23:53 Çingiz han -52: romanyň dowamy | |
Ýedinji bap
Taryhy proza
GARA HANJAR ERTEKINIŇ YZYNY GÖZLEÝÄR Ýöriş etsem, döwüş etsem şan bile, Gurban bolsam her sözüne jan bile. (Pars ertekisinden) Gara Hanjar mongollaryň eline düşmejek bolup, gumuň üsti bilen aýlanyp, Jeýhun derýasyna tarap barýardy. Kämahal mongol otrýadlary uzakdan uzyn hatar bolup görünýärdi. Olaryň hemmesi demirgazyga, Gürgenje baka barýardy. Dumly-duşdan mongollaryň gelýändigine görä, yzyna öwrülip guma gitmeli, uly-uly öwrümler etmeli bolýardy. Gyzylgumda dowul turzup, näme etjegini bilmän ýören çarwalardan soraşdyrmaly bolýardy. Gara Hanjar bilen bilelikde ullakan telpekli, ýüzleri güne ýanan iki sany türkmen barýardy – biri ýüzi salyk bir oglan, beýlekisi sakgallak derwüş. Gijäniň birmahaly bular ýarym aýyň ölügsi yşygynda hiç kime görünmän, giň ýaýylyp ýatan derýanyň kenaryna bardylar. Gamyşlaryň arasynda doňuzlaryň ýasan ýollary bilen ýöräp, edil suwuň başyna bardylar. Burunlary has ýokary galyp duran birnäçe tagaşyksyz gaýyk bularyň duşundan ýüzüp barýardy. Olaryň içinde adamlar, gylýallar, dowar görünýärdi. Bular ol gaýyklardaky adamlara gygyryp, gaýyklara münjek bolsalar, olaryň içinden: «Alla kömek etsin, bizde orun ýok» diýip, jogap berdiler. Başga bir gaýygyň içinden: – Musulman musulmany kynçylykda goýup gitmez!–diýip jogap berdiler. Onsoň gaýygyň dargasy gaýygy kenara baka gönükdirdi. Ol bularyň hemmesini Gürgenje çenli äkitmäge razylaşdy. Gara Hanjar: – Sen bizi äkideniň üçin näçe alarsyň? – diýip sorady. – Aý ol hakda gürrüň etmek nämä gerek! Bu zamanda puldan-da, zatdan-da, maldan-da bir zat çykmaýar, hemmesi bulam-bujar boldy. Häzir seniň halyň harap, meniňki-de şeýle. Öýümi tozdurdylar, maşgalamy gyrdylar. Puly nämäme ýaradaýyn, kim üçin ýygnaýyn? Ýöne oturyberiň! Ullakan, mäkäm ýasalan gaýyga ýolagçylar öz atlary bilen mündüler, şondan soň ol gaýyk giň Jeýhunyň bulançak tolkunlarynyň üstünde iki baka çaýkanyp, ýüzüp ugrady. Sag kenarda çendan ýarym mongol atlylary görünýärdi. Şol wagtda gaýyk çep kenar bilen gelýärdi. Bu gaýyk dört günden soň giň bir kanala baryp girdi, ol kanal Gürgenji iki bölege bölýärdi, bir gapdaly daşy belent galaly gadymy şäherdi, beýleki gapdaly öýleriniň daşy tutuş tut agaçlary bolup duran şäher çetidi. Gara Hanjar guşagynyň aňyrsyndan agzy büzük gaýyş haltajygyny çykardy-da on sany altyn dinary gaýygyň eýesiniň giň aýasyna goýdy. – Seniň bilen ýene duşuşmak barmy-ýokmy, bilmedim. Ýöne sen adyňy beri aýt. Gaýygyň eýesi ýylgyrdy-da gyzyl sellesini ýeňsesine süýşürdi. – Meniň adym Kerim Gulam, özüm demir ussasy. Sen-ä öz adyňy aýdaňogam welin men seni tanaýaryn. Seniň ýeňil, owadan, uzyn aýakly, uzyn boýunly atyň özge adamyňky bolup bilmez, seniň dogryňda eýýäm erteki hem aýdym aýdylýar. Eger sen şu ýerde kapyrlar bilen uruşsaň, men seniň atlylaryň biri bolaryň. Gara Hanjar indi onuň aýdýanyny diňlänokdy, onuň pikiri başga ýerdedi. Ol üns bilen uzaga, kanalyň beýleki tarapyndan ýakynlaşyp gelýän tozana seredýärdi. Tozanyň arasyndan atlaryň tumşuklary we atlaryň ýalynyň üstüne ýapyrylyp ýatan gypjak atlylary göründi. Olar uly gykylyk edýärdiler, atlaryny gamçylaýardylar, uzakdan tutuk galmagal we gyryk sesleriň şowhuny eşidilýärdi. Iň öňden bir ullakan ak atly ýüzin salyp gelýärdi. Ol ýykylaýyn-ýykylaýyn diýip, eýeriň üstünde iki ýana çaýkanýardy. Ak peşi we sary dony gana bulaşypdyr, atynyň endamyndan gan akýardy, atynyň boýnuna bir uzyn ýaý oky çümüp durdy. Gypjaklar köpriniň üstünden dazlaşyp geçdiler. Olaryň: – Olar ýakynda, olar biziň yzymyz bilen kowup gelýärler! Öz janyňyzy gutaryň! – diýen haýkylyklary eşidildi. Gara Hanjar çapyşyp gelýän atlary görüp, saklatmajak bolup, oýnaklap duran gara atynyň başyny berk tutup, derwezäniň agzynda aýak çekdi. Gypjaklar derwezä kürsäp urandan soň, Gara Hanjar-da öz ýoldaşlary bilen bilelikde derwezeden girdi. Derweze jygyllap ýapyldy, sakçylar bolsa, derwezäni agyr pürsler bilen bentlediler. Atlylardan biri sakçylaryň ýanynda durup, şeýle gürrüň berýärdi: – Täze soltan Humar Tegin bizi iki ýüz mongoly diri tutup geliň diýip iberdi. Olar biziň malymyzy sürüp gidipdirler. Olar bizi görüp, özleriniň alan mallaryny taşlap, gorkak alaka ýaly bolup gaçdylar. Olaryň duzak gurup, bizi gyrmakçy bolýandyklaryny kim bilýärdi! Tyllaly bagyň ýanyna ýetenimizde ol guduzlan kapyrlaryň iki müňe golaýy bukudan çykyp, biziň üstümize çozdy. Olar dumly-duşdan daşymyzy gabap, uzyn-uzyn ýaý oklary bilen bizi urmaga, biziňkileri atdan ýykyp, atlarymyzy tutmaga başladylar. Biziň batyr ýigitlerimiziň hemmesi şol ýerdi öldi! Biziň otrýadymyzdan bar galany ine şular. Soltan bizi ol duzaga näme üçin iberdi diýsene! Gara Hanjar: – A näme üçin doňuz ogluny soltan edindiňiz? – diýip gygyrdy. Soltan hakynda kim beýle söz aýdyp bilýärkä diýip, hemmeler gaňyrlyp seretdi. Gara Hanjar bolsa, gygyrmagyny dowam etdirdi: – Patyşanyň ýarak ganjyk enesi Türkan Hatyndan we onuň mugthor itlerinden Alla dyndardy, olar gorkularyna Horezmden çykyp gaçdylar. Ardy bogdak ýaly Muhammet şa hem gaçyp gitdi, onuň maslygyny indi itler çekeleýär! Şagallaryň hemmesini gaý ýeli sürüp çykarandan soň, siz başga bir garantgany, Humar Tegini özüňize soltan edindiňiz! Kemally adam oňa tüýi düşen geçi sürüsini-de ynanmaz, siz bolsaňyz, ony öz goşunlaryňyzyň baştutany edip bellediňiz, şäheri goramagy-da şoňa ynandyňyz!.. Siziň özüňiz bir gullar taýpasy ekeniňiz! Taýak bilen, saýgylap durmasalar günüňiz geçmeýär... Gara Hanjaryň iki ýoldaşy ony gepletmejek bolup: – Ýuwaş Gara Hanjar! Töwerek-daşymyz gypjak'lar ahyryn. Olar şa bilen bir urugdandyr. Ýör, gideli bu ýerden! – diýdiler. Derwezäniň agzyndaky esgerler we sakçylar «gara atlynyň» sözlerini eşidip, agyzlaryny açdylar. – Bu nä batyr jigit! Öz-ä örän dogry aýdýar. Humar Teginiň ozal heý bir söweşde özüni görkezen ýeri barmy, onuň dogruçyllyk ýa akyllylyk bilen tapawutlanan ýeri barmy? Onuň bileni-biteni şanyň enesi Türkan Hatyn bilen guýruk tutdy oýnaşyp ýörmek boldy. Şu biziň soltanymyz boljak bolsa, hemmämiziň işimiz görler. Gara Hanjar Gürgenjiň esasy köçesi bilen atyny ýuwaşjadan sürüp barýardy we gara, gazaply gözleri bilen öňden duşýan jemendä syn edýärdi. Ol öz ýoldaşlaryna: – Bazara baryň-da şol ýerde Merdanyň çaýhanasyny tapyň. Ony hemme adam tanaýandyr. Şonuňkyda maňa garaşyň. Mundan beýläk meniň ýeke özüm 'gitjek – diýdi. Bazardaky dükanlaryň ýarragy ýapykdy. ýüpek matalar we ýukajyk ýüň matalar top-top bolup duran dükanlaryň eýeleri bolsa, indi adamlara harytlaryny hödürlänokdylar. Olar üýşüşip tukat bolup oturan ýerlerinden, gör, nämeler başymyza gelerkä diýip endişe edýärdiler. – Eger duşmanlar şäheriň daşyny gabasalar, biz bir gary hem satyp bilmeris. Kapyrlar şähere çozup, halan zatlaryny aljak bolup durkalar kim zat satyn alar? Başymyz aman galaýsa ne ýagşy! «Ömürlik ýitirim minarasy» Horezm şanyň köşgüniň ýanyndady. Minaranyň bir gapdaly şäher meýdanyna çykyp durdy. Gara Hanjar minaranyň ýakynyna baranda, penjire hökmünde bolan kiçijik tegelek deşiklere gözüni aýlaýardy, özi bolsa, içinden her dürli pikir edýärdi: «Ony, çöl gülüni, nirede, haýsy penjiräniň aňyrsynda gizledilerkä? Dirimikä beri? Bardy-geldi diri bolaýsa, gül ýüzüniň gözel keşbini, nurana gözlerini we näzijek ellerini öňküligine sakladymyka? Bu aýylganç minarada adamlar dälireýär, aýallar sandan çykan garra öwrülýär... Belki, zynjyr bilen diwara daňylan Güljemal-da indi...» diýip, pikirlenip ugranda, ony nähili halda görjekliginden birden öz-özi üýşendi. Ony, ömrüniň röwseniňi üýtgeşik, elhenç, akyl-huşsuz halda göreninden söweşde tarpa-taýyn öleni gowudyr... Minaranyň öňünde, pessejik demir gapynyň ýanynda bir sakgallak sakçy özüniň köne şemşirini dyzynyň üstünde goýup, irkiljiräp otyrdy. Onuň beýle ýanynda bir halyjygyň üstünde birnäçe gury çörek we bir okarada iki sany gara, mis dirhem ýatyrdy. Bendileriň hossarlary häzir olaryň oňly aladasyny etmeýärler! Olar diňe özleri hakda, öz janlaryny gutarmak hakynda pikir edýärler! Diwaryň deşiklerinden bolsa, gury süňke dönen eller somalýardy hem-de: – Gara günde galanlary unutmaň! Günüň nurundan mahrum edilenlere bir döwüm çörek taşlaň! – diýen sesler eşidilýärdi. – Haw, garry, bärik gel! – diýip, Gara Hanjar gygyrdy. Garry oýanyp, çal sakgalyny silkeleşdirdi we ýerinden turmak pikirini etmän, jigide gözüni dikdi. – Saňa näme gerek? Gara Hanjar atyny sürüp, garra golaýrak baranda garry ýerinden turdy. – Şu puly al-da maňa aýdyp ber: türmä täze tussag köp getirildimi? – Köp bolaýanda-da ol seniň işiň däl. – Emma köne tussaglardan galanlary-da az däl bolsa gerek? – Hapadan, tagta bitinden we açlykdan ölmedikler heniz umyt halkasyndan sallanyp durlar. – Me saňa ýene bir dinar. Maňa aýdyp ber, tussaglaryň arasynda aýal barmy? – Iki sany garry aýal bar, täze soltany jadylap, keselletjek bolanlary üçin olary soltan türmä saldy. – Ýaş aýal ýokmy? – Näme sen maňa azar berýäň? Kim bolarsyň: kazymysyň, jellatlaryň baştutanymysyň ýa-da metjidiň uly ymamymy? Seniň bilen gürrüňleşesim gelenok. Belki, sen garakçysyň, beýleki kelle kesijileri boşatjak bolýansyň. Beren pullaryňy yzyna al-da bu ýerden git. Gara Hanjar gamçysyny göterip, sakçyny urjak boldy, emma kimiň-de bolsa, biriniň eli ony ýuwaşlyk bilen tutdy. Gara Hanjar gözlerini alardyp, yzyna öwrülip seretse, gözleri ýanyp duran, egin-başy sal-sal, uzyn saçlary eginlerine düşüp duran uzyn boýly bir goja dur. Ol goja Gara Hanjara ýüzlenip şeýle diýdi: – Görýärin welin, sen bu ýeriň düzgünini bilmeýän bolmaga çemeliň, şol sebäpli bu goja bilen şeýle gepleşýärsiň. Bu ýerden gideli, men saňa hemmesini düşündireýin. Äňet, sen bu ýerde gepleşip durkaň soltanyň jandar-jellatlaryndan ona golaý adam derwezeden çykdy, olaryň hemmesi şu ýere seredip, seniň üstüňe okduryljak bolup durlar... Tizräk bol, gideli bu ýerden, meniň sözümi diňle, ýör meniň yzyma düş. Gara Hanjar atynyň başyny öwrüp, geň gojanyň yzyna düşdi. Bir darajyk keçä baranda goja öňküden-de çalt ýöremäge başlady we tiz wagtdan bir çola köçä sowuldy. Şol ýerde ol aýak çekdi. – Meniň saňa gep gatanyma geňirgenme. Men indi bir ýyldan bäri türmä gatnap, özümiň ýerzemine taşlanan hojaýnyma çörek eltip berýärin. Oňa Mürze Ýusup diýýärler, Horezm şa Muhammediň sene ýazuwçysydy. Şa ony gowy görýärdi, onuň bilen mylaýym gepleşýärdi. Emma garry syrtlan Türkan Hatyn Horezmde «beýik gahar hanjary we kuwwat naýzasy» bolanda, ol Mürze Ýusubyň saç-sakgalynyň agarandygyna we güýç-kuwwatdan gaçandygyna haýpy gelmän, ony zyndana taşlady... – Näme üçin? – Mürze Ýusubyň öz kitabynda Türkan Hatyna «Gudratly Horezmiň ýapynjasyndaky gara tegmil» diýip, at berendigi we onuň ähli etmişlerini ýazyp beýan edendigi üçin. Keramatly ymamlar ony Türkan Hatyna şugulladylar, sadaka ýygnap, türmä äkidýärin. Men şol görlüp-eşidilmedik çarwalaryň gelip, şähere dökülmegine garaşýaryn, olar ilaty gyrmaga başlanlarynda jandarlar alaka ýaly bolup gaçarlar, men bolsam, türmä ylgap, şu päliýaman sakçyny öz elim bilen bogup öldürerin, tussaglaryň hemmesini, şolar bilen bilelikde goja Mürze Ýusuby-da boşadaryn. Özüm bolsam, şondan soň öz watanyma gaýdaryn. – Seniň watanyň uzakmy? – Uzak! Men rus ilinden, meniň adym Saklap, biziň öz dilimizde ded Slawka diýýärler. Gara Hanjar böwrüni diňläp ugrady. Goja sözüni dowam etdirip: – Sen kimi gözleýärsiň, beg jigit? Belki, men saňa kömek berip bilerin? – diýdi. – Türmede näçe aýal bardygyny bilmek isleýärin. Sakçy diňe iki sany garry aýal bar diýdi. – Ol ýalan sözläpdir! Sen minaranyň ýokary ujundaky kiçijik deşikleri gördüňmi? Şol ýerde kiçijik tünekler bar. Şanyň hareminde boýun egmedik birnäçe aýaly şol tüneklerde saklaýarlar. – Şolaryň arasynda türkmen aýal-gyzlary barmyka? Goja bir azajyk pikirlenenden soň şeýle diýdi: – Men hemmesini bilip bereýin. Ol sakçy puly örän gowy görýär. Onuň egin-başy şylha-şylha bolsa-da ol baýdyr. Tussaglar üçin berilýän sadakalaryň beräýse ýarysyny olara berýär, galanyny özüne alýar. Onuň öýi-de, bagy-da, sekiz aýaldan ybarat haremi-de bar... Men saňa kömek berjek bolaýyn. Şol agajyň aşagyndaky köne gapyny görýäňmi, şol ýerde ozal meniň hojaýnym, sene ýazuwçysy Mürze Ýusup ýaşaýardy. Men onuň öýüni we kitaplaryny saklap ýörün... Ol bir gyzy terbiýeleýärdi, ol gyza Bent Zankyja diýýärdiler. ol gyz Mürze Ýusuba kitap göçürişýärdi. Emma ol Buhara gidip, dolanyp gelmedi. Ynha indi meniň ýeke özüm galdym... – Men saňa ynanýaryn, goja Saklap, sen maňa ýamanlyk edersiň öýdemok. Men ertir irden şu ýerde bolaýyn... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |