17:44 Çingiz han -35: romanyň dowamy | |
Altynjy bap
Taryhy proza
MONGOLLAR GUMUŇ ÜSTI BILEN GELÝÄRLER Ol nälet degen halk şeýle bir çalt ýol ýöreýär welin, öz gözi bilen görmedik adam oňa ynanar ýaly däl. (Klawigo. XV asyr) Otrarda ýakylan jaýlaryň tüsseläp duran wagtynda we gaýduwsyz Ynaljyk hanyň berk galanyň içinde saklanyp, galanyň diwarlaryna dyrmaşýan mongollardan goranýan wagtynda, Çingiz han dokuz guruk ak tuguny ýazyp, öz toparlaryna ýola düşmäge taýyn bolmagy buýurdy. Çingiz han öz ogullaryny we baş serkerdelerini öz ýanyna çagyrdy. Olaryň hemmesi ullaKan keçäniň üstünde tegelenip otyrdylar. Her kim özüniň haýsy tarapa we haýsy şäheriň üstüne gitmelidigi hakynda eýýäm buýruk aldy, emma gazaply hökümdaryň ak tugunyň haýsy tarapa ugrajakdygyny soramaga hiç kim ýürek edip bilmedi. Çingiz han şeýle diýdi: – Meniň siziň ýanyňyzda ýok wagtymda bütin goşuna paýhasly Bugurjy-noýon baştutanlyk eder. Öňde baryjy toparlary çozmaga okgunly Jebe-noýon we bukuda oturmaga eserdeň Subudaý alyp barar. Meýdanlarda galla ekinlerini basgylagyç bolmaň, ýogsam atlara iým tapylmaz. Biz Horezm şa Muhammede Buhara bilen Samarkandyň iki aralygyndaky düzlükde duş geleris. Biz onuň üstüne üç tarapdan çozarys. Horezm şanyň esasy goşunyny ýok edenimden soň, men musulman ýurtlarynyň hemmesiniň hökümdary bolaryň. Çingiz han urşujylary aman saklaýan, ak baýdakda bolýan Suldäniň ruhuna nedir-nyýaz edip, gymyz içip, atlandy we onuň goşuny ýörişe ugrady. Toparlaryň käbirleri Seýhunyň boýuny syryp, derýanyň ýokarlygyna tarap gitdiler, beýlekileri derýanyň aşaklygyna tarap gitdiler, Çingiz han bolsa, kerwen ýodalary bilen gidip, Gyzylgumuň jümmüşine aralaşdy. Fewral aýynyň güni ýallyrdap gözüňi gamaşdyrýardy, gijesine bolsa, meýdan çukurjyklarynda ýygnanan suwlar doňýardy, toýun toprakly takyrlarda egrem-bugram bolup gidýän darajyk ýoda gataýardy. Goşun ümsüm barýardy, atlar kişňemeýärdi, ýarag şakyrdysy eşidilenokdy, hiç kim aýdym aýtmaga ýürek etmeýärdi. Toparlar biri-birinden kän bir arany açmaýardylar. Gonulan wagtda örän az saklanýardylar, gonulanda urşujylar atlarynyň öň ýanynda irkilýärdiler. Gijesine aňtawçylar öňde fakel ýakyp, kaňkaşyp ýördüler. Olar alaňlaryň üstüne çykyp, goşunlar azaşmaz ýaly, biri-birleri bilen garyşmaz ýaly, fakeliň ody bilen dürli habarlar berýärdiler. Mongollara duşman musulman goşunlaryň arasynda uzyn aýakly ýyndam atly türkmenler aýratyn tapawutlanýarlar diýip ätiýaç edýärdiler. Türkmenler alaňlaryň aňyrsyndan peýda bolup, edil bars kimin okdurylýarlar, duşmanyň arasyna kürsäp urýarlar, uly başagaýlyk döredýärler we bir topar ýesir düşen adamyň boýnuna tanap daňyp, edil peýda boluşlary ýaly çaltlyk bilen ýitip gidýärler. Mongollar ilki başda özleriniň goşuny çölüň içi bilen, Horezmiň baş paýtagty bolan Gürgenje göni barýandyr diýip çaklaýardylar. Emma iki gün ýol ýörelenden soň, Seýhunyň (Syrderýanyň) bulanyk suwy yzda galanda, gün bolsa, ertir arkadan dogman, çep tarapdan doganda, atlarynyň ýüzüniň günbatara däl-de günorta şöhratly Samarkant we Buhara şäherlerine tarapdygyna hemmeler düşündi. Çingiz han goşunyň ortarasynda berdaşly gara aýakly we arkasyndan gara gaýyş çekilen mele ýorgaly barýardy. Bütin goşun atlaryny aýak aldygyna gezerine sürüp barýardy (tatarlar beýle gezere «möjek seňkillisi» diýip at berýärler). Beýik kagan hiç zat wejine däl ýaly we syr bildirmän, atynyň jylawyny çep eli bilen gowşak tutup, atynyň üstünde otyrdy, onuň gözleri ýumukdy, diňe çendan ýarym çalaja yş bildirýärdi, onuň atyň üstünde uklap oturandygyna, pikire gidip oturandygyna ýa-da gabaklarynyň yşyndan saklyk bilen seredip, ýakyndaky zatlary-da, uzakdaky zatlary-da görüp, hiç bir zady duşundan geçirmän, synlap oturandygyna düşünmek mümkin däldi. Bu ýörişde Çingiz han hiç bir haýal-ýagallyga ýol berenokdy, ol özüne öý dikdirmeýärdi, telim gatlap ýazylan keçäniň üstünde ýatýardy. Ýatjak bolanda ol teletin şypyrmasyny çykaryp, çal kellesine kara samyr derisinden içlik edilen gulakçyn geýýärdi. Ol uklanda onuň ýanynda dört sany wepaly parrajy butnaman oturyp, keçe gerip, şemaldan, ýagyşdan we gardan goraýardylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |