17:41 Çingiz han -32: romanyň dowamy | |
Üçünji bap
Taryhy proza
URUŞ BAŞLANDY Gurban gyzyk öz ýasan naýzasyny alyp, ýola düşdi. Ol özüniň nirä barmalydygyny bilmek üçin, begiňkä sowuldy. Begiň mülküni dolandyryjysy Gurbana käýedi we Ynanç han bir topar atly bilen bireýýäm ugrady diýdi. Yza galanlaryň hemmesi Buhara barýan uly ýolda onuň yzyndan ýetmeli diýdi. Ýollaryň hemmesinde pyýada we atly adam toparlary we üsti ýükli hem-de çaga mündürilen arabalar görünýärdi. Garrylar we aýallar yzan-da çuwan. Arabalaryň käsi şähere baka, başgalary, tersine, günorta daglaryna tarap barýardylar. Ýazyň başlarydy. Meýdanlarda güýzlük ekinler gök salyp otyr. Günüň gyzgyny ýitelip ugrapdy. Ýollar gurap, nirädir bir ýana gidip barýan adamlaryň arasyndan turýan tozan bulut ýaly bolup al-asmana galýar. Obalaryň çetinde demir ussahanalary duşýar, şol ussahanalardan çekiç sesleri we atlaryny nallatjak bolýan, naýzasy üçin peýkam ýa-da gowy ýasalan hanjar edinjek bolýan ýaragly adamlaryň gykylygy eşidilýärdi. Şol günüň ertesi agşamara Buharanyň çetleriniň haýatlary uzakdan görnende Gurban, üstüne goş-golaň ýüklenen bir gara eşegiň gapdaly bilen barýan gara gezli, sakgallak bir derwüş bilen tanyş boldy. Derwüşiň ýany bilen on üç ýaşlaryndaky bir oglan barýardy. Derwüş kapyrlara garşy baş göteren batyr ýigitleriň bagtynyň açyk, işiniň oň bolmagyny diläp, owazly doga okaýardy. Söweşijileriň käbirleri derwüşiň okarasyna çörek ýa-da bir gysym dary taşlaýardylar. Garaňky düşenden soň şäheriň töwereginde müňlerçe ot ýakyldy. Gurban ol derwüşiň yzyna düşüp, bir pessejik jaýlaryň ýanyna baryp ýetdi, şol jaýlardan: «hu, hu-u, hu-u!» diýen birmeňzeş sesler çykýardy. Ol «hanakady» – derwüşleriň üýşýän ýeridi. Jaýyň içinde jemende köpdi, olar derwüşlerden şypa we geljekki uruşda ölümden gutarar ýaly ak pata soraýardylar. Derwüşler pata berýärdiler, aýat okaýardylar, doga berýärdiler. Gurban öz baýtalyny haýatyň ýanynda daňyp, ot ýanýan ýerlere aýlanyp, onda-munda çaşyp ýatan sypaldyr-samanlary öz Melejesi we gara eşek üçin ýygnaşdyryp getirdi. Derwüş bolsa öz çöregini we demir kitirde bişiren bulamagyny Gurban bilen bile iýdi. Gurban – «ýigidiň ryzkyny ýol berer» – diýip ýatlady. Gurban ýabysynyň tanapyny tutup oturmak bilen uzynly gijäni uklaman geçirdi. Oduň başynda oturanlar indi iň bir ýaramaz we agsak ýabylary-da köp pul berip alýarlar, çünki hemme adam Buharadan uzag-raga, äjit-mäjitleriň baryp bilmejek ýeri bolan Eýran daglaryna ýa-da Hindistana gitmek isleýär diýip gürrüň edýärdiler. Daň atyberende Gurban süýji uka gitdi, hatda kimdir biriniň Melejäniň tanapyny kesip, ony alyp gidenini hem duýmady. – Mukaddes urşa baş göteren ýigidiň atyny alyp giden bihaýa ogra Alla göz görkezermiş. Emma hudaý men görgüli Hajy Rahymy-da kyn günde goýdy, sebäbi meniňem garry eşegimi ogry alyp gidipdir. Indi gaýgy edip durman, Buharaýy şerife azarsyz-bizarsyz aýlanmaga gideliň – diýip, derwüş giňlige saldy. Gurban özüniň uzyn naýzasyny egnine atyp, derwüş we onuň ýaşajyk ýoldaşy bilen şöhratly şäheri – «magafyf asmanyndaky ýallyrawuk ýyldyzy», «ajaýyp Buharany» görmäge ugrady. Üç ýolagçy «biri-birine bil baglap», yzy tükenmän barýan biçeme köp mähelläniň arasy bilen Buhara tarap pyşdyllaşyp barýardy. Gadym zamanlarda salnan, indi ot we ýandak basyp giden, käbir ýerleri ýykylan beýik galanyň on bir derwezesi bardy, şol derwezeler arkaly täjir kerwenleri yslamyň bu galasyny älemiň ähli künjekleri bilen baglanyşdyrýardy, Birinji derwezäniň agzyna köp märeke ýygnanypdyr. Parraçlar derwezeden gelýänleriň hemmesinden habar alýardylar we hemmelere ýüz tutup: – Şäheri berkitmäge, söweşijileri eklemäge, hanjar ýasatmaga joşanyňyzdan bereweriň! Baryňyzdan gysganmaň, bereketli gapjyklaryňyzy jomartlyk bilen açyň! – diýýärdiler. Okumyş garry ulamalar ellerine sanaç alyp, märekäniň arasyna aýlanyp ýördüler we watany goramagyň mukaddes işine her kimiň joşanyny sadaka bermegini soraýardylar. Derwezeden giren ýeriňde söwdagärleriň dükanlary başlanýardy. Dürli-dümen harytly kiçijik dükanjyklar biri-birine ýelmeşişip durýardy. Şu günler ylaýta-da nähili zatlaryň gerekdigini bilýän täjirler ýol üçin pugta hem arzan matalary ýa-da ýolda düşenmek üçin gerekli, gowy basylan keçeleri, uzak wagtlap zaýalanmaýan bally külçeleri taryplap, uly gykylyk edip hödürleýärdiler. Mesgen we arkadaýanç gözläp töwerek-daşdan çagalary we öý goşlary bilen gelen aljyran bosgunlar toparlary hemme ýerde görünýärdi. Şäheriň çetlerini içerki şäherden – Şähristandan bölüp aýyrýan ikinji galanyň uly derwezesinden geçip, üç ýolagçy galmagally köçeden ümsüm bir meýdana öwrüldi, ol meýdanyň töwerek-daşyny metjitleriň we medreseleriň belent derwezeleri tutup durýardy. Şol metjit we medreselerde köp ýyllar dowamynda biçeme köp zähmet we mahrumlyklar çekip, horaşaja bir metjidiň ymamy boljak bolup, dini arap kitaplarynyň manysyna düşünjek bolup birnäçe mün ýigit we garry talyp okaýardy. Şu meýdanda köplük bolup namaz okap durdular, namaz okaýanlaryň kelamyllanyň setirleri dek düzülen hatarlary çal sakgal, salykatly ymamyň hereketlerine seredip, butnaman durdy. Ol çöküne düşende, ýere maňlaýyny goýanda ýa-da ellerini gulagyna ýetirende, namaza duran birnäçe müň musulman ymamyň hereketlerini gaýtalaýardy. Diňe kä aşak oturýan, kä ýokary galýan biçeme köp adamyň şybyrdysynyň bir özi meýdanyň daş düşeginiň üstünde edil şemal öwüsýän ýaly bolup eşidilýärdi. Namaz okalyp bolandan soň, belent metjidiň basgançaklaryiyn ýanyna gyrmyzy gurukly, altyn nagyşlar çekilen al mahmal ýona bilen bezelen dor aty idekläp getirdiler. Metjidiň içinden uzyn boýly, gara sakgally, ýallyrdap duran almaz sapaklar bilen bezegli gar ýaly ak peşli Horezm şa çykdy. Ol märskä ýüz tutup şeýle diýdi: – Yslam halklarynyň hemmesi bir halkdyr. Biziň iň gowy gorawymyz hanjaryň ujudyr. Pygamber musulmanlar hakynda: «Yslamyň söweşijileri, men sizi dünýäniň iň gowy jandary edip döretdim, şonuň üçin musulmanlar ýer ýüzündäkileriň hem asmandakylaryň hemmesiniň hökümdary bolmaly diýip belledim» diýipdir. Musulmanlar bütin älemi soramalydyrlar, şonuň üçin hiç bir zatdan gorkmaň! Emma kelamylla. bize: «Alla öz bendesini yhlasyna görä ýalkaýar»... hem diýýär. Şoňa görä, siz duşmany ýüreklilik hanjary bilen urmak üçin eliňizde baryndan gaýrat etmelisiňiz... Pygamberiň aýdanlary ugrunda janyny aýamaýan musulmanlaryň gahar-gazaby öňünde hi durup bilen zat bolarmy?! Duşmany gören ýeriňizde gyryň, kowuň! Eý gahar-gazaby beýik perwerdigär, kapyrlara garşy uruşda özüň medet ber!.. – Gyryň kapyrlary! Kowuň butparazlary! – diýip, märeke gygyrdy. Horezm şa gyrmyzy gurukly dor atyna münüp, ýene birki agyz söz aýtdy: – Biziň maksadymyz size gowy maslahat bermekdi, biz size maslahat berdik. Biz Týan-Şan daglarynyň garly geçitlerinden eýýäm inip ugran päli ýamanlaryň garşysyna çykmak üçin Samarkanda ugraýarys... Olar pällerinden taparlar! Duşmanlar biziň gaýduwsyz urşujylarymyzyň gorkmazak hatarlaryna duş gelip, ýola çykarlar... Sizleri hudaýa tabşyrýarys! Märeke şa we onuň geýnüwli gypjak parraçlaryna ýol bermek bilen bilelikde: – Muhammet pälwanyň ömri uzak bolsun! Kapyrlary ýeňiji Horezm şanyň döwleti berkarar bolsun! Sensiň biziň iň gowy arkadaýanjymyz! – diýip gygyryşdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |