23:57 Çingiz han -54: romanyň dowamy | |
Dokuzynjy bap
Taryhy proza
GARA HANJAR «ÖMÜRLIK ÝITIRIM MINARASYNDA» Gara Hanjar goja Saklap bilen duşuşmak üçin, agajyň aşagyndaky gapynyň ýanyna telim gezek baryp, Saklaby görüp bilmedi. Ahyrsoňy ony gördi. Goja bu gezek köne-küşül egin-başly däldi, onuň egninde ala don, başynda gök selle bardy. Ony göreniňde bir bada tanar ýaly hem däldi. – Meniň öz bilenlerimi we eden işlerimi öňräk gürrüň berip bilmänimi bagyşla, beg jigit. Zyndanyň sakçysy agzyna edil suw alan ýaly. Ýa-ha jandarlardan gorkýar, ýa-da şolar bilen sapagy bir. Men onuň bilen her hili ýol bilen gürrüňleşjek boldum, zyndany arassalap bereýin diýdim, emma onuň bu sözlere diňe gahary gelýär. Men oňa günde iki çörege gapyňda işläýin diýenimde, ol begenip, meni özüniň sekiz aýalynyň üstünden gözegçi edip belledi... Onuň gaharjaň, uly aýalyny uranymda bolsa, meni sylap, şu dony we şu köne selläni bagyşlady... Gara Hanjaryň muňa gahary geldi: – Sen näme maňa özgäniň aýaly, dony hakynda bolgusyz gürrüň berýäň! Men saňa bäş altyn dinar beripdim. Näme iş bitirdiň? Bilmeli zatlaryň hemmesini bildiňmi? Maňa şondan habar ber! Elbetde bildim! Nazar babanyň agzy mumlanan ýaly bolsa-da, onuň aýallarynyň agzynyň dek durjak gümany barmy? Olar bu habarlaryň hemmesini ondan bireýýäm bilipdirler, men bolsam, onuň aýallaryndan bildim... Zyndanyň şol minarasynda birnäçe tünek bar, olary garlawaç höwürtgesi ýaly edip, içerde diwaryň ýüzünde salypdyrlar. Minaranyň ortarasyndaky pürsler çüýräpdir we şol pürsler özleriniň üstündäki toprak bilen aşak ýykylypdyr. – Wah, al çalmyş, gepiňi uzaltmasana! – Ol tüneklere barmak kyn, çüýrük ýüp bilen daňylan merdiwan bilen çykmaly. Ozal Nazar babanyň özi şol merdiwanlar bilen çykýan ekeni, indi bolsa, ol-da gorkýarmyş... – Ol tüneklerde kimler bar, sen şony diý! – Horezm şanyň gaharyny getiren adamlar otyrmyş. Şol tünekleriň birinde bolsa, minaranyň iň ýokarsynda diýen ýaly, ýaş türkmen gyzy tussag bolup otyr... Jigit goja Saklabyň çigninden tutup: – Onuň ady näme? – diýip sorady. – Onuň ady... Güljemal... – Häziriň özünde meni şonuň ýanyna äkit. – Heý şu mahalam bir baryp bolarmy? Iki ýüz jandar işsizlikden näme etjeklerini bilmän, köşk derwezesiniň agzynda otyr. Olar kimiň üstüne okduryljaklaryny bilmän, yrsaraşyp durlar, sen bolsaň, gös-göni zyndana barjak bolýarsyň! Beýtseň, seniň özüňem ýerzemine düşersiň. – Sem bol, gorkagyň biri gorkak! Bar, zyndanyň ýanyna bar-da, şol ýerde maňa garaş. Men häzir baryp, hemmesini çykaraýyn!.. – diýip, Gara Hanjar atyna gamçy çalyp, tozan turzup, darajyk köçe bilen ýüzin salyp gitdi. Ol şäherde dürli senetçileriň: demirçileriň, misgärleriň, tüpeň ussalarynyň, sowut, galkan, uruş esbaplaryny ýasamaga ökde ussalaryň işleýän we ýaşaýan ýerine bardy. Sandallara urulýan ýekedabanlaryň we çekiçleriň şarkyllysy uly zenzele turuzýardy. Bu ýerde-de senetçileriň ýarragy işleýär, işleýänler diňe ýarag ussalarydy. Her kim özüniň öljek bolup duran güni her dürli mis legenleri, küýzeleri ýa-da at şaý-şaýmanlarynyň bezeglerini başyna ýapsynmy? Gara Hanjar gygyryşyp, jedelleşip duran demirçiler üýşmegini gördi. Ýüzi salyk bir atlynyň gelendigini görüp, şoňa höweslenip, seslerini kesdiler. Gara atly «gara jigide» näme gerekkä? Gara Hanjar atyny sürüp, märekäniň ortarasyna bardy-da geplemäge başlady: – Märeke, demirçiler, demir eller, mis kükrekler! Haçana çenli hanlara we beglere özümizi horladar ýöreris? Ilki başda Muhammet şa salgyt ýygnap, paç alyp, siziň ganyňyzy sordy. Ol sandyklaryny altyndan dolduryp, Eýrana gaçyp gitdi. Biziň bagtymyza, onuň päliýaman enesi, syrtlan sypat Türkan Hatyn-da onuň yzyndan gümüni çekdi. Indi bolsa, ekilmedik ýerde gögeren Humar Tegin biziň duşmanlarymyzyň tarapyna geçdi. Gürgenjiň diwarlaryny haýsy tarapdan ýumurmagyň aňsatdygyny olara eýýäm aýdyp berendir. Ýene bir bolgusyz täze soltan peýda bolup, sizi satýança şeýdip agzyňyzy öweldip durjakmy? Nämä garaşýarsyňyz? Ýörüň köşge gideliň, ol nejisleriň mesgenini çalam-çaş edeliň, ýüzümiziň ugruna zyndanyň demir gabsalaryny goparyp, onuň ýerzeminlerindäki tussaglary boşadalyň. Ol ýerde tussag bolup oturanlar garakçylar ýa ganhorlar däl, olar hakykaty soltanyň ýüzüne basan adamlardyr. – Ýörüň, ýörüň! Horezm şanyň köşgüni çaşyralyň! Zyndany ýykalyň! – diýip, demirçiler gygyryşdylar. – Çekiçleriňizi göteriň, atagzylaryňyzy we isgeneleriňizi göteriň, zynjyrlary açyşdyrmak üçin gerek zatlaryň hemmesini göteriň. Ýerzeminlerde öljek bolup ýatan doganlarymyzy boşatmak üçin gerek gurallaryň hemmesini göteriň. Ähli demirçiler we ýarag ussalary, misgärler we beýleki senetçileriň hemmesi çekiçlerini, ýekedabanlaryny, hanjarlaryny, naýzalaryny göterip, gazap bilen köşge baka ugradylar. Käbir jandarlar bularyň öňünden çykyp, märekäni dagatjak boldular. Emma märeke olary suwa salma ýenjip, aýak astyna taşlady. Demirçiler köşgi çaşyrýançalar birnäçe adam Gara Hanjara zyndanyň demir gabsalaryny açmaga kömek berdi. Sakçy Nazar babanyň el-aýagyny daňyp, güýlüp taşladylar, ol hamsygýardy we tussaglary hemişe öz çagalarym ýaly görýärdim diýip, ant içip, awy ýalaýardy. Demirçiler demir gapyny dessine açdylar. Demirçiler bilen ylgap gelen Tugan: – Tiz, boluň, aşak, ýerzemine ýetiň! Şol ýerde meniň dostlarym galypdy, olar halys güýçden gaçypdylar, garaňkylykdan gözleri ker bolupdy. Olaryň özleri çykyp bilmejekleri hem köpdür, aýaklary ysmaz bolupdy... – diýip gygyrdy. Birnäçe adam ýerzeminiň garaňky deşigine sallandy. Şol ýerden geýimleri sal-sal, kirlän, dyrnaklary ösüp palta ýaly bolan, saçlary bulam-bujar tussaglar biri-birine ýapyşyp çykmaga başladylar. Köp ýyllar dowamynda garaňkylykda oturanlary sebäpli olaryň gözi hiç zat görmeýärdi, öz biri-birleri bilen çakyşýardylar, elleri bilen sermeleşdirýärdiler, özleriniň bagtynyň açylandygyna, ýagty jahana çykandyklaryna, azat adamlara goşulandyklaryna ynanman, hem aglaýardylar, hem gülýärdiler. Märekäniň arasyndan olara: – Bazaryň üsti bilen gidiň. Goý, Horezm şalaryň öz raýatlaryny nähili saklandyklaryny hemme adam görsün! Täjirleriň size arassa geýim bermeklerini talap ediň – diýip gygyrdylar. Gara Hanjar ýanyp duran kesindi bilen minaranyň içine girdi. Ol ýerden sowuk we yzgarly howa ýüzüňe urýardy. Gorkusyna kelemesini öwrüp duran sakçyny ol öňe iterledi. Ol yrga merdiwanjyk bilen ýokary çykyp ugrady. Onuň yzy bilen Tugan çykyp, ýüzüniň ugruna tussaglaryň gapysyndaky gulplary çekiji bilen kakyp aýryşdyrdy. Gözgyny, egin-başy sal-sal, halys ysgyndan gaçan we hor aýallar diwara ýapyşyp, aglaşyp, aşak düşüp ugradylar. Gara Hanjar minaranyň edil gümmeziniň aşagyna ýetende, sakçy bir demir gapynyň agzyna baryp durdy. Kiçijik inedördül bir deşik gözenekli demir gapak bilen beklengidi. Sakçy: – Şu ýerde köşk hareminden bir aýal «ömri ötýänçä» saklanýar. Ol aýal Muhammet şanyň özüne el galdyrypdyr – diýdi. – Nämä garaşyp dursuň? Aç! – Maňa gahar etme, batyr ýigit, bu gapynyň açary patyşanyň özünde. – Onda sende açar ýok-da? – Ýok, meniň hökümdarym! Üstümizde Alla bar, açar mende ýok! – Onda gümüňi çek! – diýdi-de, Gara Hanjar ol sakçyny aşak ýykyp goýberdi. Ol uly haýkylyk edip aşak gaýtdy we ýüzüniň ugruna çüýräp sallanyşyp duran pürslere degip, aşakda aňk-taňk bolan itleriň çyňsamagy we üýrmegi bilen garaňkynyň içinde gözden ýitip gitdi. Gara Hanjar gapynyň bir kiçijik deşigine gözüni goýup seretdi. Ol günüň gyýa yşygy düşüp duran bir köne haly böleginden başga zat görmedi. «Ol niredekä? Bu tünegiň içi boş... Ýa öläýdimikä?» diýip, Gara Hanjar oýlandy. Birden onuň gözüniň öňünden bir kölege geçdi we bir adam ýüzi garalyp göründi. Okara ýaly gara gözler Gara Hanjara çiňerlip seretdi. Gara Hanjar köne aýdymlardan bireýýäm gowy-gowy sözleri taýynlap goýupdy, emma olaryň hemmesi edil ürküzilen bal arylary ýaly dyr-pytrak boldy. Ol zordan: – Bu men! – diýdi. Çekinjeň bir mylakatly ses pyşyrdap: – Ýüzüňi yşyga tut, ýüzüňi bir göreýin – diýdi. Gara Hanjar yza çekilip, ýanyp duran kesindini ýokary galdyrdy. – Bars penjesiniň seniň ýüzüňdäki yzyny görenimde tanadym. Sen ekeniň, saňa hiç kim we hiç bir zat böwet bolup bilmez. – Gapydan bir azajyk yza çekil, häzir sen azatlyga çykarsyň. Gara Hanjar gaty hor düşen gyzyň syratly kölegesiniň gaýra çekilendigini, ala halynyň üstünde nähili ýeňillik bilen oturandygyny gördi. Gyzyň bugdaý reňk, ýalaňaç diýen ýaly tenine gün şöhlesi düşdi. Onuň tenini bir gyzyl matanyň bujak-sajaklary we gök monjuk düzülen birnäçe bagjyk basýardy. Okara ýaly gara gözleri hasratly we galagoplyk bilen seredýärdi. Gara Hanjaryň ýoldaşlaryndan biri: – Gara Hanjar, maňa ýol ber. Gulp açmaga ýarag ussasy Garagum batyryndan ökde bolýar – diýdi. Demirçi gulpy çekiji bilen urup açdy. Demir gapy açyldy. Güljemal ellerini ýüzüne tutup, öňki oturyşyndan üýtgemedi. – Meniň bütin geýim-gejimim çüýräp gitdi. Meniň seniň öňüňde dik durmaga ýagdaýym ýok. Gara Hanjar yza çekildi-de ýaş demirçä: – Sen aýala seretmeli dälsiň. Öz çäkmeniňi oňa okla, men saňa başga bir ýüpek çäkmen bagyşlaryn – diýip, yzyna öwrülip, darajyk ýarym ýykyk basgançak bilen minaranyň ýokarsyna çykdy. Gara Hanjar töweregine seretse, dumly-duşda möwç urup ýapýan otlaryň içinden burum-burum tüsse çykyp, al-asmana galýardy. Şäher ot içindedi. Şäher diwarlarynyň töwereginde atly otrýadlar tozan turzup, iki ýana at salýardylar. Uzakdaky bir minaranyň üstünde Juçy hanyň ýedi guýruk tugy galgaýardy. Güljemal hem minaranyň üstüne çykdy, onuň başynda gök selle, egninde erkek çäkmeni bolany üçin syratly, inçemik oglana meňzäp durdy. Galam gaşlaryny ýokary galdyryp, ol geň galyp, uzaga seredip: – Gürgençde bir üýtgeşikligä bar! Şäher diwarlarynyň ýanynda at salşyp ýören elhenç adamlar näme? – diýdi. Gara Hanjar jogap berip: – Uruş bu ýere-de gelip ýetdi. Duşmanlar Gürgenjiň daşyny gabadylar... Mundan beýläk ikimiz hemişe bile göreşeris. Urşuň ody we seniň hasratly gözleriňdäki gözýaşlaryň ikimizi birikdirdi – diýdi. – Şu aýylganç minarada men hemme zady unutdym we diňe ýigrenmegi öwrendim. Men hemme ýerde edil gazaply peleň ýaly bolup, seniň ýanyňdan aýrylmaryn, men öňki bigam Güljemal däldirin... Gara Hanjar indi onuň aýdýanyny diňlänokdy. Ol gözleriniň ýokarysyna elini tutup, burugsap al-asmana galýan tüsse we tozanyň arasyndan uzaga seredýärdi. – Bu wagşylaryň eden işine seret! Seret: beýik Jeýhun derýasy öz öňki ýolundan çykyp, bize tarap eňip gelýär... Öýleri syryp-süpürip gelýär, öýler oglan oýnawajy ýaly ýykylýar... Äňet, uzyn derek agaçlary edil çapylan ýaly şatyrdap gaýdýar... Ol kelesaň, birehim wagşylar köp suwly, ägirt uly derýanyň öňüni müň ýyllardan bäri tutup duran gadymy bendi ýykypdyrlar...1 Indi derýa öz ýolundaky zatlaryň hemmesini ýykyp-ýumrar, bütin şäheri suwa gark edip, köp adamly şäheri ýoga çykarar... Güljemal, bu köne minaradan häziriň özünde gaçmak gerek, ýogsam suwuň öňünde durup bilmän, bu bizi-de basar... Mongollar tarapyndan gyssalyp hüjüme sürülýän ýesirleriň şähere dyngysyz çozmaklary netijesinde şäheriň köp essesi eýýäm ýykylypdy. Emma Gürgenjiň ilaty jan aýaman goranmagyny dowam etdirýärdi. Mongollar kwartallary ýeke-ýekeden alýardylar. Meýdanda atyň üstünde söweşmäge öwrenişen mongollar ýanan jaýlaryň ýykylyp gömen darajyk köçelerinde kynçylyk bilen söweşseler-de gaýduwsyz hüjüm etmeklerini dowam etdirýärdiler we şäheri goraýjylary uzyn-uzyn peýkam bilen urýardylar. Gürgenjiň senetçileri hemmeden gaýduwsyz söweşdiler, olar ýesir düşäýseler başlaryna nähili gün geljekdigini önünden bilýärdiler, iň çeperlerini we güýçlülerini mongollar özleriniň uzakdaky watanyna iberjekdiler, galanlaryny, derde ýaramazlaryny bolsa gyrjakdylar. Aýallar we gyzlar diwarlaryň we öýleriň üstünde öz atalary, ärleri we doganlary bilen bir hatarda durup söweşýärdiler. Söweşijileriň birine ok degip, ýykylaýsa, aýallar sähelçe hem gorkman, ony täze oklardan goramak üçin onuň ýeňünde kerpiçden we toprakdan diwar salýardylar. Gürgenjiň gahrymanlarça goralyşy beýik Horezmiň synyşy hakyndaky hasratly beýannamanyň özüne iň bir şanly sahypalaryň birini ýazdy, beýleki şäherleriň köpüsi mongollara köre-körlük bilen ynandylar, gaýratsyzlyk we gowşaklyk etdiler, şol sebäpli şöhratsyz ýoga çykdylar. Gürgenjiň töwereginde mongollaryň örän köp urşujysy gyryldy, ölenleriň süňklerinden uly-uly baýyrlar emele geldi, şol baýyrlar soňundan köp ýyllar dowamynda harabalyklaryň arasynda görnüp durýardy. Bütin şäheriň alynmagyna diňe üç kwartal galanda, Gürgenjiň halys ysgyndan gaçan, ýaralanan goraýjylary boýun egmäge ýüreklerini döwdüler we öz aralaryndan saýlan adamlaryny aman sorap, Juçy hanyň ýanyna iberdiler. Oňa Çingiz hanyň ogly: – Ozal näme pikir edýärdiňiz? Meniň goşunlarym şäheriň ýanyna gelende näme üçin boýun egmediňiz? Indi, meniň şunça gowy söweşijilerim ölenden soň, men söweşijilerimiň gazap bilen talaň salyp, içlerini sowatmaklaryny gadagan edip bilerinmi? Size birjik-de rehim bolmaz – diýip, jogap berdi. Mongollar şäheriň abat galan bölegine eňildiler. Şäheri goraýjylaryň käbirlerini olar ýesir aldylar, beýlekilerini çapdylar, bütin emlägi taladylar. Horezmiň dürdänesi bolan Gürgenji Juçy hanyň eline düşürmejek bolan Jagataý hanyň buýrugyna görä, mongollar bütin Horezme suw paýlaýan baş bendi ýykdylar. Ägirt uly şäheri suw alyp, ymaratlary ýykdy. Şäheriň orny soň hem köp ýyllar dowamynda suw bolup durdy. Tatarlardan ölmän gutulan adamlar eňip gaýdan derýanyň tolkunlarynda gark boldular ýa-da diwarlaryň aşagynda galyp öldüler. Diňe birnäçe jaý: kerpiçden salnan Köşgi Ahçak diýen köne köşgüň bir bölegi we iki sany şa hüjüresi ýykylman galdy. Joşan derýanyň suwy Horezmiň başga-da birnäçe şäherini gark etdi, derýanyň özi bolsa, öz ugruny üýtgetdi we uzak wagtlap gumlaryň üsti bilen Abeskun (Kaspi) deňzine akdy. Gürgenjiň jan aýaman goralýan wagtynda Hajy Rahym diwarlaryň üstünde söweşýänleriň arasyndady. Ýaralary daňmagyň we bejermegiň arap usullaryny bilýändigine görä, ýaratylara kömek berýärdi. Jeýhun derýasynyň duýdansyzlykda daşan wagtynda ol Tekeş şanyň kerpiçden salnan belent guburynyň-hüjüresiniň üstünde iki gün oturdy. Duşundan geçip barýan gaýygyň üstündäki gaýykçy derwüşiň tanyş demirçisi Kerim Gulam bolup çykdy. Kerim Gulam ony hüjüreden düşürip, gaýyga mündürdi, onsoň bular möwç urýan suw düzlüginiň üsti bilen ýüzüp, başaranlaryny ölümden halas etdiler. Gara Hanjara we Güljemala duşmak olara soň miýesser bolmady. Şondan köp wagtlar geçenden soň Gara Hanjaryň edermenligi hakynda, onuň Garagumda mongollary awlyşy hakynda we soňky Horezm şanyň haremine zorluk bilen äkidilen çopan gyz Güljemaly onuň çäksiz söýüşi hakynda bir halk rowaýatçysyndan telim gezek eşitdi. Rowaýatçy öz ertekisini Jeýhun derýasynyň daşyp, şöhratly we baý Gürgenji ýykyşy bilen tamamlaýardy. Onuň gürrüň berşine görä, şol sile Gara Hanjar hem düşüpdir. Güljemaly gutarjak bolup, Gara Hanjaryň tolkunlaryň garşysyna nähili gaýratlylyk bilen göreşendigini, emma olaryň ikisiniň-de gark bolandygyny käbir adamlar görüpdir... Suwuň içinde emele gelen bir belentlikde iki sany adam meýdini tapypdyrlar, Güljemal bilen Gara Hanjar ýanaşyk ýatan ekeni. Güljemalyň kiçijik eli Gara Hanjaryň kuwwatly elinde gysylgymyş. Rowaýatçy öz ertekisini: «Tüýs ýürekden turýan söýgi, hak söýgi – ölümden başga soňy bolmaýan söýgüdir»2 diýen sözler bilen tamamlaýardy. Emma eger-de ony diňläp oturan aýal-gyzlar gynanyp aglaberseler, rowaýatçy: «Belet adamlardan men başga bir gürrüň hem eşitdim, olaryň aýdyşyna görä, Gara Hanjaryň Jeýhunyň tolkunlarynda ölendigi hakyndaky gürrüň dogry däl, ol özüniň gara atyna münüp, silden ýüzüp çykypdyr, Güljemaly-da ölümden gutarypdyr, Güljemaly ol Garagumdaky Bala Işem guýularynyň golaýyndaky öýüne äkidipdir. Şol ýerde olar köp ýyllar aýşy-eşretde ýaşapdyrlar, siziň-de şeýle bagtly bolmagyňyzy isleýärin!» diýýärdi. __________ 1 «Mongollaryň özleri bendi ýykdylar, şondan soň derýa eňilip, bütin şäheri gark etdi. Ymaratlar ýykylyp, olaryň ornuny suw tutdy» (Ibn al-Asir. XIII asyr). 2 Ibn-Hazmyň sözlerinden (XI asyr). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |