12:08 Çingiz han -40: romanyň dowamy | |
Ikinji bap
Taryhy proza
SAMARKANDYŇ ÝAŞULULARY ŞÄHERE HAÝYNLYK ETDILER Hemmäniň başyna ýeten – sizin azgynlygyňyz we keýpi-sapaňyzdyr. Sizin barmaklaryňyzdaky hyna däldir, ýok, ol gandyr! (Riza Tewfik) Çingiz han ýylan ýylynyň (1220-nji ýylyň) alabaharynda Buharadan Samarkanda ugrady. Goşun Zerewşanyň iki ýan kenary bilen barýardy. Kagan özüne tabyn bolýanlara bu gezek aýratyn horluk bermän, Seripul we Dabusie şäherleriniň daşyny gabamak üçin birnäçe otrýad goýup gitdi, bu şäherler mongollar gelmänkä öz derwezelerini ýapypdylar. Çingiz han Samarkandyň ýanyna gelip, Horezm şanyň şäherden daşardaky köşgi «Gök saraýda» gondy, Şol ýere onuň dört oglunyň otrýadlary we mongollaryň mal süren ýaly, gamçy bilen kowup gelýän ýesirleri gelip ugrady. Şu otrýadlaryň hemmesi şäheriň gyra-töwereginde ýerleşip, şäheriň daşyny gabadylar. Horezmiň ähli şäherlerinden Samarkant has berk şäherdi. Kär edip bolmajak galyňlykdaky gadymy belent diwarlarynyň demre gaplanan derwezeleri we gapdallarynda didewanlary bardy. Şäheriň garnizony bir ýüz on müň esgerden ybaratdy. Şolaryň altmyş müňi türk şiwelerinde gepleýärdi, olar esasan gypjaklardy, beýleki goşunlar täjiklerden, gurlardan, gara hytaýlardan we beýleki taýpalardan ybaratdy. Ýigrimi sany-da örän aýylganç görnüşli we söweşjen pil bardy, Horezm şa olaryň kömeginden köp tama edýärdi. Mundan başga-da, senetçilerden we olaryň köp sanly gullaryndan ybarat asuda ilatdan bütin bir meýletinler goşunyny ýygnamak boljakdy. Eger Samarkandy goramaklyga Kaýyr han ýa-da Temur Mälik ýaly, köp synaglardan geçen gaýduwsyz serkerde baştutan edilip goýlan bolsa, onda şäher uzak wagtlap, azyndan bir ýyl, tä azyk zapaslary gutarýança saklanardy. Emma Horezm şa özüniň daýysy, ulumsy Tokaý hany Samarkant goşunlarynyň baştutany edip belledi, ol hiç wagtda serkerde bolmandy, Horezm şanyň ýigrenilýän ejesi Türkan Hatynyň doganydy. Çingiz han iki günläp, şäheriň daşyna aýlandy, diwarlara seňňerlere, suwdan püre-pür edilip goýlan çuň garymlara seredip çykdy, ol şäheriň goralyşynyň gowşak ýerlerini gözleýärdi we hüjüm etmegiň planyny pikirlenip görýärdi. Mongollar özleriniň hakyky güýçlerini bildirmejek bolup we daşy gabalanlary gorkuzjak bolup, sürüp getirilen ýesirleri söweş tertibinde durzup, her on adama bir tug berdiler. Samarkandyň ilatyna şäheri duşmanlaryň san ýetmez kän goşuny gabap alan ýaly bolup görünýärdi. Türk goşun serkerdeleri Alp Är han, Süýnji han we Balan han özleriniň gypjak otrýadlary bilen şäher derwezelerinden çykyp, mongollaryň üstüne çozdular. Örän güýçli söweşler boldy. Musulmanlar birnäçe mongoly ýesir aldylar, emma özlerinden-de müňe golaý adam öldi, şondan soň olar şäher galasyna gaýdyp geldiler. Şol günüň ertesi gypjak urşujylary şäherden çykmaga göwnemediler. Samarkandyň ilatyndan bolan meýletinler. birden şäherden çykyp, duşmanyň üstüne çozdular. Mongollar jögülik edip, gaçan boldular, Samarkantlylar olary kowalap gidip barmana mongollaryň bukuda oturan goşunlarynyň üstünden bardylar – garaşyp oturan mongol urşujylary dumly-duşdan olaryň üstüne çozup, samarkantlylaryň yza çekilmeli ýoluny kesdiler, şondan soň olaryň hemmesini diýen ýaly gyrdylar. Diňe az-az adam şähere dolanyp geldi. Üçünji gün ertir ir bilen, Çingiz han atyna münüp, Samarkandy zabt etmeklige hut özi ýolbaşçylyk etdi. Ol özüniň ähli goşunlaryny diwarlaryň töwereginde we ähli derwezeleriň garşysynda ýerleşdirdi. Mongollar şäherden çykýanlaryň üstüne çozýardylar, özleriniň berk dartylan ullakan, örän uzaga atýan ýaýlarynyň oky bilen urýardylar, olar çykyp söweşýän batyr-batyr ýigitler bilen uzynly gün, agşama çenli söweşdiler, agşam düşenden soň iki tarap hem özleriniň goşuna gaýdyp bardy. Şol gijäniň özünde Samarkandyň iň tanymal adamlary – baş kazy, ruhanylaryň baştutany şyhul-yslam we metjitleriň iň uly ymamlary bilen şäherden çykyp, kaganyň lagerine tarap ugradylar. Olar daşy gabalan şähere mongol häkiminiň rehim etmegini soradylar. Çingiz han «öz gahar-gazabyndan aman saklajakdygyna wada berdi we olara öýlerine gaýtmaga rugsat berdi», şondan soň ilçiler begenişip, şähere gaýdyp geldiler. Şol wagt içerki gala girip saklanan batyrlar otrýadyndan beýleki gypjak hanlary ähli goşunlaryň baştutany Tokaý hanyň yzyna düşüp, mongollar bilen salamlaşmaga bardylar we özleriniň Çingiz hanyň hyzmatyna kabul edilmeklerini teklip etdiler. Çingiz han merhemetli ýylgyran bolup, muňa-da razylaşdy. Şäheriň gabalmagynyň altynjy güni ertir ir bilen esasy «Namaz derwezesi» açyldy we mongollar Horezm şanyň paýtagtyna gelip döküldiler. Olar ýesirleri sürüp getirdiler-de olara diwarlary ýykmagy buýurdylar. Şähere zyýan ýetirmezlige Çingiz han wada beren bolsa-da, Samarkandyň ähli erkek adamlaryny we aýallaryny ýüzlüklere bölüşdirip, meýdana kowup çykardylar, şol ýerde mongollar olaryň barja zadyny talap aldylar, dürli horluklara sezewar etdiler. Diňe az-az adamlara, ýagny haýyn baş kazynyň we haýyn şyh-ul-yslamyň degmesiz diýen adamlaryna mongollar degmediler. Ilat şäherden çykarylanda äýde gizlenip galan her bir adamyň ganyny dökmäge mongollar haklydyrlar diýlip ilata yglan edildi. Şol buýrukdan peýdalanyp, mongollar asuda ilatdan birentek adamy öldürdiler. Gypjaklaryň otuz müň urşujydan ybarat goşuny özleriniň aýallary we çagalary bilen bilelikde, Horezm şanyň daýysy Tokaý hanyň yzyna düşüp, duşmanlara gulluk etmek üçin şäherden çykdy. Mongollar olara mongol ýaragyny bermegi wada berip, ýaraglaryny bir ýerde üýşürip goýmagy buýurdylar. Gypjaklar Çingiz hana gulluk etmäge gelen bolsalar, olaryň keşbi-de mongollaryňky ýaly bolmalydyr diýip, mongollar yglan etdiler. Şoňa görä, olaryň saçyny ýarym aý şekilli edip syrdylar. Olara lager üçin, mongollar aýratyn bir jülgäni görkezdiler. Şol ýerde gypjaklar öz çadyrlaryny dikip, öz maşgalalary bilen ýerleşdiler. Şol günüň ertesi bolsa, mongollar duýdansyzlykda olaryň üstüne çozdular, olaryň hemmesini gyryp, emläklerini taladylar. Ölmän galanlar ölen gypjaklar hakynda: «Olaryň söweşmäge-de gaýraty ýetmedi, gaçmaga-da» diýdiler. Şol gijäniň özünde içerki galadaky garnizondan Alp Är hanyň ýolbaşçylygy astynda bir müň batyr jigit daşary çykdy. Olar mongollaryň arasyndan batyrgaýlyk bilen urup geçdiler-de garaňkylykdan peýdalanyp, gözden ýitip gitdiler. Soňra olar Jelaleddiniň goşunyna baryp goşuldylar. Galany goraýjylaryň galanlary özleriniň söweşmeklerini dowam etdirdiler. Şol wagtda mongollar ussatlyk bilen gurşundan emele getirlen Şakäriz kanalynyň bentlerini ýykdylar. Içerki galanyň daş-töweregini suw aldy, galanyň käbir ýerleri ýykyldy, şol sebäpli emele gelen gädiklerden mongollar galanyň içine dökülip, ol ýerde gören adamlaryny gyrdylar. Mongollar şäherden çykarylan ilatyň arasyndan ökde senetçileri özleriniň uzakdaky Mongolystanyna ibermek üçin saýlap aldylar. Senetçiler bolsa, kagyz işläp çykarmaga, kümüşsöw ýüpek parça, ýaglyk dokamaga, deri eýlemäge, at şaý-şaýmanlaryny taýynlamaga, uly-uly mis gazanlar, her dürli kümüş we metal bezeg şaýlaryny, gaýçy, iňňe, ýarag, ýaý, sowut, başga-da köp dürli gymmatly zatlary ýasamaga ökde meşhur senetçilerdi. Iň gowy ussalaryň hemmesi gul edilip, Çingiz hanyň ogullaryna we garyndaşlaryna berlip, Mongolystana iberildi, şol ýerde olar soňra aýratyn senetçiler posýoloklaryny emele getirdiler. Mongollar soň-soňlaram her dürli senetçileri, ýigit we güýçli işçileri Samarkantdan telim gezek äkitdiler, netijede Samarkant we onuň töwerekleri boşap, uzak wagtlap çolaryp galdy. Samarkandyň içerki galasy alnandan soň Çingiz han şäheriň içine aýlandy, şäherde öldürilen adamlaryň meýitleri münder-münder bolup ýatyrdy, şondan soň Çingiz han şäherden daşardaky köşge dolanyp bardy. Başlanan yssylara mongol häkimi çydap bilmeýärdi, şäherden daşardaky köşgüň kölegeli baglary onuň janyna ýetişýärdi. Bozulyp ugran maslyklaryň erbet porsusyndan şäherde durup bolmaýandygyna görä, ilat şäherden çykyp gidýärdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |