17:40 Çingiz han -31: romanyň dowamy | |
Ikinji bap
Taryhy proza
GURBAN GYZYK JIGIT BOLDY Bir jigit atyň üstünde oturan ýerinden gamçysynyň sapy bilen Gurbanyň oraçasynyň pessejik, gyşaryp duran gapysyny kakyp: – A-haw, Gurban gyzyk, e-heý, wäşi! Şu günden beýläk sen ýer dörjelemersiň. Horezm şa seni özüniň batyr goşunlarynyň iň uly baştutany edip belleýär – diýip gygyrdy. Gurbanyň ejesi, bili bükülen hor kempir: – Biziň başymyzdan ýene nähili bela indikä? – diýip, uly gykylyk edip, bossandan çykyp ugrady. – Gurban, tizräk çyk! Ol näme gündiz ýatýar? Şerap içip, mes bolan bolmaga çemeli... – Biziň şerap nireden ýadymyza düşsün!–diýip, kempir zeýrenmäge başlady. – Öňä tä suw gelýänçä ýabyň başyny saklap oturdy, soňundan öz ýerini suwaryp ýörkä, bir özi dört goňşusy bilen uruşdy, olar Gurbanyň suwuny wagtyndan öň sowjak boldular. Ynha indi Gurban endamynyň agyrysyna çydaman, iňläp ýatyr. Kempir oraça baryp girdi, ol ýerden Gurban çykdy. Onuň egin-başy sallam-sajakdy. Ol gözlerini owkalap, demirgyr atyň üstündäki geýnüwli ýigide gorky bilen siňe seretdi. – Salam, geleweri, beg ýigit! Ulus baştutany seni näme iş bilen iberdi? – Horezm şanyň özi seni atyň-ýaragyň bilen öz ýanyna, görlüp-eşidilmedik äjit-mäjitler bilen uruşmaga çagyrýar. Ýagyrnysy tümmerip, boýny sapak ýaly bolan Gurban penjesi bilen arkasyny gaşamaga başlady. – Meni oýnajak bolmasana, beg ýigit! Mendenem bir nöker bormy? Men kätmen bilen çemçeden başga zady ulanmagy oňaramok ahyryn. – O hakda gürrüň etmek ikimiziň işimiz däl. Meni oba kethudalarynyň hemmesine aýlanyp çykmaga we onuň buýrugyny aýtmaga häkim iberdi, oba adamlarynyň hemmesini haýal etmän ýygnamaly, aty bar adamlar aty bilen, düýesi bar adamlar düýesi bilen barmaly. Soňky gün eşitmedim diýme, ertiriň özünde sen öz begiň ýanyna barmalysyň, ol bolsa, seniň ýaly goç ýigitleri urşa alyp gider. Barmadyk adamyň kellesi alynjakdyr. Düşündiňmi? – Bir azajyk aýak çek, beg ýigit, näme hekaýat bardygyny bir düşündir, o nähili äjit-mäjit? Emma ol ýigit demirgyr atyna bir gamçy çaldy-da ýüzin salyp gitdi. Onuň yzy bilen ýolda turan tozan al-asmana galyp, şemalyň ugruna gidip, ekinçilikde aşak düşüp ugrady. Gurbanyň garry enesi daş işikde oturyp: – Gurban, oglum, begler ýene näme tapypdyrlar, olar senden näme isleýärler? – diýip, soramaga başlady. – Olar dälirän bolmaga çemeli. Şu ýabymyz näme üçin henize çenli ölmedikä! Şol bolmadyk bolsa, meni häkimiň ýanyna çagyrmazdylar – diýip, Gurban özüniň otlap ýören mele baýtalyna tarap ugrady. Oňy Gurbanyň ýaşajyk ogly otaryp ýördi, ojagaz oglanjyk ýarym ýalaňaçdy, özi-de balajygyny çyzgap, dyzyndan ýokary geçiripdir. Ýakyndaky meýdanlarda işläp ýören daýhanlar gelip: – Gurban gyzyk, näme hekaýat bar? – diýip soradylar. Gurban jogap bermedi. Olaryň uran ýerleri awaşyp durdy. Ol baýtalynyň endamyny sypalaşdyrdy, selçeň ýalyny düzedişdirdi, ýöne gapyrga bolup duran hor arkasyny eli bilen süpürişdirdi. – Bize gahar etme, Gurban! Özüň bilýäň, ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer diýipdirler. Suwuň bu gytlygynda süýtdeş doganyň etiňi iýäýjek bolýar. Hany aýtsana, Gurban, ulus baştutanynyň jigidi näme iş bilen gelip gitdi? – diýip, goňşulary soradylar. Gurban hasratly ses bilen: – Uruş boljakmyş...– diýdi. Goňşularynyň dördüsi-de birden: – Uruş?! – diýip, duran ýerlerinde doňan ýaly boldy. Olardan biri özüni dürsäp: – O nähili uruş bolup biler? – diýdi. – Horezm şa dünýäniň iň güýçli hökümdarydyr, onuň howalasy älemi tutup durýar. Kim onuň bilen uruşmaga miltedip biler? – Bulara bizden näme gerekkä? Biz esger däl ahyryn! Biz galla ekip, ýygnaýarys, alan gallamyzy soňundan begler biziň elimizden alýarlar, şonuň bilen oňubersinler, bize ezýet bermesinler-dä. – Jigit näme diýdi? – Ol hemme adam urşa gitmeli diýdi, topragymyzy goramaga gitmeli, atly aty bilen, düýeli düýesi bilen begiňkä barmaly diýdi. – Men-ä aýalym bilen çagalarymy alyp daglara ýa jeňňele gaçyp giderin. Men nämäni goraýyn? Şu ýerlerimi? Bular biziňki däl, begiňki ahyryn! Goý begler öz jigitleri bilen bular üçin urşubersinler! – Horezm şanyň hakyna tutma gypjak goşuny bar. Uruşmak şolaryň işidir. Olar şu çaka çenli biziň bilen, daýhanlar bilen urşup geldiler, şolaryň elinden bize gün-mydar bolmady ahyryn. – Ynha indi mätäç bolup, bize ýüz tutýarlar. – Honha, seret! Ýene bir bela gelýär! Ýel bilen tozan turzup, bir topar atly gelýärdi, atlylaryň yzy bilen bolsa, beýik-beýik tigirli dört sany araba şakyrdap gelýärdi. Olar gelip, Gurbanyň kepbesiniň ýanynda aýak çekdiler. Arabalaryň üstünden elleri uzyn ak taýakly birnäçe emeldar böküp düşdi. Atlylardan biri: – Hany bärik geliň! – diýdi. Gurban we beýleki daýhanlar baş egip, ellerini döşlerinde gowşuryp, ýakyn bardylar. – Siz meni tanaýansyňyz. Men ulus hesibi. Salgyt ýygnaýaryn. Baş hazynaçy Mustafi hemme hesiplere höküm iberipdir. Ýurdumyzyň üstüne uruş howpy abandy, biziň üstümize ataşparaz tatarlar sähradan çozup gelýärler. Eger olar biziň topragymyza döküläýseler, barymyzy gyrarlar, malymyzy, gallamyzy alarlar, galanymyz aç-ýalaňaç bolar. Gurbanyň garry enesi: – Biz-ä olarsyzam ýalaňaç, belli – diýdi. – Duşman geläýse, kellämizi-de alar – diýip, hesip sözüni dowam etdirdi. – Şonuň üçin, bäş ýüz müň esgeri ýaraglandyrmak we olaryň hemmesini eklemek üçin köp pul, köp galla gerek. Şonuň üçin şa salgyt ýygnamagy höküm etdi. – Biz salgytlaryň hemmesini ýaňyja töledik. – Siz şu ýylyň salgydyny tölediňiz, indi indiki ýylyň salgydyny töläň. Özüni-de şu häziriň özünde tölemeli. Birinjiden başlalyň. Bu öý kimiňki? – Meniňki, baýar aga! – diýip, Gurban gyzyk jogap berdi. – Ýöne meniň berer ýaly zadym ýok! Bary-ýogy ýekeje towugym bar, o-da, çommaltma almyş, guzlanok. – Seniň näme diýjegiňi öňünden bilýärin! Siziň hemmäňiz şeý diýýäňiz. Hany, ýigitler, şu öýe mazalyja seredişdiriň, ylaýta-da saraýa serediň. Dört sany jigit howalynyň içine aýlanyp çykdy, saraýyň içine, bossana seredişdirdi, hiç bir zat tapman, dolanyp geldi. Diňe biriniň elinde bir towuk bardy. – Men saňa iki gün möhlet berýärin. Şu gün saňa elli taýak urduraryn, şundan beýläk tä bir çuwal bugdaý getirip berýänçäň sen her gün şol elli taýagy iýer ýörersiň. Soňundan bolsa, seniň ýeriňi batyr goşuna kömek bermekden boýun towlamajak başga bir has yhlasly daýhana bererler. Gurban gyzyk özüni ýere goýberdi. – Men şanyň buýran işleriniň hemmesini ederin!.. Men baýtalyma münüp, äjit-mäjitler bilen uruşmaga gideýin. Men işläýin, köprüleri, ýollary bejereýin, ýöne meni çagalarymyň gözüniň öňünde ýençdirme, ýok gallany menden talap etme. Meniň dört sany çüpe çagam we garry enem bar. Şolary nädip eklejegimi bilemok. Rehimiň gelsin, uly hesip! – diýip, Gurban gyzyk ol salgyt ýygnaýjynyň atynyň aýaklaryny gujaklamaga başlady, şol wagt ol özüniň şeýle gepleýşine özi-de geň galdy, şunda onuň özi öz gözüne garynja ýaly ejiz, mele baýtaly bolsa, aç it ýaly betbagt bolup göründi. Salgyt ýygnaýjy: – Görýärin welin, sen wäşi bolmaga çemeliň, Gurban gyzyk – diýip, sözüni dowam etdirdi: – Adamlar üçin dürli mertebäni Allatagalanyň hemişelik ýaradanlygyny sen bilýärsiň ahyryn, hemmeden ýokarda şany, soňra begleri, olaryň yzyndan täjirleri we şolardan soň ýönekeý daýhanlary goýupdyr. Her kim özüne mynasyp iş etmelidir, şu buýursa, başgalaryň hemmesi oňa boýun egmelidir. Daýhanyň etmeli işi näme? Beg üçin, şa üçin işlemekdir, olara näçe gerek bolsa, şonça galla bermekdir. Şol sebäpli bir çuwal bugdaý taýynlap goý. Ýagşy, şu gün men seni ýençdirmäýin, wagtym ýok. Emma ertir welin hamyňy boýnuňa ýygraryn. Hesip atyny gamçylap, ýoluna ugrady. Salgyt ýygnaýjylaryň giden ýolunda tozan ýatandan we gaýga düşen goňşulary dagaşandan soň, Gurban gyzyk ýola taýynlanmaga başlady. Ol metjide mollanyň ýanyna we uly ýoluň öwrüminde dükanjygy bolan söwdagäriňkä baryp geldi. Ýoldan gelip-geçýänleriň gürrüňini diňledi we şondan soň, begi-ň aýdanlarynyň dogrudygyna gözi ýetdi, hemme ýerde uruş hakynda we görlüp-eşidilmedik taýpa hakynda gürrüň edýärdiler. Ol taýpa gündogardan gelýärmiş, ol hemişeki çarwa gyrgyzlar, gara hytaýlar ýa-da uýgurlar bolmaga çemeli ýa hem tatarlaryň birnäçe ýyl bol hasyl alanlaryndan soň, uly gaý bolman, mallary ölmän köpelenden soň ulalyp giden başga bir taýpasy bolmaga çemeli diýip gürrüň edýärdiler. Ol taýpanyň esgerleriniň boýy adam ýarymmyş, olara hanjar we peýkam kär etmeýärmiş, şoňa görä olara garşylyk görkezmekden peýda ýokmuş diýip hemme ýerde gürrüň edýärdiler. Olardan gutulmagyň diňe bir çäresi barmyş, ol-da şäherleriň belent, mäkäm galalary içinde saklanmak ýa-da jeňňele gaçyp gitmekmiş diýýärdiler. Gurban içini gepledip gaýdyp geldi. Baýtalyna bermek üçin samandan we jöwen palajyndan dürüşde etdi. Poslap ýagan çalgy bölegini tapyp, ony syrygyň ujuna berkidip, naýza edindi. Demirçi ussanyňka baryp, demir ussahanasynda bir azajyk wagt boldy, onuň işine kömek berdi, sebäbi şanyň çagyrmagy boýunça Buhara ugraýan köp daýhan demir ussahanasyna ýygnanypdy. Gurban demir ussasyna kömek berip, dokuz mis dirhem gazandy, şondan soň dükançydan bir azajyk et satyn almaga mümkinçilik tapdy. Agşamara Gurbanyň aýaly işden gaýdyp geldi, ol uzynly gün mülkdar begiň ekin meýdanynda işläpdi. Ol bir gazan jöwen köjesini bişirdi we jigirdekli çörek bişirdi. Gurbanyň bütin maşgalasy tabagyň töwereginde oturyp, sessiz-üýnsüz nahar edinmäge başlanda, Gurban maşgalanyň ulusy hökmünde özüni salykatly saklap, bu oturanlaryň her birine assyrynlyk bilen göz aýlap çykdy. Ynha onuň bili bükülip, saçy çalaran ejesi – onuň işlemekden bili bükülipdir. Gurban onuň ýaş, ýanyp duran gara gözli we jak-jak edip gülýän, bugdaýreňk owadan wagtyny ýatlady. Ýakyp barýan günüň astynda, suwarylan ekin meýdanlarynda işlemekden, agyr-agyr jöwen desselerini ýa-da başga ot-çöp desselerini daşamakdan, dyngysyz zähmet çekmekden onuň bili bükülipdir, omuzlary çöküp gidipdir. Ynha onuň solup barýan aýaly, onuň owadan, näzik ýüzünde peýda bolan ýygyrtlar mese-mälim bolup dur, Ol mümkin boldugyça köpräk dokajak bolup, uzynly gün ýerinden turman tara dokaýardy. Onuň elleri gap-gaty bolupdyr, garry aýalyň barmaklary ýaly onuň barmaklarynyň bogunlary ulalyp gidipdir. Ýanaşyk oturan dört çagasy biri-birinden gyssanyp, köjeden ýetişibildiklerinden iýýärler, olaryň ejesi bolsa, paýlaşdyryp, olaryň her birine bir dogramçajykdan et berýär. Ulujasy Esen indi on bir ýaşynda. Ol atasy bilen Buhara gitjek bolup ýalbarýardy, onuň ajaýyp şäheri görmäge höwes edýändiginden başga-da, atasynyň inçemik hem çeýe naýza, hanjar we lowurdap duran tegelek galkan alyp, bedew ata münüp, atyny gamça basyp gidişini hem görmäge höwes edýärdi. Ýene üç sany çagasy bar: uluja gyzy ýetişip barýardy, ol indi utanyp, ýaglygynyň ujy bilen ýüzüni ýapýardy. Ynha ýene iki sany körpeleri otyr. Olar ýanaşyjak oturyp käje iýip, ýaňaklaryna çyrşaşdyrypdyrlar. Şular heläk bolaýmasa ýagşydyr. Gurban äzüniň öýde ýok wagty hojalygy nähili alyp barmalydygyny, ekinleri haçan suwarmalydygyny, orak ormak üçin goňşularyny nähili çagyrmalydygyny we ýowar güni olary nähili naharlamalydygyny aýalyna maslahat berip, uzynly gijäni diýen ýaly ýatman geçirdi. – Äjit-mäjitler bu ýere geläýseler näderis? Biz nirä gaçarys? Sonuňdan biz seniň bilen nähili duşuşarys? – diýip, aýaly soraşýardy. Gurban aýalyna göwünlik berýärdi. Äjit-mäjitleriň Buharada, yslamyň edil ýüreginde peýda bolmagyna heý-de ýol bermek bolarmy? Horezm şasy öz güýçli goşunyny ýygnar we duşmanlary sährada garşylap, derbi-dagyn etmek üçin, gypjaklaryň topragynyň üsti bilen goşun çekip gider, onsoň Gurban bir gowy ata münüp, başga bir aty bolsa, bütin maşgalasyna sowgat etmek üçin köp dürli olja ýükläp, iýdip geler. Gurban ertir ir bilen ýakyndaky källere gidip, baýtalyna şeýle köp çöp ýükläp gaýtdy, hatda çöpüň aşagyndan onuň baýtalynyň diňe dört aýagy görünýärdi. Çöpleri çapyşdyryp, diwaryň ýanynda endigan edip çykap goýdy. Özüniň uruda gömüp goýan bir azajyk jöweni we tohumlyk bugdaýy hakynda hiç kime aýtmazlygy aýalyna we enesine ýene bir gezek tabşyrdy. Şol jöwen bilen bugdaý birentek wagta ýetmelidi, onýança Gurbanyň özi-de gaýdyp gelerin diýip çaklaýardy. Gurbanyň aýaly bilen enesi: – Sen nädip uzak ýola gidersiň? Seniň ne gallaň, ne-de puluň bar. Sen ýabyň bilen bilelikde ýolda heläk bolarsyň. Biziň jöwenimizi äkidäý! – diýýärdiler. – Zyýany ýok, siz menden ýaňa arkaýyn boluň! Ýigidiň ryzkyny ýol berer – diýip, Gurban jogap berdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |