16:35 Çingiz han -60: romanyň dowamy | |
Bäşinji bap
Taryhy proza
KALKA DERÝASYNYŇ ÝANYNDA TATAR LAGERINDE Subudaý Batyr deňiz kenarynyň belent raýyşynda, çala akýan bulançak derýanyň aýagynyň ýanynda özüne öý dikip bermeklerini buýurdy. Nökerler gonuljakdygyny we dynç alynjakdygyny duýup, ol buýrugy şatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Birnäçe öýi söküp, on iki düýä ýükläp getirdiler, Gypjaklardan ýesir alnan, ýokarsy çürelip gidýän keçe telpekli aýallar düýeleriň üstünde gorkularyna ýygrylyp otyrdylar. Mongollar öýleri dikip, daşyna ak keçe aýlap, ýüplerini daňyşdyrýançalar ol aýallara aýdym aýtdyrdylar. Subudaý ýüzüni çytyp: – Näme üçin üç öý? – diýip sorady. – Birinde sen öz pikirlerini pikirlenersiň, ikinjisinde seniň gowy görýän awçy barslaryňy ýerleşdireris, üçünjisi bolsa, hökman bolmaly zat – oňa biz gypjaklardan alnan, aýdyma we oýnamaga ökde, in gowy gyzlary salyp goýduk... Subudaý nökerleriň sözüni agzyndan alyp: – Ýoga! Goý ikinji öýde barslar arlasyn, üçünji öýde bolsa goja Saklap mana nahar bişirsin. Gypjaklardan ýesir alnan gyzlar ýöriş wagtynda maňa päsgel bermesin. Olary ýüzbaşylara paýlaň – diýdi. Saklap gazanlaryny, uly-uly agaç çemçelerini we guşagyndan asyp ýören inçejik, uzyn pyçagyny alyp, üçünji öýde ýerleşdi. Uzyn boýly hor, süňklek, çal saçly bu guly tatarlar Astrabadyň golaýynda ýol bilen barýarka tutupdyrlar. Nökerler şol wagtda Subudaýa şeýle diýipdirler: «Bu goja ýesiriň asly ors. Ol Horezm şa Muhammediň öz mürzesiniň aşpezi ekeni, emma öz watanyna gaçmak küýüne düşüpdir. Munuň bilmeýän dili, bişirip bilmeýän nahary ýok. Bu goja saňa badamly palaw, mesgeli çylaw, nohutly çekdirme, gaýmak, halwa, pahlawa taýynlap berer. Munuň ýanynda özüne ýoldaş edinen geplemezek ýigidi bar, oňa Tugan diýýärler. Ol ýigit Saklaba nahar bişirmäge kömek berer». Muňa Subudaý gaharlanyp, şeýle diýdi: – Maňa nahar bişirmek üçin bir Saklabyň özi-de besdir. Onuň üçin hiç bir kömekçi gerek däl. Gazanyň ýanynda kömekçi bolmagy halamaýan ýokdur. Ol ýaş ýigide hanjar we sürüden horaşaja at beriň. Ony öňdäki ýüzlüge ibermeli, goý uruş işini öwrensin. Eger ol gowy söweşiji bolsa, tiz wagtdan bedew at hem ediner, gowy eýeri we beýleki gerek-ýaraglary-da bolar. Erbet söweşiji bolsa, ony birinji tutluşykda öldürerler. Ölende-de biziň bir ýitirýän zadymyz ýok!.. Ak durlukly, agzy günorta, deňze bakyp duran öýde Subudaý iç işikde eýer ýassygyň üstünde otyrdy. Ol geň galyp, börtük gözi bilen, biynjalyk çal deňze uzak wagtlap seretdi, bu ýerde suw-da, ýel-de, balyklar-da, hatda tolkunlaryň ýokarsynda uçup ýören guşlar-da mongol sährasynyň gök köllerindäkiden bütinleý üýtgeşik. Bir dürli tolkunlar uzakdan kenara eňip gelýärdi-de yzyna gaýdýardy, dumanlap duran gök uzaklykda kämahal daşary ýurt gämileriniň ak ýelkenleri görünýärdi, olar tatarlaryň alan ýerlerine golaýlaşmaga gorkýardylar. Bu ýer giň giden sähralyk, ösgün otlukly, ýüzüşip ýören guşly kölleri bardy. Töwerek-daşda gypjaklaryň elinden alnan mallar, uzyn-uzyn şahly ak öküzler, guýruklary elek ýaly semiz-semiz ak goýunlar bakylyp ýördi, gypjaklaryň keçeleri-de akdy, öýleri-de akdy. Subudaýyň urşujylary her gün et iýip, ýatan çöpi galdyrman, Eýran halylarynyň üstünde gyşaryşyp ýatyrdylar. Mongol hanlary-müňbaşylary kämahal laçyn bilen awa çykýardylar ýa-da at çapyşyklaryny gurap, öz mongol atlarynyň hem-de özleriniň eline ýolda düşen türkmen atlarynyň, Eýran atlarynyň, Kawkaz atlarynyň we beýlekileriň aýagyny synaýardylar. Kalka derýasynyň ýokarlarynda, sähranyň içindäki bir alaňlykda ikinji serkerde Jebe-noýon özüne öý dikdirdi, Töwerek-daş giden gök düzlükdi. Şol düzlügiň içinden demirgazyga tarap sakçy depeleriniň ulgamy uzalyp gidýärdi. Çingiz han Jebe bilen Subudaýy günbatara bir wagtyň özünde we edil bir iş üçin iberen bolsa-da, bu iki serkerdäniň biri-biri bilen oňuşmaýan wagty köp bolýardy, hemişe jedelleşip ýörýärdiler we her biri beýlekisiniň ýalňyşyny iş ýüzünde subut etmäge jan edýärdi. Çingiz hanyň iki basdaşy bile ibermeginde mekirlik pikiri bardy. Ol beýleki nökerlerini-de telim gezek şeýdip, edil bir işe iki adamy iberipdi, basdaşlar hemişe biri-birinden tapawutlanmaga jan edýärler ahyryn. Ýörişde okgunly Jebe mydama öňe dyzaýardy. Onuň otrýady telim gezek iň bir howply ýagdaýa düşüpdi. Ol zomap gelýän duşmandan ussatlyk bilen gutulýardy. Emma onuň üstüne dumly-duşdan ölüm howpy abananda Subudaý ýetişip, ony howpdan gutarýardy. Subudaý mongollaryň agyr atly goşunynyň jebis hatarlary bilen duşmanyň üstüne hüjüm edýärdi, onuň goşunynda nökerler-de, atlar-da hytaýlaryň demirden ýasalan sowutlary bilen basyrylgydy. Uzyn boýly, göwresini dik tutup, hiç wagtda gülmeýän, gyrpyllamazak ýiti gözli Jebe üst-başyny tozan we gan edip, söweşden soň Subudaýyň ýanyna gelýärdi. Oduň başynda oturyp: – Men hiç bir ýalnyş edemok, duşman biçeme köp ekeni – diýip, Subudaýa düşündirýärdi. Subudaý bolsa, ýene-de Jebäniň dadyna ýetişendigine monça bolup, gülýärdi-de: – Öz ýalňyşlaryňy maňa düşündirjek bolup oturma, gowusy, gel, edil Horezm şanyň özi üçin edilişi ýaly, içi sarymsakdan we pisse maňzyndan doldurylyp, çişe dürtülip bişirilen goýun etini iýeli – diýýärdi. Jebe ulumsydy, özüne örän göwni ýetýärdi, galjaňdy. Ol altmyş ädimden gaçyp barýan alakanyň kellesinden urýardy, şol sebäpli atan oky biderek geçmez öýdýärdi. Ol özüniň mergenligi we okgunlylygy üçin «Jebe» – peýkam1 diýen ada eýe boldy. Onuň tüýs __________ 1 Jebe ýönekeý nökerleriň arasyndan döredi. «Jebäniň batyr adamdygyna görä, Çingiz han ony onbaşy etdi, onuň gowy gulluk edendigine görä, ony ýüzbaşy etdi, özüniň janypkeşlik pe yhlaslylyk görkezeni üçin müňbaşy boldy. Şondan soň Çingiz han oňa tümen begligini berdi we uzak wagtlap Çingiz hanyň ýakyn adamy bolup gezdi, goşuna ýolbaşçy boldy, gowy hyzmat etdi». (Raşideddin.) öz ady başgady, emma goşunda onuň adyny hemme adam Jebe diýip tutýardy. Söweşden öňürti ol mydama agajet we daýaw at münüp, iň öňdäki howply ýerlerden dazlap geçip, söweş boljak ýeri barlap görýärdi, şonuň ýaly wagtynda parraçlaryň ony ölümden gutaran wagtlary köp bolupdy. Eňegi sanlyja çal tüýli Subudaý garry ýaly bolup görünýärdi, onuň näçe ýaşyndadygyny hiç kim bilenokdy. Birmahal, ýaş wagtynda sag çigninden ýaralanyp, şol ýeriniň damarlary gyrylypdy, şondan bäri sag eli buruklygyna galypdy, şol sebäpli ol diňe çep eli bilen hereket edýärdi. Onuň ýüzi çep gaşynyň üstünden kese çapykdy, onuň şol sebäpli çykan çep gözi mydama ýumukdy, sag gözi bolsa, giňden açylyp, içiňden geçeýin diýýärdi we adamyň içindäkini görüp duran ýalydy. Goşundaky nökerleriň hemmesi: – Subudaý dabanyny gemirden garry tilki ýaly mekir we seresapdyr, gapana düşüp gören bars ýaly gaharjaňdyr, Subudaý ýanyňdaka hiç bir duşman gorkunç däl, ol barka heläk bolmarsyň – diýýärdi. Jebe älemiň çetinden geçýän soňky deňze ýetmek üçin, ýoluň planyny hötjetlik bilen pikirlenýärdi. Aýdymçy çapardan Çingiz hana iberilen habary Jebe düzüpdi, Subudaý bolsa, diňe kellesi bilen ümläp, ony götergileýärdi we gülen bolup: – Ýene näçe uzaga gidersiň? Seniň dag geçisi ýaly bolup, yzyňa ökjäni göterip, meni dadyňa ýetişip ýörmekden dyndarjak ýeriňe ýene näçe galdy? – diýýärdi. Sähra gözegçilik edip ýören aňtawçylar geçip barýan ýolagçylary tutup, Jebäniň ýapyna getirýärdiler, bu ýerden günbatarda we demirgazykda ýaşaýan taýpalar hakynda, olaryň ýerlerine barýan ýollar hakynda, derýalar we olaryň geçelgeleri hakynda, at oty hakynda, baý şäherler we güýçli galalar, olaryň goşuny we ýaragy hakynda, urşujylaryň gowy söweşip bilýändikleri, ýaý oklary bilen nyşanany urun bilýändikleri we Soňky deňze çenli näçe galandygy hakynda Jebäniň özi olardan soraşdyrýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |