16:23 Çingiz han -56: romany dowamy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM
Taryhy proza
KALKA DERÝASYNYŇ ÝANYNDA BOLAN SÖWEŞ Birinji bap ÇINGIZ HANYŇ BUÝRUGY ...Olaryň mysalasy elhençdi we ýüregiňe wehim salýardy. Olar kösedi, käbirleriniň burnunyň aşagynda we eňeginde sanlyja tüý bardy. Gözleri gyýa we ýiti. Olaryň beden gurluşy berdaşly we uzak ömürli. (Kirakos, ermeni taryhçysy. XIII asyr) Ýylan ýylynyň (1220) ýazynda, Sapar (aprel) aýy Çingiz han kyn tabşyryklary şowly ýerine ýetirmekde synagdan geçen iki sany serkerdesini: garry, ýeke göz Subudaý Batyry we jahyl Jebe-noýony öz ýanyna çagyrdy1. Olar «älemi sarsdyryjynyň» ýüpek öýüne dessine gelip, altyn tagtyň öňünde keçäniň üstünde çök düşüp, maňlaýlaryny ýere goýdular. Çingiz han sag dyzyny elleri bilen gujaklap, çep dyzynyň üstünde otyrdy. Daşyna lak çaýylan, ullakan zumrutly tegelek telpeginden gara-goňur tilki guýruklary sallanyp durdy. Pişigiňki ýaly gök gözleri baş egip ýatan ýeňilmez iki batyra perwaýsyz seredýärdi. «Ýalňyz we iň beýik» häkim özüniň ýuwaş çykýan gyryk sesi bilen gepläp ugrady. – Sary gulak itiň ogly Horezm şa Muhammet gizlinlik bilen öz goşunyny taşlap gaçdy diýip, jansyzlar habar berdiler. Muhammet nirä gaçanyny bildirmejek bolup ýörkä, ýany-ýakynda ony Jeýhun derýasynyň geçelgesinde görüpdirler. Horezm şalaryň ýüz ýyllap ýygnan tükeniksiz baýlyklaryny ol öz ýany bilen alyp barýarmyş. Oňa täzeden uly goşun ýygnamaga pursat bermän, ony tutmak gerek... Biz size ýigrimi müň atly berýäris. Eger şanyň goşuny köp bolsa we siz onuň bilen söweşip bolarmyka diýip oýlanmaly bolsaňyz, onda söweşmän saklanyň... Emma maňa bada-bat habar beriň!.. Şol wagt Tohuçar-noýony ibererin, onsoň ol siziň iki bolup ýeňip bilmedik ýeriňizde ýeke özi hötde geler... ýöne welin biziň hökümimiz Muhammediň ähli goşunyndan güýçlüdir diýip pikir edýäris! Tä Muhammediň boýnuna zynjyr salyp getirýänçäňiz maňa garaňyzy görkezmäň!.. Eger-de siz tarapdan derbi-dagyn edilen şa mäkäm daglarda ýa-da garaňky gowaklarda gizlenmek üçin birnäçe adam bilen gaçsa ýa-da mekir jadygöý ýaly bolup, adamlaryň gözüniň öňünde ýitirim bolup gitse, onda siz gara tüweleý ýaly bolup, onuň mülklerine aralaşarsyňyz... Boýun egen her bir şähere rehim ediň, şol ýerlerde kiçeňräk saklaw hem-de ýylgyrmak diýen zady bilmeýän hökümdar goýup gidiň... Emma garşylyk görkezmek ýoluna düşen her bir şäheri zabt edip alyň! Ondan nam-nyşan galdyrmaň, durşuna kömür bilen küle öwrüň!.. Biziň bu hökümimiz siziň biriňize-de kyn bolup görünmez diýii çak edýäris... Jebe-noýon dikeldi-de: – Eger Horezm şa Muhammet göze görünmez ýol bilen bizden gaçyp, günbatara tarap barha uzaga gidip otursa, onuň yzyndan näçe wagtlap kowalamaly we seniň altyn öýüňden näçe uzaklaşmaly? – diýip sorady. – Beýle bolsa siz ýeriň ujuna çenli, Soňky deňzi görýänçäňiz kowalarsyňyz. Bili bükülen, bir ýanbaşyna gyşyk Subudaý Batyr hykylap kellesini ýokary galdyrdy-da gyryk ses bilen: – Eger-de Muhammet şa balyk bolup, deňiz düýbünde gözden ýitse, näme etmeli? – diýip sorady. Çingiz han seňrigini gaşady we ynanmazlyk bilen Subudaýa seretdi: – Deňziň düýbüne çümmezden öňürti tutmagy başaryň! Ýola düşmäge rugsat berýäris. Serkerdeleriň ikisi-de ör turup, gapa tarap çekilip ugrady. Olar şol günüň özünde ýigrimi müň mongol we tatar atlysy bilen günbatara ugradylar. __________ 1 Şol wagtlar Çingiz han Buharany we Samarkandy alyp, Hindistanyň üstüne goşun çekip gitmäge taýynlanýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |