12:10 Çingiz han -41: romanyň dowamy | |
Üçünji bap
Taryhy proza
HOREZM ŞA HIÇ ÝERDE YNJALYK TAPMAÝAR Adam namartlasa, onuň aty-da aýagyny ýitirer. (Gündogar nakyly) Horezm ilini mongollaryň talaýan wagtynda Muhammet şa Horezm ilinden uzakdady. Ol wakalaryň mundan beýläk nähili boljakdygyna Jeýhun derýasynyň ýakasyndaky Kelif şäherinde kiçijik bir otrýad bilen garaşyp durdy. – Meniň maksadym mongollary Jeýhun derýasyndan geçirmezlik. Men tiz wagtdan Eýranda täze, ullakan goşun ýygnaryn, şondan soň bu elhenç ataşparazlary kowaryn – diýip, ol gürrüň berýärdi. Bir künjegi derýanyň üstüne abanyp duran gaýanyň süýr depesinde bir inçejik minara bardy, şoňa kiçeňräk-kiçeňräk jaýlar ýelmeşip otyrdy. Şolaryň daşynda egrem-bugram edilip salnan gadymy gala bardy. Horezm şa şu ýerde içini gepledip, hasratlanyp ýördi. Minaranyň üstünde hemişe bir sakçy durup, demirgazyga seredýärdi. Uzakdaky baýyrlaryň üstünde ot ýakylýardy, gündizine bolsa sütün ýaly bolup al-asmana galýan tüsse duşman goşunlarynyň hereketi hakynda habar berýärdi. Muhammet çendan ýarym gaýadan düşüp, derýanyň ýakasyna barýardy, derýanyň şol ýerinde burunlaryny ýokary galdyryp duran tagaşyksyz gaýyklar bardy, Şa gaýaly kenarlaryň arasy bilen okgunly akýan bulanyk suwa seredýärdi. Onuň goşunynyň köp essesi kem-kemden Jeýhunyň beýleki kenaryna geçipdi, şol ýerde baýyrlaryň üstünden gadymy Kelif şäheriniň jaýlary görünýärdi. Birmahal, ýeňilmez Isgender Ikibuýnuzly we onuň urşujylary içine ýel berlen geçi derilerini döşlerine daňyp, derýanyň şu okgunly akýan darajyk ýerinden ýüzüp geçipdirler. Mongollar Samarkandy gabap ugranlarynda, gabalanlara Horezm şa bir gezek on müň atly, beýleki gezek ýigrimi müň atly kömek iberipdi, emma ol iki goşunyň biri-se paýtagta ýetmäge ýürek etmän, Kelife gaýdyp gelipdiler. Samarkandyň synmagyna her gün garaşmak gerek we biziň baranymyz bilen iş düzeljek däl diýip bahana tapdylar. Gijäniň içinde Buharadan sypyp giden otrýaddan bolan, halys güýçden gaçan we ýaraty bolan iki ýüz atly bilen Ynanç han Kelife geldi. Tatarlar Jeýhunyň kenarynda bularyň yzyndan ýetip, bütinleý diýen ýaly gyrypdylar, diňe az-az adamlar gutulypdy, Aman galanlaryň arasynda Gurban gyzyk hem bardy, Buharany goramaga galdyrylan şeýle uly otrýadyň haýyrsyz we şöhratsyz ýoga çykandygyna Horezm şa gaty gynandy. Şa uzak wagtlap ne-hä pikir edip bildi, ne-de serenjam berip bildi. Ýakyndaky uluslaryň hanlaryňyň onuň buýruklaryny ýerine ýetirmekden boýun towlamaga başlandyklaryny we çagyran wagtynda olaryň gelmeýändiklerini ol duýup ugrady. Dönüklik edilýändigi we Çingiz hanyň tarapyna geçilýändigi hakynda dumly-duşdan habarlar gelýärdi. Horezm şa özüniň ýola goýan tertibiniň bozulýandygyny, öz häkimiýetiniň esaslarynyň ýumrulýandygyny, özüne wepalylyk we boýun egijilik alamatlarynyň bolsa, tozan ýaly ýeriň ygyna gidýändigini görýärdi. Horezm şa Muhammet ullakan bir gaýyga mündi, Jigitler onuň altyny we gymmat bahaly zatlary salnan, daşyna teletin çekilen insizje ýaşiklerini şol gaýyga ýüklediler we onuň gowy görýän dor atyny gaýyga mündürdiler. Gaýyk watan kenaryndan aýrylyp, ýüzüp ugrady. Suw ony öz ugruna dazladyp äkidip ugrady, emma kürekçiler kürek we uzyn taýaklar bilen zor işläp, gaýygy beýleki tarapa gönükdirdiler. Suw astyndaky daşlar agyr gaýygyň Eýran kenaryna barmagyna päsgel berýärdi. Şol wagtda kürekçi bolup işläp duran uzyn boýly, agajet ýigide şany göterip kenara eltmegi wekil buýurdy. Ol hasylap, agyr Muhammedi arkasyna aldy we suwuň içi bilen ýöräp kenara bardy. Şa bir daşyň üstüne düşüp: – Seniň adyň näme, nireden bolarsyň? – diýip sorady. – Men bir garyp daýhan, adymda Gurban gyzyk diýerler. Men maşgalamy Ynanç hanyň maňa kärendesine berýän bir bölejik ýerinde goýup gaýtdym. Buharadan çykyp gaçanymyzda-da men Ynanç han bilen bilelikde gutuldym. Şonda, gije duşmanyň üstüne çozanymyzda men tatar hanynyň sary çadyrynyň ýakynyna barypdym we küýüm tatar hanyny çapmakdy, emma biziň jigitlerimiz näme üçindir gorkdular-da Jeýhunyň tarapyna öwrüldiler. Meniň demirgyr atym-da guduzlan ýaly bolup, şolaryň yzy bilen eňildi. Soň bolsa, biz zordan öz başymyzy gutardyk. – Saňa näme üçin Gurban gyzyk diýýärler? Göräýmäge-hä sende hiç bir gyzykly zat ýok – diýip, şa sorady. – Maňa Gurban gyzyk diýmekleriniň sebäbi, men bagtymyň ýeserligine, hemişe dogrusyny aýdýaryn, emma aýdanym hiç wagt jaýyna düşmeýär. Men nämäni aýtmalydygyny, nämäni aýtmasyzdygyny hiç wagtda bilmeýärin. Şonuň üçin maňa «gyzyk» diýip, lakam berdiler, dogry geplänim üçin urulýan wagtym-da az bolmaýar, ýöne menem gaýtargysyny berýärin. – Sen meni ozal heý görüpmidiň? – Görmesine görmändim, ýöne ýygy-ýygydan ýatlaýardym, bizden mejbury ýol bilen paç alanlarynda häkim hemişe «patyşa üçin» diýýärdi. Ine şol wagt biz seni ýatlaýardyk... Horezm şa ýylgyran boldy. Ol öz wekilinden bir altyn dinary alyp, ony Gurbana berdi. – Şu esger Gurban mundan beýlägem meniň ýanymda bolsun. Derýadan göterip geçirmäge bu ökde ekeni, ondan başga-da bu maňa dogrusyny aýdyp berer. Gurban: – Başym üstüne, uly patyşahym. Seni götermek kyn iş däl, içi däneli ullakan bir çuwaly göterenden enaýy däl. Ýöne rugsat berseň, men ýene bir ol ýaka geçip, ädigimi alyp geleýin – diýdi. – Rugsat. Patyşa atyna mündi-de uzyn boýly, ýagyrnysy küýküräk, uzyn inçe boýunly Gurbanyň balagynyň gonçlaryny çyzgap, gymmat bahaly, daşyna teletin çekilen ýaşikleri kenara daşamaga kömek berşine syn etdi. Soňra Gurbany-da alyp, gaýyk beýleki kenara ýüzüp ugrady. Horezm şa dor atyny sürüp, kötel ýol bilen ýokary çykyp ugranda, kenarda gopgun turdy. Hemme adam demirgazyga tarap, uzaga elini uzadýardy, şol tarapda baýyrlaryň üstünde bäş sany tüsse sütün ýaly bolup, al-asmana galýardy. Şonuň özi aýylganç alamatdy, duşmanyň uly otrýadlarynyň ýakynlaşýandygyny görkezýärdi. – Gaýyklaryň hemmesini häziriň özünde suwuň ugruna akdyryp goýbermeli! Tatarlaryň bu ýaka geçmeklerine ýol bermek bolmaz! – diýip, buýruk berdide, Muhammet dor atyny sürüp ugrady. Jebe noýonyň we Subudaý batyryň ýolbaşçylygy astyndaky ýigrimi müň tatar Horezm şanyň yzyny gözläp, Jeýhunyň kenaryna geldi. Olaryň derýadan geçmegine päsgel beren adam bolmady. Kenar gum-guklukdy. Kelifiň ähli ilaty gaçyp gidipdi. Hiç bir gaýyk ýokdy, emma tatarlar Çingiz hanyň «saklanman, aýak aldygyňyza gitmeli» diýen buýrugyny ýerine ýetirip, uly-uly nowalar ýasap, olaryň daşyna öküz derilerini çekdiler-de özleriniň ýaraglaryny we geýimlerini şolaryň içine basdylar. Tatarlar nowalara ýüp dakyp, ýüpüň ujuny billerine daňdylar, atlaryny suwa goýberdiler-de atlarynyň gurugyndan ýapyşdylar, şeýdip atlar adamlary, adamlar bolsa nowalary süýrediler. Şeýdip, tatarlaryň hemmesi çalt akýan Jeýhundan bir günüň özünde geçdiler1. Emma Horezm şa eýýäm ummadan çykypdy, onuň ýüzüni günbatara tutup gidäýşi örän çaltdy. Muhammet şa bilen gidip barýan goşunlaryň köpüsi gypjaklardy. Olar dildüwşük gurdular. Emma kimdir biri şanyň ahmal bolmaly däldigini oňa habar berdi. Muhammet özi üçin dikilen çadyrda gijesine hiç ýatanokdy, agşam düşen badyna öz çadyryndan duýdurman çykyp gidýärdi. Bir gün ertir irden turup görseler, çadyryň keçesini gypjaklaryň ýaý oky eleme-deşik eden ekeni. Horezm şanyň gorkusy köpeldi. Ol örän alňasaklyk bilen ýol ýöreýärdi, nirä gidip gutuljagyny bilmän, özüniň gidip barýan ugruny çalt-çaltdan üýtgedýärdi. Ol baran ýerinde ilata şäherleri berkitmegi, galalara bil baglamagy we söweşmejek bolmagy maslahat berýärdi. Şol sebäpli ilatyň gorkusy has hem artýardy, birentekleri daglara gaçyp gidýärdiler. Muhammet diňe daşyna daglar pena bolup durýan Nişapur şäherine ýetenden soň gaýgysyndan açylmak üçin toý-tomaşa we meýlis bilen meşgul boldy. Tatarlar Muhammediň yzyndan kowup haýdap gelýärdiler we onuň haýsy ýol bilen barýandygyny soraýardylar. Mongollar ýakyn geldiler diýip Nişapura-da habar gelende, şa özüniň nirä gidýändigini bildirmezlik üçin awa gidýän kişi bolan bolup, bir kiçeňräk otrýad bilen çykyp gitdi. Tatarlar ýüzleriniň ugruna Tus, Zawa, Reý we başga-da birnäçe şäheri çapawullap, Nişapura dazlap geldiler. Olar Horezm şanyň nirä gaçandygyny bilmek üçin Nişapurdan dürli tarapa kiçijik-kiçijik otrýadlary ugratdylar. Olar duş gelen şäherleri we obalary talaýardylar, otlaýardylar, tozdurýardylar, ne aýallara, ne garrylara, ne-de çagalara rehim edýärdiler. Muhammet ýene-de esli goşun ýygnady. Hemadanyň çetindäki Döwlet-abat düzlüginde Horezm şanyň ygtyýarynda ýigrimi müň atly barka, tatarlar duýdurman onuň daşyny gabadylar. Tatarlar onuň goşunynyň köp essesini gyrdylar. Muhammediň özi bolsa daýhan geýimini geýip, ýönekeý; emma güýçli bir ata münüp, söweşe gatnaşdy. Şonuň özi Horezm şanyň tatarlar bilen iň soňky duşuşygy boldy. Mongollaryň güýçleri musulmanlaryňkydan artyk bolmasa-da, şa diňe öz janyny gutarmagy alada edýänligi üçin ýeňiş gazanyp bilmedi. Tatarlaryň käbirleri şany tanaman, oňa ýaýlaryndan ok atyp, onuň atyny telim ýerinden ýaraladylar, emma Muhammet atyny gamça basyp, daglaryň içinde gözden ýitip gitdi. Şondan sop tatarlar Horezm şanyň yzyny bütinleý ýitirdiler. Tatarlar şol ýerden günbatara, Zenjyna we Kazwine tarap gitdiler, Bek Teginiň we Güýç Buka hanyň ýolbaşçylygy astyndaky Horezm goşunlaryny derbi-dagyn etdiler, soňra Azerbaýjanyň içi bilen Mugan sährasyna ugradylar, şol sährada gruzinler bilen çaknyşdylar. Tatarlar baran ýerlerinde eglenmeýärdiler, diňe iň gerekli mukdarda azyk we geýim alýardylar, diňe altyn we kümüş alyp, ýola düşýärdiler. Olar özlerine Çingiz hanyň tabşyran işiniň möhümligini ýatda saklap, gonanlarynda-da kän eglenmän, gijesi-gündizi ýol ýöräp, Muhammet şany gözleýärdiler. Ilatly ýerlere baranlarynda tatarlar iň gowy atlary alyp, ýola düşýärdiler. Her atlynyň iki aty bolup, olary gezegine münýärdi, käbirleriniň bolsa birnäçe aty bardy. Tatarlar çalt barýan wagtlarynda atlaryny gezekleşdirip münýändiklerine görä, bir gije-gündiziň özünde örän köp ýol ýöräp, özleriniň garaşylmaýan ýerlerinde duýdansyzlykda peýda bolýardylar. __________ 1 Raşideddin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |