08:35 Çingiz han -4: romanyň dowamy | |
Dördünji bap
Taryhy proza
ADYL HÄKIM Çarwanyňkyda iki gün bolandan soň, Hajy Rahym sähranyň inçejik ýodasy bilen, Jeýhunyň aýaklaryndaky ekinzarlyklara, köp adamly Horezmiň şäherlerine we obalaryna tarap, demirgazyga tutduryp barýardy. Onuň eşegi zordan mytdyllaýardy, henizem özüne gelmedik ýaraty täjir ýüklenen düýe bolsa, eşegiň yzyndan äwmezlik bilen yranyp barýardy. Derwüş arap we pars aýdymlaryna hiňlenip barşyna Horezmiň metjitleriniň owadan gümmezleri haçan görnerkä diýip uzaga seredýärdi. Gum depeleriniň arasy bilen geçýän inçejik ýoda üçünji gün uly ýola öwrüldi we daşlyk-çagyllyk alaňlyga çykdy. Şol ýerden baglar, jeňňeller we göm-gök ekin meýdanlary bilen bezelen, gülläp oturan, şatlykly düzlük görnüp ugrady. Nirä seretseň, agaçlaryň arasyndan üsti tekiz tamlar, tüssä garalan öýler we baý gypjak hanlaryňyň gala meňzeş, künçleri diňli howlulary görünýärdi. Onda-munda, naýza ýaly çowlanyp gidýän minaralar somalyşyp durdy, olaryň ýanyndaky metjitleriň dürli reňkli kerpiçlerden salnan gümmezleri al-ýaşyl öwsüp durýardy. Suwarylan inedördül ekin meýdanlary äpet aýna ýaly ýaldyraýardy. Olaryň arasynda egin-başy sal-sal letde-lütdeli, aýaklary zynjyrly adamlar görünýärdi. Derwüş baýryň üstünde aýak çekip, pyşyrdamaga başlady: – Ine, behişt bolmak üçin ýaradylan ýer, emma bu ýer jebir-jepa we gözýaş jülgesine öwrüldi. Mundan on bäş ýyl ozal men gorka düşüp, daljygyp, göýä ýazykly ýaly yzyma garanjaklap, bu ýerden gaçypdym. Indi güne ýanan bu gara derwüşiň şol ymamyň näletlän ýigididir öýdüljek gümany barmy? Ýör, Bekirim, tiz wagtdan biz paýtagtlaryň paýtagty, dünýädäki şäherleriň iň baýy bolan Gürgenjiň derzezesiniň ýanynda gijeläris; ol ýerde musulman hökümdarlarynyň iň güýçlüsi, emma iň zalymy Horezm şa Muhammet patyşalyk sürýär... Derwüş ýene ýöräp ugrady. Ýolda uzyn-uzyn şahly äpet öküz goşulan iki tigirli arabalar, pyýada barýanlar, gyzyl donly, şaýly atly adamlar, arryk eşekli, güne garalan oba adamlary barha ýygy-ýygydan duşmaga başlady; dumly-duşdan sygyrlar molaşýardy, dowarlar mäleşýärdi, çopanlaryň gykylyklary eşidilýärdi. Birinji duşan obada uzyn ak taýakly adamlar derwüşiň daşyny aldylar. – Sen nähili adam? Eger sen baýlyga kowalaşmaýan derwüş bolýan bolsaň, onda düýe idip barmagyň näme? Ýör häkimiň1 ýanyna baraly, ol saňa ölüm hökümini okap berer. Derwüşi äkidip, beýik diwarly howla saldylar. Bir uly haly ýazylan eýwanda, egni ala donly, dikgi, agajet bir goja aýbogdaşyny gurup otyrdy. Ägirt uly, gunduz ýaly ak sellesi, yhlas bilen daralyp goýberlen çal sakgaly, gyňyr, içiňden geçip barýan nazary we äwmezekligi oňa işi düşýän adamlaryň hemmesini sazanakladýar-dy, şonuň üçin olar bara-barmana onuň aýagyna ýykylýarlar. Ýanynda eli galamly ýaş bir mürze höküme garaşyp, çöküne düşüp, ýapyrlyp otyrdy. – Kim borsuň? – diýip, häkim sorady. – Men hormatly enemiň günäkär ogly, adyma Hajy Rahym al Bagdady diýýärler, keramatly Bagdat şyhlarynyň şägirtlerinden. Men uzak ýollary sökýärin, doýmaz-dolmaz zemin garaňkylygyna düşen ýagşyzadalaryň yzlaryny gözläp, sergezdan bolup ýörýärin. Goja geňirgenip, bir gaşyny gerdi-de, derwüşiň ýüzüne siňe-siňe seretmäge başlady. – Ol düýäniň üstündäki syrkaw kim? Ol näme üçin sellesiz? Ol musulmanmy ýa-da başga dindenmi? Sen ony ýaralapsyň, talapsyň we baryny-ýoguny satyp-sowupsyň diýip maňa habar berýärler. Dogrumy şol? Derwüş gollaryny asmana serdi. – Eý, hemmäni görüp duran perwerdigär, sensiň meniň ýalňyz penam! Ýalan gep ýaýratmakdan başga zat bilmeýän töhmetçä akylym haýran! Meniň gören azaplarym, çeken gam-gussalarym onuň nä azaryna! Häkim başam barmagyny çommaltdy-da: – Bu näsag adam hakynda näme bilýän bolsaň, maňa dogry aýdyp ber – diýdi. Ol wagt derwüş özüniň çapawullanan kerwene duşuşyny we ýaralanan adamy ölümden gutarjak bolup köp horluk çekendigini gürrüň edip berdi. Goja kümüşsöw sakgalyny sypalap: – Belki, bu ýaraly örän uly adamdyr, belki, onuň eli asmana ýetýändir? Ýaralyny meniň özüm bir göreýin – diýdi. Köwşüni gowallaň geýdi-de eýwandan düşüp, düýäniň ýanyna bardy. Oba adamlary biri-birine gezek bermän gygyryşyp, onuň daşyna ýygnandylar. – Bu näsag adamy biz tanaýarys. Bu gürgençli baý täjir Mahmyt Ýalwaç. Ynha düýede onuň tagmasy-da bar. Mahmyt Ýalwajyň iki ýüz, üç ýüz düýeli kerweni Töwrize2, Bulgara3 we mukaddes Bagdada gatnaýar. Häkim ilatyň aýdanyny diňläp, sesini çykarman birden durdy-da, dodaklaryny kümşülledip, güberlip öz kararyny yglan etmäge başlady, mürze bolsa ýetişip bildiginden ýazýar. «Belet we ähtibarly adamlaryň güwä geçmeklerine görä, bu näsag adam Gürgenjiň hormatly täjiri Mahmyt Ýalwaç ekeni. Şuna görä, ony düýeden emaý bilen düşürmeli, getirip meniň öýümde ýatyrmaly hem-de şypa tapdyrýan ot-çöp bilen onuň ýarasyny gowy bejerip biljek tebibi çagyrmaly diýip höküm edýärin. Ýaraly bir musulmany gara günde taşlap gidibermän, sogap iş eden derwüş öz ýoluna gidip biler we ölümden gutarylan täjir gutulan wagty oňa muzd bermelidir. Düýäniň derwüşiňki bolup bilmeýänligine görä, tä eýesi gutulýança ol düýe meniňkide galar. Höküm çykarylany we oňa möhür basylany üçin, derwüşiň gara eşegini meniň diwanhanamyň garamagynda galdyrmaly». Häkim: – Ýazdyňmy? – diýip mürzeden sorady. – Ýazdyk, alyhezret. Häkim öňküsiniň üstüne goşup: – Okumyş derwüş, meniň binowa maýamdan bir dirhem4 al – diýdi. Hajy Rahym bir mis teňňäni alyp, ony maňlaýyna we dodaklaryna degirdi. Soňra ony gysymyna gysyp, şeýle diýdi: – Eý, adyl häkim, seniň parasatyň beýikdir. Sen meni ýaralynyň, düýäniň we eşegimiň derdeserinden dyndardyň, men eşek münmekdenem dyndym, ony naharlamak aladasyndanam dyndym. Men bolsam, ölüp gidýän adamlaryň iň bir bihepbesidirin, körüň okarasyna pul berýäniň jomart elinden sypyp barýan ýeňil teňňe ýalydyryn. Eger seniň jomartlygyň-da seniň mäşbürünç sakgalyň reňki dek päk bolsa, bu mis derhem altyn dinara öwrüler. Şeý diýip, Hajy Rahym gysymyny açdy welin, görseler onuň aýasynda altyn dinar ýalpyldap dur. – Hakdyr meniň sözüm, hormatly hökümdar, seniň aýagyň seken ýeriniň hiç wagt berekedi kemelmez. Hajy Rahym gysymyny ýamaşgan gysyp, butnaman durdy. Hökümdar we töwerekdäki adamlar bolsa agyzlaryny öweldip, bir öz biri-biriniň ýüzüne, bir ol derwüşiň ýumrugyna seredýärdiler. – Men oňa gara mis dirhem beripdim. Ol meniň gowy ýadyma düşýär. Emma ýaňy siziň hemmäňiz onuň elinde altyn dinar gördüňiz – diýip, hemişe agras garry häkim ýerinden zöwwe turup, derwüşe tarap okduryldy, bara-barmana derwüşiň eline ýapyşdy. – Ber bärik altyn dinary! Sen onuň bilen diwan çykdajylaryny üzmelisiň! Hajy Rahym gysymyny açdy hem welin, häkim teňňäni garbap aldy, emma ol ýene öňküsi ýaly gara mis dirhemdi. Häkim sortdurylyp, eginlerine üfleşdiren bolup, gabarylyp eýwana çykdy. Hajy Rahym eşeginiň ýanyna bardy, onuň üstünden haltasyny aldy we ony egnine atyp, yzyna garaman: – Ýa-hu-u! Ýa-hak! Lä illähi-illä-hu-u5 – diýip bogazyna sygdygyndan gygyryp. Gürgenje tarap ugrady. __________ 1 Häkim – bu ýerde bir iliň hökümdary diýen manyda. 2 Töwriz – demirgazyk Eýrandaky uly bir şäher. 3 Bulgar – X–XIV asyrlarda söwda we senagatly baý şäher; Wolga bulgarlarynyö Kama derýasynyň Wolga derýasyna guýulýan ýerinde bolan paýtagty. 4 Dirhem – 20 köpüge golaý gymmatly kümüş teňňe: gara mis teňňe – 2 köpüge golaý gymmatly teňňe. Dinar – takmynan 10 manat gymmatly altyn teňňe. 5 Derwüşleriň bu arapça adaty çagyryşy: «Ol adalatlydyr, bir Alladan başga Alla ýokdur!» diýen manydadyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |