23:58 Çingiz han -55: romanyň dowamy | |
Onunjy bap
Taryhy proza
HAJY RAHYM ÝAŞ BATU HANYŇKYDA Biçäre çagany äsgermezlik etme – onuň arslan çagasy bolmagy mümkindir. (Arap nakyly) Hajy Rahym ot gorsaýan mongol otrýadlarynyň arasyndan zordan geçip, Juçy hanyň lagerine bardy. Derwüşiň sopbajyna daňylan laçyn suratly altyn bölejigi ony gorap, mongollaryň beýik patyşalygynyň demirgazyk-günbatar ulusynyň hökümdarynyň öýüne eltdi. Gazaply Çingiz hanyň uly ogly Juçy han Çingiz han bilen jedelleşip bilýän ýalňyz adammyş diýip, Hajy Rahym eşidipdi. Emma Çingiz han özüniň uly ogluna müňkür bolýarmyş we ol dildüwşük gurýan bolaýmasyn diýip hemişe göwnüne güman getirýärmiş diýip hem gürrüň edýärdiler. Şoňa görä, Çingiz han ony iň uzakdaky, iň çetki ulusa häkim edip belledi, ol illeriň köp ýerleri heniz ýeňip alynmadyk ýerlerdi. Çingiz han şonda öz ogluna: «Günbatara mongol atlarynyň aýaklarynyň ýetip biljek ýerleriniň iň uzaklaryny sana berýärin!» diýipdir. Juçy han ak öýde pessejik tagtyň üstünde aýbogdaşyny gurup otyrdy. Ol atasy ýaly uzyn boýly, aýy hereketlidi we mawumtyl gözleri bilen biperwaý seredýärdi. Ol köse mongollardan tapawutlydy, uzyn murty we gara çokga sakgaly bardy. Sakgalyna çeperlik bilen goşup örülen at guýrugy örülgi halda inçelip gidýärdi, şol çowlanyp gidýän sakgalynyň ujuny Juçy sag gulagynyň ýeňsesine atýardy. Tagtyň öň ýanynda arzaçylar mähellesi: hanlar, ulamalar, täjirler we ýönekeý horezmliler çek düşüp, bil büküp, beýik hökümdaryň merhemedine garaşyp, ümsüm otyrdylar. Hajy Rahym arzaçylaryň arkasy bilen «Ýa-hu-u, ýa-hak!» diýip, gygyryp barşyna, gös-göni Juçy hanyň tagtynyň ýanyna baryp, hasasyna daýanyp durdy. Juçy han derwüşe tukat nazar saldy-da: – Näme dilegiň bar, gypjak porhany? – diýdi. Hajy Rahym beýik wezir Mahmyt Ýalwajyň hut öz ýazan hatyny getirendigini aýtdy. – Näme üçin beýle giç? Men köpden bäri hata garaşýaryn. – Men daşy gabalan Gürgenç şäherindedim. – Diýmek, sen meniň duşmanlarym bilen bir bolupsyň-da? – Hawa, tebip bolup ýaralylara kömek berdim. Hajy Rahym hasasynyň mumlanan ujuny açyp, düýrülen we gyzyl möhürli bir kagyz çykardy. Juçy hanyň mürzesi ol kagyzyň ýüzüne seredip, geň galdy. – Bu ýerde diňe üç sany söz ýazylypdyr: «Şu adama ynan!» Juçy: – Aýdyň we ýeterlik! Meniň oglum Batu hany getiriň! – diýdi. Nökerler ylgap gitdiler-de tiz wagtdan dolanyp geldiler. Olaryň öňünden kiçeňräk ýaýly we üç sany gyzyl okly, dokuz ýaşlarynda bir oglan bökjekläp gelýärdi. Iki sany goja onuň golundan tutup getirjek bolup, şunça jan etseler-de dyzap, olaryň elinden sypdy. Juçy hanyň ýanyna ylgan geldi-de öňki endik edişine görä çöküne düşdi, maňlaýyny hala degirdi we ýerinden turdy-da özüniň ýyllyrap duran gara gözleri bilen töweregindäkileriň ýüzüne seretmäge başlady. Juçy bu oglana gözüniň gytagyny aýlap: – Ynha meniň oglum Batu han! Meniň täze raýatlarymyň, horezmlileriň gepleýän dilinde okamagy, ýazmagy we geplemegi öwreder ýaly alym mürze ibermegi men yhlasly Mahmyt Ýalwaçdan sorapdym. Sen şonuň ýaly halypa bolmagy başararmyň? – diýdi. Hajy Rahym jogap berip şeýle diýdi: – Men bu oglana türkmen, pars we arap kitaplaryny okamagy öwredip bilerin, ine şu işi höwes bilen ýerine ýetirerin. Ýöne welin metjitlerde ymamlaryň edişi ýaly dini kitaplary düşündirip bilmeýärin. Men älemde syýahat etmek, nämäniň ýagşylykdygy we nämäniň ýamanlykdygy, watana söýgi we her bir adamyň borjy hakynda gürrüň edilýän kitaplar bilen iş salyşýaryn. Juçy: – Şonuň özi hem peýdaly, hem gowy. Şeýle mugallym meniň oglumyň ýabany möjek tüýüni aýyrmaga we ony halklaryň hökümdary etmäge kömek berer. Batu, täze mugallymyň sözüne gulak asgyn! Mürze, saňa bolsa, oglumy çybyk bilen urmaga rugsat berýärin... – diýdi. Ol oglan Hajy Rahymdan ýüzüni sowup: – Eger bu maňa pälwanlar we uruş hakynda gürrüň berse, men muňa gulak asaryn! – diýdi. Hajy Rahym oglana jogap berip: – Men saňa Rum serkerdesi Isgender Zulkarnaýnyň ýeňip alyşlary hakynda gürrüň edip bererin. Ol patyşa özüniň ýigit wagtynda köp ýurtlary ýeňip aldy, ol ýurtlaryň patyşalarynyň ýaragy-da, hazynalary-da, goşunlary-da onuňkydan köpdi, emma şeýle bolsa-da olary Isgender derbi-dagyn etdi... – diýdi. Ol oglan derwüşe tarap öwrülip, oňa höwes bilen seretmäge başlady. Juçy han: – Isgender han şonuň ýaly ýeňişleri nähili ýol bilen gazandyka? – diýip sorady. – Ony Isgenderiň özünden soranlarynda ol: «Men ýeňip alan ýurtlarymdaky raýatlarymy ezmedim» diýip, jogap berenmiş. Juçy han oglunyň ýüzüne seretdi-de: – Meniň atam, ýalňyz we beýik Çingiz han älemiň ýarysyny basyp aldy, Isgender Zulkarnaýn beýleki ýarymyny basyp alypdyr. Basyp alara saňa näme galypdyr, Batu han? – diýdi. Ol oglan äginmän: – Men Isgenderiň ýerleriniň hemmesini elinden alaryn!.. – diýip jogap berdi. Hajy Rahym şol günden başlap, Juçy hanyň ogly Batuwyň mugallymy bolup, Juçy hanyň lagerinde galyberdi. Juçy han assyrynlyk bilen iberlen adamlaryň elinden duýdansyzlykda ölinçä, Hajy Rahym Batuwy telim ýyl okatdy. Jeren awlanýan wagtda Juçy han bir jereni kowalap, gamyşlaryň arasynda öz nökerlerinden uzaklaşdy. Ony zordan tapdylar. Ony mongollaryň adatyna görä bil oňurgasy ýazdyrylan halda tapdylar. Assyrynlyk bilen gelen adamlar gaçypdyrlar, olary tapmadylar. Käbirleri pyşyrdap, olary Çingiz hanyň özi iberendir diýýärdiler Tapanlarynda Juçy han heniz diridi, emma ne-hä bir agyz gepläp bildi, ne-de elini gymyldadyp bildi. Gözüni hasratly balkyllatdy ýatdy, soňra gözi hem ömürlik ýumuldy. Şol wagtda şöhratly Subudaý Batyr günbatara ýöriş edip, gaýdyp geldi. Subudaý Batyr Batu hany eýeriň üstünde öz öňüne alyp: – Meniň hökümdarym Juçy hanyň soňy nähili bolan bolsa, bu ýerde seniňem soňuň şonuň ýaly bolar. Sen meniň bilen Hytaýa gidersiň, şol ýerde harby işi öwrenersiň. Men seni öz oglum ýaly edip terbiýelärin, serkerde edip ýetişdirerin – diýdi. Hajy Rahym handan aýra düşüp, ýene ýeke ykmanda bolup galdy. Ol öz kiçi dogany Tuganyň Gürgençde derýanyň daşan wagtynda ýitendigine gaty gynanýardy, Gugan ölüp gitdimikä ýa-da derýa tolkunlaryndan, mongollaryň hanjarlaryndan gutuldymyka, başga ýerlerde azat ýa gul bolup ýörmükä diýip, mydama pikir edýärdi, ona ýene duşmak barmyka diýip, garaşyp ýörýärdi1. Hajy Rahym dürli şäherlere aýlanyp çykdy, zalym mongollaryň çozan wagtynda Horezm halklarynyň başdan geçiren gaýgyly günleri hakynda ony gözi bilen gören adamlardan soraşdyrýardy. Öz gözi bilen gören adamlaryň gürrüňlerini ýazyşdyrdy we ahyrda. Çingiz han hakynda, onuň nähili gudratly bolandygy we bütin dünýäni basyp almak isländigi hakynda, mongollaryň geçen ýerleriniň ýoga çykandygy we çöl beýewana öwrülendigi hakynda bütin bir kitap ýazmagy ýüregine düwdi. __________ 1 Gündogar sene ýazuwçylary: Juweýni XIII asyr we başgalar hem şeýle diýýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |