17:47 Çingiz han -37: romanyň dowamy | |
Sekizinji bap
Taryhy proza
BUHARA SÖWEŞSIZ TABYN BOLDY Kim öz howzuny gahrymanlyk bilen ýaragly goramasa, onuň howzy weýran bolar. Kim gerek ýerinde sürünmese özüni harlar. (Arap nakyly) Ynanç hanyň bäş müň atlysy «Buharaýy şeribi» harby gahrymanlyk bilen goramagyň deregine masgara bolup gaçandan soň, şäheriň baş metjidine iň tanymal begler, ymamlar, alymlar, ulamalar, iň baý täjirler ýygnandylar. Olar uzak wagt maslahatlaşanlaryndan soň: – Egilen baş egilmedik başdan has aman bolar. Şona görä, Çingiz hanyň hyzmatyna gideliň – diýen karara geldiler. – Adam hemme ýerde adamdyr! Tatar hany biziň dilegimizi diňlär, çal sakgal ýaşulularyň aýdanyny eder we «magaryf äleminde ýallyrdawuk ýyldyz» bolup şöhratlanan gadymy şäheriň ilatyna rehim etse gerek – diýýärdiler. Begler, ymamlar, ulamalar we täjirler ýüpek-parça geýinip, şäheriň on bir derwezesiniň altyn açarlaryny kümüş mejmäniň üstünde goýup, üýşüşip derewezeden çykyp, sary çadyra tarap ugradylar. Kaganyň baş dilmajy şol bada atlanyp, bularyň öňünden çykdy. Gojalaryň käbiri ony tanady. Ol ozal Gürgenjiň baý täjiridi, oňa Mahmyt diýýärdiler, Ýalwaç diýen dakamy-da bardy, özüniň kerwenler bilen uzak wagtlap ýurt gezen wagtynda köp dilleri öwrenendigi üçin ol nle belli dilmaçdy. Gojalaryň iň tanymaly şeýle diýdi: – Biziň şäherimiziň iňňän gadymy galalary biçeme berk we belentdir, olary köp ýyllar boýy gabap ýatmasaň we köp tagalla etmeseň almak bolmaz. Şoňa görä, ilaty gan dökülmeginden dyndarmak we beýik patyşa Çingiz hanyň batyr goşunyna artykmaç emgek bermezlik hem-de pida çekdirmezlik üçin, eger mongol hökümdary boýun egenlere rehim etjekdigine wada berse, biz şäheri söweşsiz berýäris. – Sabyr ediň! – diýip, dilmaç jogap berdi-de atyny çalaja sürüp, sary çadyra tarap gitdi we gorkularyna sazanaklaşyp duran gojalaryň ýanyna edil şonuň ýaly alňasaman gaýdyp geldi. – Gulak asyň, ýaşulular, beýik kagan şeýle diýdi: «Galalaryň berkligi we barylmazlygy olary goraýanlaryň gaýratyna we güýjüne baglydyr. Eger siz söweşsiz boýun egýän bolsaňyz, derwezeleri açyp, maňa garaşmagy höküm edýärin». Gedem, tanymal gojalar sakgallaryny sypalap, kellelerini ýaýkap, biri-biriniň ýüzüne seretdiler. Olaryň ýüregine howsala düşdi, şäher ilatynyň başyna indi nähili gün geljegini öňünden bilmän, şähere gaýdyp geldiler. Buharanyň gadymy galalary şeýle bir belent we berkdi, hatda asuda ilat-da ony köp aýlap gorap biljekdi. Emma ol gün diňe namartlaryň sesi eşidilýärdi, göreşmegi talap edýänleri bolsa, alasamsyk hasaplaýardylar. Goranmak raýysy we onuň ýanynda galan urşujylar şäher derwezeleriniň açarlaryny butparazlara beren ymamlary we tanymal gojalary näletlediler we özleriniň iň soňky demine çenli söweşmegi ýüreklerine düwdüler. Olar Şähristanyň ortarasynda seňňerläp duran bir kiçeňräk galanyň içine girip, derwezäni içinden ýapdylar. Şäheriň on bir derwezesiniň hemmesini birden açdylar, onsoň tatarlaryň müňlerçe atlysy darajyk köçelere çaltlyk bilen gelip döküldiler. Olar doly tertip bilen geldiler, dürli otrýadlar aýry-aýry kwartallary alýardy. Şäheriň ilaty tamlaryň üstüne çykyp, uzyn ýally, pessejik atlaryň üstündäki sakgalsyz urşujylara wehim bilen seredýärdi. Şäherde dym-dyrslyk boldy. Diňe sary, uzyn tumşuk itler bu gelen üýtgeşik adamlaryň ýiti ysyny alyp, tüýlerini hüžžerdip we gözlerini gyzardyp, tamdan-tama böküp, jabjynyp üýrýärdi. Mongol urşujylary esasy köçeleriň hemmesine gelip girenlerinde, atlarynyň bolşy ýaly, Özleri-de edil dyzlaryna çenli demir sowut bilen basyrylgy, ak atly parraçlar otrýady göründi. Şu saýlama müň atlynyň arasynda, Gyzylgumdan ot belasy ýaly bolup peýda bolan Gündogar häkimi-de göründi. Iň öňdei atyň üstünde bir daýaw mongol galgap duran dokuz gurukly ullakan ak baýdagy göterip gelýärdi. Onuň yz ýany bilen iki sany atly ýanyp duran gara gözli, eýerlenmedik bir ak aty idip gelýärdi. Şolardan yzda uzyn gara geýimli beýik kagan gelýärdi, ol gaýyşdan edilen ýönekeý şaý-şaýmanly, göwüslek mele atyň üstündedi. Çingiz hanyň ýüzi salykdy, özi daýaw, küýküräkdi, bili bolsa, gaýyş guşaklydy, guşagyndan gara gynly egri gylyç asylgydy. Kellesinde gara demir telpek bardy, seňriginiň üstünden polat zolagy sallanyp durdy, ol hereketsiz çytyk ýüzli, uzyn çal sakgallydy, gözleri süzükdi – şularyň hemmesi ozal görülmedik zatdy we Horezm şalaryň altyna gaplanan hem-de gymmat bahaly daşlary ýalpyllaşyp duran ozalky bezegine meňzemeýärdi. Çingiz han şäheriň içindäki uly meýdana geldi, şol ýerde onuň saklawy bolup hyzmat edýän atlylar üç tarapda göni-geni hatarlar bolup nyzama durdular, meýdana geljek bolup dyzaýan märekäni meýdana golaýlaşdyranokdylar. Belent metjidiň basgançaklarynyň üstünde ruhanylar, kazylar we şäheriň begleri durdular. Mongol häkimi metjide golaý gelende, özleriniň patyşasy öňünde baş egip, ýere ýykylmaga endik eden märeke mele atyň toýnaklarynyň aşagyna baş egip, ýere ýykyldy. Diňe özüniň alymlygy sebäpli hekimiň öňünde ýere ýykylmakdan azat bolan birnäçe goja ulama ellerini, döşlerinde gowşuryp, dim-dik durdy. – Çingiz han patyşanşyň ömri uzak bolsun! Gündogar şamçyragynyň döwleti zyýat bolsun! – diýip, bir goja özüniň inçejik sesi bilen çirkin gygyrdy, bütin märeke-de ýerli-ýerden öz ugruna şol sözleri gaýtalady. Çingiz han gözlerini süzüp, metjidiň belent derwezesini nazary bilen /ölçedi we atyna gamçy çalyp, daşdan salnan basgançagyň üsti bilen ýokary sürdi. – Bu belent jaý şäher häkiminiňkimi? – diýip, kagan sorady. – Ýok, bu hudaýyň öýi – diýip, ymamlar jogap berdiler. Daş-töweregi parraçlary (şahsy saklawy) tarapyndan goralýan Çingiz han atyny uly-uly gymmat bahaly halylaryň üsti bilen sürüp, metjidiň içine girdi we adam boýundan-da ýokary daş söýgediň üstünde açylyp goýlan ägirt uly Koranyň ýanyna baryp, atyndan düşdi. Kagan öz kiçi ogly Tuli han bilen bilelikde, ymamlaryň adatça öwüt-ündew okaýan ýeri bolan memmeriň birnäçe basgançagyna çykdy. Ak we gök selleli garrylar onuň önünde gyslyşyp, onuň syh-syh sary sakgally, hereketsiz garamtyl ýüzüne gözlerini mölerdip, halklary aýylganç gyryjynyň rehimine ýa-da uly gazabyna garaşyp durdular. Çingiz han barmagyny çommaltdy-da bir garry ymamyň sellesini görkezdi: – Bu näme kellesine munça köp matany sarapdyr? Dilmaç ol garrydan sorap, kagana şeýle düşündirdi: – Bu ymam hudaýa ybadat etmek we Muhammet pygamberiň guburyna zyýarat etmek üçin Arabystana, Mekgä baryp gelipdir. Şol sebäpli bu şeýle uly selle saranýar. Çingiz han: – Onuň üçin bir ýana gitmek näme gerek, hudaýa hemme ýerde ybadat etmek bolar – diýdi. Ymamlar muňa geň galyp, agyzlaryny öweldip, seslerini çykarman durdular. Çingiz han sözüni dowam etdirdi: – Siziň şahyňyzyň dag ýaly uly jenaýatlary bar. Men asmanyň gazaby we jezasy bolup, ony jezalandyrmaga geldim. Şu günden beýläk Muhammet şaha hiç kim mesgen-de bermesin, bir penje un-da bermesin diýip höküm edýäris. Çingiz han ýene birki basgançak ýokary çykdy we metjidiň agzynda gyslyşyp duran urşujylaryna ýüzlenip gygyrdy: – Gulak asyň, meniň ýeňilmez esgerlerim! Meýdanlardan galla ýygnalypdyr, atlarymyzy bakara ýer ýok. Emma bu ýeriň ammarlary galladan doludyr we siziň üçin açykdyr. Atlaryňyzy däneden aldygyndan bakyň! Meýdanyň hemme ýerinde mongollaryň: – Buharanyň ammarlary biziň üçin açyk! Beýik kagan atlarymyzy däne bilen bakmagy buýurýar! – diýen gykylyklary ýaňlandy. Çingiz han memmerden düşüp, şeýle buýruk berdi: – Şu gojalaryň her biriniň ýanyna bir batyr goşulsyn, bular hiç bir zady gizlemän, baý öýleriň, gallaly ammarlaryň, harytly dükanlaryň hemmesini görkezsinler. Mürzeler baý söwdagärleriň hemmesiniň adyny şu gojalardan bilip, ýazyp alsynlar, şol baý söwdagärler Otrarda meniň täjirlerimi öldürip, şolardan alan baýlyklarynyň hemmesini maňa gaýtaryp bersinler. Meniň uruşyjylarym gerk-gäp bolar ýaly, şat bolup, aýdym aýdyp, oýun eder ýaly, baýlar şu ýere iýmit we içgi getirsinler. Men Buharany alanym üçin musulman Allasynyň şu öýünde şu gün baýram etjek. Gojalar mongol urşujylary bilen gitdiler we tiz wagtdan mis gazanlar, halta-halta tüwi, goýun etleri, bal, ýag we şeraply golçalar ýüklenen düýeleri idip gelmäge başladylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |