17:46 Çingiz han -36: romanyň dowamy | |
Ýedinji bap
Taryhy proza
GABALAN BUHARADA Dözümlilik gerek wagtda dözümsizlik ýerliksizdir. Dözmezlik bilen duşmany dost edip bolmaz, gaýtam onuň önküdenem beter pälini azdyrarsyň. (Saady. XIII asyr) Derwüş Hajy Rahym, Tugan we Gurban gyzyk üçüsiniň gije ýatar ýaly ýer gözläp, Buharada uzynly gün gezmegi biderek boldy. Agşamara dükanlaryň agzyny şakyrdadyp ýapyp ugradylar, halk alňasaklyk bilen dagap, ses-üýn çykmaýan galalaryň içine siňip gidýärdi. Üç ýolagçynyň gije ýatar ýaly ýer soramagyndan netije çykmady, nirä barsalar: – Biziňki myhmandan doly, başga ýerden gözläň! – diýen jogapdan başga zat eşitmeýärdiler. Kerwensaraýlar we aşhanalar-da ýapyldy, şol aşhanalarda bosgunlaryň arasynda gyslyşykda oturyp gijäni geçirmek üçin aşhananyň eýesine bir gysym dirhem bermelidi. Tertibe we edeplilige seredýän «raisler» bolsa, elleri uzyn taýakly sakçylar bilen bilelikde köçelere aýlanyp ýerdüler, köçelerde bet niýetlik bilen ygyp ýören, göwne şübhe getirýän adamlary «jeza ýerzeminine» taşlamak howpuny salýardylar. Ahyrsoňy bir darajyk köçede galanyň ýanyndaky ýarym haraba jaýlaryn ýanyna baranlarynda Gurban gyzyk bir jaýyň üstüne çykyp, şol ýerde sypalyň içinde ýatmagy teklip etdi. Tamyň üstüne ol birinji bolup çykdy-da hemralaryna-da tama çykmaga kömek berdi. Şol ýerde olar biri-birine gyslyşyp, giň derwüş ýapynjasyny ýapynyp ýatdylar. Gijäniň birmahaly garly sowuk şemal turup, olary gagşatdy. Şäher soň hem uzak wagtlap güwläp durdy, güwwüldi kem-kemden ýuwaşap, ahyrsoňy bütinleý ýatdy. Indi diňe gije sakçylarynyň şarkyllysy eşidilýärdi we şäheriň dürli künjeklerinde sakçy itler üýrüşýärdiler. Şol günüň ertesi daňdanlar azançylar inçejik memmerleriň üstünden ertir namazynyň azanyny aýdanlarynda, howsala düşen şäher ilatynyň şäheriň belent diwarynyň üstüne çykandygyny görüp, bular hem şäheriň belent galasynyň üstüne çykdylar. Gündogar derwezäniň öňündäki düzlükde ýeke depäniň üstünde ozal görülmedik bir sary çadyr görünýärdi. Çadyryň töwereginde tükeniksiz köp atly gaýmalaklaşýardy. Olar aýry-aýry toparlara bölünip, meýdanda da dazanaklaşýardylar, şäheriň daşyny gabaýardylar. Olaryň görnüşi buharalylar üçin nätanyşdy, olaryň kiçijik atlary edil guduzlan ýekegapanyň okdurylyşy ýaly çapýardylar, aňsatlyk bilen öwrülýärdiler, birden sakga durýardylar, soň başga bir ugra dazanaklaşyp gidýärdiler. Demir telpekler we sowutlar tozanyň arasyndan geçýän gün şöhlesinde ýalpyllap görünýärdi. Atlylaryň täze otrýadlary elleri kätmenli, eginleri uzyn taýakly köp müňlük mähelläni sürüp gelýärdiler. Gurban gyzyk: – Bu kiçijik atly geň adamlar kimler? – diýip sorady. Ýüzi çytyk bir urşujy naýzasyny ýere urdy-da: – Soran bolmaň mäme? – diýdi. – Olaryň biziň adamlarymyz däldigini, musulman däldigini görmeýärmiň näme? Äjit-mäjitler, adamlaryň «tatarlar» diýýänleri gelipdirler. Ol sary çadyrda bolsa, olaryň iň uly hany bize seredip, gülüp oturandyr, pälinden tapsyn-da, hudaýym! Gurban gyzyk birden: – Şäheriň derwezesini ýapypdyrlar! Indi meni çykarmazlar! Meniň görgüli çagalarym näderkä? Men bu ýerde bütin bir ýyl dagy oturmaly bolaryn-ow! – diýdi. Diwaryň üsti bilen polat telpekli we kümüşsöw sowutly bir baştutan – hajyp gelýärdi. Gurban ellerini döşünde gowşuryp, onuň ýanyna ylgap baryp, onuň geýminiň bir çetini ogşady-da: – Salawmaleýkim, uly beg ýigit Ynanç han! Meni tanadyňmy? Men seniň daýhanyň Gurban gyzykdyryn! – diýdi. – Näme üçin sen öz ýüzlügiňde däl-de bu ýerde gezip ýörsüň? – Men patyşanyň buýrugyna görä, kapyrlar bilen söweşmäge Buhara pyýada geldim. Hudaýyndan tapmyş bir ogry ýolda meniň baýtalymy ogurlady. Bu ýerde bolsa, men öz ýüzbaşymy ynha indi iki günden bäri gözläp ýörün. Emma hiç kim meniň habarymy alanok. Eger patyşa üçin başyny gurban etmäge gelen adam bilen hiç kimiň işi ýok bolsa, onda bu äjit-mäjitler bilen kim urşar? Ynanç han: – Men seniň şeýle merdana sözleriňe gaty şat boldum, Gurban gyzyk. Seniň elleriň güýçlüdigini we meýdanda gaýratly işlemekden ýagyrnyň tümmerendigini görýärin. Sen uruşda uly pälwan bolup bilersiň. Men seni öz atlylarymyň arasyna alýaryn. Ýör, meniň yzyma düş – diýip buýurdy. Şeýdip, Gurban ol derwüşden we onuň ýanyndaky Tugandan aýra düşdi. Ynanç hanyň yzyna düşüp, Gurban bir meýdana geldi, şol ýerde atlar daňylgy durdy, ojaklardaky gazanlarda palaw bişirilýärdi, gowurylýan goýun ýagynyň ysy gelýärdi. «Bu ýerde adamlary diňe ölüme äkitmekden başga-da naharlaýanam ekenler» diýip, Gurban begendi. Ynanç han uzyn boýly, gara sakgally, ýüzi salyk bir türkmene: – A-haw, Oraz çawuş! – diýip gygyrdy. Ol türkmen bolsa, öz baştutanyny görende baş egip, bilini bükdi. Ynanç han oňa: – Ynha, batyr urşujy Gurban gyzyk seniň ygtyýarynda bolmaly. Bu daýhançylykda gowy işledi, uruşda-da gowy jigit bolar – diýdi. – Muňa at bermelimi ýa bu pyýada urşarmy? – Oňa şemşir, at we başga-da näme gerek bolsa berersiň. Alla işiňizi oň etsin! – diýip, Ynanç han gitdi. Oraz çawuş on atlynyň baştutanydy. Olaryň hemmesi oduň başynda egrilişip otyrdy. Olardan eli susakly biri Gurbanyň salamyny alyp: – Şeýle uly naýza getireniň gowy bolaýdy. Meniň palaw bişirmäge odunym ýetmän durdy – diýip, Gurbanyň agyr naýzasyny aldy-da palta bilen çapyşdyryp, oda taşlady. Gurbany beýleki atlardan çetde daňylan bir daýaw demirgyr atyň ýanyna eltip, Oraz oňa şeýle diýdi: – Ine, şu seniň atyň bolar. Bu örän gyňyrdyr, art tarapyndan barmagyn, ýogsam depip öldürer, kelle tarapyndan baraga-da dessine başyny tutgun. Ýöne welin bu seniň bilen öwrenişer. Munuň bir zady erbet: nyzamda durmaýar, özi-de gallaw, ylaýta-da çapyp barýan wagtynda gallaw. Şoňa görä, başyny gowşak tutmagyn, ýogsam söweşde bu seni gös-göni tatarlaryň arasyna elter. Gurban seresaplyk bilen atyň ýanyna bardy, Gurban golaýlaşyp ugranda ol gulaklaryny gyrpyp, yzyna öwrülip depjek boldy. Gurban «Alla işimi oň etsin-dä hernä» diýip oýlandy-da odun başyna gaýdyp geldi. Oraz oňa bir ullakan, köne şemşir, birneme geýlen ýamaly ädik berip, agşam naharyna çagyrdy. Gurban şu ýerde özüniň edil beýlekiler ýaly hakykatdan-da urşujy jigit bolandygyny duýdy. Agşamara jigitleriň hemmesi atlaryna bol arpa berdiler, horjunlaryna-da arpa guýdular. Gurban hem şeýle etdi. – Häzir gyzgalaňly iş başlanar! Atlanyň! – diýip, Oraz çawuş gygyrdy. Hemmesi atlandy. Gurban özüniň uçganaklap duran atyna zordan mündi we başgalar bilen bilelikde Buharanyň darajyk köçeleri bilen ýola düşüp ugrady. – Duşmanyň üstüne çozuljak. Biziň näçämiz gaýdyp gelerkäk? – diýip, Gurbanyň ýanyndaky jigit çalaja seslendi. Şäher derwezesiniň ýanynda bular aýak çekdiler. Bu ýerdäki meýdana beýleki toplumlar ýygnanyşyp başlady, jemi bäş müňe golaý atly ýygnandy. Aýry-aýry toparlaryň baştutanlary atlaryny sürüp, Ynanç hanyň ýanyna bardylar. Ynanç han olara şeýle görkezmeler berdi: – Biz sary çadyryň üstüne çozarys, şol sary çadyrda tatarlaryň iň uly kagany oturandyr. Hemmesini çapyň! Ýesir almaly däl! Biz tatarlaryň arasynda başagaýlyk dörederis, biziň beýleki goşunlarymyz bolsa, ataşparazlaryň aňsatlyk bilen eýini ýetirerler. Batyrlara Allanyň özi medet berer! Demre gaplanan agyr derweze açyldy welin, atlylar şäherden çykyp ugradylar. Meýdana çykylandan soň Gurban alagaraňkyda özüniň önünden barýan jigitleriň diňe garasyny, uzakda bolsa, tatar lageriniň diňe tükeniksiz kän otlaryny görýärdi. Atlar gorgunlap ugrady, soňra kem-kemden çaltlaşyp, atlar aýak aldygyna goýberildi. Demirgyr atyň başyny Gurban çeke tutýan bolsa-da, ol agyzdyryklaryny çeýnäp, baş çekdirmän, aýak aldygyna gidip, Gurbanyň ýanyndaky jigitleriň duşundan emgenmän geçip ugrady. Bu bäş müň atly tatar lageriniň üstüne saklatmaz güýç bilen çozdy we ot ýanyp duran ýerlere uly gykylyk bilen aralaşyp, dagap ýatan ýükleriň we eýerleriň üstünden atlaryny bökdürip, adamlary gyran-jyran etdiler. Tatarlar hasyr-husur atlaryna münüp, dumly-duşa atlaryny gamça basdylar. Gurban beýleki atlylaryň arasy bilen özüniň agyr, köne şemşirini bulaýlap, gykuwlap barýardy, ol öňünden duşanlaryň biriniň boýnundan şemşirini saldy, başga-da birini serreltdi we tatarlaryň iň uly hanynyň sary çadyryna ýetjek bolup, elinde baryndan jan edýärdi. Emma bir görse, bütin otrýad tatarlary kowalaman, gaýtam atlaryň başyny başga ýana sowup, başga bir tarapa dazanaklaşyp gidip barýar. Onuň demirgyr aty-da öwrülip, beýleki atlylaryň yzyndan haýdady. Gurban şondan soň, diňe atym bilen bir çukura ýykylaýmasam ýagşydyr diýip Allany çagyrýardy. Atlar uzak wagtlap aýak aldygyna goýberildi, soň kem-kemden ýuwaşap, atlary ýöne ýöredip ugradylar, otrýad Buharadan günbatara tarap gidýän uly ýol bilen barýardy. Atlylar uzynly gije parahat ýol ýörediler. Ertirden soň Ynanç han gonmaly diýip yglan etdi. – Atlaryň dynjyny bereliň, soňra ýola düşüp, Seýhun derýasyna ýeteris, ondan geçip, Horezm şanyň goşunlary bilen birikmek üçin ýola düşeris. Şol demde uly galmagal we haýkylyk turdy – uzakdan tatarlar göründi. Olar dynç alyp duran lageriň üstüne uly galmagal bilen eňip gelýärdiler. Buhara atlylary hazzar atlanmaga ýetişdiler we namartlyk edip, söweşsiz gaçdylar, şonuň bilen-de özlerini ölüme sezewar etdiler. Ol otrýady tatarlar bütinleý diýen ýaly gyrdylar. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Her kim ölümden gorkup ýaşaýan bolsa, ol ölümden gutuljak bolup asmana dyrmaşaýsa-da, tapawudy bolmaz, ölüm onuň yzyndan ýeter!» | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |