08:31 Çingiz han -3: romanyň dowamy | |
Üçünji bap
Taryhy proza
SÄHRA JIGIDI Goja ýerinden turup, daşary çykdy. Olaryň daşarda edýän gürrüni içerdäkilere zordan eşidilýärdi. Gelen atly ýigit: – Ol näme üçin bu ýere gelipdir? Ýa-da ajaly ýetdimikä? – diýip, gyryk ses bilen pyşyrdady. – Üçüsi-de meniň myhmanym. – Men olaryň gözüne görkezerin... – Men olara degdirmerin. Seniň bu täze bäş bendiň nireden? – Bular ökde ussalar: misgärler we ýarag ýasaýanlar. Bular kerwen bilen gelýän ekenler. Men ol kerweniň «sakgalyny gyrkjakdym» welin, bir ýerden bir tanymal beg üçin jeren gaýtarýan iki ýüz atly peýda bolaýdy. Düýeleri taşlamaly boldy, kerweniň adamlary gaçyp pytradylar, men diňe şu bäş ussany kowup getirdim. Men indi bulary Mara iberip, gowy baha bilen sataryn. – Alla işiňi oň etsin! Öý eýesi bilen täze myhman gelip öýe girdi. Bu gelen nätanyş uzyn boýly, göni gerdenli we inçe billi ýaş ýigitdi. Gapdalynda ýaşyl mişi gynly uzyn hanjary sallanyp durdy. Düýe derisinden taýynlanan gaýyşdan tikilen uzyn hem inçe ökjeli mele ädigi, silkme telpegi we aýratyn biçimli gara çäkmeni onuň türkmendigini aýdyp durýardy. Muny onuň ýaňak süňkleri az-kem güberilip duran bugdaý reňk dogumly ýüzi-de tassyklaýardy. Öý eýesi oňa: – Oduň başyna geçip otur! – diýip, mürehet etdi. Emma myhman tördäki halynyň üstüne geçmän, öňküsi ýaly iç işikde durdy. Onuň gözleri mölerilip, hüwiniňki ýaly tes-tegelek boldy. Jelaleddin ýüzüni galdyrman: – Kim borsuň? – diýip sorady. – Gumly... – Çarwadarlyk edýäňmi ýa başga kärdemisiň? – Men kerwen täjirleriniň sakgalyny gyrkýaryn... Beýle jogap, sähra adatlaryna görä, edepsizlikdi. Ot başynda duşulanda, gowy geýimlä, erbet geýimlä tapawut goýman, hemme deň bolýar, saglyk-salamatlyk soraşýarlar, mal-garanyň ýagdaýy, ýoluň uzaklygy hakynda sypaýyçylykly sowal-jogap alyşýarlar. Bu gelen ýigit dawa gözleýän bolmaga çemeli. Jelaleddin oňa bir seretdi-de, ýüzüni aşak saldy, onuň dodagynyň bir çeti çalaja titräp gitdi. Atly-abraýly han bir gumly çarwa bilen kejeleşer durarmy? Ol türkmen ýigidi birsellem dymyp durandan soň: – Öý eýesiniň aýtmagyna görä, sen Gürgenç ýoluny gözleýärmişiň. Men seni ugradyp bilerin – diýdi. Jelaleddin gaýduwsyz batyrdy, emma onuň aty ýadawdy. Bu ýerde oňa howp salýan zat ýokdy, ony myhmançylyk adaty goraýardy. Ýolda bolsa ýaňy-ýakynda hanyň jereni awlajak bolup kowalaşy ýaly, bu türkmenem hanyň özüni awlajak bolar. Şol sebäpli: – Men häzir Gürgenje gitjek däl – diýip, han jogap berdi. – Biziň hasratly dünýämizden gitjek bolup ol iňläp ýatan kim? – Muny garakçylar ýaralapdyr – diýip, derwüş jogap berdi. – Bu garadan gaýtmaz Gara Hanjaryň işidir. Ol sähra barsynyň aýap goýýan adamy ýokmuş diýýärler. – Näme Gara Hanjary başgalar talan däldir öýdýäňmi? – Meniň ýaly, çöl-beýewanda ser-sepil bolup ýöreniňem bir öýden zady bormy? – diýip, derwüş jogap berdi. – Gara Hanjar suwsuz-sölsüz, ot-çöp bitmeýän şorlukda ýaşaýar. Ol çägä sümülip gidýän suwulgan dek suwulyp, gamyşlyga girip gidýän ýylan dek tutdurmazakdyr. Onuň ýanyna hiç kim baryp bilmez, emma ol hemme ýere ýeter. Jelaleddin közüň üstündäki çişligini beýlesine agdardy-da göwrümi giňlik bilen şeýle diýdi: – Kim çapawullyk edip, at gazanjak bolýan bolsa, onuň kellesi Gürgençde taýaga sanjylyp, hemmäniňkiden ýokary göteriler. Türkmen ýigidi kem oturmak islemedi. – Gara Hanjar päli azanyň yzyndan ýetýän gije kölegesidir. Gara Hanjar ar hanjarydyr, gahar-gazap naýzasydyr, hasaplaşyk hanjarydyr. Indi Gara Hanjar ýerden ýeke çykan ýaly bolup galdy, onda ne ogul bar, ne dogan. Bir gün geler, ol öler, şonda onuň häzirki ýurdy boşap galar. Şol gowumy? Jelaleddin: – Ýok, gowy däl – diýdi. – Gara Hanjaryň ozal çal sakgal atasy-da bardy, arslan ýürekli doganlary-da bardy, mähriban uýalary-da bardy. Emma Muhammet şa bir ýüz at gerek bolanda, gypjak nökerleri bilen biziň ýaýlalarymyza dökülip, bir ýüz atyn deregine atlaryň iň gowularyndan üç ýüzüni alyp gidýär. Pylan çarwalaryň pylan ýerde bir gedem gypjak hanyny talanlary üçin temmi berýärin diýip, aýallaryň kümüş şaýlaryny sypyryp äkidýär. Şanyň köşgünde üç ýüz aýaly bar bolsa-da, ol özüniň gypjaklary bilen gelip, biziň obamyzyň iň gowy gyzyny, ýüz ýigidiň aşyk bolup, jedelleşip, arzuw edip ýören gyzy bolan Güljemaly alyp gidýär-de, ony üç ýüz birinji aýalym diýip, öz köşgünde zorluk bilen saklaýar. Şeýtmek gowumy? – O-da gowy däl. Ýöne ýüz ýigidiň arzuwy bolan iň gowy gyzyň ýaýlaňyzdan äkidilmegine ýol berendikleri, ony olaryň elinden alyp galmandyklary welin hiç hem gowy däl – diýip, Jelaleddin giňlik bilen aýtdy. – Ol wagt ýaýlamyzda biziň ýigitlerimiz ýokdy. Gypjaklar mekir, biziň üstümize haçan geljeklerini bilýärler. – Gulak as, ýigit – diýip, Jelaleddiň ýüzüni ýokary galdyrdy. – Seniň aýtmagyňa görä, ataň, erkek doganlaryň, uýalaryň bar ekeni. Olara näme boldy? – Ak sakgal atamy şanyň jellatlary tutdular. Gürgenjiň meýdanynda dabanyndan başlap, dogram-dogram etdiler. Erkek doganlarymyň hersi bir ýana gaçyp gitdi. Uýalarymy gypjak atlylary tutup, alyp gitdiler. Şeýtmek gowumy? – Beýtmegem gowy däl. – Men indi bu ýagty jahanda nirä başymy alyp gideýin? Indi mende näme alaç galdy? Jelaleddin ýüregi joşup, şeýle diýdi: – Eger seniň ýalkymly dembermeziň seniň eliňde mähriban taýpaňy goramak üçin lowurdaýan bolsa, kerwen ýollaryndaky güýmenjäňden başga-da, gahrymanlyk görkezmekçi bolsaň we biziň ýaşyl baýdagymyza arkadaýanç bolmak isleýän bolsaň, meniň ýanyma Gürgenje gel, nähili edip şöhratly at gazanmalydygyny men saň öwredeýin. Türkmen ýigidi gaharlanyp, dodaklaryny ýeňi bilen süpürdi-de şeýle jogap berdi: – Gulak as, beg ýigit. Men Gürgenje barsam, şanyň jansyzlary, şagal ýaly bolup, meniň yzyma düşüp, sümsünişip ugrarlar, emma men olaryň eline düşmerin, tutluşykda bu kelläni goýaryn. Beýtmek gerekmi? Jelaleddin: – Beýle bolmaz – diýdi. – Gürgenjiň Günbatar derwezesine baranyňda, uzyn-uzyn derekli bir bag görersiň. Derweze sakçylaryna: «Täze köşk, Tyllaly çarbag şumy? Meni bagyň eýesiniň ýanyna eltiň!» diýersiň-de şu kagyzy görkezersiň. Jelaleddin mämişi sellesiniň gatlarynyň arasyndan bir tagta kagyz aldy, başam barmagyndaky tylla ýüzügini çykardy. Ýanyp duran kesindini alyp, onuň tüssesine ýüzügiň möhürjigini tutdy we kagyzyň bir çüňküni ölläp, ýüzügi basdy. Jelaleddinin möhür ýaly edilip haşamlanan ady kagyzyň ýüzüne owadan buýra ýaly bolup düşdi. Soňra ol kagyzy düýrläp, iki epledi-de dyzynyň üstünde düzläp, türkmen ýigidine uzatdy. Türkmen ýigidi bolsa kagyzy alyp, ýüzüne syldy-da guşagyndan asylan, gow üçin bolan mis gutujygyna saldy. – Men seniň sözüňe ynanýaryn, beg ýigit, men bararyn. Hoş galyň – diýip, türkmen ýigidi gapynyň eňsisini serpip, çykyp gitdi. Öý eýesi sesini-üýnüni çykarman, onuň yzy bilen daşary çykdy. Daş işikde ojagyň üstünde ullakan mis gazan gaýnaýardy, onuň beýle ýanynda, gary eräp, öl bolan ýerde sal-sal geýimli, ysgyndan gaçan baş sany gul otyrdy. Olaryň hemmesiniň eli arkasyna gaňyrlyp daňylypdyr, boýunlaryna ýüp salnyp, ýüpleriň ujy ýogyn bir urgana daňylypdyr. Gullaryň beýle ýakynda boýny kümüş dogabagly, gaňtarylgy bir beýik mele at durdy. Ýesirlerin daňylan ýüpüniň ujy eýeriň gaşyna oralgydy. Türkmen ýigidi gelip, atyna mündi. – Ýörüň, dini başga haýwanlar! Tiz ýöräň, ýogsam çapym-çapym edip, maslygyňyzy ýoluň ugrunda serip giderin. Bäş sany gul turup, biri-biriniň yzyndan yrgyn atyp ugrady. Türkmen ýigidi gamçysyny bir galgatdy, tiz wagtdan alaňyň aňyrsynda gözden ýitdiler. Öý eýesi içerik girdi. – Hormatly myhman, uzakdan bir bölek atly göründi, özleriniň-de ýüzi bärik. – Bilýärin, Horezm şanyň atlylary meni gözleýändirler. Meniň ýaňky gepleşenim kimdi? – Ol – diýip, öý eýesi göýä ýaňky türkmen ýigidiniň gaýdyp gelmeginden gorkýan ýaly pyşyrdap sözüni dowam etdirdi: – Ol Garagumuň barsy, kerwen ýollarynyň piri, owazasy dag aşan Gara Hanjardyr, hernä hudaýyň özi oňa ynsap bersin-dä! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |