23:54 Çingiz han -53: romanyň dowamy | |
Sekizinji bap
Taryhy proza
GÜRGENJI ALMAK ÜÇIN-ONY ILKI ÝUMURMAK GEREK Mongol goşuny Horezme gelip, paýtagty dessine gabamaga girişmedi. Mongollar ilki bada Gürgenjiň golaýyndaky obalarda ýerleşip, ilatdan ýesir alyp, olary öz lagerlerine äkitmäge başladylar. Çingiziň iki ogly – Ugedeý bilen Jagataý – şäherden daşarky Tyllaly köşgünde mekan tutdy, olaryň goşun baştutanlary Kadan, Bugurjy, Tulen Jerbi, Täjibeg we beýlekiler alňasaklyk bilen gabaw maşynlaryny, zyňyjy katapultlar we tigirli «pyşdyllar» taýynlamak bilen meşgul boldular. Uzakdan getirilen hytaý injenerleri şäheri tiz almaga kömek berjek zabt maşynlaryny ýasamaga wada berdiler. Ýakynda uly daşlar tapylmandygy sebäpli kynçylyk boldy – taşlara zat ýokdy. Şol wagtda hytaýlar tut agaçlaryndan uly-uly bölekleri kesmegi we geregiçe gataýança olary suwda saklamagy teklip etdiler. Mongollaryň aýry-aýry otrýadlary şäheriň dürli taraplaryndan peýda bolýardylar, derwezeden çykýan atly otrýadlar bilen söweşe girişýärdiler we olary ýene-de bukuda oturanlaryň üstünden eltjek bolup, gaçyp gidýärdiler. Emma Gürgenç urşujylary indi ahmal bolman, özleriniň galasyna gaýdyp gelýärdiler. Şäherde soltan Humar Tegin goşunlara serkerde bolup durýardy, onuň iň ýakyn kömekçileri Ogul Hajyp (Buharany goran), Ärbuka pälwan we Aly Durugydy. Harby maslahatda Humar Tegin mongollaryň taşlan hatlaryny görkezdi. Ol hatlarda ilata derwezeleri açmagy, mongollara ynam etmegi maslahat berýärdiler, mongollar hiç bir zyýan ýetirmezler diýýärdiler. Soltan gepläp ugrap: – Näme üçin olar bilen barlyşmak bolmaz? Bütin ilaty mongollaryň çozmagynyň, gyrmagynyň, şähere ot bermeginiň aýylgançlyklaryna duçar edeniňden köp paç berip, işi parahatçylyk bilen gutaranyň gowudyr – diýdi. Ogul Hajyp we başgalar garşy çykdylar: – Sen, patyşamyz, mongollaryň Buharany, Samarkandy, Maryny we beýleki şäherleri nähili güne salandyklaryny unudypsyň. Ol ýerlerde-de ilat rehim sorap, ýaragy taşlapdy. Mongollar iň gowy senetçileri saýlap, Mongolystana iberdiler, galanlaryny bolsa, tommaýly taýak bilen urup öldürdiler. – Şeýle bolsa-da, olaryň näme isleýändiklerini bilmek gerek. Gijäniň birmahaly soltan Humar Tegin özüniň az sanly ýakyn adamlaryny ýanyna alyp, Gürgençden çykyp ugrady we Jagataý bilen Ugedeýiň meýlis gurap oturan köşgüne bardy. Ol şolaryň öňüne baryp, elini gowşuryp, boýnuny burup durdy. Ugedeý gülüp: – Sen bize näme getirip berdiň? Derwezeleriň altyn açarlary hany? – diýdi. – Gündogaryň hökümdary Çingiz hanyň beýikligi we güýji öňünde dyzyma çökýärin we oňa beýleki begler ýaly gulluk etmek isleýärin. Ýüzi çytyk Jagataý: – Bize Gürgenç şäheri gerek, seniň ýaly ondan-oňa göçüp ýörenler derkar däl. Eger sen öz mähriban halkyňy taşlan bolsaň we hatda oňa garşy gitmäge taýyn bolsaň, bize näme wepa berersiň? Güm ediň muny! – diýip gygyrdy. Jellatlar Humar Tegini we onuň ýanyndakylary äkitdiler. Olaryň geýimlerini sypyrdylar, gan çykarman, olaryň bil oňurgasyny ýazdyryp, hännege taşladylar, şol ýerde olaryň heniz jany çykmanka şagallar we itler etini çekeläp, süňklerini gemirdiler. Çingiziň uly ogly Juçy han öz goşuny bilen gelende Gürgenji eýýäm mongol otrýadlary doly gabapdy. Zyňyjy maşynlary diwarlaryň ýanyna eltmek üçin üç müň mongol we ýesirler mähellesi kanalyň üstünden geçýän köprini düzetmäge başladylar. Türkmen Gara Hanjaryň baştutanlygyndaky batyr atlylar otrýady birden Gürgenjiň derwezesinden çykyp, işläp duran mongollaryň üstüne duýdansyzlykda çozdular, olaryň hemmesini gyryp, köpriniň üstüni münder-münder maslyk edip taşladylar. Şu üstünlik galadaky daşy gabalanlaryň ruhuny göterdi. Şol wagtda mongollar özleriniň ähli goşunyny şähere ýakyn süýşürdiler, obalardan alan müňlerçe ýesirlerini getirdiler-de olara diwaryň töweregindäki jary gömdürmäge başladylar. Şondan soň gabaw maşynlaryny ýakyn eltmek we şäheri zabt etmek aňsatlaşdy. Zyňyjy maşynlar suwda ýatyrylan agaç böleklerini we ýanyp duran nebit salnan hytaý küýzelerini zyňýardylar. Şol nebitlerden şeýle bir güýçli ot çykýardy welin agaç jaýlar gamyşa ot düşen ýaly möwç alyp ýanýardy, asyl ony söndüribem bolmaýardy. Demirgazyk tarapda Juçy hanyň goşunlary has berk söweşýärdi. Şol ýerde ýesirlere şäheriň aşagyndan nagym gazdyrdylar. Mongollar şäheriň içine döküldiler we gazaply tutluşyk bolandan soň tiz wagtdan demirgazyk tarapdaky sakçy minarasynyň üstünde beýik kaganyň oglunyň ägirt uly ak tugy dikildi. Jagataý muňa göriplik edip, gahar-gazaba mündi. Ol Gürgenjiň diwarlarynyň üstüne öz goşunlaryny sap-sap edip yzly-yzyna iberýärdi, emma diwarlary goraýanlar biçeme gaýratlylyk bilen söweşýärdiler, diwara dyrmaşýanlary kerpiç bilen urup ýykýardylar, olaryň üstünden gaýnag suw we gyzgyn garaýag guýýardylar, şoňa görä, hüjüm edýänler ýanyp-bişip, aşak ýykylyp, diwaryň düýbünde münder-münder bolup ýatyrdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |