16:46 Çingiz han -62: romanyň dowamy | |
Ýedinji bap
Taryhy proza
KIÝEWDÄKI HOWSALA Siz öz pitneleriniz bilen haramlary rus topragyna getirip ugradyňyz ahyryn, siziň oňuşmazlygyňyz sebäpli poloweslerden horlandyk ahyryn... Rus topragy üçin, gaýduwsyz Igor Swýatoslawiçiň ýaralary üçin öz ýiti oklaryňyz bilen duşmanyň öňüni alyň! («Igoryň urşy hakyndaky hekaýa») Duýdansyzlykda eňip gelen polowesler Kiýewiň garşysynda Dnepriň sähra tarapynyň çep kenaryndaky paromy ertirden başlap eýeläpdiler. Olar derýadan adam geçirýänler gaçjak bolanlarynda olara azm urup, olary gaçyrman, paromyň üstüne mündüler. Paroma münen adamlaryň biçeme köp bolandygy sebäpli, onuň bir gapdaly suwa batyp, paromyň üstüne suw çykdy. Polowesleriň garry, ýognas hany bars ýaly bir ala ata münüp geldi. Onuň ýanynda bir ýüz jigit bardy. Şolardan biri atyny öňden dabradyp, elinde uzyn taýagyň ujuna berkidilen at guýrukly we şaý-şaýmanly han tugy bardy. Başga biri deprek kakýardy. Iki sanysy güýjüniň baryndan tüýdük çalýardy, Burnuny tazladyp duran, saklatmazak atyň üstünde oturan bir jigit hana geçelgä ýol arçamak üçin gamçysyny bulaýlaýardy. Bir çetde gyslyşyp duran diňleýjileriň arasynda arkasy torbaly, üstüni tozan basan bir galandar ähli polowesleriň häzir «Wagşy meýdandan»1 gaçyp gelýändiklerini, olaryň yzyndan bolsa, ozal görülmedik, aýylganç görnüşli taýpanyň,«tatarlaryň» kowalap gelýändiklerini gürrüň berýärdi, «olaryň özleri köse, myşşyk burun, her haýsynyň diwananyňky ýaly hüžžük saçy bar. Hudaýsyz tatarlary görenlerinden adamlar bihuş bolup ýykylýarlar...» diýip gürrüň berýärdi. – Olar nähili adam bolýar? Aýdaweri, taňrynyň galandary, sen köp zatlary bilýän we okumyş adam bolmaga çemeliň. Diwana uzyn taýagyna daýanyp gürrüňini dowam etdirdi: – Çörde-çöpde san bar, onda san ýok, biziň ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik, agzyndan awusy akýan bir halk gündogardan gelýär, olara «tatarlar» diýýärler, olaryň ýanynda bolsa, ýedi dilde gepleýän dürli taýpa bar. Polowesler henize çenli özleriniň töweregindäki halklary ýesir edip, ýoga çykaryp gelen bolsalar, indi şol gün olaryň öz başyna geldi. Tatarlar polowesleri ýeňmek we horlamak bilen durman, olary gyryp tüketmekçi, olaryň ýerlerini özleri eýelemekçi bolýarlar... – Ol taýpa nireden inipdir? – Olar dogrusynda keramatly kitapdaky rowaýatlarda gürrüň berilýär, grek patyşasy, Makedoniýaly Aleksandryň gadym zamanda Gogi we Magogi (äjit-mäjit) diýilýän haram halky ýeriň ujuna, gündogar bilen demirgazyk arasyndaky Ýetriýewsku çölüne kowup eltendigi hakynda ýepiskop Mefodiý Patariýskiý hem gürrüň berýär. Aleksandr olaryň öňüne Kap dagyny çekipdir we möhleti gelýänçä şol ýerde oturmagy buýrupdyr. Ýepiskop Mefodiniň aýdyşyna görä, möhleti gutarandan soň daglar süýşüp, ýol bermeli, şondan soň Gogi we Magogi2 diýen halk ol ýerden çykyp, gündogardan Ýefrata çenli, Tigrden Pont deňzine çenli bolan ýerleriň hemmesini, Hebeşistandan özge ýerleriň hemmesini almalydyr... Diňläp duranlar: – Hemme ýerleri diýdiňmi! Onda biziň topragymyzy-da almaly-da? – diýip gygyrdylar. Galandar sözüni dowam etdirdi: – Töwerek-daşda näme işler edilýändigini görüp durmaýar-syňyzmy ahyryn? Munuň özi ahyrzamananyň alamatydyr? Ýowuz günüň ýyldyzy dogup, gündogardan örän uzaga şöhlesini salýar, hristian iliniň täze heläkçilige duçar boljakdygyny we täze duşmanlaryň çozjakdygyny görkezýär... Haram Gogi we Magogi diýilýän halk daglaryň aňyrsyndan çykyp, biziň üstümize gelýär! Şol aýdylan möhlet indi gutarypdyr. Ahyrzaman ýakynlaşypdyr!.. Adamlar uludan demini alyp we toba edip pyşyrdaşdylar. Galandar keçe telpegini çykaryp eline aldy, onuň sözüni diňlänler bolsa, onuň telpegine köke hem mis pullar taşladylar. Sag kenardan beýik Kiýew knýazynyň nökerleri daşyna garaýag çalnan uly-uly gaýyklar bilen ýüzüp geldiler. Olar märekäni kowuşdyryp, geçelgäni boşatdylar we polowesleriň garry hanyna paroma münmäge kömek berdiler. Samyr derisinden işlik edilen, gyrmyzy ýüpek çäkmenli, gyrasyna tilki derisi tutulan ak uzyn sopbaçly, dürdäne bilen bezelen gyzgylt ädikli han gabarlyp, gaýyş ellikli eli bilen paromyň söýgedinden tutup durdy. Beýleki eli almazlary ýallyrap duran egri şemşiriniň baljygyndady. Daýaw, haýbatly han arkaýyn ýaly bolup görünýärdi, ýöne onuň gözleri Dneprin garamtyl suwuna seredip, howsalaly oýnaklaýardy. Ýel barha güjeýärdi, derýanyň üsti tolkun atýardy we eňip gelýän tolkunlaryň üstünde ak köpükler peýda bolýardy. Han jomartlyk bilen pul berýärdi. Paromçylar ondan gysym-gysym kümüş pul aldylar we ellerinde baryndan jan edýärdiler. Olar uzynly gün nagyşly keçeler bilen basyrylgy gowy-gowy atlary, gorkularyna bagyryşyp duran düýeleri, gerişlerine düşüp duran uzyn şahly agyr-agyr gäwmüşleri, kenaryň boýunda gowy-gowy geýimler geýdirilen garaýagyz, gara gaş, her dürli monjuklar we begresler bilen bezelen, özge illerden ýesir alnan gyzlary derýadan geçirmek bilen meşgul boldular. Şularyň hemmesi rus knýazlaryna sowgat hökmünde alnyp barylýardy. Märekäniň arasynda, polowesleriň iň uly hany Kotýan gelipdir, «Wagşy» meýdanyň aňyrsy-bärisi görünmeýän düzlüklerinde onuň müňlerçe gylýaly gezip ýör, onuň gylýallarynyň aýratyn tagmasy bar, atlarynyň yzyna seretseň, iki çyzykly ýarym tegelejik yz galýar diýip gürrüň edýärdiler. – Kotýan sähranyň eýesidir! Onuň bir özi bütin bir goşun çykaryp biler. Kiýewe ol ýöne ýere gelen däldir. Gyssanyp gelendir. Polowesleri beýleki hanlary-da öz uruglary bilen rus topragyna eňip gelýärler, häzir Dnepriň ähli geçelgelerinden we köprülerinden geçýärler. Polowesleriň goşunlary atlaryna münüp, sowutlary, galkanlary we naýzalary bilen suwa urýarlar... Bir işä tursa gerek! Olaryň päli ýaman bolaýmasa ýagşydyr? Polowesleriň şat aýdymlary-da eşidilmeýär. Olar sähra bilen bize tarap gelýärkäler, uzakdan düýe bozlaýan ýaly zaryn aýdymlary eşidilýärdi... Kiýewiň beýik knýazy Mstislaw Romanowiçiň1 howlusynda howlukmaçlyk bilen gurultaýa taýynlanýardylar: knýazlaryň ulularyna-da, kiçilerine-de garaşylýardy. Olaryň hemmesine goşa atly çaparlar iberlip, Rus topragyny goramaga çagyrylypdy. Uly at-abraýly myhmanlary abraý bilen kabul etmek Knew knýazyna aňsat däldi, olaryň her biri öz nökerleri bilen gelýärdi, knýaz näçe uly bolsa, onuň ýanynyň neberesi şonça-da köp bolýardy. Knýazyň serenjam berijileri Kiýewiň ähli çörekçilerine we gassaplaryna işlekli, pirog we bugdaý çörek bişirmegi we knýazyň howlusyna eltmegi buýurdylar. Kiýew knýazynda indi mundan ýüz ýyl ozalky ýaly, Monomahyň zamanyndaky ýaly güýç ýok. Ol wagtda bütin Rus topragy diýen ýaly: Kiýew-de, Pereýaslawlda, Smolensk-de, Suzdalda, Rostow-da, hatda uzakdaky baý Nowgord-da bütinleý beýik Kiýew knýazynyň ygtyýaryndady. Ol zamanda knýazlarys hemmesi şoňa boýun egýärdi, polowesler bolsa, butnamaga-da milt edip bilmeýärdiler. Serhetleriň hemmesinde ol rus adyny şöhratlandyrypdy. Emma wagt geçdigiçe Monomahyň neberesi ownamak bilen boldy. Knýazlar şäherleri we wolostlary ogullaryna, ýegenlerine we agtyklaryna paýlaşdyrdylar, şonuň netijesinde indi Mstislaw Romanowiçiň ygtyýarynda kemeldilen we güýçden gaçyrylan Kiýew bardy. Soňky ýigrimi bäş ýyl içinde rus knýazlary tarapyndan salnan talaňlar Kiýewi güýçden gaçyrdy, şol talanlar wagtynda galiçliler-de, wladimirlilerde, suzdallylar-da, wyždansyz knýazlar tarapyndan çagyrylan wagşy polowesler-de gadymy paýtagty taladylar we otladylar1. Kiýew ilatyna şonça talaňlardan soň özüni dürsemek, paýtagtyny dikeltmek aňsat däldi, weýran edilen köp öýler gabsasyz we penjiresiz bibatlygyna durdy... Häzir sähradan ýene bir bela abanyp gelýärdi. Iň gowy tagt, has düşewüntli şäher, has köp ilatly wolost üstünde ömür boýy öz biri-birleri bilen jetleşip gelen barlyşmaz, ulumsy we keçjal knýazlary bu täze bela bir ýere jemledi. Köneden ýagy bolup gelen polowesleriň özleri indi Kiýewe boýun burup, kömek sorap geldiler. Olar uly gaýga galyp we ýüzlerini sallap, knýazyň howlusynyň derwezesiniň öňünde toparlanyp, çommalyp otyrdylar. Rus knýazlary gelip ugranda polowesler olaryň öňünden ylgap çykýardylar, olaryň atlarynyň jylawlaryny ogşaýardylar, elleşip salamlaşmak bilen: – Gaýrat ediň, polklaryňyzy ýygnaň! Biziň sähramyza baryp, bizi goraň! Ýowuz duşmanlary kowmaga kömek ediň! – diýýärdiler. Knýazlaryň her biri öz ýakyn adamlary bilen bilelikde knýaz howlusyna ýygnanýardylar, her knýaz aýry topar bolup durdy, jedelleşýärdiler, kämahal nirede näme gürrüň edilýändigini eşitmek üçin ondan-oňa barýardylar, emma Kiýewiň serenjam berijileri her näçe töwella etseler-de knýazlar beýik knýazyň nökerhanasyna girmeýärdiler. Polowesleriň hany Kotýan-da howludady, ol edil hemişekisi ýaly, ulumsydy. Onuň çüri sopbaçly sähra geňeşçileri ellerini gowşuryp, ýüzlerini sallap we butnaman, onuň ýanynda durdular, günden we sähra ýelinden olaryň ýüzleri gap-gara bolupdyr. Sähra ykmandalaryndan bolan bir goja dilmaç knýazlardan kimleriň eýýäm gelendigini, gelenleriň adyny we olaryň haýsy biriniň has edenli we güýçlüdigini hana düşündirýärdi. Kotýan kime hormat goýmalydygyny ölçerip, äwmezeklik bilen baryp, baş egýärdi, barmaklaryny kynlyk bilen ýere ýetirýärdi we ulumsylyk bilen gönelýärdi, çalaryp ugran uzyn murtuny sypalap, özüniň berk bellän sözlerini gaýtalaýardy: – Bizi doganyň hasapla-da, kömek ber! Biziň hemmämiziň üstümize bela abandy! Bile bolsak, belany başymyzdan sowarys. Meniň bujagaz sowgadymdan ýüz sowma. Hormatymy kabul et! Hiç kimi unudan däldirin, matadan, atdan, maldan we ýesir gyzlardan hemmäňize bermek bilen hemmäňize hormat etmek isleýärin. Gün öýle bolup gelýärdi, knýazlar bolsa, heniz hem dagnyk durlar we uly galmagally howluda gygyryşmakdan bogazlaryny gyrara getirdiler, Kiýew knýazynyň nökerhanasyna kim birinji girerkä diýip seredişip durdular. Knýaz Mstislaw Romanowiç heniz kimdir birine garaşýar – öz Wladimirinde gurultaý çagyrylmagyna garaşýan we knýazlaryň garyp düşen Kiýewdeki gurultaýyna gelmek islemeýän hökmürowan we gedem Suzdal knýazy Ýuriý Wsewolodowiçden çapar gelmegine garaşýan bolaýmasyn diýip gürrüň edýärdiler. Galiç knýazy Mstislaw Udatnyý hem heniz görnenok, ylaýta-da gurultaýa şol yhlasly çagyrýardy, onuň çaparlary: sowulmaz bela abandy, haýal etmän geliň diýip gyssaýardylar. Hemmeler birden janygyp: – Mstislaw Udatnyý geldi! – diýişdiler we üstünlikli ýörişler edip, ugorlary we lýahlary ýeňiýa şöhrat gazanan knýazy görjek bolup, biri-birlerini tirsekleri bilen iteläp, seredişmäge başladylar. Mstislaw Udatnynyň1 ýaşy bir çaka baran bolsa-da ol ýeňil-ýeňil ýöräp geldi. Ol duraga-da göýä kimdir birini gözleýän ýaly bolup, howludakylaryň hemmesine içiňden geçip barýan gara gözleri bilen ýiti-ýiti nazar saldy we sallanyp duran uzyn murtuny uzak wagtlap towlady. Ol söweşe şaýyny tutup gelipdir, onuň başynda altyn çaýylan, gün şöhlesine lowurdap duran polat telpek bardy, egninde altyn bilen bezelen ýeňilje sowut bardy. Otlukly ýaly ýörände onuň gyzyl çäkmeni galgap durýardy. Howlynyň bir künjeginde Kotýan hanyň durandygyny gördi-de göni şoňa tarap ugrady. Kotýan han hem howlukmaçlyk bilen ellerini öňe uzadyp, Mstislawa tarap ugrady. Elleşenlerinden soň Kotýan kellesini Galiç knýazynyň döşüne goýdy. Kotýanyň ak sopbajy guma gaçdy, şol wagtda polowes hanynyň eginleriniň titremäge başlandygyny hemmeler gördüler. Märekäniň arasynda: – Aglaýar! Aglap geçsin! Bu bedasyllar biziň ençeme adamlarymyzy ýesir etdiler, ýetim-ýesirleriň gözýaşynyň nämedigini indi bilerler! Mstislawyň aýaly han Kotýanyň gyzy, şol sebäpli ol özüniň baý gaýnyna arka durjak bolup arrygyny gynaýar! – diýişdiler. Mstislaw Udatnynyň gelendigini nökerler baryp, Kiýewiň knýazyna habar berdiler. Emma Mstislaw Romanowiç öz doganoglanyny garşylamaga gapa çykman, heniz hem ýaýdanyp durdy, köne jetlikleri ara düşýärdi. Mstislaw bolsa, Kotýany gujaklap, onuň bilen howlynyň bir burçuna çekildi, olar şol ýerde uzak wagt ýuwaşjadan gürrüňleşip durdular. Ýene hemmeler gymyllaşdylar: – Suzdallylar geldiler! Uly kömek bolar! Suzdallylar bolmasa, biziň gitjek ýerimiz barmy! Ýok, bular suzdallylar däl, bu gelen Rostowyň ýaş knýazy Wasilko Konstantinowiç – diýen sesler eşidildi. Syratly bir ýaş urşujy howla gelip girdi. Ýany çykyp ugran ýallyrdawuk tüýler onuň eňegini zordan basyryp durdy. Bu-da Galiçli Mstislaw ýaly söweşe şaýyny tutup gelipdir, sowutly we polat telpeklidi, guşagyndan uzyn, göni hanjar asylgydy. Geýimi ýönekeýdi, egninde solan al çäkmeni, aýagynda teletin çaryk bardy, dyzlaryna çenli saralan dolaklary bolsa, gök reňke boýalan ýönekeý kendir matadandy. Onuň egin-başy durşuna tozandy, geýimlerine palçyk syçyrapdyr, ýaňyja atdan düşendigi görnüp durdy. Onuň ýanynda çalaryp ugran buýra-buýra saçy eginlerine düşüp duran bir goja bardy, ol gojanyň egninden aşyryp asan gaýyşdan guslisi (saz guraly) sallanyp durdy. – Bu kör aýdymçy! Şöhratly Gremislaw aýdymçy! Ozal serkerdedi, polowesleri telim gezek derbi-dagyn edipdi, Rýazan knýazy Gleb oňa gahar edip, zyndana saldy we gözüni oýdurdy, şondan soň hem üç ýyl saklady. Gremislaw zyndanda ýatan wagty aýdym düzmäge başlapdy, ony zyndandan çykardylar. Şondan bäri ol şäher-şäher gezip, öten zamanlarda bolan wakalar hakynda aýdym aýdýar... Şu gün biz Gremislawy diňlesek gerek. Güler ýüzli ýaş knýaz Wasilko özünden uly ýaşly knýazlaryň hemmesine hormat edip, hemmesi bilen salamlaşyp çykdy. Knýazlaryn özleri-de onuň öňünden çykyp: – Suzdallylar näme gelmeýärler? Sen olaryň goňşusy, olaryň näme üçin gelmeýändiklerini sen bilýänsiň. Suzdalyň beýik knýazy Ýuriý Wsewolodowiç seniň daýyň, ony getirseň bolmadymy? – diýip soradylar. – Henizem pikirlenip otyr! Geljegini-gelmejegini bilen adam bolmaz... Edil saýlanyp alnan ýaly saýyrdyň-saýyrdyň, syratly, sowutly, polat telpekli we gysga naýzaly on sany nöker iki-ikiden öýüň sekisine çykdy. Olar basgançakdan aşak düşdüler-de knýaz Mstislaw Romanowiçe garaşyp, basgançagyň iki ýan gyrasynda hatar bolup durdular. Mstislaw Romanowiç altyn çaýylan laçynly hasasyna daýanyp, ýuwaşjadan ýöräp çykdy. Göni gaşly gyňyr gözleri ýadaw we hasratly seredýärdi. Çalaraga-da ikä bölünen, çalaryp ugran sakgaly, döşündäki haç we altyn but, uzyn ýüpek dony, durşuna but ýaly bolup durşy onuň harby aladalar edýändigini däl-de, onuň buthana yhlaslydygyny we gijelerine ybadat edýändigini görkezýärdi. Knýaz çalarak agsap, basgançak bilen aşak düşüp, iň soňky basgançakda durdy. Alada etmekden ýoýulan ýaly tukat ses bilen: – Hoş gelipsiňiz, gadyrly myhmanlar! – diýdi. Howludaky knýazlaryň hemmesi biri-birindei öňe düşüp: – Bizi näme üçin çagyrdyň? Wagşy polowesleriň dadyna ýetişmek üçinmi? Käşgä olary mynjyradaýsalardy! Şolarsyz günümiz gowy geçer! Goý, özleri goransynlar, göreli bakaly! – diýip, ýerli-erden gygyryşdylar. Agras Kotýan han märekeden saýlanyp, gyşyk aýaklarynyň üstünde zordan gymyllap sekä tarap ugrady. Baraga-da ellerini ýere degrip, knýazyň altyn bezegli geýimini elledi we hamsygyp gepläp ugrady: – Atamyz, saňa baş egýärin! Biz ikimiz ozal gowy görşerdik! Bize ata bol! Çingiz hanyň päliýaman halkyny kowmaga kömek ber! Tatarlar diýilýän päli azanlar biziň topragymyzda aç gurt ýaly pelesaň kakýarlar. Şu gün biziň ähli ýerimizi aldylar, ertir size gelip, siziň ýerleriňizi alarlar. Bizi goraň! Bize kömek bermeseňiz, şu gün biziň hemmämizi kerçärler, sizi bolsa, ertir kerçärler! Hemmämiz birleşip, bir goşun bolup goranmagymyz gerek. – Gygyrma! Nämä ýaňraýaň! – diýen sesler eşidildi, – Ýuwaş, goý aýtsyn! Biderek jabjynmak nämä gerek? – diýen sesler hem boldy. Başgalar garşy çykyp: – Polowesler biziň duşmanymyz ahyryn! Olar häzir güýç-kuwwatdan gaçyp, biziň topragymyza geldiler. Olaryň hemmesini gyryp, barja zatlaryny almak gerek! – diýdiler. Biri-birine ýol bermeýän başga-başga sesler çykyp, uly galmagal boldy. Kiýew knýazy näme etjegini bilmän, bialaç töweregine seredip, ellerini ýokary galdyrdy, Gykylyklar barha güýjeýärdi. Knýaz Mstislaw Udatnyý dogumly we çalt-çalt ýöräp, basgançagyň üstüne çykyp, gürrüňe başlady: – Jemagat, knýazlar we ak ýürek serkerdeler, rus edermenleri! Biziň hemmämiz mukaddes rus topragynyň ogullary dälmi? Köne dawalarymyzy, oňuşmazlyklarymyzy, polowesler bilen eden uruşlarymyzy unudalyň! Bizem olary urduk, ýesir aldyk, olaram biziň ilimize ot berdiler, talaň saldylar... Häzir polowesleriň üstüne-de biziň üstümize-de agyr bela indi. Ozal görlüp-eşidilmedik täze duşmanyň eňip gelýän wagtynda, polowesler bilen urşanymyzdan dost bolanymyz gowudyr. Eger Çingiz hanyň hudaýsyz tatarlaryna garşy göreşde biz poloweslere kömek bermesek, polowesleriň olaryň tarapyna geçmekleri we duşman güýçleriniň artmagy mümkindir. – O tatarlar nähili adam? Belki, olar poloweslerden-de güýçsüzdir? Olar näçe barka? – Kotýan han alanlar bilen bile bolup, Çingizin tatarlaryna garşy urşupdyr. Olar agzybirlik bilen hüjüm edýärler, gaýduwsyz çapyşýarlar diýýär. Olar uzakdan, Obezleriň1 ýurdunyň üstünden geçip, Demir Derwezäniň aňyrsyndan gelipdirler. Tatarlary duruzmaga polowesleriň bir özleriniň güýji ýetmändir. Tatarlar polowesleriň ilini talapdyrlar, aýallaryny ýesir alypdyrlar, Kotýanyň we polowesleriň beýleki serkerdeleriniň atlaryny-da, mallaryny-da, ähli baýlyklaryny-da eýeläpdirler... Häzir tatarlar şeýle bir köp olja alypdyrlar, hatda oljalaryny nirä goýjaklaryny bilmeýärler, maslykdan doýan köpek ýaly bolup, gerk-gäp bolupdyrlar we özleriniň baýlyklaryny Hazar deňziniň kenaryndaky Lukomorede goýupdyrlar... Tatarlaryň özi bolsa, agyr ýük we araba alman, rus topragyna ugrapdyrlar. Eger meniň şu sözlerim mukaddes rus topragynyň hatyrasyna aýdylman, meniň gaýnym, indi gedaý düşen Kotýan hanyň hatyrasy üçin aýdylýar diýip pikir edýän bar bolsa, onuň töhmet ýapdygy bolar!.. Ady-owazasy uly knýaz Mstislawy märeke sesini-üýnüni çykarman diňledi. – Hazar deňziniň kenary bu ýerden uzakdyr, ýigrimi gün dagy ýol ýöremeli bolar – diýen aýry-aýry sesler çykdy. – Çagyrylmadyk myhmanlaryň öňünden çykmagy biz indi görmeli däl! Olary Kiýew knýazy garşylamaly bolar, onuň gamyny goý onuň özi iýsin! Märeke uly galmagal bolup durdy, knýazlaryň bir doganlyk söýgüsiniň, bir erk-isleginiň ýokdugyny, olaryň birmahalky gaharynyň we içlerinde galan kitiwiň ara düşýändigini bilýärdi. Aýdym eşidilip ugrady. Zer donly buthana mähellesi knýazlaryň gaharlaryny we jedellerini ýatyrmak üçin aýny wagtynda geldi. Özleriniň kadilolaryňy iki ýanlaýyn batlandyryp gelýän, giň döşli dört sany dýakon, ýanyp duran, gol ýaly ýogyn mum şemli oglanlar, elleri metal haçly garry protopoplar, ahyrda, garaýagyz, gara sakgally, ullakan zer telpekli grek mitropolitiň golundan iki sany oglan tutup gelýärdi – şularyň hemmesi aýdym aýdyp, sekä ýakyn geldilerde aýak çekdiler, dym-dyrslyk boldy. Kiýew knýazy mitropolitiň ýanyna baryp, ellerini gowşuryp tagzym etdi we garrynyň ak pata berýän elini ogşap, ýuwaşlyk bilen: – Bir öwüt ber, keramatly ata! Knýazlary yr, köne gaharlaryny ýatdan çykaryp, biri-birini gowy görüp, agzybir dursunlar! – diýdi. Mitropolit üç tarapyna ýüzlenip, hemmelere ak pata berip, sekä çykdy we rus sözlerine kän bir dili aýlanmasa-da ýat tutan sözlerine başlady. – Söýgüli doganlarym we ogullarym! Injiliň aýdyşyna görä hudaýa hyzmat etmegi öwreniň! Allanyň hatyrasy üçin, gowy işler bilen meşgul boluň! Diliňizi saklaň, aklyňyzy azdyrmaň, teniňiz bende bolsun, gaharyňyza haý diýiň!.. Kiýew knýazy burny deşilen ýaly bolup, başyny egip durdy. Galiçli Mstislaw allaniçigsi bolup töwerek-daşyna seretdi, ol nägilelik bilen aňkaryp duran agyzlary, gaharly gözleri gördi. Mitropolit bolsa, sözüni dowam etdirýärdi: – Sen bir zatdan mahrum ediläýseň-de oňuşyber, ar aljak bolma! ýigrenilýän we horlanylýan bolsaň-da özüne dözüber! Sögülseň boýun bur! Duşmany üç ýol bilen: toba etmek, gözýaş dökmek we sadaka bermek bilen ýeňmelidigini Allanyň özi bize görkezdi... Mstislaw emaý bilen dört dýakonyň ýanyna bardy-da olara pyşyrdap: – Bu gregiň aňkasy aşypdyr! Gaty bulaşdyrdy! Ol gözýaş dökmek we toba etmek hakynda kime gürrüň berýär? Garamaýaklara we hyzmatçylara däl-de knýazlara ýüzlenýär ahyryn! Tizräk bir doga ýa bir aýat aýdyp ugraň, heriňize bir goýun bereýin! – diýdi. Mitropolit bolgusyz sözlerini dowam egdirýärdi, dört dýakonyň dördüsi bir ýerden bir aýat hiňlenip ugrady, protopoplar we oglanlar özleriniň inçejik sesleri bilen aýdymy alyp göterdiler. Knýazyň serenjam berijileri aňk-taňk bolan mitropolitiň daşyna aýlandylar-da oňa knýazyň nökerhanasyna girmäge kömek berdiler. Basgançaga Rostowyň ýaş knýazy Wasilko çykdy. – Men uzak demirgazykdan, beýik Rostowdan geldim. Rus topragynyn hatyrasy üçin we hristianlaryň hatyrasy üçin men size birnäçe söz aýtmakçy bolýaryn, Kiýew knýazy Mstislaw Romanowiçiň tarapyndan bize howlukmaç çaparlar bardy we dessine polklary düzüp, rus topragyny goramaga çagyrdylar. Men özümiň bar goşunymy alyp geldim, biziň iň güýçlimiz Suzdal knýazy Ýuriý Wsewolodowiç bolsa, tatarlar onuň Suzdalyna bararlarmyka ýa onuň daşyndan aýlanyp geçerlermikä diýip, heniz hem pal atyp otyr. Bu ýerde-de men şonuň ýaly sözleri eşidýärin: «Her kim öz najatyny garasyn!» diýýärler. Keramatly mitropolit bolsa, bu ýerde öljek bolup ýatan garrynyň aýdýan sözlerini aýdýar, toba etmek we gözýaş dökmek hakynda gürrüň edýär, bu sözler urşuja aýdylýan sözler däldir... Burny deşilen ýaly ümsüm durmak bilen duşmany duruzyp bilmeris, rus topragyny saklap bilmeris... – Dogry, Wasilko dogry aýdýar! – diýip, märekäniň arasyndan gygyryşdylar. – Görlüp-eşidilmedik we päliýaman halk durman gelýär... Çagyrylmadyk myhmanlary mynasyp garşylamak gerek. Olaryň öňüni alyp, hemişelik dynmak gerek. Tatarlar ganatly däldir, Dneprden uçup geçmezler, uçup geçäýselerem bir ýerde gonarlar ahyryn, şol wagtda hudaýyň buýranyny göreris... – Olary hanjar we aýpalta bilen garşylalyň! Wasilko sözüni dowam etdirdi: – Goý, biziň paýtagt knýazlarymyz knýaz Mstislaw Romanowiçiň nökerhanasyna girsinler we gadymy adat boýunça bir halynyň üstünde tegelenişip otursynlarda: haram duşmanlary gözýaş we toba etmek bilen garşylamalymy ýa-da ata-babalarymyzyň synaglardan geçen aýpaltalary we ýalaw ýaly hanjarlary bilen garşylamalymy, şony çözsünler.. – Knýaz Wasilko dogry aýdýar. – Goý, şeýle bolsun! – diýip, dumly-duşdan gygyryşdylar. – Ulymyz kim bolar? Polklary kim söweşe alyp gider? Men Mstislaw Romanowiçin gol asty bolup gitjek däl! – diýip, bir tarapdan gygyrdylar. Beýleki tarapdan: – Goşuny goý, knýaz Mstislaw Mstislawiç söweşe äkitsin. Ona «Udatnyý» diýilmegi ýöne ýerden däl ahyryn, onuň ýolbaşçylygy astynda gitsek, işimiz rowaç bolar! – diýip, alyp göterdiler. Nähili hereket etmelidigini çözmek üçin ýigrimi üç knýaz Kiýew knýazynyň nökerhanasyna girdi. Uzak wagtlap pikirlendiler, emma dillerini birikdirip bilmediler. Mstislaw Udatnyý Lukomorýäniň ýanyndaky tatar lageriniň üstüne çozmagyň tarapyny tutdy. «Olaryň harytly jaýlaryny alyp, hemmäni baý ederis; şol wagtda diňe knýaza däl, her bir urşuja köp olja ýeter». Lukomorýä ýöriş etmek hakyndaky bu pikir knýazlaryň köpüsiniň ýüreginden turdy, emma hemme polklar üçin bir serkerde saýlap bilmediler. Onýança sähra ykmandalaryndan biri ylgap geldi. Nätanyş tatarlar Dnepre tarap gelýärler diýip, habar getirdi. Bu habar Hortisa adasynyň ýanynda Dneprden geçip, tatarlaryň üstüne çozmaly diýlip karar edilmegini tizleşdirdi. Her knýaz özbaşdak, öz goşuny bilen gidýär, hiç kim beýlekiniň ýoluny kesmesin diýen karara geldiler. Kimiň işi oň bolup, Lukomorýä öň barsa we tatar lagerini alsa, eline düşen oljany beýleki knýazlar bilen den paýlaşmaly. Kasamdan çykmaly däl, eger knýazlardan biri başga bir knýaza garşy dawa turuzsa, knýazlaryň hemmesi ol başbozara garşy çykmaly diýip, knýazlaryň hemmesi haçy ogşadylar. Soňra öz biri-birleri bilen ogşaşdylar, şu ýerde Kiýew knýazy Mstislaw bilen Mstislaw Udatnyý biri-birine ýeňsesini öwürdi. Knýazlar halynyň üstünden turanlarynda knýaz Wasilkonyň ýüzi pikir we alada bilen hüýt-gara bolupdy. Ol ýüzüni sallap, daş işige çykdy. Oňa goja aýdymçy Gremislaw garaşyp durdy. Wasilko: – Biz eýgiligiň üstünden barmarys. Beýdip uruşmak bolmaz. Tatarlaryň baýlygyna göz gyzdyrmaly däl, gaýtam duşmanlar ikilenç gymyllap bilmez ýaly, olaryň soňuna çykmak gerek. Her kimiň biri-birinden ýüzüni sowýan wagtynda bölek-büçek gitmek başyňa belany satyn almakdan başga zat däldir – diýdi. Maýyl howaly agşam düşdi. Knýazlaryň çadyrlarynyň ýokarsynda ýyldyzlar patrak ýaly bolşup durdy. Howluda nahar edinmek üçin taýynlanyp goýlan uzyn-uzyn dub stollar bardy. Myhmanlaryň hemmesi dub oturgyçlaryň üstünde oturyp, knýazyň işleklilerini we gowrulan guw etini iýmäge başlap, seslerini goýanlarynda, ýetginjek ýigitler bolsa, ellerine ýanyp duran fakelleri alyp, stollaryň töwereginde duranlarynda, odun yşygynda knýaz sekisiniň ýokarky basgançagynda goja Gremislaw aýdymçynyň oturandygyna hemmeleriň gözi düşdi. Onuň elindäki gusliniň (saz guralynyň) hoş owazy çykyp ugrady, goja aýdymçynyň özi bolsa, gyzaryp duran sokur gözlerini asmana dikip, çalarak gyryk ses bilen özüniň gadymy wakalar hakyndaky gowy görýän aýdymlaryny aýtmaga başlady. Gremislaw Igor Swýatoslawiçiň polowesleriň üstüne eden batyrgaý ýörişi hakynda, knýazlaryň tersleşikleri we onuşmazlyklary hakynda, batyr rus urşujylarynyň şol sebäpli nähak ölendikleri, şol tersleşikleriň «rus topragynyň gapysyny duşmanlara açyp berendigi» hakynda aýdym aýtdy. Bu aýdymlary diňläp oturanlaryň köpüsi kellelerini elleriniň üstüne goýup: knýazlaryň şu biri-birleri bilen oňuşmazlyklary we biri-birini ýek görüşleri şonuň ýaly belanyň üstünden eltäýmese ýagşydyr, bu oňuşmazlyklar we duşmançylyk beýik rus işini – mähriban topragymyzy goramak işini heläkçilige uçradaýma bilseýdir... – diýip, öz içlerinden pikirlendiler. __________ 1 «Wagşy meýdan» – Gara deňiz ýakasyndaky sähralar. 2 Gogi we Magogi – göýä Aleksandr Makedonskiý tarapyndan uzakdaky demirgazyk-gündogar daglarynyň aňyrsyna kowlup eltilen, ertekilerde gürrüň berilýän wagşy äpet adamlarmyş. 3 Mstislaw Romanowiç (1214-1223) – Monomahowiçleriň urugyndan iň soňky Kiýew knýazy. 4 Kiýewde bolan talaňlaryň iň güýçlüleri 1162, 1169, 1202, 1204, 1207, 1210-njy ýyllarda boldy. 1204-nji ýylda knýaz Rýurik Rostislawiçiň häkimiýet ugrunda göreşip, wagşy polowesleri kömege çagyryp, eden talaňy ylaýta-da erbet boldy. Polowesler şäheri otladylar, asuda ilaty gyran-jyran etdiler, ilatyň emlägini taladylar, köp kiýewlileri maşgalalary bilen ýesir edip äkitdiler. 5 Galiç knýazy Mstislaw Mstislawowiçiň zamandaşlary oňa Udatnyý (Rowajy) diýip, at beripdirler, soňraky sene ýazuwçylar onuň lakamyny üýtgedip, oňa «Udaloý» diýip at beripdirler. 6 Obezler – Demirgazyk Kawkazda ýaşan taýpa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |