23:43 Çingiz han -47: romanyň dowamy | |
Ikinji bap
Taryhy proza
SIND DERÝASYNYŇ ÝANYNDA BOLAN SÖWEŞ Men saňa atym diýmerin, doganym diýerin. Sen meniň üçin doganymdan-da gowy. (Gorkut atanyň kitabyndan) Ýaran otrýadlary gidenden soň Jelaleddin mongollar bilen, ozalky islişi ýaly, göni durup söweşip biljek däldi, şoňa görä, ol günorta tarap ugrady. Daglaryň arasy bilen çalt akýan we köp suwly Sind1 derýasy onuň öňüni kesdi. Soltan öz goşunyny derýadan geçirmek üçin gaýyk we sal gözleýärdi, emma batly tolkunlar belent kenara urup, gämileriň hemmesini döwýärdi. Ahyrda bir gämi getirdiler, Jelaleddin oňa öz ejesi Aýjäjegi, aýalyny we beýleki aýal maşgalalary mündürmekçi boldy. Emma ol gämi-de gaýa degip çagşamaga başlady, şol sebäpli aýallar-da goşun bilen bilelikde kenarda galdylar. Birden bir çapar gelip: «Mongollar gaty ýakyn gelipdirler!» diýip gygyrdy. Gije bolsa, göze dürtme garaňkydy. Çingiz han soltan Jelaleddiniň Sind derýasyndan geçelge gözleýändigini bilip, ony tutmagy ýüregine düwdi. Ol uzynly gije goşuny bilen ýol ýöredi we daň saz beriberende duşmanyny gördi. Mongollar soltanyň goşunlaryna üç tarapdan ýakynlaşmaga başladylar. Birnäçe ýarym aýlaw emele getirip, mongollar ýaý şekilli bolup aýak çekdiler. Sind derýasy bolsa, ýaýyn zeýi hökmündedi. Çingiz han Uner-Gulijany we Gugus-Gulijany öz otrýadlary bilen soltany gysyp, kenardan yza sürmeli diýip iberdi, öz goşunyna bolsa: «Soltana ok atmaň. Diri tutmagy höküm edýäris» diýip buýruk berdi. Jelaleddin musulman goşunynyň ortarasyndady, onuň töwereginde ýedi ýüz sany edermen ýigit bardy. Baýryň üstünden söweşe serenjam berip duran Çingiz hany görüp, soltan öz jigitleri bilen şeýle bir gazaply hüjüm edip, mongollary kowalap ugrady welin, mongol häkimiň özi-de atyny gamçylap gaçmaga başlady. Emma uzakdan görýän we seresap Çingiz han söweşden öňürti on müň sany saýlama söweşijini bukuda gizläp goýupdy. Olar bir gapdaldan dazlap çykdylarda Jelaleddinin üstüne çozdular, ony yza çekilmäge mejbur etdiler. Eminalmülküň ýolbaşçylygy astyndaky türkmen goşunynyň sag ganatynyň üstüne okduryldylar. Mongollar onuň hatarlaryny gysyp, goşunyň ortarasyna eltdiler, şol ýerde hemmesi garym-gatym bolup, yza çekilmäge başladylar. Soňra mongollar çep ganaty-da derbi-dagyn etdiler. Jelaleddin öz jigitleri bilen bilelikde söweşmegini öýläne çenli dowam etdirdi we hemişeki aljyramazlygyny ýitirip, edil gyssanan arslan ýaly bolup, kä çep ganata, kä sag ganata at salýardy. Mongollar kaganyň: «soltana ok atmaly däl» diýen buýrugyny ýatdan çykaranokdylar. Jelaleddinin töweregindäki gurşaw barha daralýardy. Ol duşmanlaryň hatarlarynyň arasyndan urup geçmek üçin örän gaýratly söweşýärdi. Suw seňrikden geçendigine düşünip, soltan ýüz nikabyny we hanjaryndan beýleki uruş esbaplaryny taşlady-da özüniň gowy görýän başga türkmen atyna mündi. Atynyň başyny öwräge-de ony belent gaýanyň üstünden joşgunly Sind derýasynyň gara tolkunlarynyň arasyna bökdürdi. Derýadan aty bilen ýüzüp geçdi-de kert kenaryň üstüne çykyp, Jelaleddin şol ýerden Çingiz hana hanjary bilen azm urdy we atyny çapdyryp, jeňňeliň içinde gözden ýitip gitdi. Çingiz han biçeme geň galyp, elini agzynyň üstüne goýdy we Jelaleddini ogullaryna görkezip: – Honha, atanyň ogly şeýle bolmalydyr!2 – diýdi. Mongollar soltanyň özüni suwa oklandygyny görüp, derýadan ýüzüp geçmekçi we ony kowalamakçy boldular, emma Çingiz han gadagan etdi. Olar Jelaleddiniň ähli goşunyny gyrdylar. Esgerler mongollaryň eline düşmesin diýip, Jelaleddiniň aýalyny we ejesini suwa taşlamaga zordan ýetişdiler. Jelaleddiniň mongollaryň eline düşen ýedi ýaşly oglunyň bir özi diri galdy. Mongollar ony getirip, Çingiz hanyň garşysynda duruzdylar. Ýedi ýaşly oglan kagana ýeňsesini tüňňerdip, oňa batyrgaý we otlukly göz bilen gyýa-gyýa seredýärdi. Çingiz han: – Duşmanlarymyzyň neslini köki-damary bilen goparmak gerek. Beýle batyr musulmanlaryň nesli meniň agtyklarymyň hemmesini öldürip çykar. Şoňa görä bu oglanyň ýüregini kesip meniň tazyma beriň – diýdi. Mongol jellady özüniň ussatlygyny kagana görkezip biljekdigine begenjinden erinlerini gulaklaryna ýetiräýjek bolup ýyrşaryp, ýeňlerini çyzgap, oglanyň ýanyna bardy. Ony arkan ýatyryp, mongol adaty boýunça, bir demde pyçak bilen onuň döşüni iki ýana serpdi, elini onuň gapyrgalarynyň aşagyna sokdy-da onuň kiçijik, bugaryp duran ýüregini goparyp aldy we ony Çingiz hana eltip görkezdi. Ol edil garry öküz ýaly bolup: «Khu-khu-khu!» diýip, birnäçe gezek bögürdi, ýüzüni çytyp, küýkerilip oturan ýerinden mele atynyň başyny öwrüp, daşlyk ýoda bilen öňe sürüp gitdi. Sind derýasynyň boýunda bolan şol söweşden soň Jelaleddin dürli ýurtlara aýlanyp, batyr ýigitlerden goşun ýygnap, başarnykly uruşmagyny dowam etdirdi. Emma onuň mongollardan ökde çykar ýaly uly goşuna serkerde bolmagy hiç başa barmady. __________ 1 Sind – Hind derýasy. Tibetden akyp çykýar we Eýran aýlagyna baryp guýulýar. 2 Raşideddin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |