16:29 Çingiz han -58: romanyň dowamy | |
Üçünji bap
Taryhy proza
SOŇKY DEŇZIŇ GÖZLEGINDE Haýda, atym, öňe haýda, Çapgyr atym barsa kaýda, Kölegesi il örüzer... (Mongol aýdymyndan) Gyş ukusyndan oýanyp, garry çynaryň kökleriniň arasyndan meýdana çykyp, bahar gününiň şöhleleri aşagynda güneşländen soň, kä ýanaşyp, kä arany açyp, ýodalar bilen suwulyp barýan we olardan gorkup gaçýan janawerleriň hem-de ýokarda jürrülläp gaýmalaklaşyp ýören guşlaryň ýüregine wehim salýan iki sany äpet gara ýylan ýaly, okgunly Jebe-noýonyň we seresap, mekir Subudaý Batyryň iki mongol tümeni-de kä uzalyp gidýän hatar-hatar bolup, kä durşuna at bolup duran uly gopgunly dürli-dümen mähelle üýşmegi bolup, şäherleriň ýüregine gorky salýardylar, ol şäherleriň töweregindäki ekin meýdanlaryny leýs edýärdiler we öz yzlarynda ýangyndan şar gara bolan harabalary we ýanyp çişen meýitleri galdyryp, ýüzlerini günbatara tutup barýardylar. Çingiz hanyň goşunlarynyň şu öňden barýan otrýady demirgazyk Eýranyň içinden geçende Har, Simnan, Gum, Zenjan we beýleki şäherleri derbi-dagyn etdi. Mongollar diňe baý Hemedan şäherine rehim etdiler, sebäbi Hemedanyň hökümdary mongollaryň öňünden bir süri aty we geýim-gejimden ýüklenen iki ýüz düýeden ybarat kerweni sowgat edip, hormatly ilçileri iberdi. Mongollar Kazwinde ellerinde baryndan söweşmeli boldular, sebäbi ol ýeriň ilaty şäheriň içinde ellerine uzyn-uzyn pyçak alyp, gaýduwsyz garşylyk görkezdiler. Kazwin ýakyldy. Gyşyň sowuk aýlaryny mongollar Reý1 şäheriniň etraplarynda geçirdiler. Olara dumly-duşdan dowar sürüleri, gowy-gowy atlar we geýim-gejim salnan gülebentli kerwenler iberilýärdi. Mongollar şol ýerde ýaza garaşdylar. Ýaz gününiň şöhlesi astynda Eýran daglarynyň ýapylary gök salyp ugranda, mongollar Azerbaýjanyň içinden geçdiler. Ullakan, baý Töwriz şäheri olara köp sowgat iberdi, onsoň mongollar ýaraşyga razy bolup, şähere degmän, şäheriň duşundan geçip gitdiler. Olar Kawkaza ugradylar, şol ýerde Arranyň paýtagty Genje ýakyn bardylar. Emma mongollar bu şäheri zabt etmäge ýürek etmän, kümüş we geýim talap etdiler, olara kümüş we geýim berenlerinden soň olar Gruziýa baka ýöräp ugradylar. Gruzinleriň güýçli goşuny mongollaryň garşysyna çykdy. Subudaý goşunyň esasy güýçleri bilen öňden barýardy, Jebe-noýon bolsa, bäş müň atlyny ýanyna alyp, bukuda gizlendi. Birinji tutluşykda mongollar jegülik edip gaçdylar. Gruzinler seresaplyk etmän, olary kowalap ugradylar. Jebäniň tatarlary bukudan turup, gruzinleriň üstüne eňildiler, Subudaýyň atlylary bolsa, yzlaryna öwrülip, gruzinleriň daşyny hemme tarapdan gabap, olary gyrdylar. Şol söweşde on üç müň gruzin ýeldi. Emma mongollar dag jülgeleri köp bolan we örän söweşjeň ilatly bu ýurduň içine çuň aralaşmaga gorkdular we olja şaýyny tutup, çykyp gitdiler. Mongol urşujylary Kawkazyň dag jülgelerinde darygýarys diýýärdiler. Olaryň gözlegi atlary erkin bakar ýaly sährady. Mongollar Şemahy şäheriniň ilatyny gyrgyna berip, Şirwan Derbentine ugradylar. Bu gala barylmaz dagyň üstündedi we demirgazyk ýoluny bekläp durýardy. Jebe-noýon galanyň içinde saklanyp duran Şirwan şasy Raşidiň ýanyna çapar iberip: – Ikimiz dostluk ýaraşygyny baglaşar ýaly, öz uly begleriňi meniň ýanyma iber – diýip, talap etdi. Şirwan hökümdary öz asylly gojalaryndan on sanysyny iberdi. Jebe boýun egmezek bir gojany beýlekileriň gözüniň alnynda çapdy-da: – Biziň goşunymyzy daglardan geçirer ýaly, ýola belet ynamdar adamlar beriň. Şol wagtda size rehim ediler. Eger-de siziň beren adamlaryňyz gara ýürekli bolup çykaýsa, siziň hemmäňiziň boljagyňyz şudur –1 diýip, azm urdy. Şirwan begleri özleriniň bu talaba boýun egýändiklerini aýtdylar, Derbendiň daşyndan aýlanyp, dag ýodalary bilen ýöräp, mongol goşunyny daglardan geçirdiler we gypjak düzlügine barýan ýoly görkezdiler. Onsoň mongollar gojalary boşadyp, demirgazyga tarap gitdiler. __________ 1 Reý – häzirki Tähranyň golaýynda ozal bolan şäher. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |