23:41 Çingiz han -46: romanyň dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Taryhy proza
BEÝIK HOREZMIŇ SOŇKY GÜNLERI Birinji bap JELALEDDIN ÇINGIZ HANY SÖWEŞE ÇAGYRÝAR Ekmeseň ýygmarsyň, urmasaň ýykmarsyň. (Saady. XIII asyr) Jelaleddin Horezmşanyň ýanyndan gidip we enebaşga doganlary Ozlak şa bilen Ak şany alyp, ýetmiş atly bilen bilelikde Maňgyşlaga baryp ýetdi. Ýerli çarwalar bulara mes atlar berdiler. Ýaş hanlar şol atlara münüp, Garagumuň içi bilen geçip, Horezmiň paýtagty Gürgenje bardylar. Şol ýerde bular Muhammet şanyň öňki wesýetnamasyny üýtgedendigini we soltan Jelaleddini öz mirasçysy edip belländigini uly beglere yglan etdiler. Ozalky mirasçy Ozlak şa hem ony tassyklady, emma gypjak begleri gany gypjaklardan bolmadyk adamyň soltan bolmagy bilen razylaşmak islemediler. Olar gizlin dildüwşük edip, Jelaleddini öldürmegi ýüreklerine düwdüler. Kelifden gelen Ynanç han oňa dildüwşük hakynda habar berdi. Jelaleddin: – Bu içýanlar we möýler şäherinde men näme iş edeýin, bu ýerde howp abanan wagtda-da agyz birikdirip bilmeýärler! – diýdi. Gijäniň birmahaly ol Temur Mälik we üç ýüz atly türkmen bilen bilelikde duýdansyzlykda Gürgençden çykyp, Garagumuň üsti bilen günorta tarap ugrady. Kerwenleriň on alty gije-gündizde aňyrsyna çykýan agyr ýoluny bir kiçijik otrýad sanlyja günde geçip, Nusaý şäherine baryp ýetdi. Öne iberilen aňtawçy, Köpetdagyň eteginde gök çemende bir hili öýler görünýär, şolaryň ýanynda bolsa, üýtgeşik atlar kössekli gezip ýör diýip habar getirdi. Olar mongollar bolmaga çemeli, özleri-de azyndan ýedi ýüz adam bardy. Temur Mälik şeýle diýdi: – Biziň atlarymyz agyr ýol ýöräp ýadan hem bolsalar, mongollaryň üstüne çozmaga güýji ýeter. Özümiz bolsak, duşmanlary çapmagy başarmalydyrys, Jelaleddin: – Töwekgeliň ýarany hakdyr! – diýip, jogap berdi. Jelaleddiniň gumdan duýdansyz dazlap çykan türkmen atlylary gaýduwsyz gazap bilen mongollaryň üstüne çozdy. Örän güýçli söweş boldy, iki tarap hem jan aýaman çapyşdy. Mongollar asgyn çykyp, başly-barat gaçyp, kärizlerde bukuldylar. Mongollaryň diňe az-azy gutuldy. Şonuň özi türkmenleriň mongollary ýeňen birinji çaknyşygy boldy. Şondan ozal mongollar hemmeleriň ýüregine şeýle bir wehim salýardylar, hatda olary ýeňilmez diýip hasaplaýardylar. Jelaleddin: – Eger-de mongollar ýalazy düzlükde goş bolup durman, Nusaýyň galasynyň içinde bolan bolsalar, onda biz özümiziň ýadaw atlarymyz bilen olaryň duşundan hiç geçibem bilmezdik. Olaryň atlaryny tizräk tutuň-da eýerlän! Biziň ýolumyz heniz uzakdyr – diýdi. Atlylaryň hemmesi mongollaryň dynç atlaryna münüp, dag ýodalary bilen günorta, Nişapur şäherine baka ugradylar. Horezm şanyň beýleki iki ogly: Ozlak şa bilen Ak şa, gypjak hanlaryňyň haýynlygyndan howatyr edip, birnäçe günden soň Gürgençden Nusaýyň golaýyna geldiler. Olaryň ýanynda uly saklaw bardy, olar mongollaryň saklaw otrýadynyň duşundan duýdurman geçjek boldular, emma olaryň daşyny gabap, hemmesini gyrdylar. Şol wagtda Jelaleddin hiç ýerde saklanman, Nişapuryň, Zuzeniň we Herat welaýatynyň üstünden geçip, barha aňry gidýärdi. Bir dag galasynyň emiri gadymy galanyň mäkämligine bil baglap, şol galada galmagy oňa maslahat berdi. – Serkerde galada bukulman, açyk meýdanda hereket etmelidir. Gala her näçe berk bolsa-da, mongollar ony almagyň tärini taparlar – diýip, Jelaleddin jogap berdi. Jelaleddin Busta baranda onuň eýýäm ep-esli goşuny bardy, Horezm şanyň pytran goşunynyň esgerlerini ýygnapdy. Şu ýerde Jelaleddin Eminal-mülküň goşuny bilen birikdi, Kandahary gabap duran mongol otrýadyny kowdy we özüne birmahal Horezm şa tarapyndan berlen mülküň esasy şäheri Hazna bardy. Şol ýerde ol özüne wepalylyk dogrusynda ýerli beglere kasam etdirdi. Jelaleddiniň indi otuz müňe golaý türkmen esgeri bardy. Oňa şonça-da owgan, garlyk we beýleki taýpalaryň esgerleri goşuldy. Jelaleddin şu altmyş müň pyýada we atly esger bilen mongollaryň garşysyna çykdy we Perwana şäherjiginiň ýanynda, Kabul derýasyna guýulýan Lugar derýajygynyň başlanýan ýeriniň ýakynynda goş tutup ýerleşdi. Şu ýerden ol Toharystanyň üstüne çozdy we Warian galasyny gabap duran Mukajegiň mongol otrýadyny derbi-dagyn etdi. Şol ýerde mongollaryň bir müňe golaý adamy öldi, galanlary baş-başa we jan-jana bolup, Pençşir derýasyndan geçip, geçen köprülerini ýykyşdyryp, Çingiz hanyň ýanyna bardylar. Jelaleddin Çingiz hana: «Biziň söweşmek üçin duşuşmaly ýerimizi görkez. Şol ýerde men saňa garaşaýyn» diýip, gysgajyk hat ýazdy-da ony bir çapardan ýollady. Çingiz han hata jogap bermedi, emma Mukajegiň otrýadynyň ýeňilendigini we Jelaleddiniň batyrlygyny görüp, ynjalygy gaçdy. Ol Jelaleddiniň garşysyna özüniň ene başga dogany Şiki Hutuhu-noýonyň ýolbaşçylygy astynda kyrk müň atly iberdi. Jelaleddin mongollaryň garşysyna batyrgaýlyk bilen goşun çekip ugrady. Perwanadan bir farsah (7 kilometr) uzaklykdaky jülgede söweş boldy. Söweş başlanmagynyň öň ýanynda Jelaleddin öz goşunyna: «Pälwanlar, tä deprek çalynýança atlaryňyzyň güýjüni aýaň. Diňe deprek çalnyp ugralan wagtda atlanyň. Şoňa çenli atlaryňyzyň jylawyny arkaňyzda guşagyňyza daňyp, pyýada söweşiň» diýip buýruk berdi. Söweş iki güne çekdi. Şiki Hutuhu-noýon öz mongol esgerleriniň ýadap, halys bolandyklaryny, duşmana bolsa, hötde gelip bilmeýändiklerini görüp, ikinji gün mekirlik edip ugrady. Ol keçeden garantga ýasap, olary zapas atlaryn üstünde oturtmagy buýurdy. Ilki bada ol mekirlik täsir etdi we musulman goşunlary bir bada eýmendiler, emma Jelaleddin olaryň göwnüni göterenden soň olar ýaňadan gaýduwsyz söweşmeklerini dowam etdirdiler. Ahyrda Jelaleddin deprek kakmagy buýurdy. Urşujylaryň hemmesi atlaryna mündüler. Onsoň ol atlylaryny duşmanyň üstüne çozdurdy. Özi bolsa, mongol goşunynyň ortarasyna urup, olary ikä böldi, Şol wagtda mongollar şeýle bir gaçdylar welin, hatda atlarynyň toýnaklarynyň astyndan ot çykýardy. Jelaleddiniň ýadamadyk atly urşujylary gaçyşyp barýan mongollaryň yzyndan dessine ýetip, olary çapýardylar. Şiki Hutuhu-noýon özüniň derbi-dagyn edilen goşunynyň sähelçe galyndysy bilen Çingiz hanyň lagerine dolanyp bardy. Perwananyň ýanynda bolan söweş hakyndaky we ýeňilmez mongollaryň derbi-dagyn edilendigi hakyndaky şöhrat daglardan aşyp, jülgeden-jülgä ýaýrady.. Balh galasyny gabap duran mongol otrýady dessine gaýra çekilip, demirgazyga tarap ugrady. Mongollaryň alan käbir şäherlerinde ilat gozgalaň edip, mongollaryň garnizonlaryny gyrdy. Şol wagtda Çingiz han özüniň hemişeki edehädine ýapyşdy: Jelaleddiniň ýaranlary bolup durýan hanlaryň ýanyna içalylary iberdi we eger hanlar batyr soltany taşlasalar altyn ýükli kerwen bereýin diýip wada berdi. Tiz wagtdan Jelaleddiniň lagerinde olja paýlaşylýarka bolgusyz zatlar üstünde dawa turdy. Bir arap aty üstünde jedelleşip, bir gypjak hany ullakan otrýadyň baştutany Agrakyň kellesine gamçy çaldy. Jelaleddin olary ýaraşdyryp bilmedi. Şondan soň owganlaryň baştutany Muzafar Heniz-de, garlyklaryň baştutany Azym Heniz-de, Kelje esgerlerine ýolbaşçylyk edýän Agrak-da Çingiz hanyň hilegärligine aldandylar, beýleki taýpalaryň esgerlerini gamçy bilen urmakdan gaýtmaýan gypjaklaryň ulumsylygyna we zoňtarlygyna närazylyk bildirip, Jelaleddiniň goşunyndan bölünip aýryldylar. Olar şeýle diýdiler: – Şu türkleriň (gypjaklaryň) özleri ozal mongollardan gorkýardylar. Olar mongollar hemişeki adamlara meňzänoklar, olary ýeňip bolmaz, sebäbi hanjar olara kär etmeýär diýýärdiler. Şoňa görä mongollar dünýäde hiç kimden gorkmaýarlar, olardan ökde çykjak güýç ýokdur diýýärdiler. Indi mongollary biziň derbi-dagyn eden wagtymyzda we mongol taýpasyny-da edil beýleki adamlar ýaly ýaralap, gana bulap bolýandygyny hemmeler gören wagtynda, gypjaklar öwnüp ugradylar, söweşde biz olaryň dadyna ýetişdik, emma olar indi bizi äsgermejek bolýarlar... Jelaleddin hiç bir alaç edip bilmedi. Çingiz hanyň öz duşmanlarynyň üstüne ýeke-ýekeden çozup, derbi-dagyn etmegini aňsatlaşdyrarsyňyz diýip, Jelaleddiniň subut etjek bolmagy biderek boldy, onuň janyndan syzdyryp aýtmagyna gulak asmadylar, şol sebäpli onuň goşunynyň ýarysy aýrylyp gitdi. Onuň ýanynda diňe Eminalmülküň türkmenleri galdy. Şiki Hutuhu-noýon Çingiz hanyň ýanyna baryp, Perwananyň ýanynda bolan söweşi jikme-jik gürrüň edip berende, Çingiz han, hemişekisi ýaly, arkaýyn we syr bildirmän otyrdy. Ol diňe: – Hutuhu hemişe ýeňiji we ökde çykmaga endik edipdir. Indi, ýeňilmegiň ajysyny görenden soň, ol uruş işlerinde has paýhasly we tejribeli bolar – diýdi. Emma Çingiz han haýal-ýagallyk etmedi, ýygnap bilen goşunyny öz ýanyna jemläp, ägirt uly goşun bilen ýola düşdi. Ol şeýle bir howlukmaçlyk bilen ýol ýöreýärdi welin, ýolda nahar bişirmäge-de wagt ýokdy. Kagan gös-göni Hazna barýardy, araba ýoly gutarandan soň bolsa, ol özüniň hemme arabalaryny taşlap, dag ýodalary bilen gidip ugrady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |