15:05 Çingiz han -5: romanyň dowamy | |
Bäşinji bap
Taryhy proza
ARZYLY GAPY Hajy Rahym Gürgenjiň çola köçesiniñ beýik haýatyna ýaplanyp duran ýerinden: «Üýtgän zat ýok, şol bir bolşy – diýip içini gepledýärdi. – Erikdir tut agaçlarynyň arasynda önki, üsti tekiz tamlar dur, gök asmanda ak kepderiler gaýyşyp ýerler, olardan-da ýokarda goňur çaýçaňňalaklar jygyllaşyp, ýuwaşjadan gaýyp ýörler. Haýatyň ýokarsyndan edil öňki ýaly akasiýa agaçlarynyň ak gülli şahalary sallanyp dur, olaryň aşagynda edil önki kiçijik, arzyly gapy gizlenip dur. Onuň ýel-gün astynda çalaran tagtalarynyň ýüzüne bir mahal ussatlyk bilen haşamlanan nagyşlaryň yzy heniz bildirip dur. Birmahal bu gapydan gülgün geýimli, sary ýaglykly bir gyz çykýardy. Ol niredekä? Oňa näme bolduka?» Gapy açyldy we uzyn gülgün köýnekli, mele ýaglykly ýetginjek bir gyz çykdy. Onuň elinde pil bardy. Çala belerip duran ýaňak süňkleri we gyýarak gözleri, geýiminiň biçimi we mele ýaglygynyň düwüni, bu zatlardan başy çykýan adama, ol gyzyň türk taýpasyndan bolmalydygyny aýdyp durýardy. Ol gyz bir aý« dymjygy hiňlenip, öz bagyna gidýän ýaby arassalady, suw haýatyň aşagyndaky deşige tarap akyp ugrady. Ol gyz birden göneldi-de inçejik, bugdaý reňk elini gözüne kölegeledip, köçäniň ol ujuna seretdi. Ol ýerde kimdir biri güýçli, ýürek gopduryjy ses bilen aýdym aýdýardy: Gije gelse ukym gözümden gaçar, Arzuwym, hyýalym asmandan uçar. Gözüm düşýär täze dogan şol aýa, Ýarymyň gaşy dek meňzeýip ýaýa. Bilmedim ne bela, niçik syr boldy, Bilmen ajal ýetip, peýmanam doldy. Köçäniň ol çetinde goýy ýaşyl çäkmenli, bili berk guşalan ala guşakly bir atly ýigit göründi. Ol ýigit silkme telpegini sag gulagynyň üstüne gyşardybrak, dor atyny ýuwaşja sürüp, oýnadyp gelýärdi. Ol gamçysyny atyna çalaja degreninden aty duran ýerinden towusdy-da ýüzin saldy. Gyzyň duşuna ýeteninde, atynyň başyny birden çekip, ony kürtdürip duruzdy. Gyz elindäki pilini taşlap, ylgap howla girdi-de, gapyny şyrkyldadyp ýapdy. Ýigit telpegini ýeňserägine süýşürip, atyny çalaja sürüp, köçe bilen aňry gitdi. Gapy çalaja açyldy, aňyrdan ýaňky gyz başyny çykaryp seretdi. Gorky bilen töweregine garanjaklap, ol gyz pilini aldy-da, ýene gözden gaýyp boldy. Hajylygyň alamaty hökmünde daşyna ak mata saralan çüri telpekli, egni ala-beder ýapynjaly, ýüzi güne ýanan, sakgallak derwüş uzyn hasasyny, kör ýaly, gaty-gaty tyrkylladyp, köçäniň aňyrky tarapyna geçdi. Ol töweregine garanjaklap, gapa ilip galan bir gyzyl mata bölejigini alyp, goltugyna saldy, – Hawa – diýip, ol öz ýanyndan geplemäge başlady.– Bu ýerler öňküligine galypdyr: ynha şol agaç, ýöne ol önküden-de uly we uzyn bolupdyr, bu-da şol önki gapy, ýöne garalypdyr, çalaja gyşarypdyr... Bu gyz-da meniň on alty ýaşymda söýen gyzyma meňzeýär, emma bu gyz meniň ol söýen gyzym däl, başga gyz. Köp ýyl mundan ozal içi gyzyl ýaňak erikden doly sebedini göterip, şu ýerde duran, özi hem erik deý ýakymly hem lezzetli ol gyz indi niredekä? Hemmesi öňküsi ýaly hatda hanha köne minaranyň ýokarsynda gyrgylar öňki ýaly pelpelläp ýörler. Diňe Hajy Rahym öňküliginden üýtgedi... Derwüş hasasy bilen gapyny kakdy. Köne garagaç gabsanyň aňyrsyndan bir garry adamyň üsgürinýänligi eşidildi. Iç işikde gunduz ýaly ak selleli, bili bükülen arryjak bir goja peýda boldy. Derwüş: – Ýa-hu-u! Ýa-hak! – diýip gygyrdy. Goja özüniň ýaşaryp duran şully gözleri bilen siňe-siňe seredip, mata guşagynyň gatlarynyň arasyny sermeläp, ol ýerden könelen gaýyş gapjygyny çykardy. Gapjygyň içini özüniň mum ýaly bolan gansyz barmaklary bilen dörjeläp, garaja, ýukajyk bir teňňe tapdy. Derwüş teňňäni maňlaýyna we dodaklaryna degrip: – Allahummeselli ala! Bu öýde kim ýaşaýar? Men kim üçin taňrydan dileg etmeli? – diýdi. – Bu öýde men ýaşaýaryn, emma bu öý meniňki däl, demirçi Kary Maksymyňky, Kary Maksymyň giň demir ussahanasyny we ýarag ussahanasyny uly bazarda bilmeýän ýokdur. Dilegi düşen musulmany ol boş gaýtarmaz. – Takdyr saňa nähili at berdi, eý keramatly bende? – «Keramatly» diýen ýokary ady maňa dakmaweri. Men bir şanyň goja mürzesi Mürze Ýusupdyryn. Özümiň nähili adamdygymy bolsa, bi'r şahyryň goşgulary bilen aýdyp bereýin: Çagalaň ýesiri, öýüniň guly, Çeker derdi biri-birinden uly. Bar zadyny ýükläýmeli towuga, Aç bedeni döz getirmez sowuga. Geçdi ömri gaýgy bile gam tartyp, Gün görýer gün-günden gaýgysy artyp!..1 Derwüş: – Ýok, ýok! Her näme diýseň-de sen keramatly – diýdi.– Sen bir gara dirhem sadaka berdiň we seniň sadakaň ak göwünden çykýandygyna görä, seniň dirhemiň şol bada doly bahaly sap altyn dinara öwrüldi. Goja eglip, derwüşiň guşuň – dabanyna meňzeş gara aýasyna seretdi, görse, ýüzi ýumry ýazuwly altyn dinar ýatyr. – Mukaddes kitaplarda ýazylýan keramatlary men özümiň şu uzak ömrümde heniz hiç wagt görmändim. Sen, derwüş, ýa-ha keramatly bir adam ekeniň ýa-da bazar gözbagçysy bolup, men köreçil gojany oýnajak bolýarsyň. – Ynanmasaň, bu dinary synap bilersiň. Hyzmatçyňy bazara iber, ol şu dinara bişirilen kebapdan, taýyn aşdan, baldan, süýji gawunlardan sebedi dolduryp saňa alyp geler. Şonda sen, bu ýere uzak Bagdadyň özünden gelen garyp ýolagça-da şol bol nygmatdan döwüm-dişlem dadyrarsyň. – Onda sen Bagdady şerifden gelipsiň-dä? Beýle bolsa, ýör, öýe gireli, ol ýerde nämeler göreniňi gürrüň edip ber, men bolsam, seniň geň dinaryň güýjüni synap gereýin. __________ 1 Kesaýynyň (IX asyr) goşgusyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |