16:38 Çingiz han -61: romanyň dowamy | |
Altynjy bap
Taryhy proza
YKMANDA PLOSKINÝA TATARLARYŇ ELINDE ÝESIR Günlerde bir gün aňtawçylar ozal görülmedik taýpadan bolan bir näçe adamy Jebäniň ýanyna alyp geldiler. Olaryň edýän işi ýolagçylary paroma we gaýyga mündürip, derýadan geçirmekdi. Olar uzyn boýly, omuzlak, pajarly sary sakgally adamlardy, eginleri goýun derisinden tikilen köne possunlydy, teletin balaklydylar, aýaklarynda bolsa, teletin tasmalaryndan tikilen mesi bardy. Köwük derisinden tikilen çal telpeklerini ýeserlik bilen gyşardyp geýipdirler. Jebe: – Kim bolarsyňyz? Nireden geldiňiz? – diýip sorady. Olaryň has daýanyklysy gypjak dilinde: – Biziň çölde ygyp ýörenimiz üçin bize «ykmandalar» diýýärler. Biziň ata-babalarymyz knýazlardan gaçyp, erkinlik gözläp, şu sähra gelipdirler... – diýip, jogap berdi. – Eger siz öz agalaryňyzy hormatlaman, olardan gaçan bolsaňyz, onda siz garakçy we ykmanda-da? – Biz garakçy bolup garakçy-da däl, ykmanda bolup kän bir ykmanda-da däl. Biz erkin adamlar, erkin awçy we balykçylar. Jebe iň daýanykly ykmandadan: – Sen kim? – diýip sorady. – Meniň adym Ploskinýa! Biziň ykmandalarymyz meni özlerine baştutan edip saýladylar. Jebe dessine öz nökerlerinden bir toparyny Subudaý Batyryň ýanyna iberip: «Gel! Bize gerekli adamlary tutduk!» diýip, habar ýollady. Nökerler yzlaryna gelip: «Subudaý Batyr halynyň üstünde otyr. Öňünde bolsa, bir torba nohut. Ol barjak däl, işim bar diýdi» diýip, habar getirdiler. Ykmanda Ploskinýa ony eşidip: – Munuň özi: «Gerek bolsam, özüň gel» diýildigidir – diýdi. Jebe tutulan ykmandalaryň hemmesini saklawa tabşyrdy, özi bolsa, Ploskinýany hem-de nökerlerini alyp, Subudaýyň ýanyna ugrady. Çym gyzyl asmanda agşam şapagynyň öçüp barýan wagtynda Subudaýyň üç sany öýi garalyp göründi. Olaryň ýokarsyndan tüssejik towlanyp gidýärdi we harby nyşanlar – at guýrukly we gäwmiş şahly syryklar somalyp durdy. Subudaý öz öýünde Eýran halysynyň üstünde otyrdy. Ojakda ýanýan oduň endiräp duran yşygynda öz öňündäki ala torbadan çep eli bilen nohut çykaryp, olary yhlas bilen uzyn-uzyn hatar edip ýerleşdirýärdi. Subudaý: – Bu kim? – diýip, gözüni mölerdip, Ploskinýa bir azajyk wagt seretdi-de:– Otur, Jebe-noýon – diýdi we ýene öz nohutlary bilen boldy. Jebe Subudaýyň ýanyna geçip, halynyň üstünde oturyp, Subudaýyň edýän işine perwaýsyzlyk bilen gözüniň gytagyny aýlap ugrady. Dabanyny gemirden garry barsyň näme etmekçi bolýandygyny Jebe hiç wagtda öňünden aňyp bilmeýärdi. Uzyn boýly, syratly, döşüne düşüp duran sary sakgally, oýnaklap duran gezli ykmanda Ploskinýa öýüň içine gez aýlap, öz içinden nämedir bir zady ölçerişdirýärdi. Ol ümsüm bolup, gapynyň agzynda durdy. Ony endam-jany ýaragly iki sany mongol saklaýardy. Subudaýyň nohutlary çalt-çaltdan süýşürişdirişine seredip oturan ýerinden Jebe özüniň ýesirlerden eşiden zatlaryny gürrüň edip berdi we Ploskinýany ýola belet adam hökmünde peýdalanmagy maslahat berdi. Subudaý onuň sözüni kesip: – Häzir gypjak hanlary näme edýärler? – diýip sorady. – Olaryň hemmesi gorkdy. Siziň tatarlaryňyz olaryň Şarukan şäherine gelende gypjak hanlaryňyň käbirleri rus iline, başgalary batgalyklara bosdular – diýip, Ploskinýa jogap berdi. – Rus illerine kim gaçdy? – Gaçan köp boldy, olaryň iň uly baýy Kotýandan başlap, Lukomorýe, polowesleri-de, Toksebeçiler-de, Bagubarsowlar-da Basteýewiň goşuny-da gaçdylar. Subudaý nohutlaryndan el çekdi-de Ploskinýanyň ýüzüne siňe seretmäge başlady. – A ruslaryň düýp goşuny häzir nirede? – Ony Hudaý bilmese, bendesi bilmez. Subudaýyň ýeňsesinden tutuldy, onuň ýüzi-gözi gyşardy, açyk gözi gazap bilen ýanyp ugrady. Ol dişläp-dişläp aýrylan dyrnakly egri barmagy bilen azm urup: – Sen göniňden gel! Tilki sapalagyňy atma! Ýogsam ýatyraga-da üstüňe tagta goýup, ýigrimi sany nökeri mündürerin welin, çygyryp ölersiň... – diýdi. – Gönimden gelmän näme? – Aýt, häzir rus knýazlary nirede? Ruslar urşa taýynlanýarlarmy? Ploskinýa: – Bir azajyk pikirleneýin! – diýdi-de aýaklarynyň arasyny açyp, gözlerini ýokary dikdi. Subudaý müňkürlik edip, ykmanda birki gezek gözüni dikdi-de halynyň üstünde nohutlaryny ýene ondan-oňa geçirdi. Ahyrda ol ýene bogazyny hyžladyp geplemäge başlady: – Gulak as, sähra ykmandasy! Gel şeýle dilleşeli, eger sen maňa kemally gürrüň edip berseň, men saňa sylag bereýin. Bärik, ynha şu nohutlara seret. Şu hatary görýäňmi? Şunuň özi Don derýasy... Bu uzyn hatar bolsa, Dnepr derýasy... Ýakynrak gel-de ruslaryň Kiýew şäheriniň nirede bolmalydygyny görkez. Ploskinýa öňe ädeninden iki mongol ony tutup, hanjarly guşagyny çözüp aýyrdylar. Şol wagtda ykmanda ýuwaşlyk bilen dyzyna çöküp, Subudaýyň ýanyna süýşenekläp bardy. Ploskinýa seňrigini çytyp, we telpegini arkan süýşürip gürrüňe başlady: – Hä-ä! Düşünýärin! Ine şu biziň Dneprimiz... Bu bolsa, Dnepriň deňze guýulýan ýeri, Oleşýäniň ýanyn-da... Bu ýerde kiçijik derýajyk bar, biziň şu duran ýerimizdäki Kalka derýasy bolmaga çemeli. Emma maňa bir gulak asyň, merhemetli hanym! Dnepr demirgazykdan günorta beýle gös-göni akmaýar ahyryn, egilen el ýaly, böwür berip gidýär. Ine şu taýda, eginde Kiýew şäheri durýar, ýumruk bolsa Gara deňiz. Tirsegiň sähra somalyp çykyp duran ýerinde bolsa, Dneprde Hortisa adasy bar, ynha şu Hortisanyň ýanynda, tirsegiň golaýynda rus goşuny ýygnanýar – diýip, Ploskinýa nohutlary süýşürişdirip goýberdi welin, Dnepr eglip, tirsek emele getirdi. – Şu ýerden Kiýewe näçe bardyr – diýip, Subudaý sorady. Gorbasyndan nohut gatyşyk bir gysym altyn pul çykardy, ol pullary aýasynda ýygnaşdyrdy-da öz ýanynda goýdy. Ploskinýanyň gözi gitdi, özüniň gurap duran dodaklaryny ýalaşdyrdy. – Saňa Kiýew nämä gerek? Ruslar Kiýewden ugramazlar. Bu ýerden Kiýewe çenli örän daş, alty ýüz wýorst dagy bardyr... Subudaý gaharlanyp: – «Wýorstyň» näme? «Wýorstyňy» bilmerin!.. Şu ýerden atly ugranyňda Kiýewe näçe gonup barmak bolar, maňa şony aýdyp ber – diýdi. – Şu ýerden Kiýewe bir atly ugrasaň, göni ýöräp, on iki günde bararsyň. Iki at bilen gitseň, alty günde dazlap bararsyň. – Ynha indi düşnükli gürrüň edip ugradyň. – Emma ruslar Kiýewden göni sähra çykmaýarlar. Olar gaýyklara münüp, Dnepr bilen şu «tirsege», şu künje, Hortisa adasyna barýarlar. Şu ýerden olar beýleki tarapa geçýärler we şu ýerden «Zaloznyý şlýah»1 bilen, gysgajyk ýol bilen bärik, Lukomorýä gelýärler. Bu ýerde at bilen gowy ýöreseň, munuň özi bary ýogy üç-dört günlük ýoldur, iki aty gezegine münseň-ä iki günde-de gelmek bolar. Subudaý geň galyp: – Bary-ýogy iki günmi? Dneprden şu ýere ruslar iki günde gelip biläýerlermi? – diýdi. – Görýäňmi, şu ýerden, derýanyň böwür berýän ýerinden, Hortisadan biziň ruslarymyz polowesleriň illerine çozardylar. Eger arabasyz çyksaň, iki-üç günde bararsyň. Subudaý özi üçin möhüm maglumatlar alany üçin köp hoşal boldy. Ol dyzyna urup, gülüp ugrady we gymyz getirip bermeklerini buýurdy. Ýollar hakynda, derýanyň geçelgeleri, ruslaryň goşunlary, nähili atlarynyň bardygy, esgerleriniň ýaragy, nähili söweşýändikleri hakynda Ploskinýadan çintgäp sorady. – Olar örän zor uruşýarlar, ylaýta-da aýpalta we ýönekeý palta bilen zor uruşýarlar. – Ol ruslaryň näçe goşuny bar? – Eger ýakyndaky knýazlaryň hemmesi: Kiýew, Çernigow, Smolensk, Galiç, Wolyn knýazlary we beýleki ownuk knýazlar öz goşunlaryny Hortisa eltseler, onda sähra tarap ugran pyýada, atyjy we atly goşun elli mün dagy bolar. – Diýmek, ruslaryň bäş tümeni bar-da? – diýip, Subudaý bäş sany altyn puly Hortisanyň ýanynda Dnepriň «egrelýän» ýerinde, sähra tarap hüjümiň başlanýan ýerinde goýdy, onsoň ýene Ploskinýa ýüzlenip: – A gypjaklar näçe esger çykararlar? – diýdi. – Olaram elli müňräk bolsa gerek1. Dnepriň ol tarapynda eýýäm ýygnanan gypjaklaryň hetdi bar-da hasaby ýok. Subudaý ýene bäş sany altyn pul goýdy. – Şeýlelikde, biziň garşymyza jemi on tümen rus we gypjak çykaryljak-da? – diýip, Subudaý syr bildirmezek, geplemezek Jebä ýüzlendi: – Biziň Gara Yrtyşdan Horezmiň üstüne nähili goşun bilen gidendigimiz ýadyňdamy, Jebe-noýon... «Älemi sarsdyryjy» Çingiz hanyň nähili şägirdidigimizi görkezeli şu ýerde! Ploskinýa emedeklejek ýaly bolup duran ýerinden kä altyn pullara, kä pikirlenip oturan mongol hanlaryňa seredýärdi. – Alyjenap tatar serkerdesi, seniň öz tatar güýçleriň duran ýerinde näme üçin birnäçe altyn pul goýmadyň? Özüňde näçe goşun barlygyny-da taryplada! – diýip, Ploskinýa içginlik bilen soranda Ploskinýanyň gözlerinde mekirlik, ýeserlik uçgunlary ýyllyrap gitdi. Subudaý ýumrugyiy pugta düwüp, Ploskinýanyň tumşugyna hütületdi-de: – Ynha şunça tatar goşuny bar! Ruslar bilen Gypjaklary-da ynha şeýderin!...– diýip, Subudaý özüniň öňki goýan altyn pullarynyň hemmesini gahar bilen garbap aldy-da, nohutly haltasyna taşlady. – Hemmesini torbama düýrläp dykaryn, etlerini iýsemem doýmaryn. Ploskinýa yza çekildi. – Meniň şunça eden yhlasym üçin öz hanlyk merhemediňden bir zat ber-dä! – Ýok! Men hiç kime pul berýän däldirin, gaýtam iller maňa getirip berýär. Men hemmesini öz ýeňilmez hökümdarym Çingiz hana iberýärin... Emma sen sylag-peşgeş gazanyp bilersiň. Seniň ogluň barmy? – Hudaýa şükür, dört oglum bar. – Nirede olar? Uzakdamy? – Donuň geçelgelerinde. – Men olaryň yzyndan bir ýüz atly ibereýin, şolar seniň ogullaryňy hä diýmän alyp gelerler. Sen olara rus illerine içaly bolup gitmegi, şol ýerde rus polklarynyň nirededigini we näçedigini bilmegi buýrarsyň. Goý, olar rus serkerdeleriniň näme pikir edýändiklerini bilsinler-de tizräk gaýdyp gelsinler, mana bolşy ýaly gürrüň edip bersinler. Şol wagtda men seni-de, seniň ogullaryňy-da boşadyp goýbereýin, sylaglap bir süri gylýal we her biriňize bir gysym altyn bereýin. Ýeri, näme haýallyk edýäň? Näme ýaýdanýaň? Ploskinýa uzyn aýaklarynyň arasyny giň açyp, berk duran ýerinden uludan demini alyp: – Şöhratly han, meniň başymy al welin, ogullaryma degme! Subudaý gygyryp, ýumrugy bilen halynyň üstüne gütüledip urdy. – Sen meniň bilen şeýle gepleşýäňmi? Nökerler! Meniň hormatly myhmanymy äkidiň-de barsly öýe salyň, gapysynda üç esse artyk saklaw goýuň. Saklap goja bolsa, ony han ýaly naharlasyn... – Aýaklaryny duşamalymy? Munuň özi gurt ýaly, gaçaýmasa-da biri! – diýip, nökerlerden biri sorady. – Mäkäm demir zynjyr bilen hormatlamagy-da unutmaň!.. __________ 1 Zaloznyý şlýah – Azow deňzinden Dnepre gidýän örän gadymy söwda ýoludy. «Zaloznyý» diýen söz «železo» («demir») diýen sözüň gadym wagtda aýdylyşyndan gelip çykypdyr, sebäbi gadym zamanda gymmatly metal bolan we Hytaýdan hem Aziýanyň beýleki ýerlerinden getirilýen demir bu iň ýakyn ýol arkaly kerwen bilen daşalýardy. (Zabelin, Brun.) «Lozowaýa» diýen stansiýanyň ady «Zaloznyý» diýen sözüň üýtgedilen görnüşidir. 2 Mongollary gorkuzmak üçin Ploskinýa rus we polowes goşuslarynyň sanyny bilgeşli köpeldip aýdypdyr. Hakykatda olar has azdy. Sene ýazuwlarynda olaryň takyk sany görkezilmeýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |