23:49 Çingiz han -50: romanyň dowamy | |
Bäşinji bap
Taryhy proza
HAJY RAHŞYŇ ERTEKISI Ol gyz meniň duşumdan çalt-çalt ýöräp geçende, onuň köýneginiň bir çeti maňa galtaşdy. (Gündogar ertekisinden) «Güljemal uly türkmen çölündäki bir garyp obada garypja çopandy – diýip, Hajy Rahym hiňlenýän ýaly bolup gürrüňe başlady. – Güljemal köp aýdym bilýärdi. Onuň guzularyny suwa ýakmaga sürende aýdýan aýratyn aýdymjygy bardy, başga bir mylaýym we şatlykly aýdymynda guzularyna arkaýynja otlaberiň, uzaga dagamaň diýip ýalbarýardy. Emma bir aýdymy howsalalydy, hasratlydy, arasy üzülip çykýan owazlar bilen, ýyrtyjy möjek ýakyndadyr diýip, azaşan guzulara habar berýärdi, çöpüň düýbünde ümsüm gäwüşeşip ýatan guzular ol aýdymy eşidip, ýerlerinden tarpa durýardylar we eli uzyn taýakly Güljemalyň duran ýerine baka ugraýardylar, uzyn tüýli üç sany ullakan köpek bolsa, yza galan guzularyň daşynda üýrüp aýlanýardy we bütin sürini bir ýere ýygnaýardy. Güljemal özüniň bilýän aýdymlarynyň hemmesini köp ýyllap çopan bolan we tüýdük çalmaga ökde daýysy Gorkut Çopandan öwrenipdi. Gorkut Çopan özüniň bütin uzak ömrüni garyp, oba çopany bolup geçirdi, obanyň çetinde bir köneje, Gorkudyň özi ýaly gyşaran öýjagazy bar bolsa-da, her gün bir öýde gezegine nahar edinýärdi. Onuň aýaly öldi, soňra Horezm şanyň dagdaky erkin owganlar bilen urşunda iki ogly öldi, şondan soň onuň ýeke özi galdy. Gorkut Çopanyň uzak obada bir adama äre berlen gyzy günlerde bir gün özüniň kiçijik gyzyny göterip geldi we birnäçe gün keselläp, ol hem öldi. Onuň ýüzi göm-gökdi, gan öýen ýerleri bardy. Oňa näme bolandygyny hiç kim bilmeýärdi, Gorkut Çopan bolsa, soraýanlara: – Allanyň halyşydyr-da! Her bir aýal maşgala gowy är ýetdirmeýär! – diýip, giň ýeni bilen özüniň ýygyrt-ýygyt, garalan ýüzüni ýapýardy. Gorkut Çopan agsap ugran goýuna seredişi ýaly, özüniň ýegençisine ilki örän gowy seredýärdi, çölde süriniň yzyna düşüp, ýörkä-de, ony bir sanajyň içinde oturdyp, kämahal kesellän guzy bilen bilelikde arkasyna alyp ýörýärdi. Güljemal kem-kemden ulalyp, soňra onuň ýany bilen ylgap ýörýärdi, daýysy tüýdük çalanda özüniň inçejik sesi bilen aýdymjyk aýdýardy, yza galan guzulara itler bilen bilelikde seredýärdi. Güljemal ýene birneme ulalandan soň Gorkut birden: «Men mundan beýläk çopançylyk etjek däl, mundan beýläk öýümiň kölegesinde keçäniň üstünde gyşaryp ýatjak, meniň deregime ýegençim guzy bakar» diýdi. Şol wagtlar onuň özünden uly aýal dogany tüýi düşen bir eşegini sürüp gelip, onuň öýünde ýaşamaga başlady. Gorkut Çopan çölde bir şeýtana duşupdyr we öz ýegençisini şoňa satypdyr diýip, obada gürrüň edip ugradylar. Başgalary Gorkut garry bir gum depesinden hum tapypdyr diýýärdiler, şulara meňzeş başga-başga zatlary hem toslaýardylar. Emma Gorkutda birden bir gadymy mis gazanyň peýda bolandygy, öýüniň ýokarsyndan hemişe tüsse çykyp ugrandygy we garyp çopanyň öýüne gelenlere çaý bermäge başlandygy dogrudy. Ahyrda garry üçin möhüm wagt gelip ýetdi – ýegençisini äre çykarmalydy. Beýle gyza galyn alyp, düýeli, atly, sygyrly, goýunly bolmagy mümkindi. Şol wagtda garrynyň aladasy bolmaz, keçäniň üstünde isledigiçe çal içer ýatar, gündizine bulutlara, gijesine ýyldyzlara syn eder. Mallara bolsa, aýal dogany, gyzy we giýewisi sereder. Gorkut ýegençisini äre bermäge alňasamaýardy, söz aýtmaga gelýänleriň hemmesinden barha köp galyň soraýardy. Gudaçylyga gelenleriň hemmesi garyp çopanyň nebsewürligine geň galyp, umytlaryny üzüp, yzlaryna gaýdýardylar. Emma biri bardy, ol garşy-garşy gelip, söz aýdýardy. Ol uly ýollaryň meşhur barsy, kerwenleriň piri garakçy Gara Bürgütdi. – Gyzy söýýän adam galyň üstünde çekeleşmez – diýip, Gara Bürgüt aýdýardy. Ol garry Gorkudyň soran zadyny bermäge wada berdi. Emma ol her gije gelende garry oňa gutarnykly jogap bermeýärdi, pikirlenip göreýin diýýärdi. Emma garrynyň diýeni bolmady, ýyldyzlara seredip sanaýan düýelerinden-de, atlaryndan-da, goýunlaryndan-da galdy. Patyşanyň jigitleri öten ýylyň, şu ýylyň we geljek ýylyn salgytlaryny ýygnamaga geldiler. Olar köp aty, mallary äkitdiler, şonda beýik patyşanyň raýatlary özleriniň iň gowy gyzlaryny şoňa bermelidirler diýip, Güljemaly-da alyp gitdiler. Gijäniň birmahaly Gorkut Çopanyň öýüne garakçy Gara Bürgüt geldi. Ol uzynly gije keçäniň bir çetinde oturyp, şol gelen jigitler hakynda, olaryň baştutanynyň kimdigi, atlarynyň nähilidigi hakynda, atlarynyň eýerleriniň nähilidigi hakynda soraşdyrdy. Garrydan çintgäp soraşdyrandan soň şeýle diýdi: «Indi men olary gije görsemem tanaryn we Horezm deňziniň düýbünde gizlenäýseler-de tapyp, ikini islemez ýaly ederin. Güljemaly bolsa, men tapyp saňa getirip bererin, ýaşuly, şondan soň ullakan toý tutup, oňa öýlenip, öz öýüme äkiderin. Men saňa bir düýe, taýly baýtal, göleli sygyr we dokuz goýun bermäge boýun bolupdym, emma indi şolardan dokuz esse köp zat bermäge boýun bolýaryn, ýöne menden başga hiç kime söz berme! – diýipdir. Galyňyň ujundan berdigi edip, Gara Bürgüt Gorkut garrynyň dyzynyň üstüne bir haltajyk kümüş dirhem taşlap, gijäniň garaňkysynda gözden ýitip gidipdir...» Erteki aýdyp oturan Hajy Rahym şu sözlerden soň gürrüňini goýup, hykylap egildi-de bir ýanyna ýykyldy. Oduň başynda oturan jigitler: – Onsoň nähili boldy? Garakçy ol gyzy tapdymy? – diýip soradylar. Hajy Rahym isläp: – Waý, ölýän! Batyr garakçynyň we gözel gyzyň görmedik güni galmady! Ýöne weli men mundan beýläk gürrüň edip biljek däl, ýüp meniň elimi kesip barýar, onuň hem üstesine ýadadym – diýip, jogap berdi. «Gara atly»: – Onuň ellerini çözüň! – diýip buýurdy, Hajy Rahym: – Meniň inimiň-de ýaraly ellerini çözüň! – diýdi-de arkasyna agdarylyp, gözlerini ýumdy. Garry türkmen nägilelik bilen hümürdäp, ýesirleriň ikisiniň-de ellerini çözdi. Olar çägäniň üstünde ynjalyklyrak oturdylar, şondan soň derwüş gürrüňini dowam etdirdi: «Gara Bürgüt daňdanlar sähra bilen barýarka patyşanyň ogly Jelaleddine duş geldi. Ol ýigit jeren kowalap, azaşypdy, ýoldaşlary yza galypdylar. Ol açlykdan we suwsuzlykdan gaty horlanyp, ýadaw atyny idekläp barýarka birden garry Gorkut Çopanyň öýüni gördi. Gorkut Çopan ony myhmansöýüjilik bilen kabul edip, onuň özüni naharlady, atyny iýmledi. Şol wagtda tötänden Gara Bürgüt gelip girdi. Onuň kimdigini tanaman, Gara Bürgüt öz duşmanynyň ogly bilen uzak wagtlap gürrüňleşdi. Ýaş şazada hoşlaşyp, Gara Bürgüdi şäheriň çetindäki öz Tyllaly köşgüne myhmançylyga çagyrdy. Ol öz öňünde duranyň ýigrenji şanyň ogludygyny şondan soň bilip galdy. Emma myhman kabul etmek kanuny myhmany örän hormatlamagy talap edýär, şol sebäpli Gara Bürgüt onuň birjikde göwnüne degmedi we ýaş hanyňka myhmançylyga barmaga söz berdi. Tiz wagtdan Gara Bürgüt şanyň oglunyňka myhmançylyga barmak üçin paýtagta ugrady. Emma ol ýaş hanyň ýönekeý adamlar bilen dostluk edýändigi, çöl çarwalaryny-da, ykmanda derwüşleri-de, uzak ýurtlardan gelen ýolagçylary-da özüniň şäherden daşardaky köşgünde kabul edýändigi üçin şa ony halamaýardy. Meniň garşyma dildüwşük taýynlaýan bolaýmasyn diýip, şa gorkýardy we onuň her bir gymyldysyna seredýärdi. Şoňa görä, onuň köşgüniň we bagynyň daşynda hemişe saklaw durup, onuň öýüne gelip-gidýänlere seredýärdi. Gara Bürgüt Tyllaly köşgüne baranda şanyň ogly ony şatlyk bilen kabul etdi, bol nygmat bilen hezzetledi, sazandalar bolsa, gadymy uruş aýdymlaryny çaldylar, aýdym aýtdylar. Gijäniň birmahaly Gara Bürgüt ýola düşmekçi bolanda, han oňa ertire çenli galmagy maslahat berdi, şonda ol şäheriň çäklerinden arkaýyn çykyp gider ýaly saklaw berjekdigini aýtdy. Garakçy: – Gara Bürgüde degip bilen adam bolmaz! Meniň üstüme çozmakçy bolaýsalar, meniň hanjarym ýigrimi jigitden-de gorkmaz...– diýip, bagyň derwezesinden çykdy. Emma şol ýeriň özünde balyk tutulýan mäkäm bir tor onuň üstüne taşlandy, elleriniň daşyna çolandy, ol hatda hanjaryny-da çykaryp bilmedi. Jigitler ony süýräp, sud we jeza öýüne alyp bardylar. Gijäniň birmahaly jellatlaryň uly baştutany, «gahar begi» Jahan pälwan Gara Bürgütden sorag edip ugrady, ýaş hanyň öýüne näme üçin gelendigini biljek bolup, onuň tenine köz basmaga başlady. Gara Bürgüt: – Tatar hanynyň gylýal sürüsinden iň gowy aty ogurlap bermäge boýun boldum!–diýip, bir aýdanyny tutup oturdy. Jahan pälwan tutanýerli jigitden sorag etmekden we ony gynamakdan ýadap, ony «Ar alyş minarasyna» eltmegi buýurdy. Gara Bürgüdi garaňkynyň içinde bir belent minara eltdiler, jellatlar heşerlenşip, onuň daşyna aýlandylar. Birden kimdir biri onuň gulagyna ýuwaşja çawuş çakyp: «Eliňi sag tarapa uzatsaň, demir halka bardyr, şondan ýapyşgyn» diýdi. Şol mahal onuň elleri ýüp bilen daňylgydy, emma ýüpüň birden gowşandygyny, bir nätanyş dostunyň ýüpi kesendigini duýdy. Gara Bürgüt özüniň goranmaga eýýäm taýyndygyny duýdurman, hiç bir garşylyk görkezmän, minara girdi we egrem-bugram bolup gidýän basgançak bilen ýokary çykdy. Ýokarda, taýagyň ujunda ýanýan letdeniň öçügsi yşygynda bir kiçijik gapy açyldy. Garakçyny şol gapa iterlänlerinde, girmejek bolup, güýjüniň baryndan arkan gaýyşdy. Birden yşyk söndi, garakçy çaltlyk bilen bir elini boşatdy we sag tarapdaky demir halkany dessine tapdy. Kimdir biri: «Bir it kemeldi!» diýip gygyrdy. Gapy şarkyllap ýapyldy, Gara Bürgüt bolsa, tüm-garaňkynyň içinde ýerden diregsiz sallanyp galdy... Gara Bürgüt çep elini ýüpden boşatjak bolup, sallanyp durdy, ahyrsony zordan boşatdy, şondan soň iki eli bilen aslyşyp, sallanyp durmak birneme aňsat boldy. Daň atyp, ilkinji köne minaranyň yşlaryndan geçenden soň, jigit özüniň minaranyň iň ýokarsyndadygyny bilip galdy, aşagy düýpsüz giden çukurdy, şol ýerden bir tutuk arryldy eşidilýärdi, gara-gara zatlar aýlanyşyp ýördi we süňk üýşmekleri görünýärdi. Eger-de gizlin dostlardan kömek geläýmese, halkadan şeýdip uzak sallanyp durmaga güýji ýetjek däldi». Hajy Rahym ýene sesini kesip, perwaýsyzlyk bilen oda seretmäge başlanda, odun başynda oturanlar: – Onsoň näme boldy? Gara Bürgüde, Güljemala näme boldy? – diýip, ýerli-erden soradylar. – Meniň inime bir azajyk suw hem çörek berseňiz bolmaýarmy? Menem bogazymy ölläýsem kem boljak däl, men ertirden bäri bir owurt suw içemok... «Gara atly»: – Ona çörek, kişmiş, başga-da meniň nämäm bar bolsa, beriň. Aýdyber, derwüş, gün dogmagyna az galdy... – diýdi. Hajy Rahym bir okara çal içip, ýene söze başlady: «Şol wagtda şanyň ogly öz bagynda bir uly gara agajyň aşagynda hiç bir zady gaýgy etmän, öz gowy görýän atlaryna gawun kerçäp berýärdi. Onuň hemme ýerde yhlasly dostlary bardy, şol dostlarynyň biri ýüzüni basyryp geldi-de onuň çölden gelen myhmanynyň onuň bagynyň daş gapysynda tutulandygyny, şa saklawynyň baştutanynyň ýanyna eltilendigini, soňra bolsa «Ar alyş minarasyna» äkidilendigini ýuwaşlyk bilen gürrüň berdi. Ýaş han biçeme gaty gaharlandy. Ol öz jigitlerine atlanmagy we söweşe taýyn bolmagy buýurdy. Jelaleddin ýanyna ýüz sany ýaragly atly alyp, şähere tarap at saldy, önünden ylgaşyp çakýan köçe sakçylaryny gyran-jyran edip, adam öldürilýän belent minaranyň ýanyna bardy. Ýüzüni sallap duran sakçy bulary gerüp, gorkusyna gaçyp gitdi, jigitler bolsa, daşarky gapyny palta bilen döwdüler. Jelaleddin basgançak bilen minaranyň ýokarsyna çykdy, şol ýerde ikinji gapyny döwmeli boldy. Şol ikinji gapyny açanlarynda, adamlar allaniçigsi bolup, yza çekildiler, edil işigiň aňyrsyndan gap-garaňky çukur başlanýardy, sag tarapda, edil diwaryň ýanynda bir demir halkadan bir adam sallanyp durdy. Jigitler ony emaý bilen dartyp aldylar-da göterip, basgançaga eltdiler. Jelaleddin bir letdä ot berip, aşak seretjek boldy. Aşakdan ýanyp duran birentek göz seredýärdi we gazaply arryldy eşidilýärdi. Han ýanyp duran letdäni aşak zyňyp goýberdi. Letde pyrlanyp aşak gitdi, aşakda bolsa, tüýlek, uly-uly adamhor itler çyňsaşyp dumly-duşa gaçdylar. Jelaleddin: – Walla, eger-de men şa bolaýsam, bu minarany oýlap tapanlaryň etini çekeletmek üçin şu aýylganç köpekleri saklardym – diýdi. Ýaş han minaradan düşüp, atlandy. Başga bir eýerli at Gara Bürgüde garaşyp durdy. Jigitler atlaryny sürüp, şäheriň içinden geçip gitdiler we diňe daş derwezeden geçenlerinden we öňde tükeniksiz endigan sähra görnenden soň, Jelaleddin özüniň halas eden Gara Bürgüdine ýüzlendi: – Sen şa jellatlarynyň eline düşürjek bolup, bilgeşli çagyrylandyryn öýden dälsiň-de hernä? Men seni öz Tyllaly köşgüme ýene çagyrmakçydym welin, jellat Jahan pälwanyň it ogullarynyň penjesine ýene düşermikäň diýip gorkýaryn... – Onuň ýaly bet pikir meniň kelläme gelenok. Rugsat berseň, men öz mähriban çölüme gaýdaýyn. Ol ýer çyplak gum bolsa-da, oty gatyrak, suwy şorrak bolsa-da, ol ýerde azatlyk we şatlyk bu ýerdäkiden, şu gözel köşklerdäkiden, belent minaradakydan we mäkäm galalardakydan has köp. – Men seni saklap durjak däl. Ýöne meň seniň bir islegiňi ýerine ýetiräýsem gowy boljak, sen men sebäpli horluk çekdiň ahyryn. – Meniň senden bir haýyşym bar. Meni horlanlar meniň daşyma balykçylyk toruny çolap, meniň jöwher hanjarymy aldylar. Ony göterýän kelpeňiň elinden alýançam, öz jigitleriň biriniň agzy ýiti hanjaryny maňa bermezmiň? Ýaş han özüniň gymmat bahaly daşlar bilen bezelgi şemşirini bilinden aýryp, ony Gara Bürgüde berdi. – Al, dakyn şuny, şöhrat bilen göter we muny asuda kerwen çekip barýanlaryň garşysyna gynyndan çykarman, biziň taýpamyzyň duşmanlarynyň garşysyna çykar. Seniň astyňdaky şu gara at şu günden beýläk seniňki bolsun. Şuny münüp, sen watanymyzyň duşmanlaryna garşy uruşmaga gidersin. Gara Bürgüt: – Meniň senden ýene bir soragym bar – diýipdir. – Aýt! – Şa köşgünde edilýän işleriň hemmesini sen bilýänsiň, biziň türkmen taýpamyzdan bolan, Güljemal atly gyza näme bolandygyny aýdyp bilmezmiň? Ol garry şanyň göwnüni açmak üçin şanyň köşgünde bolmaly diýip, zorlap äkidilipdir. – Bilýärin. Şa ol Güljemal gyz üçin köşk baglarynyň birinde aýratyn öý dikip bermegi buýurdy. Emma ol gyz örän tutanýerli we boýun egmezek ekeni. Biziň şamyzyň boýun egmezek ýesir gyzlarynyň duçar edilýän hasratly kysmaty onuň hem üstünden inäýmese ýagşydyr. Gara Bürgüt: – Köp sag bol, hormatly howandarym! Bardy-geldi saňa meniň kömegim gerek bolaýsa, meni çagyrgyn, daglardan, uçurymlardan geçmeli bolaýsa-da men haýal etmän gelerin – diýdi. Gara Bürgüt gara atynyň başyny öwrüp, öz çölüne tarap gitdi. Ol tiz wagtdan ugruny üýtgetdi we şäherleriň iň gözeli, durşuna bag bolup duran Samarkanda barýan ýola çykdy. Aty ýuwaşjadan ýöräp barýardy, jigit bolsa, hiňlenip otyrdy: Bady saba ýetirdi söýgülimiň salamyn, Her bir sözün ýarymyň söýgi bilen alamen. Ýetir meniň arzymy, alyp döwlet galamyn, Eger sen dip ölsem-de isteýür wysal seni. Gara Bürgüt pikir derýasyna gark bolandygy üçin: – Ýol beriň! Ýoldan sowluň! Patyşanyň ýanyna çapar barýar! Patyşanyň hut özüne hat gowşurmaly! – diýip, uly gykylyk edip gelýän birnäçe jigit ony tas ýoldan pyzypdy. Birnäçe atly bir uzyn tanapy dartyp, uly tozan turzup, at salyp gelýärdi, tanapyň bir ujy eýeriň gaşyna daňylgydy. Atyň üstünde oturdylyp, ýüp bilen Daňylan çapar at çapyp barýarka atyň üstünde çaýkanyp we kellesini iki ýana urup, uklap otyrdy. Çaparyň atynyň şäher derwezesine ýetmek üçin iň soňky güýjüni tijeýändigi görnüp durdy, atyň burny tazlap durdy, guýrugyny bulaýlaýardy, şa çaparyny adatça bir obadan beýleki oba çenli ugradýan jigitleriň ony tanap bilen dartyp barýandyklary sebäpli aýak atyp barýardy. At çapyp barşyna birden güpüläp ýykyldy. Atlylar atlarynyň başyny çekdiler-de atlaryndan böküp düşdüler, daljygyp halys güýçden gaçan aty turuzjak boldular, emma olaryň synanyşygy biderek boldy, tozanly ýola onuň burnundan gara goýy gan gidip ugrady. Çapar şol ýykylyşyna butnamady. Onuň bar aýdany şu boldy: «Şanyň gyzy şanyň özüne möhüm hat iberdi, gala minarasynda topalaňçylar tarapyndan daşy gabaldy. Samarkandyň hemme ilaty şanyň jellatlaryna we salgyt ýygnaýjylaryna garşy gozgalaň turuzdylar. Ilat olary parçalaýar, meýitleriniň tikelerini bolsa, dereklerden asýarlar. Men bolsam, öňi-soňy ölmeli...» Çapar şu sözleri aýdyp, maňlaýyny ýumrugynyň üstüne goýdy-da gözlerini ýumdy. Ol çaparyň ýanyna Gara Bürgüt baryp, oňa şeýle diýdi: – Teletin torbaňy maňa ber. Haty meniň özüm şanyň eline eltip bereýin. Özüň bolsaň, bu ýerde ölen atyň ýanynda bulaşyp ýatma, hol ýerde, agajyň kölegesinde ýat-da ukyňy al. Seniň haty gowşurmaga kän bir howlamaýandygyňy bilýärin, seni zorluk bilen süýräp barýarlar, sebäbi şa «şum» habar elten çaparyň kellesini aldyrýar. Tozana bulaşan çapar: – Şu ýerde dynç alaýanymy meniň özümem kem göremok – diýdi-de torbasyny Gara Bürgüde uzatdy. Bir gapdala aýrylyp, otuň üstünde gyşarany bilen hor çekip ugrady. Gara Bürgüt tanapyn ujuny eýeriniň gaşyna ildirip: – Sürüň! – diýip gygyrdy we atlylaryň hemmesi şanyň paýtagty niredesiň diýip atlaryny gamça basdylar. Özüni ugradyp barýan atlylar bilen bilelikde Gara Bürgüt köşgüň belent derwezesine baryp ýetdi. Patyşanyň gyzyndan möhüm habar getiren çaparyň ýenünde gapylaryn hemmesi açyldy. Garry gorra açarlaryny şakyrdadyp, çapary egrem-bugram ýollar bilen äkitdi, Gara Bürgüdiň ýurduň gazaply hökümdarynyň öňüne baryp durmagyna az wagt galanda, ol jigit diwaryň aňyrsyndan: «Waý, dadyma ýetişiň! Öldüm diýen aýal sesini mese-mälim eşitdi. Indi şeýle gorkuly we zaryn çykan bu sesi Gara Bürgüdiň tanamajak gümany barmydy! Özüne Jelaleddiniň bagyşlan şemşirini ur-tut gynyndan çykaryp, açarçy garrynyň üstüne topuldy-da derrew gapyny açdyrdy. Içine boýdan-başa haly kakylan tama Gara Bürgüt arslan ýaly böküp girdi. Türkmen gyzyny patyşa horlaýandyr diýen pikir Gara Bürgüdiň kellesine geleni bilen ol dergazap bolup, patyşany çapmak pikiri bilen ony agtardy, emma ol tamda bir adam-da ýok ekeni, ýöne bir künjekde Eýran ýaglyklarynyň üstünde endamy gara tegmilli bir sary bars arlap, gyrada güberip ýatan halyny penjeleri bilen çekeleýärdi. Gara Bürgüt öz şemşirini iki salanda ýyrtyjynyň kellesini togalady-da halyny ýokary galdyrdy. Halynyň aşagynda sary ýaprak ýaly titräp, Güljemal özünden gidip ýatyrdy. – Haýsy päli ýaman bu naçar gyzyň üstüne ýyrtyjy bars goýberdikä? – diýip, Gara Bürgüt gygyrdy we özüniň şonça köp wagtdan bäri söýüp ýören gözeliniň baş ujunda kellesini egdi. Şol wagt patyşanyň özi uly-uly ädimläp, ol tama gelip girdi. Patyşa özüniň gowy görýän barsynyň öldürilendigini görüp, bu jigidi gaharyna şol ýeriň özünde öldürtjek boldy. Emma Gara Bürgüt özüni salykatly tutup, öz getiren hatyny ona uzatdy. Şa Samarkantda gozgalaň bolandygyna we öz gyzynyň üstüne çozulandygyna allaniçigsi bolup, goşunlarynyň baştutanyna pitneçileri köşeşdirmek we jezalandyrmak üçin ýörişe taýynlanmagy buýurdy we şondan soň jigide üns bermedi. Gara Bürgüt bolsa, Güljemaly elleriniň üstünde göterip, şetdaly bagynyň içindäki ak öýe eltdi we gumly garrylar ertir uly kerwen bilen gelip, Güljemaly öz iline äkiderler diýip, hyzmatçy aýallara aýtdy. Emma ol günüň ertesi garrylary Güljemalyň ýanyna goýbermän, köşkden südürläp çykardylar. Güljemal beýik şanyň janyna kast edeni üçin «Ömürlik ýitirim minarasyna» salyndy, «ömri ötinçä» şonda bolmaly diýdiler... Kimdir biri: – Onsoň Güljemal şol ýerde öläýdimikä? – diýip sorady. Hajy Rahym sözüne bir azajyk dyngy berip, şeýle diýdi: – Ýok, Güljemal heniz hem bar. Gürgenjiň daşdan salnan minarasynda bendi bolup otyr. Şanyň içigara enesi Türkan Hatyn ony şol ýerde saklamagy höküm etdi, ol kempiriň özi gorkak syrtlan ýaly bolup, Horezmiň paýtagtyndan çykyp gaçdy, emma kellesiz kazylar, raýsler we parraçlar ýigrenji kempiriň höküminden çykmaga gorkup, Güljemaly hem başga-da birentek bigünä ýesiri türmede saklap ýörler. «Gara atly» halynyň üstünde tirsegine söýenip ýatan ýerinden dikelip: – Derwüş, sen maňa bir zady aýdyp ber, sen bularyň hemmesini nireden bilýärsiň? Seniň bu aýdanlaryň erteki däl, bularyn hemmesi hakykatda bolan zatlar ahyryn. Hany diý, sen bulary nireden eşitdiň? – diýdi. – Biz älem düzlüginde ýurt gezip ýörýäris, hemişe il arasynda bolýarys, her dürli gürrüňleri eşidýäris. Ondan başga-da, çöl şemaly maňa bu ertekini telim gezek aýdyp berdi. «Gara atly» öz töwereginde oturanlara ýüzlenip: – Goç ýigitler! Taýynlanyň! Daň atany bilen men Gürgenje ugraýaryn – diýdi. Onda oňa Hajy Rahym: – Eger Gürgenje barmakçy bolsaň, haýal etme. Tatar hanynyň üç ogly ullakan goşun çekip, üç tarapdan Gürgenjiň üstüne barýar. Olar şäheriň daşyny tutuş gabarlar, şondan soň sen şähere baryp bilmersiň – diýdi. «Gara atly»: – Senem menis bilen gidersiň, derwüş. Men ýoldaşyň ikiňize iki sany at bereýin, üç günden Gürgenjiň derwezesine baryp ýeteris. Siz bolsaňyz, ýigitlerim, öz öýli-öýüňize gaýdyň-da tä men çagyrýançam garaşyň. Men siziň ýanyňyza gaýdyp gelerinmi ýa kazam dolup, Ezraýyl janymy alarmy – bilmek bolmaýar, ony bir Alla biler... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |