ussalary taparsyň diýdiler... – Özleriniň edermenligini söweş meýdanlarynda gylyç ujy bilen ýazýan gahrymanlary gözleýäňmi? – diýip, Jelaleddin bir dem böwrüni diňledi-de: – Goç ýigitleriň söweşdäki edermenligini ýetginjek ýigitlerdir gyzlar häli-şindi gaýtalap aýdar ýaly ýa-da garrylar gabyra tarap iň soňky gadamynda gaýtalar ýaly merdiň merdana işlerini ýalkymly setirler bilen ýazmak eliňden gelermi? – diýdi. Derwüş şygyr bilen jogap berdi: At-owazasy arşa çykan Rudaky³ Şygyr bilen ýesir etdi köp beki. Rahym aýdar menem içmişem hakdan, Emma köp gygyrman, çykmaryn çakdan⁴. Hanyň awlan jerenini öý eýesi öýe alyp girdi. Jereniň eýýäm derisi soýlup, iç goşy çykarylan ekeni. – Seniň üçin agşam nahary taýynlamaga bu etden birneme aýallara bermäge rugsat edermiň? – Hemme üçin bişirilsin! Hemmesini alyň! – diýip, Jelaleddin jogap berdi. – Men begiň awçusy däl. Meniň özüm beg we begiň ogly, men awumy bege bermäge borçly däl... Soňra ol gynyndan kiçijik bir gama çykaryp, jereniň arkasyndan bir näçe dogramça alyp, olary bir çöpe ötürdi-de, oda tutmaga başlady. Öý eýesi jereniň läşini aýallara berip, myhmanyň ýanyna geçip oturdy. Sakgalyny sypalap, ol sypaýylyk üçin: – Saglykmydyr? Hal-ahwal neneňdir? Uly-kiçi, mal-gara, hemme aman-esenlikmidir? Ýylyndyňmy? – diýip, soraşmaga başlady. Han hem adata eýerip, birnäçe duýgudaşlyk soragyny berdi. Soňra bolsa: – Meniň bu s&zümi göwnüňe getirme: bu çatma kimiňki, men häzir nirede? – diýdi. – Sen häzir meniň öýümde. Meniň öýüm Nusaý⁵ şäherine barýan uly kerwen ýolundan bir menzil çetde. Meniň özüm bolsam ümmülmez sährada göze ilmän ýören bir çarwa. Adym Gorkut çopan. Daşarda çendan ýarym bir üýrüp ýatan it birden ýabşynyp üýrmäge başlady. Gykylyk, haýkylyk eşidildi. At aýagynyň güpürdisi ýakyn gelip, ýuwaşady. Güýçli bir ses: – Kim bar öýde? Jogap ber, Gorkut çopan! – diýip gygyrdy. __________ 1 Horezm şa – Horezmiň hökümdary, XIII asyryň başlarynda musulman hökümdarlarynyň iň güýçlüsidi. 2 Gypjak sährasy – Dneprden başlap, gündogarda Semireçýä çenli ýaýylyp giden ägirt uly territoriýa. Ol ýerlerde asly türklerden bolan, köp sanly çarwa halk, ýagny gypjaklar ýaşapdyr. Rus sene ýazuwynda gypjaklara «polowesler» diýilýärdi, Günbatarda olara «kumanlar» diýilýärdi, Wengriýada «Uly Kumaniýa» we «Kiçi Kumaniýa» diýilýän oblastlar bar. Ol oblastlaryň ilaty XIII asyrda mongol-tatarlaryň çozgunlaryndan gaçyp giden polowesleriň nesilleridir. 3 Rudaky – asly buharaly, IX asyrda ýaşap öten ören uly şahyr. 4 Şu kitapdaky şygyrlary Hajy Ysmaýylow terjime etdi. 5 Nusaý – häzirki Aşgabadyň golaýyndaky bir uly galanyň ady; ony mongollar ýykandan soň çäge basyp gidipdi. Onuň harabalaryny sowet alymlary 1931-nji ýylda agtaryp tapdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |