17:42 Çingiz han -33: romanyň dowamy | |
Dördünji bap
Taryhy proza
URŞUJYNY GORAJAK – ONUŇ HANJARYNYŇ TYGYDYR Horezm şa Muhammet Buharadan çykyp, birden atynyň başyny sowdy we ony Samarkanda barýan uly ýola ugrukdyrman, günorta, Kelife tarap ugrukdyrdy. Ol ýüzüni öýme bilen püräp, sesini çykarman, atyny sürüp barýardy, atyny kä gorgunyna, kä aýak aldygyna goýberýärdi, onuň ähli ýakyn adamlary bolsa, ondan galman, yzyna düşüp barýardylar. Bularyň garşysyndan duş gelýän ýolagçylar ýoldan bir gapdala, oý ýere böküp düşýärdiler. Olar baş egip, tagzym edýärdiler we elhenç Iblisden gaçyp gelýän ýaly, müň atlynyň tabyrdaşyp barşyna aňk-taňk bolup seredýärdiler. «Hökümdar ýoluny ýalňyşan bolaýmasyn?» diýip, beýik weziriň Jelaleddine aýtmagy biderek boldy. Jelaleddin örän arkaýynlyk bilen: – Onuň bilen meniň käme işim bar! Patyşa özüni dowzahyň oduna taşlamaga barýan bolaýsa-da, men atamyň yzyna düşerin – diýip, jogap berdi. Horezm şa birden: – Bu kimin howlusy? – diýip, sorady-da, endam-jany ak köpük bolan dor atynyň başyny çekdi. Ol gamçysyny uzadyp, rejeli hatar-hatar bolup gögeren belent derek agaçlarynyň bärisindäki çalarak gyşaran minarajykly galany görkezdi. – Bu Temur Mälik hanyň aw howlusy. Bu howlynyň gadymy bagy we selçeň duşýan wagşy haýwanlary bardyr. Muhammet: – Men şolaryň hemmesini göreýin! Hany men edermen Temur Mäligi göremok-la? – diýdi. – Hojant goşunyna baş bolmaly – diýip, höküm alan güni atlanyp, şol ýere gitdi. – Tüýs bir keçjaldyr! Men oňa howlamaly diýmändim ahyryn. Indi onsuz meniň ýüregim gysýar... Patyşanyň saklawy bolup gulluk edýän ýüz atly patyşany kabul etmegi taýynlamak üçin, atlaryny çapdyryp ýeňe gitdi, Muhammet gallaw atynyň başyny dartyp, howla bakan ugrady. Agyr derweze açyldy. Hyzmatçylar howluda iki ýana ylgaýardylar. Olar açarlaryny şakyrdadyp, uzyn bassyrma çykylýan gapylary açýardylar. Gullar halta-halta arpa we gujak-gujak bede getirýärdiler. Jigitler ýakyndaky oba tarap at salyp gitdiler-de ilatyň elinden alan goýunlaryny atyň öňüne basyp geldiler. Ýöriş aşpezleri ot ýakyşdyryp, nahar taýynlamaga başladylar. Horezm şa bagyň haýatynyň ýanyndaky telärjige merdiwan bilen çykdy. Onuň yzy bilen Jelaleddin we howlynyň goja sakçysy çykdy. Telärjigiň üstünden heniz ýapraklamadyk, çyplak bag görünýärdi. Bir otluk-çemenlikde bir bölek jeren güneşläp ýatyrdy, olaryň beýle ýanynda uzyn şahly dag tekesi töweregine garanjaklap durdy. – Ol ýerde, bagyň jümmüşinde, jojukly iki sany mekejin bardyr – diýip, goja sakçy düşündirýärdi. – Kapasda bolsa, iki sany örän gaharjaň gaplaň bar, olar ýaňy-ýakynda dagdan getirildi. Meniň edermen jenabym Temur Mälik gaplaňlaryň ýekegapanlary we jerenleri kowalyşyna şu telärden tomaşa etmegi gowy görýär, kämahal bolsa, onuň özi aw awlamaga baga düşýär. Ol awunyň niresindei urjagyny öňünden aýdyp, ýaýynyň bir oky bilen serreldip bilýär. Şa ýüzüni sallap: – Bar indi ötägit! – diýdi. Ol ogly bilen ikiçäk galyp, ýuwaşja ses bilen geplemäge başlady. – Meniň ynjalygym gaçdy. Birden üç tarapdan çapar geldi. Gara bulutlar dumly-duşdan abanyp gelýär. – Uruş wagtynda ýogsa.-da şeýle bolar-da! – diýip, Jelaleddin arkaýyn jogap berdi. – Birinji çapar gelip, çypar ýolbars Çingiz han Otrary aldy. Ynaljyk Kaýyr hany tutdy we ar almak keýpinden çykmak üçin onuň gözlerine we gulaklaryna eredilen kümüş guýmagy buýrupdyr diýip habar getirdi. Indi Çingiz han bu ýere ugrap, meni gözleýärmiş. – Goý gelsin! Bizem oňa garaşýarys ahyryn. – Sen hatda elhenç belalaryň apy-tupany wagtynda-da bigamlygyňy taşlamaýarsyň! – Biziň şunça goşunymyz bar wagtynda endişe etmegiň geregi ýok. – Ikinji çapar günortadan geldi. Tatarlaryň öň toparlaryny görüpdirler diýýär. – Aý, bir bolgusyz, az sanly atlydyr-da. Şu mahal, alabahar wagtynda gar basyp ýatan dag geçitlerinde uly goşunyň gyrylmagy mümkindir. – Emma tatarlaryň atlylary daglardan aşak inip, biziň Hindistana tarap çekiljek ýolumyzy keser. – Biziň ol ýere çekilip näme işimiz bar? – Başga-da bir habar bar. Mongollaryň öň toparlaryny eýýäm Gyzylgum çöllerinde görüpdirler. – Duşmanyň öňüni böwemek üçin guma on müň türkmen atlysy iberildi. – Ol türkmenler mongollary saklap bilmez. – Eger şeýle bolaýsa, Çingiz han iň bir ýakyn günlerde Buharanyň edil alkymynda peýda bolup biler. – Belki, gyzyl sakgal wagşy eýýäm Buharanyň ýanyna golaýlaşandyr, belki, onuň atlylary töwerek-daşda sümsünişip, bizi gözläp ýörendir. Bu ýerden tizräk gitmegimiz gerek!.. – diýip, Muhammet howlukmaçlyk bilen aýtdy we göýä bagyň agaçlarynyň arasyndan üstüne çozulaýjak ýaly, töweregine garanjaklady. Jelaleddin sesini çykarmady. – Näme üçin jogap bermeýärsiň? – Sen meni kem akyl hasap edýärsiň. Onsoň men näme aýdaýyn ahyryn? – Men saňa geplemegi buýurýaryn. – Beýle bolsa, men aýdaýyn, özüň bil, hala bagyşla, hala kellämi al. Eger nälet degen Çingiz han şu ýere gelýän bolsa, onda biziň goşunlarymyz şäherleriň belent galalaryna bukulman, gaýtam ony gözlemelidirler. Eger meniň diýenim bolsa, ümsüm ilatyň baryny-ýoguny syryp-süpürip almaga gezek gelende batyr bolan, emma bu gazaply uruş çagynda ýaprak ýaly titreşip duran gypjak hanlarynyň hemmesini meýdana kowup çykarardym. Men olara şäherleriň derwezesinden girmegi gadagan ederdim, şol kadany bozanlara ölüm jezasyny bererdim. Söweşijini gorajak zat – onuň hanjarynyň tygy bilen bedew atdyr. Çypar ýolbars şu ýere gelýärmi? Käşgä şeýle bolaýsady. Diýmek, biz onuň geljek ýoluny eýýäm bilýäris. Atlaryň başyny yza öwrüp, onuň yzyna düşmek gerek, onuň söbüginden agyz salmaly, ýolunda böwet bolup durmaly, çar tarapdan üstüne çozmaly, düýelerini gyryşdyrmaly, onuň çypar hamyny eti bilen goparyşdyrmaly. Samarkantda galalaryň içinde ýüz mün atlynyň bukulyp ýatmagyndan näme peýda bar? Olar ýal ýagysy bolup ýatyrlar, olaryň bedew atlary bolsa güýçden gaçýar... – Sen öz ataň buýruklaryny ýazgarýarsyňmy? Men ony köpden bäri duýýaryn. Sen meniň ölümime howlaýarsyň. Jelaleddin ýüzüni aşak saldy, sesi bolsa gynançly çykyp ugrady: – Beýle däl. Kynçylykly pursatda, älemiň sarsýan wagtynda men seni taşlamaryn. Emma meniň şeýle boýun egiji, şeýle ýaýa hereket etmegim dogrudan-da kemakyllyk etdigim bolýar, munuň şeýledigine seniň gowy görýän Isgenderiň adyndan ant içýärin. Eger seniň ägirt uly goşunyň söweşe taýyn bolup durmaýan bolsa, egser sen eliňi bir salganyňda duşmanyň üstüne okdurylmaga taýyn bolup durmaýan bolsa, ol goşunyň nämä geregi bar! Eger belent galalarda biziň aýal we oglan-uşaklarymyz gizlenmän, gaýtam ýaragly pälwanlar sazanaklaşyp duran aýallaryň ýorganlaryna gizlenýän bolsa, ol galalaryň nämä geregi bar! Sen meniň kellämi al, welin, meniň aýdyşym ýaly et. Kaka, Samarkanda baraly-da goşun çekip ugraly... – Diňe Eýrana ýa-da Hindistana!.. – Ýok! Biz diňe ikiden birini saýlap almalydyrys: ýa-da mert durup göreşmelidiris ýa-da ilden-günden çykarylyp, masgara bolup ölmelidiris. Tatarlar bilen garpyşmak üçin goşun çekip, açyk meýdana çykaly... Edil ýyldyrym ýaly çalasyn bolaly, edil gije kölegeleri ýaly tutulmaz bolaly... Sen beýik serkerde bolup, şöhratlanarsyň!.. Haýal etme, işe giriş! Şa almaz ýüzükli barmagyny çommaldyp, sesine bat berdi: – Sen serkerde däl, sen ýürekli jigit, sen duşmanyň üstüne edil gözi ýok ýaly çozýan birnäçe müň jigide baş bolubam bilersiň... Ýöne men ýürekli, emma paýhassyz jigit ýaly hereket edip bilmerin. Men hemmesini pikirlenip, hemmesini öňünden ölçerip görmelidirin. Men başgaça hereket etmegi ýüregime düwdüm. Men seniň bilen bilelikde Kelife baryp, şol ýerde Jeýhun derýasynyň geçelgesini gorajak. – Mähriban ýurdumyzy taşlaýjakmy? Onda biziň halkdan diňe paç almagy başaranlygymyz, howp abanan wagtda bolsa, halky tatarlaryň tüýtmelemegine taşlap gidenimiz üçin Horezm şalaryň bütin neberesine halkyň nälet okamagy dogry bolar. – Men Eýranda örän uly, täze goşun ýygnajak. – Ýok, patyşahym! Häzir öz eliňdäki güýçler bilen hereket etmek gerek. Seniň öz goşunyň galalaryň içinde bukulyp, serdarsyz galýan wagtynda, täze goşuna tälim bermäge indi giç bolar. Bir günüň özünde ýeňiş gazanmak üçin, goşunlary ýigrimi ýyllap taýynlaýarlar. Samarkanda gideli! Men seniň ýanyňda ýönekeý jigit bolup söweşeýin!.. – Ýok, ýok! Saňa Balha ugrap, şol ýerde täze goşun ýygnamagy buýurýaryn. Wah, bagtym ýatdy... – Bagt? Bagt näme? – diýip, Jelaleddin gaharlandy. – Heý-de batyr adamyň bagty ýatarmy? Bagtdan gaçmaly däldir! Onuň yzyndan kowmak gerek, onuň yzyndan ýetip, saçlaryndan tutup, ony öz dyzyň astyna salmak gerek... Ine, bagty şeýdip gazanýarlar!.. – Besdir! Sen ömür galjaň ýigit bolup galarsyň! Sen beýik Horezmi heläkçilikden gutaryp bilmersiň... Horezm şa telärden howlukmaçlyk bilen düşdi-de haly düşelip, bol nygmatly desterhan ýazylan eýwana tarap çaltlyk bilen ugrady. Şol ýerde şa namaz okap, nahara başlady, ýollar, geçelgeler hakynda habar aldy we kemally nahar hem edinmän, atlaryň getirilmegini buýurdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |