23:45 Çingiz han -48: romanyň dowamy | |
Üçünji bap
Taryhy proza
HAJY RAHYM MÜRZE BOLDY Buharada Mahmyt Ýalwajyň Hajy Rahymy mongol garawuly-nyň hanjarlaryndan gutaryp, öz synyna ýapyşyp ýöremäge rugsat beren agşamyndan bäri derwüş şonuň yzyndan aýrylmady, derwüşiň yzynda bolsa, inisi Tugan onuň kölegesi ýaly bolup ýördi. Mahmyt Ýalwaç Mawerannahr welaýatynyň täze hökümdary, Çingiziň ogly Jagataý hanyň baş geňeşçisi boldy. Jagataýyň özi köplenç aw awlamak we meýlis guramak bilen gümrady, Mahmyt Ýalwaç bolsa, paç ýygnaýardy, tatarlaryň basyp alan zatlaryny hasaplaýardy, Mongolystana yzly-yzyna gul iberýärdi, begleriň taşlap giden öýlerini we mülklerini ýazýardy, täze salgytlary jar edýärdi we şol salgytlary ýygnamak üçin aýratyn ýygymçylary iberýärdi. Ol ozalky begler öz mülklerine gaýdyp gelmezler we olara öz ýerleriňiz üçin salgyt bermeli bolmarsyňyz diýip, wada bermek bilen ilaty öz ýerlerine gaýdyp gelmäge çagyrýardy, galla we gowaça ekmegi maslahat berýärdi. Emma ol bularyň hemmesini gaçyp pytran halky ynjaldyrmak, gözi gorkan ilatyň öz ekin ýerlerine gaýdyp gelmegi we ygyp ýören aç adamlaryň kerwen talamaklarynyň bes edilmegi üçin aýdýardy. Soňundan ol wadalaryň hemmesiniň diňe aldawaçdygy aýdyň boldy, türkmen, täjik we gypjak begleriniň deregine ýerleri kem-kemden mongol şazadalary we hanlary eýelediler, gaýdyp gelen daýhanlar bolsa, olaryň elinde ozalky ýaly işlemeli, öz hasyllarynyň hemmesini diýen ýaly olara bermeli boldular. Mahmyt Ýalwaç Hajy Rahymy öz diwanhanasynyň mürzesi edip belledi, Hajy Rahym bolsa, özüniň hoş owazly gazallar düzmegini wagtlaýynça goýbolsun edip, sürlüp takyr bolan ullakan halynyň üstünde beýleki mürzeleriň ýanynda oturyp, her gün ertirden agşama çenli yhlas bilen hyzmat edýärdi, ol dyzynyň üstünde hasap ýazuwlaryny düzýärdi, emläkleri ýazyşdyrýardy, buýruklary we başga-da her dürli möhüm zatlary ýazýardy. Mahmyt Ýalwaç derwüşe hiç bir aýlyk berenokdy we günlerde bir gün oňa şeýle diýdi: – Saňa aýlyk nämä gerek? Kim baýlygyň ýanynda ýörse, onuň eline altyn tozany siňer diýipdirler... Hajy Rahym jogap berip: – Emma şahyr derwüşiň eline siňmez. Köp ýyllyk sergezdanlygymdan meniň köne ýapynjama diňe ýol tozany ýygnandy – diýdi. Şol wagtda, älemiň tükeniksiz ýollarynda derwüşiň ýygnan tozany möhüm kagyzlaryň üstüne dökülmez ýaly, Mahmyt Ýalwaç oňa bir täze ala don bagyşlady we her gün anna agşamy özüniň ýanyna baryp, çörek, çaý we hammam puly hökmünde üç kümüş dirhem almagy buýurdy. Hajy Rahymdan başga adam bolsa, özüni bagtly hasaplardy: ol eýesi taşlap giden kiçijik bir öýde ýaşaýardy, ondan öz öýi ýaly peýdalanyp biljekdi, diwanhanadan gaýdyp gelenden soň, ol howlynyň üzüm dalbarynyň astyndaky sekide oturýardy, dalbardan şeýle bir uly-uly salkymlar sallanyp durdy, hatda onuň hasyly zesine bir ýyl eklenmäge ýetjekdi, öýüň ýanynda şeýle bir uly belent çynar gögerip otyr, onuň kölegesi hatda goňşy metjidiň üstüne-de düşýär we derwüşiň kiçijik öýüni günüň jöwzasyndan goraýardy. Şol ýerin özünden bir ýapjagaz geçip, üzüm agaçlaryny suwarýardy. Hajy Rahym agşam salkynynda öz inisi Tugana algebra we arap hatyny öwredýärdi. Emma Hajy Rahymyň göwnüniň isleýäni maddy taýdan üpjün bolmak däldi, onuň göwnüniň isleýäni adatdan daşary wakalardy, şol sebäpli onuň ýüreginde ynjalyksyzlyk közi köreýärdi. Öz edýän işi indi göwnüne ýaramaýardy. Diwanhana her gün ýüzlerçe arzaçy gelýärdi, olar köplenç, asuda ilaty mongollaryň horlaýandyk-laryndan nalaýardylar, bütin ýurt täze basybalyjylaryň goly astyndady, olar halkyň arasynda goýun derisindäki möjek ýaly bolup, halan işlerini edip ýördüler. Şol wagtda Hajy Rahym öz-özüne: «Besdir, derwüş! Kim öz mähriban halkynyň duşmanyna hyzmat etse, ol öwülmän, näletlenmäge mynasypdyr» diýdi. Onsoň ol ýüregine ot berýän zatlaryň hemmesini dogrusyndan gelip aýtmagy göwnüne dikip, Mahmyt Ýalwajyň ýanyna ugrady. Hajy Rahym baranda Mahmyt Ýalwaç öz aladalaryndan dynç almak üçin, ullakan köşk bagynda üzüm agaçlarynyň çybyklaryny kesip ýördi. Mahmyt derwüşiň sözüni diňländen soň: – Sen endam-janyna ýara salnan we örtenip, halys bolan mähriban ata-watanyňy taşlap gitmekçi bolýaňmy? – diýdi. – Halky gulçulyga salyjylara meniň hyzmat edesim gelenok... – Mähriban halkymy gulçulyga salyjylara hyzmat edýänim üçin, belki, sen meni-de bedasyl hasaplaýansyň? Bu barada meniň saňa jogabymy diňle. Biziň hökümdarymyz beýik kagan Çingiz hanyň baş geňeşçisi bar, ol hytaý, adyna Ýelýu Çu-saý diýýärler. Ol gorkman, hemişe hakykaty Çingiz hanyň ýüzüne aýdýar. Bütin şäherleri biderek ýoga çykarmakdan Çingiz hany şonuň bir özi saklaýar. Ol «Eger bütin ilaty gyryp çyksaň, onda saňa we seniň agtyklaryňa kim salgyt berer?» diýýär. Onuň sözlerinden soň Çingiz han ýüz müňlerçe ýesire rehim edýär... Menem öz musulman halkymyzy uçdantutma gyrylmakdan gutarmak üçin Çingiziň ogly Jagataý hanyň ýanynda şeýle geňeşçi bolmaga jan edýärin. Sen Jagataýyň ýüzüni gördüňmi? Onuň gözi zalymlyk gazabyndan doludyr. Her gün adamlaryň işine garanyňda barmagyny somaldyp: «Alyp baryň!» diýen aýylganç sözleri aýdýar, şondan soň ol şumbagt adamy ölüme äkidýärler. Men bolsam her gün onuň rehimini getirmäge jan edýärin. – Men öz watanymda galýaryn. Ýene maňa başga bir iş ber: gan lagtalary basan geýimleriň hasabyny ýazmaga we adamlaryň gözýaşlaryny görüp oturmaga meniň mundan beýläk ragbatym ýok – diýip, Hajy Rahym jogap berdi. – Ýagşy, men saňa bir möhüm ýumuş buýraýyn. – Aýdyň, jenabym. – Çingiziň uly ogly, demirgazyk we günbatar ýurtlarynyň hökümdary Juçy han Horezmiň demirgazyk sebitleriniň mülk hökmünde berleni üçin, olary özüne tabyn etmäge barýar diýip, maňa aýtdylar. – Buharanyň we Samarkandyň ilatlary öz şäherlerini söweşmän berdiler, emma Gürgenjiň demirçileri bilen misgärleri özleriniň şäherini söweşmän bermezler, men şony bilýärin. – Men Juçy hana bir hat ibermekçi bolýaryn, emma ýolda, Gyzylgum çöllerinde otrýadlar peýda bolupdyr, olar mongollaryň üstüne çozup, olary öldürýärler. Olaryň baştutany Gara Bürgüt diýilýän bir «gara atlymyş», onuň biçeme gowy bir gara aty barmyş. Ol hiç ele düşmeýärmiş. Biçeme köp ýol ýöräp, Gyzylgumuň bir bu çetinde, bir ol çetinde duýdansyz peýda bolýar, ýene duýdurman zym uçýar. Oňa al-arwahlar kömek berýärmiş diýen gürrüň iliň arasyna ýaýrapdyr. Hajy Rahym: – Ol «gara atly» musulmanlaryň arasynda heniz goç ýigitleriň bardygyny subut edýär – diýdi. – Men saňa bir hat bereýin, şony Juçy hanyň özüne gowşurmaly. Sen ol haty mongol garawullarynyň-da, «gara atlynyň-da» eline düşmez ýaly edip gizlärsiň. Ýogsam sen özüňiň-de, meniň-de işimi görersiň. Hajy Rahym ýüzüni aşak saldy. «Eger ol ibereniň-de işini görüp biljek bolsa, ol nähili hatka?» Ol ýüzüni ýokary galdyrdy. Agşam şapagy düşýän altyn asmanda üzüm ýapraklary çatlyşyp göründi. Mahmyt Ýalwaç butnaman seredýärdi we onuň nazary derwüşiň içindäki pikirlerini görüp duran ýalydy. Ol özüniň çal sakgalyny sypalap, çalaraga-da ýylgyrdy. Hajy Rahym şeýle diýdi: – Men bu haty Juçy hana gowşuraýyn, ony başga hiç kim okamaz. Men hasamyň bir ujuny köwüp, haty şoňa salaryn-da mum bilen beklärin. Emma beýik hanyň ýanyna ýetip bolarmyka? Ol häzir Gypjak sährasynda uruşýandyr, öňünden çykanlary öldürişdirip, sümsünşip ýörenler köpdür. Men şu bagyň ýodajygynda seniň aýagyň astynda gyrmyllap ýören bir möjejik hökmündedirin. Seniň güýçli eliň astyndan gidenimden soň, başyma, gör, nä günler geler? Men «gara atlydan» gorkamok, emma birinji saklawyň üstünden baran badyma mongol garawuly tutup, meni kerçelär. Mahmyt Ýalwaç egildi-de ýol bilen gyrmyllap barýan bir gyzyl tomzajygy aldy, ony özüniň kiçijik, ak aýasynyň üstünde goýdy. Tomzajyk alňasaklyk bilen ýörmül-ýörmül edip, onuň barmagynyň ujuna baryp ýetdi-de ganatjygyny ýazyp, uçup gitdi. – Müňlerçe urşujynyň geçip bilmejek ýerinden sen şu tomzajyk ýaly geçip gidersiň. Sen keramatly derwüş bolup, ýene köne ýapynjaňy egniňe alarsyň, Bir ümsüm eşek tapyp, oňa kitap baryny ýüklärsiň. Seni mongol saklawlarynyň tutmazlygy üçin bolsa, men saňa laçynly altyn paýsa bererin. – Inim Tugany näme edeýin? – Sen ony şägirt edinip, ýanyň bilen äkidersiň, O taýda, Juçy hanyň lagerinde ol uruş işini öwrener. Edenli jigit bolar. Ýoluň ak bolsun! – Arkaýyn bol, elimde baryny ederin. – Ýörejek ýoluňy ýöräp gutaranyňdan soň, meniň üçin Allany çagyryp, doga okagyn, men saňa ýagşylyk edýän bir garry adamdyryn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |