23:51 Çingiz han -51: romanyň dowamy | |
Altynjy bap
Taryhy proza
ÇINGIZ HANYŇ ÜÇ OGLY GÜRGENJIŇ ÜSTÜNDE BASSAŞLYK EDÝÄR Çingiz han özüniň iň kiçi ogly Tuli hana gadymy Mary şäherini alyp, talamagy buýurdy, uly ogullarynyň üçüsine – Juça, Jagataýa we Ugedeýe – öz goşunlary bilen Horezmiň paýtagty Gürgenji basyp almaga ygtyýar berdi. Musulman illeriniň bu iňňän baý şäherine – şeýle näzik matalardan, şöhrat gazanan sowutlardan, başga-da birentek gymmat bahaly zatlardan ýüküni tutup, älemiň ähli künjeklerine kerwen iberip durýan bu şäherine ýöriş etmäge mongollaryň hemmesiniň gatnaşasy gelýärdi. Ony zabt etmäge gatnaşan mongolyň iň bärkisinden iki sany aty ýa-da düýäni ýüpek matalardan, her hili gymmat bahaly daşlardan, bezeg şaýlaryndan we beýleki seýrek zatlardan ýükläp gelmegi mümkindi, bulardan başga-da olaryň her biri öz watanyna birnäçe ussat gul äkider, ol gullar mata dokap berer, ädik ýa possun tikip berer, olaryň eýesi bolsa, özüniň uruşdan getiren halysynyň üstünde gyşaryp, özüniň Gürgençden ýesir alyp getiren sazandasynyň saz çalşyny diňlär ýatar. Mongol esgerleri Jeýhunyň kenarlaryna baka, demirgazyga, Horezmiň baý düzlüklerine tarap süýşüp barýarkalar şonuň ýaly arzuw edýärdiler. Çingiz hanyň Jagataý we Ugedeý diýen ogullary bu şäheri özleriniň uly dogany Juçudan öňürti aljak bolup alňasaýardylar, Beýik kaganyň wesýetine görä, Gypjak sährasy bilen bilelikde bütin Horezm Juçynyň ygtyýaryna bütinleý geçýärdi ahyryn. Juçy hanyň mülküniň geljekdäki paýtagtynyň baýlyklaryny paýlaşmaga doganlaryna ygtyýar berlendigine gahary gelip, howlamazlygy ýüregine düwdi, ol gulan awlamagy gowy görüp, şikar edip ýörýärdi we perwaýsyzlyk bilen: – Tapawudy ýok, olar Gürgenji mensiz alyp bilmezler. Goý öňürti olaryň paltasy daşa degsin – diýýärdi. Görip we aç gözli Jagataý bolsa, şerap içip, serhoş bolan wagtynda: – Juçy biçeme uly paý aldy we iň gowy mülkleriň hemmesini ýeke özi eýelejek bolýar. Men oňa Gürgenji bermerin, men ony ilki harabalyga öwrerin – diýip, ant içýärdi. Mongollar Mawerannahra dökülenden soň, Horezm şalar dinastiýasynyň paýtagty, haýbatly gypjak hanlaryňyň, baý täjirleriň, ökde senetçileriň we dürli taýpalardan ybarat bolan gullaryň şäheri Gürgenç howsalaly wagty başdan geçirýärdi. Şäheri rehimsiz agyzdyrykly saklan Türkan Hatyn gaçandan we Horezm şalar dinastiýasynyň ähli neberesi çykyp gidenden soň, köp ilatly paýtagt gypjak baştutanlarynyň ygtyýarynda galdy. Olaryň her biri musulman illerinde hiç bolmanda ýekeje aý, ýekeje gün hökümdar bolmagy arzuw edýärdi. Emma hanlar we begler jedelleşip ýörkäler, gypjak begi Humar Tegin özüni «hormat ak keçesine» salyp göterýänçäler garaşyp durman, özüni Horezmiň soltany diýip yglan etdi. Hemmeler dilsiz-agyzsyz oňa boýun egdiler, çal sakgal ymamlar bolsa, onuň üçin ýagşy dileg edip, metjitlerde doga-namaz okamaga başladylar. Horezmiň täze hökümdary Humar Tegin ozaly bilen yslam dinine arka durmak bilen öz hökümdarlygyna başlady, ol her gün metjide baryp namaz okamaýanlary tapyp, minara salyp tussag etmegi buýurdy. Şäheriň hemme ýerinde ýany ýaragly nökerli raislar (ahlaklylygy berjaý edijiler) aýlanyşyp ýördüler. Olar tertibi taýak güýji bilen ýola salýardylar we dini adatlary oňly berjaý etmeýänleri jezalandyrýardylar. Täze soltan şäher saklawynyň iň uly baştutany edip, öz garyndaşy Allaeddin Elhaýty belledi we gije sakçylarynyň sanyny täze salgytlaryň hasabyna köpeltdi. Emma şäherde talaňçylyk birjik-de kemelmedi, ylaýta-da gallaly we tüwüli skladlar ýarylýardy. Howsala durdukça artýardy – aýylganç mongol atlylary gelende beýik şäheriň ilatynyň başyna nämeler geler diýip gorkýardylar. Mongollar Gürgenjiň asyl golaýyna gelmezler, olar Buharany, Samarkandy we Maryny talap, gerk-gäp boldular, indi öz sähralaryna gaýtmaga taýynlanýarlar diýip, soltan Humar Tegin jarçylaryň we ymamlaryň üsti bilen ilaty ynjaldyrjak bolýardy. Göräýmäge Gürgenç edil ozalkysy ýaly ýaşaýan ýalydy, edil hemişeki ýaly her gün daňdanlar azançylar minaralara çykyp, azan aýtmak bilen musulmanlary ertir namazyna çagyrýardylar, söwdagärler bazarda harytlaryny hemişeki ýaly açyp goýup, müşterileri çagyrýardylar, darajyk köçelerde ilat ozalky ýaly üznüksiz gatnaýardy, emma şäheriň söwda we senetçilik işleri gün-günden ýöwselleýärdi. Täjirler söwdanyň pese düşýändigi, käbirleriniň bolsa, hiç zadynyň geçmeýändigi barasynda nalaýardylar. Hyrydar boljak adamlar zatlaryň diňe nyrhyny sorap, zatlaryň eýýäm bir esse arzanlandygyna garamazdan, içlerini çekip, kellelerini ýaýkap gidiberýärdiler. Diňe azyk önümleri barha gymmatlaýardy, başga ýerlerden azyk önümleriniň getirilmeginiň kesiljekdigini ilat öňünden aňyp, howlukmaçlyk bilen un, dary, kişmiş satyn alýardy. Köçe çatryklarynda ýygnanýanlar öz aralarynda pyşyrdaşyp: – Tatarlar ýakynmyş. Tatarlar uly güýç bilen gelýärmiş. Tatarlar şäherimiziň daşyny gabarlar. Gala belent, berkdir, uzak wagtlap gabawda bolmaly bolarys. Ähli dowarlarymyzy, gylýallarymyzy iýip tükederis, onsoň näme ederis? Nirede gizlenmeli, nirä gaçmaly? – diýýärdiler. Her dürli gürrüňler peýda bolup, olaryň käbirleri şäherlileri howsalalandyrýardy, käbirleri begendirýärdi: – Jelaleddin bäş ýüz müňlük goşun ýygnapdyr. Ol eýýäm Gürgenje tarap gelýärmiş. Tatarlaryň ullakan goşunyny ol derbi-dagyn edipdir, şondan soň tatarlar gündogara baka gaçypdyrlar... Özgeler başga bir gürrüň tapdylar: – Tatarlar gelseler-de galanyň töwereginde aýlanyp ýörerler, galany alyp bilmezler. Heý Gürgenjem bir alyp bolarmy? Olar demirgazyga tarap giderler. Ony garry adamlar bilýärler... Şäherden yzly-yzyna kerwen gidip ugrady. Düýeleriň üstünde ýükleriň deregine sebetler bardy, sebetleriň agzyndan aýallaryň we çagalaryň kelleleri görünýärdi, olar türkmen ili Maňgyşlaga gidýärdiler. Şol wagtyň hem özünde şähere başga kerwenler gelýärdi,– kimseler atly, kimseler arabaly, kimseler eşekli gelýärdi,– bular öz mülklerinden gaçyp, Gürgenjiň berk, belent diwarlarynyň aňyrsynda gizlenmek üçin gelýän tanymal begleriň maşgalalarydy. Bazarda çörek satýanlar kemelmäge, çörek bişirilýän kärhanalar ýapylmaga başlady. Dowaryň we gylýalyň bahasynyň şeýle gaty ýokarlany üçin bolgusyzja eşegem ýap-ýaňy gowy atyň bahalanyşy ýaly bahalanýardy. Mongollar birdenkä, gündiziň günortany şäheriň öň ýanynda peýda boldular. Näme hekaýat bolandygyny ilki bada hatda hiç kim aňşyrybam bilmedi. Çarwalar mallaryny sähradan sürüp, şäheriň günorta derwezesiniň agzyna getiripdiler. Goýun sürüleri we sygyrlar ganaw köprüsiniň ýanyna gelip, tä sakçylar çopanlardan paç alýançalar eglendiler. Mal sürüleriniň turzan ak tozanynyň aňyrsyndan duýdansyzlykda iki ýüze golaý atly peýda boldy, olaryň egin-başy üýtgeşikdi, olar ne türkmenlere, ne-de gypjaklara meňzeýärdi. Olaryň astynda kiçeňräk, emma çalasyn atlar bardy, olar gele-gelmäne goýunlary tutuşdyryp, eýeriň öňüne basmaga başladylar, çopanlar bilen uly galmagal turzup, beýleki mallary-da sürüp ugradylar. Soňra ol atlylar özleri bilen eňekleşen birnäçe çopany çapdylar, hiç alňasaman, gamçy bilen uruşdyryp, sürini şäherden sürüp äkitdiler, olar uly ganawyň üstündäki köprüden geçip, ýuwaşlyk bilen öz ýollaryna ugradylar. Şäherde galagopluk başlandy. Soltan Humar Tegin bihaýa talaňçylaryň yzyndan ýetip, jezalandyrmak üçin diri tutup getirmäge bir müň gypjagy iberdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |