12:18 Çingiz han -45: romanyň dowamy | |
Ýedinji bap
Taryhy proza
PATYŞA TÜRKAN HATYNYŇ GAÇYŞY Şol aýylganç ýylan ýylynyň (1220) ýazynda bütin Mawerannahr eýýäm Çingiz hanyň häkimiýeti astyndady. Öz ygtyýaryna gymmatly mülk alan janypkeş hojaýyn ýaly bolup, mongol kagany tertibi we parahatçylykly ýaşaýşy ýola goýmak hakynda alada etmäge başlady. Şäherleriň hemmesinde Çingiz han tatar garnizonlaryny goýdy, ýerli häkimleri belledi we beýik kaganyň sak gözleri hemmesini görüp durar ýaly, bilip durar ýaly, ol ýerli häkimleriň ýanynda mongol häkimlerini goýdy. Gözi gorkan we ynamsyz daýhanlaryň käbirleri kem-kemden öz obalaryna gelip ugradylar, ekin meýdanlaryny bejermäge başladylar. Emma tertibiň ýola goýluşy haýaldy: ýurduň hemme ýerinde aç, öýsüz-öwzarsyz bosgunlar heşerlenişip ýördüler, mongollaryň yzy bilen olar-da azyk gözläp, ozaldan-da tozdurylan obalary talaýardylar. Diňe Jeýhunyň aşaklary, Horezmiň düýp ýerleri mongollara heniz boýun egmän gelýärdi, Horezm şalaryň baý paýtagty bolan Gürgenç şol ýerdedi, ol mongollaryň alan ýerleriniň ortarasynda ýüpleri gyrylan çadyr ýaly bolup durdy. Çingiz han ol ýerlere-de el gatmagy ýüregine düwdi we şol jelegaýy basyp almagy özüniň üç ogluna: Juça, Jagataýa we Ugedeýe tabşyrdy. Şolara öz goşunynyň ep-esli bölegini bölüp berdi. Jagataý bilen Ugedeý Horezmiň üstüne günorta tarapdan, Jeýhun derýasynyň boýuny syryp gitdi, hemişe özdiýenli Juçy bolsa, äwmän, öz goşuny bilen Jentiň ýanyna baryp gondy-da, gulan awlamak bilen meşgul boldy we çarwalaryň kagan tarapyndan gowy görülýän diňe gyr we mele atlaryny ellerinden alýardy. Çingiz han özüniň esasy goşunynyň ýörişini duruzdy we Jeýhun derýasynyň ýakasynda gyşlamagy ýüregine düwdi. Horezm şanyň Çingiz hanyň tarapyna geçen wezipedarlarynyň biri bolan Danyşment hajyby Çingiz han Gürgenje iberdi. Ol Muhammet şanyň ejesi garry Türkan Hatynyň ýanyna bardy we beýik kagan Türkan Hatyn bilen uruşmaýar, onuň ogly Muhammet şa bilen uruşýar, özi-de onuň eden jenaýatlary üçin däl, gaýtam onuň öz ejesiniň sözüne gulak asmaýandygy we göwnüne degýändigi üçin ony jezalandyrmak üçin uruşýar diýip Türkan Hatyna aýtdy. Danyşment hajyp ýene-de, eger Türkan Hatyn boýun egýändigini aýtsa, onda Çingiz han Türkan Hatynyň garamagyndaky welaýatlara degmezlige we tozdurmazlyga söz berýär diýdi. Emma diňe öz mongollaryna sap ýürekli bolan, beýleki ähli adamlar bolsa, tüýdük çalan bolup jereni ýanyna aldaw bilen getirip, tutaga-da etini kebap etmek isleýän awçy ýaly garaýan mongol häkimine köpbilmiş Türkan Hatynyň ynanjak gümany ýokdy. Danyşment hajybyň baran wagtynda Gürgenje Kelifden birnäçe gaýyk gelipdi. Şol gaýyklaryň birinde ýönekeý garyp daýhan geýmini geýnen Ynanç han bardy, ol Horezm şadan hat getiripdir. Patyşa Jeýhun kenaryndaky saklawlary goýup gidýändigini, ullakan goşun ýygnamak üçin Horasana gidýändigini ejesine habar berýärdi, Çingiz hanyň sözüne ynanmaly däldigini aýdýardy, bütin harem bilen bilelikde Türkan Hatyny öz ýanyna çagyrýardy. Bu habar Türkan Hatyny şeýle bir howsalalandyrdy, hatda ol gözüne sürme çekmegini-de ýadyndan çykardy. Horezmde galmagyň hatardygyna düşünip, Türkan Hatyn ullakan kerwen taýynlamagy buýurdy, Horezm şanyň ähli aýallaryny we çagalaryny ýygnady, kerweniň gymmat zatlardan ýüküni tutdy-da Garagum çölüniň üsti bilen günorta, Köpetdaga tarap ugrady. Türkan Hatyn ýola düşmezinden öňürti öz agtyklaryny geljekdäki bäsdeşlerden howpsuzlandyrmagy ýüregine düwdi. Ol şa köşgüniň ýanynda girew edilip saklanýan ýaşlaryň ululygyna-kiçiligine seretmän, olaryň hemmesini gaýyga mündürip, Jeýhun derýasynyň çuň ýerine eltip, aýaklaryna uly daş daňyp, suwa taşlamagy buýurdy, Horezmiň uly feodal hökümdarlarynyň ýaşajyk we ýetginjek ogullarynyň ýigrimi ýedisi-de suwa gark edildi. Türkmen ilindäki Ýazyr1 hökümdarynyň ogly Omar hanyň bir özüni Türkan Hatyn öldürmän galdyrdy. Onuň Omar hany öldürmänliginiň sebäbi, Türkan Hatynyň özi şol ýere ugraýardy. Omar han we onuň hyzmatçylary gumuň içinden geçýän ýola beletdiler. Garagum çölüniň içi bilen on alty gün kynçylykly ýol ýörelende olar wepaly hem irinmän, Türkan Hatyna hyzmat etdiler. Emma kerwen Ýazyryň serhedinden çykyp gutarmaga ýakynlaşanda we gumuň aňyrsyndan daglaryň gaýaly depeleri görnende, Türkan Hatyn Omar hanyň uklaryna garaşyp, ol uklaýsa kellesini almaly diýip buýurdy. Ol kerweni ýeke özi somalyp duran gaýanyň üstündeki mäkäm Ilal galasyna ugrukdyrdy. Muhammet şany gözläp ýören mongollaryň öň toparlary golaýda peýda bolýança, Türkan Hatyn özüniň bütin köşk adamlary bilen bilelikde şol ýerde boldy. Türkan Hatynyň saklawynyň baştutanlaryndan biri ol ýerden onuň derrew öz agtygy Jelaleddiniň ýanyna gaçmagyny teklip etdi. Jelaleddin mongollara garşy göreşmek üçin Eýranda goşun ýygnaýardy. Onuň batyrlygy hemmeleriň agzyndady, hemmeler onuň goşunynyň güýçlüligi, onuň duşmanlary kowmagy başarjakdygy hakynda gürrüň edýärdiler. Garry Türkan Hatyn dergazap bolup: – Öläýsemem barman! – diýip gygyrdy. – Beýdenimden mongolyň hanjaryndan ölenim gowudyr! Näme? Men öz at-abraýymdan gaçyp, ýigrenji türkmen Aýjäjegiň ogluna boýun burar ýaly bolaýypmydyryn? Meniň öz asylly gypjaklarymdan agtyklarym barka men şony arka tutunyp ýaşarynmy? Çingiz hanyň eline ýesir düşüp, şonuň elinde masgara bolanymy ondan gowy görerin. __________ 1 Ýazyr – häzirki Aşgabat bilen Gyzylarbadyň aralygyndaky daglaryň etegindedi. Tiz wagtdan mongollar gelip, galanyň daşyny gabadylar. Olar galanyň daşyny bütinleý dolap aldylar, gabawda galanlaryň başga ýerler bilen aragatnaşygyny bütinleý kesdiler. Gabaw dört aýa çekip we howuzlardyr ýerzeminlerde taýynlanyp goýlan suw bütinleý tükenenden soň, Türkan Hatyn duşmana boýun egmegi ýüregine düwdi. Mongollar Türkan Hatyn bilen bilelikde Horezm şanyň bütin haremini we ýaşajyk ogullaryny tutdular. Oglanlaryň hemmesini şol ýeriň özünde öldürdiler, şanyň aýallaryny we gyzlaryny hem-de Türkan Hatynyň özüni Çingiz hanyň lagerine iberdiler. Türkan Hatynyň ýakyn adamlarynyň we saklawynyň hemmesini mongollar gyrdylar. Mongol häkimi Horezm şanyň gyzlaryny dessine öz ogullaryna we ýakyn adamlaryna paýlady, şanyň enesi gazaply Türkan Hatyny bolsa, öz meýlislerinde ile görkezmek üçin saklady. Ol çadyryň daş işiginde oturyp, zarynlap aýdym aýtmalydy, Çingiz han özüniň gemren süňklerini onuň öňüne taşlaýardy. Ozal Horezmiň özygtyýarly hökümdary bolan we özüne «älemiň ähli aýallarynyň hökümdary» diýip, at beren Türkan Hatyn şolary iýip oňýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |