12:12 Çingiz han -42: romanyň dowamy | |
Dördünji bap
Taryhy proza
ABESKUN DEŇZINIŇ ADASYNDA Kim meniň goşunlarymy gaýtadan düzeder, Hem ýeňilenimiň aryny alyp berer? Kim meniň mülklerimi gaýtaryp berer, Kim olary duşmanyň elinden alar? (Türk rowaýatyndan) Muhammet şa Dianuý welaýatyna gelip, Amolýa şäheriniň golaýynda gizlin ýerleşdi. Ýerli emirler ony hormatlap, onuň ýanyna bardylar we oňa gulluk etmäge özleriniň taýyndyklaryny aýtdylar. Şanyň öňki köp sanly ýakyn adamlaryndan hiç kim galmady diýen ýalydy. Ol halys ysgyndan düşen, keselli halda ýaşuly emirler bilen maslahatlaşdy. Şa diňe şolara ynam edýärdi, ol näme etjegini bilmän: – Tatar belasyndan az-kem dynç alar ýaly, maňa dünýäde heý bir arkaýyn ýer tapylarmyka? – diýip, bir aýdýanyny gaýtalap durdy. Şol wagtda, eger şa bir gaýyga münüp, Abeskun (Kaspi) deňzindäki adalaryň birinde mesgen tutaýsa hemmesinden gowy bolar diýip, hemmeler makul tapdylar. Horezm şa şol maslahata eýerip, deňizdäki bütinleý çola, adam ýaşaýana meňzemeýän, ýeke özi somalyp duran bir ada bardy1. Şol ada tiz wagtdan Muhammediň ogullary: Ozlak şa, Ak şa we Jelaleddin geldi. Şol ýerde Horezm şa özüniň ýazan bir permanynda özüniň ýaş ogly Ozlak şanyň deregine, ozalky halaman, harlanan ogly Jelaleddini ýene-de tagt mirasçysy edip belledi. – Häzir diňe Jelaleddin döwleti halas edip biler – diýip, Muhammet boýun almak bilen sözüni dowam etdirdi: – Ol duşmandan gorkmaýar, gaýtam onuň üstüne sürünýär. Eger-de Jelaleddiniň ýeňişlerinden soň Allatagala maňa ýene kuwwat berse, meniň soraýan ýerlerimde diňe rehimdarlygyň we hakykatyň höküm sürjekdigine ant içýärin. Soňra Horezm şa özüniň almaz saply hanjaryny Jelaleddiniň biline dakyp, oňa «soltan» adyny berdi. Onuň inilerine özleriniň Jelaleddine wepaly boljakdyklaryna we boýun egjekdiklerine kasam etmeklerini buýurdy. Horezm şanyň hanjaryny kabul edip, soltan Jelaleddin şeýle diýdi: – Horezm patyşalygyny häzir tatarlar basyp aldylar, ony dolandyrmagy men ine şeýle ýagdaýda öz üstüme alýaryn. Men adyndan başga zat galmadyk goşunlara ýolbaşçylyk etmeklige girişýärin, goşunlar harasatdan soň dyr-pytrak bolan ýapraklar ýaly dagap gitdi. Emma musulman ýurtlarynyň üstüne abanan şu garaňky gijede men daglara baryp, söweşe çagyryş oduny ýakyp, goç ýigitleri öz töweregime jemlärin. Jelaleddin atasy bilen hoşlaşyp, täze söweşler üçin ur-tut yzyna ugrady. Beýleki adamlaryň-da hemmesi gitdi. Muhammet bolsa, Abeskun deňziniň çägeli adasynda ýeke özi galdy. Daşyna garaýag çalnan tagaşyksyz gaýyk kenardan ugranda, Muhammet şa çägelik alaňyň üstüne çykyp, ýüzüni şar-gara edip, gaýga batyp, seredip durdy. Kürekçi türkmenler gaýygyň ullakan çal ýelkenini ýokary galdyrmaga başladylar, şanyň ogullary we Astrabat emiri bolsa, şanyň nazary özlerine dikilgi wagtda, ýüzlerini başga ýana sowmaga ýürek etmän, ellerini döşlerinde gowşuryp, gaýygyň üstünde ör turup durdular. Gaýygyň ýelkenini ýel çişirdi we gaýyk iki ýana çaýkanyp, tolkundan tolkuna geçip, dumanly gök daglara tarap çalt uzaklaşyp ugrady. Indi Horezm şanyň öz watany we hemişe närazy, topalaň turuzýan raýatlary bilen iň soňky aragatnaşygy kesildi. Indi oňa tatarlaryň çozmagy-da howp salanokdy, çypar Çingiz hanyň howalasy-da howp salanokdy. Muhamediň yzyndan kowup gelýän armaz-açmaz Jebe we Subudaý dagy indi bu ýere ýetip bilmezler. Şu ýerde, çäksiz deňiz düzlüginde geçmişi ahmyrly ýatlamak, häzirki ýagdaýy arkaýyn pikirlenmek we geljegi alňasaman oýlanyp görmek bolar. Horezm şa bütin bir aýlyk iýmit bilen üpjün: Astrabat hökümdary çägelik baýyrlaryň arasyndaky çöketlikde öý dikip berdi, gazan, bir halta tüwi, goýun ýagy, gowa, palta we beýleki zerur zatlary iberdi. Indi şa derwüş bolar, ol iýjek naharyny günde özi bişiriner. Gaýyk indi örän uzakdady, Muhammet bolsa, heniz hem böwrüni diňläp durdy, soňra gury, gyzgyn çägäniň üstünde gyşardy, günüň yssysyna we deňiz şemalynyň astynda irkildi. Bir ýerden bir şybyrdy we pyşyrdy eşidip, şa oýandy. Onuň gulagyna: «Uly, güýçli adam...» diýen sözler eşidildi. Bu çöl adada kimiň sesi bolup biler? Ýene duşmanlarmyka? Şa özüni dürsedi. Alaňyň üstündäki çalaryp duran çöpleriň arasyndan bir gara telpekli kelle göründi-de şol bada gözden ýitdi. Muhammediň ýanynda ýaragy ýokdy, ýaýy, oklary we paltasy täze dikilen öýde galypdy. Şa ur-tut alaňyň üstüne çykdy. Birnäçe aýak ýalaňaç, egin-başy sal-sal adam meýdançadan geçip, ylgaşlap barýardy, şolaryň arasy bilen eli-aýagy jonnuk bir aýylganç mahluk hem towsaklap barýardy. «Men Astrabat hökümdaryna meni düýbünden adamsyz ada elt diýip buýrupdym-la! Bu adamlar nireden geldikä?» diýen howsala bilen Muhammet özi üçin dikilen öýe ugrady. Görse, öýünden tüsse çykýar. Öýüň öň ýanyndaky meýdançada ona golaý aýylganç-aýylganç zat tegelenişip otyr. Bu adam keşbini ýitiren adamlar kimlerkä? Ýüzleri güp ýaly çişipdir, tumşuklary çym-gyzyl, up-uludy, uly-uly ýaralary we başlary elhenç görk berýärdi. – Kim bolarsyň? Näme üçin bu ýere geldiň? Bizi baran ýerimizden kowýarlar, şol sebäpli biz şu adany eýeledik.– diýip, oturanlardan biri gygyrdy. – A siz kim bolarsyňyz? – Biz Allanyň garganlary. Biz bu ada şu gün geldik, biz şu ýerde balykçylyk etjek. – Görüp durmaýarsyňmy näme? Biziň hemmämiz heýwere keselli, biz heniz diri bolsak-da öli ýaly bozulyp barýarys. Seret, ynha munuň ähli barmaklary gopdy. Onuň topugyndan we tirseklerinden aşagy gopdy, şol sebäpli ol aýy ýaly emedekläp gezýär. Ynha bu oturanyň gözi akdy, onuň bolsa, dili gopup, lal boldy... Muhammet sesini çykarman durdy, uzakdaky kenara tarap gara nokat ýaly bolup gidip barýan gaýyga seredýärdi. – Biziň hemmämiz kömek sorap, hudaýdan dileg edýärdik. Onuň bize rehimi inip, biziň aramyza seni iberipdir. – Meniň size näme kömegim degip biler? Oturanlardan biri ýerinden turdy. Ol beýlekilerden güýçlüräk we uzynrak görünýärdi, elinde bolsa, palta bardy. – Men şu dogan okaşan adamlaryň şyhy, şu ýerde, näletlenenleriň patyşalygynda hemme adam maňa boýun egmeli. Kim meniň buýrugymy ýerine ýetirmese öler. Seniň janyň sag, özüň güýçli. Biz seni öz aramyza kabul edýäris, sen torlary göterersiň, suw daşarsyň, odun getirersiň. Biziň aramyzda şony oňarmaýanlar köp. Bize Allanyň beren şu öýünden biz bir gazan, tüwi, un, mesgeli golça we goýun ýagy tapdyk. Indi sen biz bilen bile ýaşarsyň, özüň-de geýimiňi çykararsyň, seniň geýimiňi biz gezekme-gezegine geýeris, saňa bolsa, geýim gerek däl. Muhammet yzyna öwrülip, uludan demini aldy-da kenara tarap ylgady. Heýwere keselliler onuň yzy bilen gidip, alanyň üstüne çykdylar-da Muhammede seredip durdular. Horezm şa deňziň içine dilkaw bolup girip gidýän bir çägelige bardy-da, şol ýerde deňziň getirip taşlan çöplemelerini ýygnaşdyryp bir ýere üýşürdi, soňra oňa ot berdi. Goýy tüsse burugsap, al-asmana galyp ugrady. «Şu tüssäni kenardan görerler, gaýyk gelip, meni yzyma äkider» diýip, Muhammet hümürdedi, özi bolsa, dumanlap duran alyslykda gözden ýitip giden gaýyk hakynda pikirlenýärdi. «Goý, ol ýerde uruş bolsa, bolubersin, ol ýerde tatar atlylary alakjabersinler, emma ol ýerdäkiler diri, sagdyn adamlar. Olar bir-birine duşmanlyk edýärler, horluk çekýärler, aglaýarlar, gülýärler, şonda-da şu diri ölüleriň adasyndan soň ol ýerde ýaşamak janyň ujy bolar». Wada berlip gidilişi ýaly, aradan on bäş gün geçenden soň, bu ada bir gaýyk ýüzüp geldi. Şol gaýykda birnäçe jigit bilen bilelikde Horezm şanyň serkerdesi Temur Mälik geldi. Olar Horezm şany köp gözläp, zordan tapdylar. Ol kenarda çuw ýalaňaç ýatyr ekeni. Onuň kellesine garga gonup gözüni çokup otyrdy. Temur Mälik ada aýlanyp, gorkularyna çöpleriň arasynda bukulyşyp oturan heýwere kesellileri gördi. Ol bu adada näme hekaýat bolandygyny olardan sorady. Olar şeýle gürrüň berdiler: – Gaýyga münüp gelen adamlaryň hemmesiniň biziň adamyzda galan bu adama baş egip, tagzym edendiklerini gördük, onuň adyny patyşa diýip tutandyklaryny eşitdik. Biz ozal, heýwere keselli adam patyşanyň ýa-da soltanyň geýimini geýse, keselli adam şypa tapar, ýaralary gutular diýip garrylardan eşidipdik. Ine, diňe şol sebäpli biz bu adamyň geýimini sypyryp aldyk. Biz ony telim gezek nahara çagyrdyk, telim gezek nahar eltip berdik, emma ol hiç iýmedi, birsyhly ot ýakdy, haçan görseň edil şu mahalky ýatyşy ýaly sesini-üýnüni çykarman ýatyrdy. Onuň ähli geými abat. Bu adamyň soltan däldigine biziň hemmämiziň gözümiz ýetdi, sebäbi biziň aramyzda gutulan adam bolmady. Jigitlerden biri: – Rugsat ber, biz bulary kerçäli! – diýip, dişini gyjady. Başga bir urşujy: – Emma öz gylyçlarymyz bilen çapmaly däl, ýalkymly gylyçlarymyzy olaryň ýokançly gany bilen hapalamak bolmaz – diýip, jogap berdi-de ýaýyny dartyp, heýwere kesellileriň şyhynyň garnyndan bir ok geçirdi. Ol çirkin gygyryp, ökjäni göterdi, onuň yzy bilen bolsa, heýwere kesellileriň beýlekileri-de gaçyp gitdi. Temur Mälik: – Degmäň olara! – diýip gygyrdy. – Olary Hudaý urupdyr. Emma men olardan-da şumbagt ekenim! Men bütin ömrümi Horezm şalaryň mertebesiniň belent bolmagy ugrunda göreşip geçirdim. Horezm şa Muhammet ýeňilmez täze Isgenderdir we halkyň başyna agyr gün inende gorkusyz musulman goşunlaryny şöhratly ýeňişlere alyp barar diýip ynanyp, ganymy aýaman dökdüm. Men indi öz ýaralarymy görüp, utanýaryn, çölüň ýalan salgymyny goramaklyga peýdasyz sarp edilen ýaşlygyma haýpym gelýär. Munuň ägirt uly goşuny bardy, bütin älemi özüne tabyn edip biljekdi, ynha indi gözüni çokup oturan gargany kowmaga elini gymylladyp bilmän ýatyr. Ynha bu indi ýatyr, hemmeler tarapyndan unudyldy, uýat ýerlerini ýapmaga geými-de ýok, özüniň gabry üçin öz watanyndan bir gysym toprak-da ýok. Besdir, men mundan beýläk söweşiji däl! Meni örtäp ýandyrýan ýalňyşlarymy ýuwup aýyrmak üçin meniň gözýaşlarym ýetmez... Temur Mälik özüniň dembermezini çykardy-da ony aýagy bilen bilinden basyp, iki döwdi. Ol peşiniň matasyny aldy-da Horezm şanyň endamyna dolady, özüniň bilýän ýekeje, gysgajyk dogasyny onuň başujunda oturyp okady. Jigitler pyçaklary bilen çägelik ýerde bir çukur gazdylar we musulman häkimleriniň iň güýçlüsi bolan, emma gassabyň pyçagy astynda titräp ýatan geçi ýaly bolup, öz ömrüni şeýle şöhratsyz gutaran Muhammet şanyň meýdini şol çukurda jaýladylar. Temur Mälik adadan gitdi we Jelaleddiniň atasynyň ölüşini oňa gürrüň bermek üçin soltan Jelaleddini gözlemäge öz jigitleri bilen bilelikde ugrady. Soňra ol Arabystanda, Eýranda we Hindistanda ýönekeý derwüş bolup köp ýyl gezipdir diýen gürrüň bar1. __________ 1 XIII asyrda Kaspi deňziniň derejesi başga hilidi, deňziň içinde adalar bardy, ol adalar soňra ýitip gitdi. 2 Käbir taryhçylaryň gürrüň berşine görä, köp ýyllar geçenden soň Temur Mälik gedaý derwüş geýminde Orta Aziýa gaýdyp gelipdir. Söweşde Temur Mälige bir gözüni aldyran mongol Hojantda ony tanapdyr. Ulusyň mongol häkimi Temur Mäligi öz ýanyna getirmegi buýrupdyr we onuň gep çekmäni üçin ony öldüripdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |