16:33 Çingiz han -59: romanyň dowamy | |
Dördünji bap
Taryhy proza
ALANLARYŇ WE GYPJAKLARYŇ ÝURDUNDA Demirgazyk Kawkazda Jebe we Subudaý alanlar¹ ýurduna bardylar, giň giden demirgazyk sähralaryňdan köp lezgi, çerkez we gypjak otrýadlary alanlara kömek bermek üçin geldiler. Mongollar uzynly gün agşama çenli olar bilen söweşdiler, emma güýçler deň bolup durdy we hiç tarap ýeňip bilmedi. Şol wagtda Jebe gypjaklaryň iň tanymal hany Kotýanyň ýanyna içaly iberdi, ol içaly bolsa, Kotýanyň ýanyna baryp, oňa şeýle bir haty okap berdi: «Biz tatarlar bilen siz gypjaklaryň – hemmämiziň ganymyz bir, aslymyz bir. Siz bolsaňyz öz doganlaryňyzyň garşysyna özge taýpalar bilen birleşýärsiňiz. Alanlar bize-de ýat, size-de. Geliň biri-birimize degmezlik barasynda pozulmaz şertnama baglaşalyň. Onuň üçin biz size isledigiňizçe altyn we gowy-gowy geýim bereris. Ýöne siz bu ýerden gidiň, bize alanlardan öç almaga mümkinçilik beriň». Mongollar gymmat bahaly sowgatlar ýükläp, gypjaklara köp at iberdiler, gypjak hanlary sowgatlara göz gyzdyryp, haýynlyk edip, gijäniň birmahaly alanlary taşlap, öz goşunlaryny demirgazyga tarap alyp gitdiler. Mongol goşunlary alanlaryň üstüne çozdular, olary derbi-dagyn etdiler we olaryň obalaryna aralaşyp, talaň saldylar, ilaty gyrdylar, hemme ýere ot berdiler. Alanlar özleriniň Çingiz hana doly boýun egýändiklerini yglan etdiler, olaryň birnäçesi bolsa, mongollaryň leşgerine goşuldy. Özlerine gezelip duran ýiti alan hanjarlaryndan dynyp, Jebe bilen Subudaý öz tümenlerini birden demirgazyk sährasyna, gypjak iline gönükdirdiler. Gypjak hanlary ýaraşyga we howpuň ýoklugyna bil baglap, aýry-aýry otrýadlar bolup, öz ýaşaýan ýerlerine dagadylar. Mongollar olary sypyndyrman, olaryň yzyna düşüp, gypjaklaryň esasy ýaşaýan ýerlerini tozdurdylar we olardan alan her dürli, emlägi olaryň dönüklik edeni üçin beren zatlaryndan köp esse artyk boldy. Gypjaklaryň sährada uzakda ýaşaýanlary mongollaryň çozandygyny eşidip, özleriniň emlägini düýelerine ýükläp, her haýsy bir ýana gaçdy, käbirleri batgalyklarda, beýlekileri tokaýlarda1 gizlendi. Köpüsi bolsa, rus we wenger illerine gitdi. Mongollar gaçyp barýan gypjaklary Don derýasynyň boýy bilen kowalap gitdiler we ahyrsoňy Hazar denziniň2 gök tolkunlaryna gabap, şol ýerde olaryň köpüsini deňze gark etdiler. Diri galan gypjaklary mongollar özleriniň alan mal sürülerini we gylýallaryny bakdyrmak üçin çopan edindiler. Mongollar soňra Hazar ýarym adasyna geçdiler we gypjaklaryň deňiz ýakasyndaky baý şäheri bolan Sudak şäheriniň üstüne çozdular. Ozalky wagtlarda bu şähere daşary ýurtlaryň köp gämileri geýim, mata we başga harytlary getirýärdiler. Gypjaklar ol harytlaryň deregine gul, gara goňur tilki we belka derilerini hem-de gypjak ilini şöhratlandyran öküz derilerini berýärdiler. Sudak şäheriniň ilaty mongollaryň ýakynlaşandygyny bilip, daglara bosdular, başgalary gämilere münüp, deňziň üsti bilen Trebizonta gitdiler. Jebe bilen Subudaý ol şäheri talap, gypjak ýerlerinde dynç almak üçin ýene demirgazyga çekildiler, şol ýerde bir ýyldan-da köpräk dynç aldylar. Bu ýerde bol otly çemenler, gullara ekdirilen mes toprakly ekin meýdanlary, gawun-garpyz, kädi biýaraçylyklary aňyrsy görünmän uzalyp ýatyrdy, semiz-semiz gara mal sürüleri we näzik ýüňli goýun sürüleri bardy. Mongol urşujylary bu sähralary öwýärdiler we öz atlarynyň bu ýerde öz watanyndaky ýaly, Ononyň we Keruleniň kenarlaryndaky ýaly ýaýkaýandyklaryny aýdýardylar. Emma olaryň özleriniň önüp-ösen sähralary has arzyly we ol sähralaryny dünýäde başga hiç bir sähra bermezler. Älemi ýeňip almagy gutaranlaryndan soň, mongollaryň hemmesi diňe bir zat – özleriniň önüp-ösen ýeri bolan Keruleniň kenarlaryna gaýdyp barmak isleýärdiler. Jebe bilen Subudaý gypjaklaryň baş şäheri Şarukanda1 uzak saklanmadylar. Ol şäherde daşdan salnan, ýaryragy ýere gömülen jaýlar-da bardy, daşary ýurt harytlaryndan dolup duran skladlar-da bardy, emma ýygnamasy-dikmesi aňsat öýler has köp bolup, olarda gypjak hanlary-da ýaşaýardylar, ýönekeý çarwalar-da ýaşaýardylar. Olar ýazyna şäherden sähra göçýärdiler, gyşyna bolsa, ýene şähere göçüp gelýärdiler. Mongollar gelenden soň, daşary ýurt täjirleri uruşdan gorkup, sähra bilen söwda aragatnaşyklaryny kesdiler. Şarukan şäheri talanyp we ýandyrylyp, boşap galdy, mongol goşunlary bolsa, Lukomorýa2 tarap gitdiler. Şol ýerde mongollar ýelsiz ýer diýip baýyrlaryň arasyndaky pesliklerde küren-küren bolup ýerleşdiler. Her küren gypjaklaryň elinden alnan birnäçe ýüz öýden ybarat bolup, tegelek görnüşde ýerleşdirilýärdi. Kürenleriň her birinde bir müň esger bardy. Her tegelegiň ortarasynda müňbaşynyň at guýrugyndan ýasalan şahly belent jygasy bolan uly öýi durdy. Öýleriň ýanynda hemişe ýörişe taýyn, eýerlengi, jylawlary gaňtarylgy atlar teblemyha daňylgy durýardy, beýleki atlary bolsa, gypjak çopanlary sährada süri-süri bakyp ýörýärdiler. Mongol goşuny «Çingiz han Ýasasynyň»1 berk kanunlaryny berjaý etmegini dowam etdirýärdi. Lagerleriň töwereginde üç sap saklaw durýardy. Sährada, bulgarlaryň, ruslaryň we ugorlaryň2 illerine gidýän esasy ýollarda saklaw postlary gizlenip durýardy. Olar sähradan geçýänleriň hemmesini tutýardylar, olardan sorag edýärdiler, soňra goňşy taýpalar hakynda täze habar bilýänlerini Jebe-noýonyň ýanyna iberýärdiler, galanlaryny çapýardylar. Mongol nökerleriniň bolýan bu öýlerinde özleriniň mongol aýallary bardy, olar uzakdaky watanyndan öz ärleri bilen bilelikde ýörişe çykypdylar, olardan başga-da mongollaryň ýolda alan aýallary we çagalary bardy. Mongol aýallarynyň geými-de nökerleriňki ýalydy, olary bir bada seljeräýmek kyndy. Olar kä mahal söweşlere gatnaşýardylar, emma köplenç wagtda düýelere, ýük ýüklenýän atlara we arabalara seredip, olja paýlaşygynda ýeten oljany goraýardylar. Aýallar mundan başga-da, ýanbaşyna tagma basylan ýesirlere göz-gulak bolup, olara dürli işler buýurýardylar. Olar ýesirler bilen bilelikde baýtallary, sygyrlary we düýeleri sagýardylar, gonulan wagtda mis ýa daş gazanlarda nahar bişirýärdiler. Ýörişler wagtynda dogulan we ýolda alnan kiçijik çagalar arabalaryň üstünde ýa-da ýük ýüklenýän atlaryň üstünde gaýyş horjunlaryň içinde, kä mahal iki-ikiden oturýardylar hem-de atyň üstünde mongol aýalyň arkasynda oturýardy. Dürli taýpalaryň mongollara ýolda goşulan söweşijileriniň ýygyndy toplumy sähranyň içinde, mongollaryň lagerinden çetde uzalyp durdy. Bu ýerde türkmenleriň ala öýleri-de, tangutlaryň sary çadyrlary-da, buluçlaryň gara çadyrlary-da, alanlaryň ýönekeý çatmalary-da we haýsy taýpanyňkydygy näbelli atlylaryň kepbeleri-de görünýärdi. Bu başyna gidenler toplumyny mongollar öňlerine salyp, hüjüme birinji iberýärdiler, söweşden soň bolsa, mongollaryň alan oljasynyň galyndysyny şolar ýygnaýardylar. __________ 1 Alanlar – häzirki osetinleriň ata-babalary. 2 Kalmius derýasynyň we Samar derýasynyň (Dnepriň goşandynyň) ýokarlarynda gadymy wagtlarda gür tokaýlar, batgalyklar bardy we ullakan gaýyklar süýrelip geçirilýän «ýol» bardy. Gadym zamanda şu iki derýa boýunça Priazoweden Dnepre çenli, köp gatnawly söwda ýoly geçýärdi (Prof. Brun). 3 XIII asyrda musulman ýazyjylary Gara deňze Hazar deňzi, Kryma bolsa Hazarystan diýip at berýärdiler. Soňky wagtlarda Hazar deňzi diýlip, Kaspi deňzine aýdylýar. 4 Käbir alymlaryň pikirine görä, gypjaklaryň Şarukan (ýagny Şarukhana) şäheri häzirki Harkow şäheriniň ornunda bolupdyr. «Harkow» diýen at hem şondan gelip çykypdyr. 5 Lukomore – Azow deňziniň kenar sebti. 6 «Ýasa» ýa-da «Ýasak» – Çingiz hanyň ýazylan kararlarynyň we sözleriniň ýygyndysy, ol mongollarda uzak wagtlap kanunlar ýygyndysy bolup hyzmat etdi. «Ýasa» häzir bütinleý unudyldy, häzir onuň kiçeňräk bölejikleri saklanyp galypdyr. 7 Ugorlar – wengerler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |