23:46 Çingiz han -49: romanyň dowamy | |
Dördünji bap
Taryhy proza
«GARA ATLY» Hajy Rahym bilen Tugan agşamara ýola düşüp ugradylar we bazardan boş sebetli gaýdyp barýan oba adamlaryna goşuldylar. Ýolagçylaryň hemmesi kem-kemden, biri-biriniň yzyndan gapdallara sowulyp, özleriniň ýanan obalaryna girip gitdider. Hajy Rahym öz däbine görä, arap aýdymlaryny hiňlenip, endigan, birsydyrgyn ýöräp barýardy. Tugan indi tokarja bolupdy. Ýetişip barýan oglanda bolşy ýaly, onuň gök sellesiniň aşagyndan gara gulpagy sallanyp durdy. Onuň arkasynda ýol torbasy bardy, uzyn taýaga daýanyp, öňlerinden duşýan baýyrlaryň üstüne ýeňillik bilen ylgap çykýardy, hemme zada höwes edip, hemme zada düşünjek bolup, uzaga, dumanlap duran daglara seredýärdi. Ol indi gülüp-oýnap ýaşaýardy, onuň bu ýaşaýşy özüniň Gürgenç türmesiniň ýerzemininde geçiren agyr aýlaryndan soň ylaýta-da şatlykly bolup görünýärdi. Gara eşek uzyn gulaklaryny galgadyp, ýygy-ýygydan basyp, berk toýnaklaryny tyrkylladyp, dikirdäp barýardy. Eşege ýüklenen torbalarda kitap bardy, arap hem pars şahyrlarynyň goşgulary ýazylyp towlanan kagyzlar hem-de birnäçe günlük azyk bardy. Kämahal uzakdan tozan turup, soňra agaçlaryň aňyrsyndan bir uly bege saklaw bolugt barýan ýa-da galla ýükli kerwenleri goraýan mongol atlylary çykýardy. Mongollaryň biri beýleki atlylardan saýlanyp, Hajy Rahymyň ýanyna dazlap gelýärdi-de: – Kim bolarsyň? Nirä barýarsyň? – diýip gygyrýardy. Hajy Rahym sesini çykarman, sopbajyny ýeňsesine süýşürýärdi we onuň maňlaýynda inçejik gurşawa berkidilen, uçup barýan laçyn suratly altyn bölejigi görünýärdi. Şol wagt eýýäm ýokary galdyrylgy gamçyly el ýuwaşlyk bilen aşak gaýdýardy we ol mongol «Baýartaý! Uragş!» (Hoş gal! Gidiber!) diýip, atyny duran ýerinden yzyna öwrüp, öz otrýadynyň yzyndan ýüzin salýardy. Derwüş bolsa, özüniň çüri sopbajyny ýene maňlaýyna çümürip, ýola rowana bolýardy, şol barmana täze aýdym aýdyp ugraýardy: Ýör, eşegim, öňe ýöre bat bilen, Ahly, waýly ol mekana baraly. Köp ýigitler söweş etdi ýat bilen, Kimi öldi, kim ýykyldy ýaraly. Bir çöl-beýewanda alaňlygyň aňyrsyndan birden bir dört sany atly çykdy-da ýodanyň ugrunda keserlip durdy. Olardan biri, güne ýanyp şar-gara bolan ýygyrt-ýygyrt ýüzli bir garry: – Duruň! Seniň adyň näme? – diýip gygyrdy. – Essalawmaleýkim! Saňa meniň adym nämä gerek? – diýip, derwüş jogap berdi. – Men seni tanadym! Menden sypyp bilmersiň! Mongollara masgara bolup satylan musulman Mahmyt Ýalwajyň mürzesi bolup işläpdiň. Sen oňa halky talamaga kömek berýärdiň, şonuň üçin häzir meniň hanjarym seniň satlyk teniňi parçalar! – Seniň sözleriňde iki damja sap hakykat bar, galanlarynyň hemmesi gabahat töhmet. Garry gazap bilen: – O nähili töhmet? – diýip, gygyryp, hanjaryny gynyndan çykarmakçy boldy. – Hormatly musulman Mahmyt Ýalwajyň mürzesi bolanym dogry, meniň öljegimem dogry, heý-de ölmejek adam bolarmy? Emma men hiç haçan hiç kimi talamok, ýöne mongollaryň talap alan zatlaryny uzyn-uzyn kagyzlara ýazýardym we dat edip, Mahmyt Ýalwajyň ýanyna arz bilen gelýän, horlanan adamlara arza ýazyp berýärdim. – Eger sen edil şu ýeriň özünde sopbaçly kelläňi aldyrmajak bolsaň, häziriň özünde biziň yzymyza düş, özüňem gaçaýmakçy bolmagyn – diýip, ýaňky garry gygyrdy. Derwüş göwrümini giň tutmak bilen: – Meniň çagyrylan ýerime irinmäm bolmaz. Ýöne sen maňa öz adyňy aýtmadyň. Bardy-geldi sen bizi ölüme sezewar edäýseň, men Allanyň öňünde kimden görerin? – diýdi. Atlylardan biri: – Alla seniň işiňe garamazdan öňürti, «gara atly» seniň işiňe garar. Biziň serdarymyzyň öňünde oýun edesiň gelmez – diýip, jogap berdi. Atlylar ýoldan sowlup, göni demirgazyga ýüz tutup, gyzgyn sary çägelik bilen gidip ugradylar. Gurak, seýrek ot-çöpler, kä ýerde somalyp duran ýylgynlar, dyr-pytrak bolup gaçyşyp gidýän hajjyklary göreniňde töwerek-daş tukat bolup görünýärdi. Tugan Hajy Rahyma pyşyrdap: – Biz indi ölmeli boldukmy? Şu gerekmez ýola sen näme üçin razy bolduň? Samarkantda biz nähili parahat we hoşbagt ýaşaýardyk – diýdi. – Öňünden gorkmaly däldir. Şu günki gün heniz gutaranok, almany asmana at, ýere düşýänçä – ýa pelek! Ýolagçylar ýüzlerini demirgazyga tutup, uzak ýörediler. Ahyrsoňy, atlylar çalaja bildirip duran iki ýodanyň çatrygyna ýetip, atlarynyň başyny çekdiler. Olaryň biri bir alaňyň üstüne çykyp, çar tarapa uzak seretdi, soňra elini günbatara uzadyp: – Şu ýana gitmeli, tizräk! Gün ýaşyp barýar – diýdi. Mazaly garaňky düşenden soň Hajy Rahym başgalar bilen bilelikde bir oduň başyna baryp ýetdi. Ot ýakyp oturanlar bir gury jaryň içindediler. Garaňkynyň içinde gaçaýmasynlar diýip, derwüşiň we Tuganyň elleri arkalarynda daňylgydy, boýunlaryna tanap atylgydy. Bulary tutan garry oduň başyna eltip, çöke düşürdi. Beýle ýanlarynda bolsa eşegi daňdylar. Oduň başyndaky kiçeňräk bir halynyň üstünde agajet, agras ýüzli bir türkmen aýbogdaşyny gurup otyrdy. Onuň güne ýanan bürünç ýüzünde tegelenip duran gözleri ýanyp durdy. Onuň ýanynda halynyň üstünde uly hanjar ýatyrdy. Hajy Rahym bu aýbogdaşyny gurup oturan türkmene siňe-siňe seredip: «Be, bu tekepbir ýigidi nirede gördümkäm?» diýip içini gepletdi.– Özi-hä şol haý-haýly «gara atlydyr»... Onuň egninde gara çäkmeni, başynda arkanrak geýlen gara telpegi bar, beýle ýanynda belent gara at daňylgy dur. Oduň başynda köne-küşül geýimli, emma kümüş bilen bezelen örän gowy ýaragly ýigrimä golaý jigit otyrdy. Getirilen ýesirlere birleri gülümsiräp, beýlekileri gahar bilen seredýärdiler. Jigitlerden biri gara eşegiň üstündäki bir torbany alyp silkende onuň içinden birnäçe çörek, bir düwünçek kişmiş, bir gawun we bir bölek turşy peýnir çykdy. Soňra unly torbany eşekden düşürip, emaý bilen ýerde goýdy. Üçünji torbany silkdi. Onuň içinden syýa gaby bilen bir galamdan, birnäçe kitap, birnäçe düýrüm kagyz, tüpeň ussasynyň gurallary çykdy. Gözleri tegelenip duran jigit bir kitaby eline aldy-da eýlesine-beýlesine öwrüp gördi, birnäçe sahypasyny agdardy, soňra: – Näme munda uzyn sakgal, garny ýogyn ymamlaryň öz hor-homsy hem aç şägirtleriniň kellesini doldurýan öwüt-ündewleri ýazylypmy? – diýip sorady, Hajy Rahym: – Ýok, ýagşy ýigit. Bu kitap älemi alan beýik Isgender hakynda gürrüň berýär – diýip, jogap berdi. – Ol batyr esger hakynda ýazylan sözleri diňläsim gelmänem duranok! Ýöne seniň kazaň dolupdyr. Häzir Ezraýyl gelip janyňy alar. Hajy Rahymy getiren garry ony eşegiň ýanyna eltdi-de guşagyna gysdyrylgy gezligini gynyndan alňasaman sogurdy we özüniň gataňsy eli bilen derwüşiň eňeginden gaňryp tutdy. – A-haw, atam, dur entek, öldürme! – diýip, kimdir biri gygyrdy. – Biziň serdarymyz beýleki kitaplarda näme ýazylanyny bilmek isleýär. Demigip ölmegine az galan derwüş gyryk ses bilen: – Beýleki kitapda çölüň edermen barsy, täjirleriň gözüniň oduny alan Gara Bürgüdiň edermenlikleri hakynda ýazylypdyr – diýip, jogap berdi. Oturanlaryň serdary: – Dur! Garry, goýber ony!.. – diýip, kitabyň sahypalaryny agdaryşdyryp, urşujylaryň söweşlerini şekillendirýän suratlara seredip ugrady. Ol garry onsoň Hajy Rahymy iterläp, käýinjiräp, gapdala çekildi. Hajy Rahym ýyldyzlary petreşip duran garaňky asmana, şatyrdap ýanýan oduň gyzyl ýalnyna, oturanlaryň gazaply ýüzüne, töwerekdäki çöl gumlara seredýärdi, içinden bolsa şeýle pikir edýärdi: «Kim meniň dadyma ýetişer? Meniň ýaly ykmanda hiç kim rehim etmese-de, şa türmesiniň garaňky ýerzemininden çykan şu tüpeň ussasy oglana bu urşujylaryň rehimi gelmeli ahyryn. Emma derwüş uçurymdan aşak gaýdaýsa-da gyssanmaly däldir, onuň ýapynjasynyň gaýanyň çykydyna ilişmegi ýa-da uçup barýan garaguşuň ony öz ganatynyň üstüne alyp gitmegi mümkindir...» Ýanynda duran Tugan bolsa: – Biziň kazamyzyň dolandygyny görmeýäňmi neme? – diýip pyşyrdaýardy. – Gün heniz gutaranok. Öňümizde uzak gije bar. Gijäniň nämeler getirjegini kim öňünden aýdyp biler? – diýip, derwüş jogap berdi. «Gara atly» sary gaýyş sahaply kitaby öz garşysynda halynyň üstünde goýdy-da şeýle diýdi: – Daň ýyldyzynyň dogmagyna az galypdyr. Dönükleriň bu hyzmatçysyny öldürmäge soňam wagt taparys. Bu sergezdanyň gürrüňini diňläýsek näderkä, goý bu bize bir batyr pälwanyň edermenlikleri hakynda gürrüň bersin. Tugan pyşyrdap: – Saňa şeýle gazap bilen garaýarkalar, dyzyňa çöküp, bulara gürrüň edip berjekmi? Bir sözem aýtma. Goý, bizi häziriň özünde öldüräýsinler! – diýdi, – Sabyr et. Gije uzakdyr, geljegiň bütinleý üýtgeşik bolmagy mümkindir... – diýip, Hajy Rahym jogap berdi. – Goý, gürrüň bersin. Bilbiliň kapasda bolan wagtynda erkinlikdäkiden gowy saýraýan wagty-da bolýandyr – diýişdiler. Hajy Rahym gürrüňe başlady: – Onda gulak asyň. Men size häzir Ikibuýnuzly Isgender hakynda däl, Rüstem-Zal hakynda däl, şöhratly sähra garakçysy Gara Bürgüt we türkmen gyzy Güljemal hakynda gürrüň bereýin... Oturanlaryň serdary «Güljemal» sözüni eşidende dessine ýüzüni ýokary galdyryp, derwüşiň ýüzüne jiňkerildi, bir zada geňirgenen ýaly bolup, gaşlaryny gerdi. Ol sag gapdalyna gyşardy, tirsegine daýanyp: aýasyny ýaňagyna diredi we ýanyp duran gara gözlerini elleri daňylgy gürrüňçä dikip, onuň gürrüňini üns bilen diňlemäge başlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |