12:15 Çingiz han -44: romanyň dowamy | |
Altynjy bap
Taryhy proza
GURBAN ÖZ MAŞGALASYNY GÖZLEÝÄR Gurban Buhara ýakynlaşdygyça haraba obalar we it-guş agyz uran meýitler barha köp duşýardy. Semiz-semiz itler garynlaryny sallaşyp, guýruklaryny ýerden süýräp, ýuwaş-ýuwaşdan maslyklaryň ýanyndan aýrylýardylar we hiç bir üýrmän-zat etmän, hol beýläk baryp ýatýardylar. Gurban bir çola ýere baranda, eýeriň gaşyndan asylgy torbany açyp gördi, tataryň talap alan altynyny şol torbadan tapmakçydy. Emma açyp görse, onuň içinde dürli-dürli ululykdaky üç sany ýönekeýje çekiç, törpi, atagzy, içi daryly bir düwünçek, bişirilen bir bölek et we ona golaý çörek bar ekeni. A onuň altyny niredekä? Bir dolangyja esginiň içinden Gurban bir gaýyş gapjyk tapdy. Şol gapjykda pul bar ekeni – altyn däl, ýöne bir gysym kümüş hem mis pul. Zyýany ýok, şu pullar-da hojalykda derde ýarar, munuň hem üstesine ol, Horezm şanyň bagyşlan altyn dinaryny owurdynda saklapdy. Käbir obalaryň golaýyndaky ekin meýdanlarynda eýýäm daýhanlar işleýärdiler. Olar Gurban bilen gürrüňleşenlerinde, ýap suwlarynyň indi rejesiz we seýrek gelýänliginden, käbir ekin meýdanlarynyň gurap galanlygyndan, beýleki ýerlere bolsa, gerekmez wagtda suw agyp, ekinleri suw alanlygyndan zeýrenýärdiler. Niräni görseň, täze gorplar emele gelipdir. Öz öýünden kän bir uzak bolmadyk bir çola obada Gurban öz tanyşy Guwanja duşdy. Ol gap-gara bolup ýatan bir üýşmek daşy we küli görkezip, kellesini gynanç bilen ýaýkap şeýle diýdi: – Ine, meniň öýümdeň diňe şular galypdyr, men aýlanyp, çagalarymy gözläp, çagyryp-çagyryp ýörün, hiç tapmaýaryn. Mongollar at salşyp gelende, men meýdandadym. Men bir tüsse hem-de elem-tas bolup gaçyp barýan gonşularymy gördüm, meniň maşgalam-da şolar bilen gaçandyr öýdüp, şolaryň yzyndan ylgadym. Men gije gelip, öýümi gözlesem, şu daşlardan we gyzgyn külden başga derek tapmadym. Meniň çagalarymy mongollar äkitdimi, ýa olar otda ýandylarmy... bilmedim. Kim bilýär, belki, bir ýerden çykarlar diýip, henizem tama edýärin... Gurban howsala düşüp, öz ýoly bilen boldy, garaňky düşenden soň özüniň ozalky suw alýan sakasyna baryp ýetdi. Ýapdan suw akyp durdy. Dym-dyrslyk gijäniň içinde aýyň öçügsi ýagtysynda ol öz öýüne ýakynlaşdy, Howlusynyň derwezesi açyk haňlap durdy. Ol atyndan böküp düşdi-de atyny bassyrmanyň aşagynda baglap, öýüniň gapysyna baka ugrady. Öýüniň gapysyna kese tagta çüýlengidi. Gapynyň aňyrsyndan ne gymyldy, ne-de adamyň dem alşy eşidilýär... Hatda iti-de önünden çykmady... Gurban bir gujak sypal ýygnap, atynyň öňüne taşlady. Soňra özüniň belent basgançagy bilen tamyň üstüne çykdy. Şol ýerde öňden ýatan jöwen palaçlarynyň üstünde gyşardy. Irkilip barýarka Guwanjyň: «Kim bilýär, belki, bir ýerden çykarlar diýip, henizem tama edýärin» diýen sözleri ýadyna düşdi. Ertiriň sowuk şemalyna üşäp, Gurban tamyň üstünde bir ýanbaşyndan beýleki ýanbaşyna öwrülende, uzakdan gelýän iňňildi ýaly bir geň ses gulagyna ildi. Gurban diňşirgendi. Iňňildi gaýtalandy. Iňňildi aşakdan gelýärdi. Bu iňňildeýän kimkä? Tatarlaryň ýaralan adamymyka? Ýa-da bir tatar jan berjek bolýarmyka? Gurban tamdan düşüp, atynyň ýanyna ylgady. Görse, ol sypalynyň hemmesini iýipdir-de sabyrsyzlyk bilen ýeri peşeýärdi. Gurban gaýyş torbadan çekiji aldy. Öýüniň gapysyny goparyp, içeri girdi. Öýüň içi garaňkydy. Ýatylýan sekiniň üstüni eli bilen sermeleşdirende, eli adam tenine degdi. Onuň ýüzüni elläp görenden soň, onuň öz ejesidigini tanady. Ol öli ýaly ýatyrdy, çalajadan çykýan ses: – Geldiňmi, balam? Seniň geljegiňi men bilýärdim, oglum. Gurban bizi taşlamaz... – diýdi. – Beýlekiler nirede? – Hemme adamlar o ýana, daga bosdular, men öýi saklamaga galdym, halys ysgyndan gaçaýdym. Meni ölendir öýdüp, gapyny çüýlediler. Hawa, oglum, indi sen gelen bolsaň, hemme işimiz düzeler, işalla... Gurban küýzäni gözläp, tapdy-da ýapdan suw getirdi, Ýandak getirip, ojakda ot ýakdy, gazan ataryp, darydan köje bişirmäge başlady. Öýüň içi ýagty boldy, ýylady. Ejesi horlanyp, halys bolupdyr, gozganyp bilmän ýatyrdy. Onuň burny çowlanyp gidipdir, kepän dodaklary: – Ynha senem geldiň, oglum! – diýip, pyşyrdaýardy. Gurban atyny çöle çykaryp, kössekläp, goýup gaýtdy. Şol ýeriň ýakynynda onuň ýeri bardy, edil eliň aýasy ýaly kiçijikdi, şu ýerden nädip maşgala ekläp bolar diýsene! Onuň, hem üstesine hasylyň ýarysyny ýeriň eýesine, bege bermeli bolýardy! Ýeri eýýäm haşal ot basypdyr. Ondan aňyrda goňşularynyň mellekleri uzalyp gidýärdi. Olary-da haşal ot basypdyr, olaryň hiç birinde adam garasy görnenokdy. Garry demirçi Sakaw Gulynyň saraýly tamjagazy uzakdan görünýärdi, oňa-da ot berlipdir, diwarlary şar-gara bolupdyr, tamyň töweregindäki agaçlaryň ýapraklaryna bolsa, ýangyn wagtynda ot çabrap çürüşdiripdir. Emma ynha bir adam meýdanda haýalja ýöräp ýör, kämahal durup, kätmeniňi galgadýar, öz ýabyny düzedýän bolmaga çemeli. Gurban: – Salawmaleýkim! – diýip gygyrdy. Ol adam gönelip, gözüni günden eli bilen penalap, siňe seretdi-de: – O-how! Gurban gyzyk! – diýip, gygyrdy. Ikisi-de ýabyň boýyny syryp, biri-birine tarap howlukmaç ugrady. Iki eli bilen elleşip görüşdiler. Ol Gurbanyň agtykly bolup giden garry goňşusy Sakaw Gulydy. – Nähili zamana boldy! – diýip, goja ýeňi bilen gözüni süpürdi. Gurban: – Uly-kiçi, mal-gara, hemme aman-esenmidir? – diýip soraşdy. – Şol possunly adamlar gelip, goňşymyzyň mallaryny sürüp gitdiler, meniň dört goýnumy we agtygymy eýeriň öňüne basyp äkitdiler, maşgalamyň galany daglara gaçyp gitdi. Meniň şol garaşyp ýörşüm, açlykdan ölmedik bolsalar, elbetde, birmahal gaýdyp gelerler-dä. Sygrym bilen eşegim aman galdy. – Meniň maşgalam niredekä? – diýip, Gurban sorady. Jogabyny eşidýänçä demi gelmejek boldy. – Seniň üçin şatlykly habar bar, aýalyň düýn gaýdyp geldi, gije meniň öýümiň harabalygynda boldy. Hanha, ol eýýäm gelýärem... Gurban aýalynyň gyzyl köýnegine gözi düşen bada ony tanady. Ol näme yranyp gelýär? Gurbanyň ýüzi şol bada ýene agraldy, ol maşgalanyň baştutany ahyryn, öz maşgalasynyň hemmesini öz eline ýygnamaly we çaşan hojalygyny ýene dikeltmeli ahyryn. Gurban gyzyk Sakaw Gula ýüzlendi: – Bähbit bola, Sakaw Guly. Seniň bir sygryň, eşegiň bar, meniň atym bar. Biz şolary goşup, öz ýerimizi sürmek bilen bolarys. Daş-töwerekde uruş barýar, çapawullaýarlar, düýn gypjak begleri başymyza beladylar, bu gün mongol hanlary üstümize döküldiler. Biz olardan haçan dynarkak? Emma biz daýhan adamlar, garaşyp durup bilmeris. Biziň işimiz galla ekip, ýygnamak, biz öz gamymyzy iýmesek, bize bir döwüm çörek beren bolmaz! – Dogry aýdýaň! Wagty biderek geçirmek bolmaz, ýer tohuma, azala we suwa mähetdel! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |