16:27 Çingiz han -57: romanyň dowamy | |
Ikinji bap
Taryhy proza
«IŇ BEÝIK HÖKÜMDARA» HABAR Çingiz hanyň hökümini ýerine ýetirmek üçin, onuň iki serkerdesi Jebe-noýon bilen Subudaý Batyr Horezmiň gaçyp giden hökümdary Muhammet şanyň yzyny gözläp, iki tümen atly bilen demirgazyk Eýranyň jülgelerinde we dag jeňňelliklerinde iki ýyl kaňkadylar. Olar hiç bir derek tapyp bilmediler. Il agzyndaky gürrüň bolsa, öz watanyny taşlan we soňra hemmeler tarapyndan unudylan Horezm şa Muhammet Abeskun deňziniň bir çola adasynda ölüpdir diýip habar berýärdi. Şol wagtda Jebe bilen Subudaý ikisi pälwanlar hakynda gadymy aýdymlary aýdyp bilýän bir mongoly çagyrdylar-da özleriniň «ýalňyz we iň beýik hökümdara» ýetirmekçi bolýan habaryny oňa ýuwaşja aýdym edip aýdyp berdiler. Olar öz sözlerini ol mongola dokuz-dokuzdan dokuz gezek gaýtalatdylar1 we ony Nesef2 şäheriniň golaýyndaky, gök çemenlik we suwluk düzlükde ýerleşen Çingiz hanyň ýanyna iberdiler. Mongollar tarapyndan ýandyrylan şäherlerden gaçyp giden aç adamlaryň çozup talaýandyklary sebäpli ýollaryň howpludygyna görä, çaparyň ýanyna ynamdar nökerlerden üç ýüz sanysyny goşup goýberdiler. Çapar ýol boýy mongollaryň gök sähralary, tokaýlyk daglary hakynda, Keruleniň oduň al ýalnyna meňzeş gyzlary hakynda köne aýdymlary aýdyp geldi, emma özüni iberen batyrlaryň habaryny welin ýekeje gezegem aýtmady. Beýik kaganyň ýaşaýan ýerine gelip, parraçlaryň sekiz saklawyndan geçip we telim ýerde ýanýan mukaddes oduň tüssesiniň arasyndan geçmek bilen özüni arassalap, ol çapar sary çadyryň altyn gabsasynyň agzynda aýak çekdi. Gapynyň iki ýan gapdalynda iki sany biçeme owadan at durdy: biri süýt ýaly ak, beýlekisi mele, ikisiniň-de çöpürden işilen ak tanapy guýma altyn gazyga daňylgydy. Şeýle bezegleri görüp aňk bolan mongol çapar duran ýerinden özüni aşak goýberdi-de hiç turmady, şol wagtda iki sany güýçli parraç gelip, onuň golundan tutdy we ony süýräp, Çingiz hanyň öňüne eltip, halynyň üstüne taşlady. Mongol häkimi altyn bilen bezelen giň tagtyň üstünde aýbogdaşyny gurup otyrdy. Çapar gözlerini ýumup, çöküne düşüp duran ýerinden, mongol rowaýatlaryny aýdyşy ýaly, bogazyna sygdygyndan gygyryp, özüne tabşyrylan habary aýdym edip aýtdy: Iň beýik hökümdaryň yhlasly nökerleri Subudaý Batyryň we Jebe-noýonyň iberen habary. Jebe-noýon bilen Subudaý Batyr, Ol beýik kagana arzyny ýetir. Muhammet şa gorkak, guýruksyz tilki, Boş adada ölüp, bolupdyr gülki. Onuň ogly ýeser Jelaleddin-de, Dagdan aşyp gitdi ýetdim-ýetdimde, Olary ýok etdik. Gidýäs Kawkaza, Duş gelen halklara dolduryp kaza. Güýjüni synarys, goşun sanarys, Gaçsa gyryp, gaçmadygyn gynarys. Gypjak sährasynyň içinden geçip, Atlara dynç berip, aňryk ýol açyp, Ýoly ýatda saklap, edip geleňi, Altyn atyň üçin tapyp öleňi. Soňra ugrar ýaly günbatara sen1, Baş egdir dünýäni bu tatara sen. Barynyň üstüne bas mongol eliň, Bu elem-jahany titretsin ýeliň. Dünýäde güýç ýokdur saklara bizi, Baryban görmäge Soňky deňizi, Gök deňze degsin atyň toýnagy, Kelle bolsun ýigitleriň oýnagy. Kesilen kelläni şonda münderläp, Görülmedik depe salarys derläp. Depäniň başynda bir bölek gaýa, Goýarys dikeldip, meňzedip boýa. Ýüzüne ýazarys seniň adyňy, Diňe şonda mukaddesläp badyňy, At başyny gündogara dolarys, Altyn öýüň işiginde bolarys. Çapar aýdymyny gutarandan soň, ýönekeý mongollara görünmeýän hökümdaryň gazaply gözlerine çalajadan birinji gezek seretdi. Ol özüni ýitirip, ýene-de özüni lampa aşak goýberdi. Çingiz han äwmän, syr bildirmän, gözlerini süzüp otyrdy we çalaryp ugran sary sakgalyny yralap ýalaňaç ökjesini gaşaýardy. Öz öňünde ýatan çapara ýadaw nazar bilen seredýärdi we pikire gidip oturan ýaly bolup: – Seniň bogazyň çöl gazynyňky ýaly ekeni... Seni sylamak gerek.. – diýdi-de tagtynyň tutaýyndan asylgy ýüpek haltajyga elini sokup, tozanjyran bir bölejik gant1 çykaryp, ony çaparyň titräp duran agzyna dykdy. Soňra kagan: – Jebe-noýon bilen Subudaý Batyry heniz öwerden ir. Göreli bakaly, olaryň ýörişi nähili gutarýar?.. Özümiziň jogap sözümizi başga bir çapardan ibereris – diýdi. Kagan barmagynyň hereketi bilen ümläp, çapara gitmäge rugsat berdi. Ony naharlamagy we gymyzdan gandyrmagy hem-de onuň ýany bilen gelen saklawy gowy myhmanlamagy buýurdy. Şol günüň ertesi ol, örän uzaga giden mongol otrýadynyň yzyndan ýetmäge olaryň hemmesini ýola saldy. Aradan bir ýyl geçdi, günbatara giden mongollar hakynda hiç bir habar gelmedi. Günlerde bir gün Çingiz han öz mürzesi uýgur Ysmaýyl Hoja birnäçe söz aýdyp ýazdyrdy we berk ýapylan bir haty (onuň mazmunyny hiç kim bilenokdy) geýminden köp düwme asylan, telpegi laçyn ýelekli (howlukmaçlygyň alamaty) bir çaparyň äkitmegini buýurdy. Çapary goramak üçin müňbaşy Tohuçar on müň atly tümen bilen ugrady. – Sen Jebe-noýon bilen Subudaý Batyry tapýançaň dünýäniň ahyryna çenli gidersiň. Şol ýerde çapar biziň iberen hatymyzy seniň gözüň öňünde öz eli bilen Subudaý Batyra bermelidir. Olar indi örän uzaga gidendirler, olary indi gahary gelen otuz üç halk gysýandyr. Olara kömek bermegiň wagty geldi. Tohuçar şol günüň özünde, dünýäniň ol ujuna giden mongollary gözlemek üçin öz tümeni bilen günbatara ugrady. __________ 1 Hat-sowatsyz mongol serdarlary bir möhüm habar iberjek bolanlarynda ol habary çapar ýoýmasyn diýip, ony aýdym edip düzýärdiler, şol aýdymy çapar ýat tutýardy. Dokuz sanyň özi mongollarda mukaddes san hasaplanýardy. 2 Nesef – indi Karşy şäheri, Buharanyň günorta tarapynda. 3 Käbir harby taryhçylaryň pikirine görä, Subudaý Batyryň Kalka derýasynyň ýapynda bolan söweşi bilen gutaran ýörişi Çingiz hanyň mongollary Günbatar Ýewropa çozdurmak pikirine taýynlamak üçin edilen çuňňur strategiki razwedka ekeni. Çingiz hanyň ölmegi sebäpli mongollaryň we tatarlaryň ol ýörişini Çingiz hanyň agtygy Batu han diňe 12 ýyldan soň (1237-nji ýylda) ýerine ýetirdi, ol ýörişde Batu hanyň esasy harby geňeşçisi we ol ýörişiň ýolbaşçysy ýokarda agzalan razwedkany ýerine ýetiren Subudaý batyrdy. 4 Ol zamanda şeker palaçdan taýynlanýan gant (Hind we Müsür gandy) del iýmit hasaplanýardy we örän gymmatly zatdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |