17:48 Çingiz han -38: romanyň dowamy | |
Dokuzynjy bap
Taryhy proza
«KERULEN SÄHRALARY OŇATLYK!» Baş metjidiň öňündäki meýdanda köp sanly ojak gazyp, ot ýakdylar, gazanlarda goýun guýruklary bilen et gowuryp, palaw bişirmäge başladylar. Çingiz han metjidiň agzyndaky beýik sekide ýüpek ýassyklaryň üstünde otyrdy. Onuň ýanynda serkerdeler we parraçlar gyslyşyp otyrdylar. Başga bir çetde Buhara sazandalary we Buhara gojalarynyň getiren, dürli taýpalardan bolan gyzlary her hili saz gurallarynda saz çalýardylar, deprek kakýardylar. Iň tanymal ymamlar we ulamalar mongollaryň atlaryna seredýärdiler, gujaklap bede dökýärdiler. Çingiz hanyň dilmajy Mahmyt Ýalwaç kaganyň golaýynda hemme zada saklyk bilen seredip otyr, onuň yz ýanynda onuň öňki söwdagärlerinden bolan üç sany mürze çök düşüp oturan ýerlerinden reňkli kagyz zolaklaryna çalt-çaltdan buýruk ýa-da mongol postlaryndan geçmäge rugsat haty ýazýardylar. Söbüklerine düşüp duran uzyn possunly, endam-janyndan ýarag asylan bir mongol oturanlaryň arasyndan geçip, Mahmyt Ýalwajyň ýanyna bardy-da onuň gulagyna çawuş çakdy: – Meniň saklawçylarym iki sany adamy tutdy, birisi porhan bolmaga çemeli, ol uzyp sopbaçly, beýleki bir oglan. Biz olary öldürjek bolanymyzda olaryň ulusy biziň dilimizde: «Bize Degme!» Mahmyt Ýalwaç biziň atalygymyzdyr – andamyzdyr...» diýdi. Porhanlara we jadygöýlere degmeli däl diýlip buýrulandygyna görä, onuň hem üstesine seniň «andaňdygyna» görä, men olara entek degmeli däl diýip buýurdym. Olary nätmeli? – Olary şu ýere getir!.. Ol mongol Hajy Rahym bilen Tugany alyp geldi. Mahmyt Ýalwaç elini salgap, olara mürzeleriň ýanynda halynyň üstünde ýer görkezdi. Çingiz han hiç wagtda, hatda içgili meýlisde-de huşuny ýitirmeýärdi we bir zady-da sypdyrman duýýardy. Ol nazary bilen Mahmyt Ýalwaja yşarat etdi welin, Mahmyt Ýalwaç ýerinden turup, onuň ýanyna bardy. – Bu adamlar kimler? – Seniň buýrugyň boýunça men çölüň içi bilen geçip barýarkam meni garakçylar ýaralanda, şu adam meni ölümden gutardy. Şondan soň men bu adam hakynda alada etmän durup bilerinmi? – Ony şonuň üçin ulaltmaga sana ygtyýar berýärin. Munuň sopbajy näme beýle uzyn? – Bu bilim ugrunda gezip ýören musulman, özi-de aýdymçy. Ol ik ýaly pyrlanyp, hakykaty habar berip bilýär. Beýle adamlary ýönekeý halk hezzetleýär, halat salýar. – Goý, ol meniň öňümde ik ýaly pyrlansyn. Musulmanlaryň oýun edişini bir göreýin. Mahmyt Ýalwaç öz ornuna gaýdyp geldi-de derwüşe şeýle diýdi: – Biziň hökümdarymyz seniň pyrlanyjy derwüşleriň oýnaýşyny görkezmegiňi buýurdy. Özüň bilýäň, Çingiz hanyň islegini ýerine ýetirmeseň, ol seniň kelläňi aldyrar. Bir gaýrat et, men sazyňy çalaýyn. Hajy Rahym torbasyny, okarasyny, käşgulyny we hasasyny halynyň üstünde goýdy. Ol ojaklaryň arasyndaky tegelek meýdança sessiz-üýnsüz çykdy. Bagdat derwüşleriniň duruşy ýaly – iki elini iki ýana ýazyp, sag eliniň barmaklaryny aşak ýatyrdy, çep eliniň barmaklaryny ýokary galdyrdy. Derwüş bir azajyk garaşyp durdy. Mahmyt Ýalwaç tüýdükde bir zaryn aýdym çalmaga başlady, onuň çalýan sazy kä çaganyň çyrlyşy ýaly, kä bilbilgöýäniň zaryn saýryşy ýaly çykýardy. Sazandalar ýuwaşlyk bilen deprek kakýardylar. Derwüş daş düşelgi meýdançada sessiz-üýnsüz aýlanmaga başlady, şonuň bilen bir wagtda ilki ýuwaşjadan, soňra barha çaltlaşyp pyrlanmaga başlady, onuň uzyn geýmine ýel düşüp, böwen ýaly çişýärdi. Tüýdügiň sesi barha zaryn hem howsalaly çykyp, birden hem kesilýärdi, şol wagt diňe deprekler kakylýardy, soňra ýene tüýdük çyrlaýardy. Ahyrda derwüş bir ýerde edil ik ýaly çalt pyrlandy-da aýalarynyň üstüne ýere ýykyldy. Nökerler ony ýerinden turzup, mürzeleriň ýanynda oturtdylar. Çingiz han: – Buhara oýunçysyna bir pyýala şerap bagyş edýärin, goý onuň kellesi ýerine gelsin, başy aýlanandyr. Ýöne welin biziň mongol oýunçylarymyz has ýokary bökýärler, aýdym aýdyşlary-da has batly hem ýakymly. Indi biz mongol aýdymçylaryny diňlemek isleýäris – diýdi. Kaganyň öň ýanyndaky meýdança iki sany mongol çykdy, olaryň biri garry, beýlekisi ýaşdy. Olar aýbogdaşyny gurup, ýüzbe-ýüz oturdylar. Ýaşy aýdyp başlady: Ýada düşse agyp-dönen meýdany, Atlar kişňär, aýak kakar ol sary. Gelinler aglaşar, döz etmez jany, Aýra düşse asyl ýurdy hem ýary. Bularyň töwereginde egrilişip oturan mongollaryň hemmesi aýdymyň gaýtalamasyny alyp göterdi: Aý meniň owazym, baý meniň adym! Garry mongol öz nobatynda aýdyma başlady: Depelerden-derelerden at salsaň, Belli bolar bedew atyň aýagy. Kagan bilen bu dünýäni aýlansaň, Goç ýigide garşy durmaz hiç ýagy. Ýene-de mongollaryň hemmesi aýdymyň gaýtalamasyny alyp göterdi: Aý meniň owazym, baý meniň adym! Ýaş aýdymçy dowam etdirdi: Bedew münseň alys ýoluň kastyna, Wehim edip duşman gaçar, kowular! Dogry sürseň her ganymyň üstüne, Uruş ýatar, dawa-jenjel sowular. Mongollar ýene gaýtalamany aýdandan soň, garry mongol aýdyp ugrady: Çingiz hany tanar bir gören adam, Dünýäde onuň deý pälwan tapylmaz. Arşa ýetsin onuň şöhradam, adam, Ol amanka bize ýagy topulmaz. Mongollar: – Çingiz hanyň şöhratyny artdyralyň! – diýip gygyryşdylar, märeke bolsa – Şu günem şatlanalyň! – diýip goldady. Hemmeler gykuwlaşdylar, çapak çaldylar. Aýlawyň ortarasyna oýunçylar çykyp, ýüzbe-ýüz iki hatar bolup durdular. Mongollaryň aýdymyna we deprekleriň kakylyşyna goşup, aýylaryň hereketine öýkünip, iki ýana ýaýkanyp, aýaklaryny tarpylladyp we ýeserlik bilen biri-birleriniň dabanyna depip, bir duran ýerlerinde oýnamaga başladylar. Olar birden hanjarlaryny syryp, güýçli ýanyp duran otlaryň ýagtysynda hanjarlaryny lowurdadyp bulaýlap, ýokary-ýokary bökmäge başladylar. Çingiz han syh-syh sary sakgalyny boldumly bäş barmagy bilen penjeläp, gyrpyldaman köz ýaly ýanyp duran gözlerini çüýjerdip, butnaman we sesini-üýnüni çykarman otyrdy. Oýun we gykylyk birden kesildi... Başga bir aýdymçy Çingiz hanyň gowy görýän tukat we dabaraly aýdymyna başlady: Ýatlalyň-a, ýatlalyň, Mongol çölün ýatlalyň. Mawy Kerulen bilen, Altyn Onon ätleliň! Mongollaryň goşuny Aldy duşman daşyny. Boýun egmezek taýpalaň Naýza sançdy başyny. Paýhyn edýäs illeri, Düýpden kesýäs dilleri. Gyzyl gana boýadyk Kölden akýan silleri. «Çap başyny, ser läşin, Gyr garrysyn, çap ýaşyn! Eňresin bütin älem, Syrtmaga salyp başyn!» Mor sakgal bolsa diri, Oldyr ýer-gögüň şiri, Otla diýp höküm kyldym, Syryp egri şemşiri. Balamdyr – bal iýdirin, Ýüpek parça geýdirin. Dünýäniň bary meňki, Bökder eýere diýdirin. Hiç gorkym ýok ölümden, Geler her iş elimden. Ýere-göge höküm edip, Ýelmeşeris berk ýelimden. Sur aty, öňe haýda, Çapgyr at barsa kaýda, Kölegesi il örüzer, Ýow goýmaz jelegaýda. Ýörgür atym çekdirmez, Sagra gamçy urdurmaz. Barman ýeriň çetine, Atym bärlerde durmaz. Çingiz han özüniň gowy görýän aýdymyny diňläp yranyp we gyryk sesi bilen çalajadan hiňlenip otyrdy. Onuň gözlerinden boýur-boýur ýaş dökülip, syh-syh sary sakgalyndan syrygyp gidýärdi. Ol özüniň samyr derisinden tikilen possunynyň etegi bilen ýüzüni süpürdi-de aýdymçynyň öňüne bir tylla dinar taşlady. Aýdymçy ony gapdy-da başyny aşak egip, ýeri öpdi. Çingiz han şeýle diýdi: – Uzak Kerulen hakyndaky aýdymdan soň meniň bagrymy gam-gussa gemirýär... Meniň göwün açasym gelýär! Mahmyt Ýalwaç! Şu gyzlar göwün açyjy aýdym aýdyp, meni şatlandyrsynlar! – Men seniň nähili aýdymlary halaýandygyňy bilýärin, hökümdarym, häziriň özünde baryp, aýdymçy gyzlara düşündireýin... – diýdi-de, Mahmyt Ýalwaç pessaý-pessaý ýöräp, Buhara aýdymçy aýallarymyň ýanyna bardy-da, olar bilen pyşyrdaşdy. – Indi siz çagasyndan jyda düşen möjek ýaly uwlan, goý erkek adamlar-da uwlasynlar... Ýogsam siziň täze hökümdaryňyz ýaman gaharlanyp, siziň saçyňyzy kelläňiz bilen bile keser... Aýallar esremäge başladylar, Mahmyt Ýalwaç bolsa, hil bir iş bitiren ýaly bolup, mongol hökümdarynyň ýanynda öňki oturan ýerine gaýdyp geldi. Aýdymçy gyzlaryň öň ýanyna gök selleli we uzyn ala donly bir oglan çykdy. Ol aýallara tarap öwrülip: «Gorkmaň! Men aýdaýyn!» diýdi-de dury, näzik ses bilen aýdyp ugrady. Onuň aýdymy hasratlydy we otlaryň şatyrdysyndan, atlaryň burunlaryny tazlatmasyndan we deprekleriň çalaja tygyrdysyndan başga seda çykmaýan meýdanda ýekelikde ýaňlanýardy Açylan lälezar ilim Gülüstan, Ýakyldyň, ýykyldyň haraba döndüň! Höküm sürýär mongol depeläp bostan, Sen bolsa bir çagşan araba döndüň. Aýdymçy gyzlar aýdymyň gaýtalamasyny hasratly zarynladylar: Aglaýar çagalar, gul düşen gyzlar: Yn-ha-a! Yn-ha-a! Yn-ha-a!.. Gyzlaryň yzy bilen şu meýdandaky Buhara garrylarynyň hemmesi aýylganç zaryn ses bilen gygyrdy: Aý Horezm! Waý Horezm! Oglan aýdymyny dowam etdirdi: Dagdan inip, Zerawşany sil aldy, Gözýaş bilen gana batyp, nil aldy, Ýurduň ýandy, genjiň başga il aldy, Halkyňy gyrdyryp mazara döndüň. Ýene-de gyzlar aýdymyň gaýtalamasyny aýtdylar: Aglaýar çagalar, gul düşen gyzlar: Yn-ha-a! Yn-ha-a! Yn-ha-a!.. Onsoň ýene-de Buhara garrylary aýylganç zaryn ses bilen alyp göterdiler: Aý Horezm! Waý Horezm! Horezmlilerden diňe biri, ýagny daş ýürek Mahmyt Ýalwaç sesini çykarman, hüşerlip, garrylara gözüniň gytagy bilen seredip otyrdy. Heniz hem hamsygyp oturan Çingiz han: – Bu oglan näme aýdýar? Bu garrylaryň uwlamasy näme? – diýip sorady. – Bular edil seniň halaýanyň ýaly aýdym aýdýarlar – diýip, Mahmyt Ýalwaç düşündirdi. – Bu aýdymda bular öz watanynyň berbat bolandygyna aglaýarlar. Garrylar bolsa «Waý, Horezm!» diýip, eňreýärler, özleriniň öňki şöhratynyň geçendigine aglaýarlar... Çingiz hanyň garamtyl ýüzi büzülip, durşuna ýygyrt-ýygyrt boldy, agzy ýylgyrýan ýaly bolup ýazyldy. Ol edil mähnet köpek üýrýän ýaly edip, birden hahahaýlady-da ýasy penjeleri bilen äpet garnyna patladyp urmaga başlady. – Men ine şu hili aýdymlary gowy görýärin! Bu oglanjyk gowy uwlaýar, edil aglaýan ýaly! Beýik Çingiz hanyň gülýän wagty, goý, bütin älem aglasyn!.. Men boýun egmezek başy dyzymyň astyna salanymda, duşmanyň iňlişine, ýalbaryşyna, gezlerinden bolsa, umytsyzlyk gözýaşlary dökülip, hor düşen ýaňaklaryndan syrygyşyna seretmegi gowy görýärin...1 Men şunuň ýaly zaryn aýdymy halaýaryn! Şunuň ýaly aýdymy çalt-çaltdan diňläsim gelýär... Bu oglan nireli? – Bu oglan däl, buharaly gyz, Bent Zankyja. Bu okamaga we ýazmaga ökde, şoňa görä ol hem alym mürzeleriňki ýaly selle saranýar. Bu gyz şanyň sene ýazuwçysynyň şägirdidir. – Munuň ýaly ýesir gyz selçeň duşýar! Goý bu gyz meniň meýlislerimde özüniň zaryn aýdymyny aýtsyn, musulmanlar bolsa, onuň aýdym aýdýan wagtynda aglasynlar, menem şatlanaýyn! Buharada ýesir alnan gyzlaryň hemmesini meniň urşujylaryma paýlamaly, bu gyz bolsa, meniň ýanymdan aýrylmaly däl diýip buýurýarys... – Baş üstüne, beýik hökümdar! Çingiz han ýerinden turdy. Daş-töwerekde oturan mongollaryň hemmesi zöwwe turdy we özleriniň käsesinde galan şeraby «ýeňiş» hudaýynyň hatyrasyna» ýere serpip goýberdiler. – Men ýola düşýärin. Meniň atymy getiriň. Şu şäherde Tahyr han häkim bolup galmaly, hemme adam şoňa boýun egmeli – diýip, Çingiz han höküm etdi. Ýanyp duran otlaryň yşygyndan we doluşmadyk aýyň tutuk ýagtysynda Çingiz han özüniň göwüslek mele atyna atlandy. Parraçlar otlaryň arasynda ylgaşyp, Buhara garrylary tarapyndan idedilip durlan atlarynyň ýanyna bardylar we az mahaldan soň atlylar ulgamy hatarlanyşyp, daş düşelen ýollarda uly güpürdi turzup, meýdanyň içi bilen garaňky köçe çykyp ugrady. Birinji kitabyň soňy. __________ 1 Raşideddin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |