17:43 Çingiz han -34: romanyň dowamy | |
Bäşinji bap
Taryhy proza
GAÝDUWSYZ TEMUR MÄLIK Otrarda Çingiz han öz ogullary Ugedeýi we Jagataýy öz goşunlarynyň bir bölegi bilen galdyryp, olara şeýle diýdi: – Siz tä baştutan Ynaljyk Kaýyr hany diri tutýançaňyz, Otrar şäherini gabap duruň. Boýnuna zynjyr salyp, ony meniň ýanyma getiriň. Men ol päli azana heniz görlüp-eşidilmedik jeza bererin. Ol özüniň uly ogly Juça Jent we Ýaňykent şäherlerini almagy buýurdy Kagan öz goşunlarynyň galanlaryny dürli tarapa ugratdy. Alak-noýony bäş müň atly bilen gypjak otrýady tarapyndan goralýan Benakent şäherine ugratdy. Ol şäher üç gün gabawda bolandan soň, şäheriň ilaty ýaşululary iberip, aman sorady. Alak-noýon erkek adamlaryň hemmesiniň şäherden çykyp, esgerleriň bir ýerde, senetçileriň we gaýrylaryň başga bir ýerde aýratyn nyzama durmaklaryny buýurdy. Esgerler görkezilen ýerde özleriniň ýaragyny goýup, bir çete çykanlarynda, mongollar olaryň hemmesini tommaýly taýak, hanjar we ýaý oklary bilen gyrdylar. Beýleki ýesirlerden bolsa, mongollar iň güýçli ýigitleri saýlap aldylar, olary müň-müňden, ýüz-ýüzden we on-ondan bölüşdirdiler, olara özlerinden baştutanlar goýdular we gabalan şäherleriň diwarlaryny bularyň özleri ýykar ýaly we galalara öňürti çozup girer ýaly, olary edil mal ýaly edip öňe sürüp äkitdiler. Ýolda olara mongollaryň beýleki toparlary we ýaranlaryň goşunlary goşulyp, Alak-noýonyň ygtyýaryna segsen müňe golaý esger ýygnaldy. Olar çalt akýan we köp suwly Seýhun (Syrderýanyň) edil gyrasyndaky Hojant şäherine golaýlaşdylar. Şäheriň ilaty gadymy belent galanyň berkligine umyt baglap, duşmana boýun egmezligi ýüregine düwdi. Şäher goşunlarynyň baştutany edilip ýaňy-ýakynda Temur Mälik bellenipdi, ol harby işe ussatdy, özüniň batyrlygy, gaýduwsyzlygy we gönümelligi bilen meşhurdy. Ol Seýhun derýasynyň ikä bölünýän ýerindäki adada ur-tut gala saldyryp, şol galada ýarag we azyk zapaslaryny taýynlap goýdy. Mongollar özleriniň ýesirlerini sürüp gelenlerinde, gamçy we hanjar bilen urulýan musulmanlar zora çydaman, Hojanta çozup başladylar. Şäheriň ilaty öz doganlary bilen uruşmajak bolup, şäheri goramagy bes etmegi ýüregine düwdi. Temur Mälik bir müň edermen jigit bilen bilelikde gämileriň hemmesini alyp, derýadan ýüzüp geçdi-de adada berk ornaşdy. Hojantyň ilaty bolsa, öz tanymal adamlaryny mongollaryň ýaňyna iberip, aman sorady, şäheriň derwezesini açdy. Mongollar gele-gelmäne şäheri taladylar. Mongollar adadaky gala tarap daş atyjy maşynlardan daş atmaga başladylar, emma olaryň daşlary we ýaý oklary ol ýere ýetmeýärdi. Şol wagt mongollar Hojantdaky ýaşlaryň hemmesini kowup çykardylar we olara Benakentden hem-de beýleki obalardan ýesir alnan adamlary birikdirip, derýanyň iki ýan gyrasynda elli müňe golaý adam ýygnadylar. Mongollar olary on-ondan we ýüz-ýüzden bölüşdirdiler we derýanyň öňüni böwetlemek üçin olary üç farsah (21 kilometr) uzaklykdaky iň ýakyn daga sürüp äkidip, şol ýerden daş daşadyp ugradylar. Temur Mälik onýança on iki sany sal ýasadyp, olaryň üstüni otdan goramak üçin palçykly öl keçeler bilen basyrtdy. Olaryň gyra-töwereginde ok atmak üçin yşlar goýdular. Ol her gün daňdanlar derýanyň her tarapyna alty sal iberýärdi, şol wagtda onuň urşujylary mongollar bilen gaýduwsyz uruşýardylar, mongollaryň ýandyryjy ýaý oklary olaryň sallaryna zeper ýetirip bilmeýärdi. Temur Mälik gijelerine çykyp, uklap ýatan mongollaryň üstüne duýdansyzlykda çozýardy. Şol sebäpli mongol goşunlary hemişe gorky astynda bolýardylar. Mongollaryň ýanyndaky hytaý injenerleri öňküden-de güýçli, uzaga atyjy täze maşynlar gurdular. Daş we uly-uly ýaý oklaryny zyňýan katapultlar Temur Mäligiň goşunlaryna uly zyýan ýetirip ugrady. Temur Mälik ýagdaýynyň erbetleşendigini görüp, garaňky gijäniň içinde ýetmiş gämi we sal taýynlap, goşlaryny ýükledi, urşujylaryny mündürdi. Birden gämileriň hemmesinde ot we fakeller ýakyldy we olar biçak köp ot bolup, çalt akýan derýanyň ygyna dazlaşyp ugrady. Mongollaryň goşuny derýanyň iki ýan kenary bilen olaryň yzyna düşdi. Temur Mälik gaýyklaryny we sallaryny mongollaryň görnen ýerine gönükdirýärdi. Ýaýlardan ok atmak bilen olary kowýardy we gämilerini öňe sürýärdi. Gämiler we sallar Benakentiň ýanyna bardy, mongollaryň derýanyň üstaşyr çeken zynjyryny bir zarbada gyryp, olaryň duşundan geçip gitdi. Derýada mundan başga-da has uly päsgelçilik bar bolaýmasyn diýip, howatyr edýän Temur Mälik, Bar-Halygkentiň ýakynynda uly gylýal sürüsini görüp, öz gämilerini we sallaryny kenara sowdy we ähli esgerlerini atlandyryp, sähra tarap atyny gamça basdy, Mongollar bularyň yzyndan kowdular. Temur Mäligiň urşujylary häli-şindi aýak çekip, mongollar bilen garpyşýardylar we olary yza kowanlaryndan soň ýene öňe gidýärdiler. Hiç kimiň duşmanyň eline düşesi gelenokdy, diňe ýek-tük adam gijäniň içinde mongollaryň lagerleriniň arasyndan geçip, gutulyp bilipdirler. Temur Mäligiň ýanynda dine birnäçe urşujysy galdy, emma ol goranmagyny dowam etdirýärdi, atynyň güýjüne umyt baglap, sähranyň içi bilen barha öňe gidýärdi. Temur Mäligiň iň soňky ýoldaşlary-da öldürilenden, sagdagynda bolsa diňe üç sany ýaý oky galandan soň, onuň yzyndan diňe üç sany mongol kowup gelýärdi. Ol ýaýyny atyp, bir mongolyň edil gözünden peýkam bilen urdy-da beýleki ikisiniň üstüne topuldy. Olar atlaryny yzyna öwrüp, gaçyp gitdiler. Temur Mäligiň sagdagynda iki sany ok galdy, ol gumda bir guýynyň başyna baryp ýetdi, şol ýerde Gara Hanjaryň otrýadyndan bolan türkmenler bardy, olar oňa başga bir mes at berdiler, Temur Mälik şol ata münüp, Horezme baryp ýetdi we şol ýerde Çingiz hanyň garşysyna uruşmaga taýynlyk görüp başlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |