12:14 Çingiz han -43: romanyň dowamy | |
Bäşinji bap
Taryhy proza
GURBAN GYZYK ÖÝÜNE UGRADY – Küregi güýçlüräk işlediň! Boluň, haýdaň! Burny akymyň garşysyna ugrukdyrylan gaýyk Jeýhunyň okgunly suwy bilen göreşýärdi we kem-kemden kenara golaýlaşýardy. «Ýat illerde şanyň atyna seretmekden-de bir mydar bolarmy! Öz watanyňda aç bolanyň gowudyr!» diýip, Gurban içinden pikirlenýärdi. «Beýdip şanyň atyna seredip ýörmek çaýhananyň işigindäki ýüpek kapasdaky bedenäniň halyndan gowumy näme. Patyşa maňa bir altyn dinar bagyşlady. Onuň ýaly gün ömrüňde bir gezek bolýar. Bu dinary nädip öýe eltip bolar? Ony owurdyňda saklaýmasaň dagy alaç ýok. Patyşa gaýyklary derýanyň ugruna Horezme tarap ugratmaly diýip buýurdy... Ýok! Men ol tarapa gitjek däl. Ýok! Gurban indiden beýläk şa üçin uruşmak-da islemeýär, gaçmak-da. Şeýdip gidip otursaň, beýik Soňky deňze baryp ýetersiň, onsoň nirä gaçmaly? Gurban öz ekinçiligine baryp, öz çagalaryny görmek isleýär...» Şondan soň Gurban özüniň goýup gaýdan gaýaly kenaryna göz aýlady, şol ýerde alaňyň üstünde dor atyny münüp oturan Muhammet heniz görünýärdi. Gurban gaýykdan suwa böküp düşdi-de kenara bardy. Akyl-huşuny ýitiren adamlar galadan çykyp, arkalaryna düwünçeklerini alyp, baýryň üsti bilen aşak ylgaşlap barýardylar, olar biri-birlerini iterläp, gaýyklaryň üstüne özlerini oklaýardylar hem-de: – Tatarlar ýakyn geldiler! Tizräk gaçyň! – diýip gaýtalaýardylar. Gurban hiç kimiň gözüne ilmedi. Ol kenaryň ýakasy bilen ylgap, beýleki ýükçüler bilen bilelikde ýaşan çatmasyna bardy, öz haltasyny, ädigini sypalyň arasyndan tapdy, ýene bir gezek derýa göz aýlady we gaýyklaryň biri-biriniň yzyndan suwa iterlenýändigini gördi. Şundan soň ol birjik-de ýaýdanman, täze synaglar ýoluna düşdi. Ol galanyň diwarlarynyň ýanyndaky baýryň üstüne çykanda, dyr-pytrak bolup gaçyşyp barýan gyzyl we ala donly adamlary, ondan aňyrrakda bolsa, bulut ýaly bolup göterilen tozanyň ýakynlaşýandygyny gördi. «Şol gelýänler tatarlardyr!» diýip pikirlendi-de Gurban gurak sähra bilen öňe ylgady, özüniň ýalaňaç aýaklaryny daşlaryň gyýýandygyny we tiken çümýändigini hem duýanokdy. «Hol ýerde baýyr bardyr, şonuň aňyrsynda jar bolmalydyr. Tatarlar gala we derýadan geçmek bilen başagaý bolarlar. Olaryň Gurban bilen näme işi bar?» Ol başujunda uzyn agaç dikilip goýlan, ýeke özi duran bir gabyryň ýanyna ylgap bardy. Şonuň aňyrsynda bukulyp, sojap ýatan ýerinden töweregine seretmäge başlady. Ol tozanyň arasy bilen ýapyrylyşyp at salyp gelýän sary possunly atlylary saýgarýardy. Käbirleriniň demir sowutlary ýalpyllaýardy. Tatarlaryň «khu-khu-khu!» diýen gykylygy we tozan basan pessejik müňlerçe atyň güpürdisi eýýäm eşidilýärdi. Atlylaryň käbirleri gapdallara sowlup, düzlük bilen göni at salşyp gelýärdiler, gaçyşyp barýanlaryň ýoluny kesýärdiler. Hanjarlar ýalpyllap ýokaryk galyp, aşak inýärdi, adamlar serrelip gidýärdiler, tatarlar öwrüm edip, aýak çekýärdiler we atlaryndan düşmän, taşlanan düwünçekleri atyň üstünden eglip alýardylar, ýene-de atlaryny gamça basyp, goşuna goşulyp gidýärdiler. Gurban süýşenekläp, bir gury jara ýetdi, aşak sallanyp düşdi-de ýene ylgap ugrady. Uzynly gün ýöräp, Gurban çöl düzlügiň aňyrsyna çykyp bilmedi, kä ýerlerde idisiz ekinçilikler duşýardy. Ýollarda kä ýeke-ýekeden, kä toparlanyşyp ýören adamlar gabat gelýärdi. Gurbanyň şol ýerdendigini, «gynanç we gözýaşyň jülgesindendigini» bilenlerinden soň hemmeler Buharanyň neňeň-niçik bolandygy, Horezm şanyň gaçyşy hakynda soraşdyrýardylar. Ony oduň başyna çagyryp, onuň öňünde öz bişiren ýer çöreklerini goýup, onuň gürrüňini diňleýärdiler. Gurban ýeke özüniň birnäçe tatar bilen nähili söweşendigini, olaryň hemmesini öldürendigini we öz münüp oturan atyny tatarlaryň öldürendiklerini gürrüň berdi. Indi oňa hiç zat gerek däl, öýe barýar, ýabyň böwür berip Gurbanyň ekinçiligine öwrülýän ýerindeki köne deregi görse bolýar, ýene öz çagalarynyň başyny sypalap bilse armany ýok... Ol özüniň edýän gürrüňine özi-de ynanyp ugrady, emma patyşany göterip kenara eltişi hakynda welin agzyny açanokdy, sebäbi öz watanynyň üstüne agyr gün inen wagtynda watanyny taşlap gaçan Muhammede hemme adam gargaýardy. Ol söweş meýdanynda şehit bolup ölmekden gorkup, halky mongollaryň we tatarlaryň eline berdi. Gurban gidip barýarka bir ýerde jaryň içinde birentek adamyň oturandygyny görüp, olaryň ýanyna bardy, olar süýşüşip, ojagyň başyndan ýer berdiler, Oturanlaryň hemmesi tatarlar hakynda we olar bilen bolan duşuşyklar hakynda gürrüň edýärdiler. – Biziň hemmämiz bir obadan. Eşider bolsaň, bizde şeýle bir iş boldy. Biz gürleşmäge köçä çykypdyk, özümizem on adama golaý bardyk. Şol mahal oba bir tatar geldi. Ol atyny göni biziň üstümize sürdide adamlary birin-birin çapmaga başlady. Ol ýekeje atla el galdyrmaga bir adam hem ýürek edip bilmedi. Biz ýaly, haýatdan aşmaga ýetişenler bolsa, ölmän, aman gutuldylar. – Men başga-da bir gürrüňi eşitdim. Bir tatar meýdanda işläp ýören bir daýhanyň üstünden barypdyr, ol tatar ony öldürjek bolupdyr welin, ýanynda ýaragy ýok ekeni. Ol elhenç ses bilen: «Kelläňi ýere goý-da gymyldaman ýat!» diýip gygyrypdyr. Ýeri, onsoň nädendir öýdýärsiňiz! Ol adam kellesini ýere goýup ýatypdyr, tatar bolsa, özüniň idekläp ýören beýleki atynyň ýanyna baryp, şonuň üstündäki talanyp alnan ýükleriň arasyndan hanjaryny tapyp gelipdir-de ol adamy öldüripdir. Olar öz halkynyň horluk baryny çekýändigine gynanyp, şeýdip ojagyň başynda gürrüň edip otyrdylar we Gurbana hem bir döwüm çörek bilen bir okara bulamak hödürlediler. Birden bularyň ýokarsyndan bir aýylganç, gyryk ses: – Ahaw, oturanlar! Hany boluň, biri-biriňiziň eliňizi arkaňyzda daňyň! – diýip gygyrdy. Jaryň ýokary gyrasynda bir mele atly tatar göründi. – Ynha biziňem başymyza bela indi! Ölmeli günümiz geldi! – diýip, ýaňky oturanlar hümürdeşdiler-de billerindäki guşaklaryny çözüp, biri-biriniň elini daňmaga başladylar. – Hany duruň-la! Ol bir adam ahyryn. Biz şony öldürip, gutulyp bilmerismi eýsem? – diýip, Gurban pyşyrdady. – Biz-ä gorkýas! – Biz öz elimizi daňanymyzdan soň ol geler-de bizi kerçem-kerçem eder. Geliň gowusy ony öldüreliň! Belki, gutulaýadyk-da. – Ýok, ýok! Kim oňa ýürek edip biler! Şondan soň olaryň hemmesi galpyllaşyp, biri-biriniň elini daňmaklaryny dowam etdirdiler. Gurban baş egip we sowgat berjek ýaly bolup, düwünçegini öňe uzadyp, ýapynyň ýüzi bilen dyrmaşyp, ýokary çykdy-da tataryň ýanyna bardy. Ol atly gartaşan adamdy. Eňeginde selçeň çal sakgaly bardy. Ýele gaýzygan ýüzi ýygyrt-ýygyrtdy, Süzük gözleri ot ýaly ýanyp durdy. – Bu näme? – diýip, ol atly özüne uzadylýan düwünçege tarap egildi. Gurban bir eli bilen onuň boýnundan, beýleki eli bilen onuň elinden ýapyşdy. Ýaby ürküp bir gapdala towusdy. Emma Gurban tatary sypdyrmady, ony atyň üstünden agdarýança ýapyşyp, süýrenip gitdi. Ony atdan ýykandan soň Gurban edil goýun öldüren ýaly edip, pyçagy bilen onuň damagyny çaldy. Gurban ýerinden turaga-da töweregine göz aýlady. Ojagyň başynda oturanlaryň biri aýak aldygyna gaçyp barýardy, beýlekileri jaryň içinde bukulyp, seredişip ýatyrdylar. Soňra iki sanysy turup, Gurbanyň ýanyna geldi. Olardan biri tataryň üstüne abanyp: – Munuň eýýäm jany çykypdyr – diýdi. Beýlekisi: – Indi munuň zatlarynyň hemmesini dogruja paýlaşmak gerek – diýip, onuň ýalaňaç garamtyl endamyna geýen possunyny sypyrmaga başlady. Olaryň hemmesi ata baka ugrap, ony tutmaga Gur' bana kömek berdiler. Şu ýerde Gurban: – Siz halan zadyňyzy alyň, emma şu mele at meniňki bolar. Munuň mongol aty däldigini, ogurlanan atdygyny, biziň daýhan atymyzdygyny görüp dursuňyz. Men munuň bilen daýhançylyk ederin – diýdim. Olaryň biri atyň tanapyny eline sarap: – Gowusy bije atalyň – diýdi. Gurban: – Görüň-le, bu tatar diri ekeni, anha ýerindei turdy! – diýip, gygyrdy welin, ýaňky dawalaşýan adam atyň tanapyny taşlap, ökjäni göterdi. Gurban atyň üstündäki haltalaryň we torbalaryň hemmesini çözüşdirip, ýere taşlady, torbalaryň diňe iň bir agyryny aldy. Atyň üstüne münüp, Gurban gygyryp şeýle diýdi: – Sizdenem bir jigit bormy! El galdyrylan bada gaçýan gorkak tomzakdan üýtgeşik ýeriňiz barmy? Eger-de siz arslan ýürek bolan bolsaňyz, onda hemmämiz birleşip, ähli tatarlary we mongollary kowardyk, onuň üstesine-de biziň ýerlerimizi elimizden alan ähli Horezm şalary, soltanlary, begleri we hanlary hem kowardyk. Siz bolsaňyz, towşan ýaly bolup, bir şybyrdy eşitseňiz köwege kürsäp urýarsyňyz! Beýitseňiz, elbetde, iň bir bolgusyz tatar-da sizi mynjyradar. Hoş galyň, bütin älemiň batyry Gurban gyzygy unutmaň! Şondan soň Gurban elini galgadyp, meýdanyň içi bilen atyny çapdyryp gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |