16:48 Çingiz han -63: romanyň dowamy | |
Sekizinji bap
Taryhy proza
SUBUDAÝ BATYRYŇ PLANY Subudaý özüniň on sany müňbaşysyny öz ýanyna çagyrdy. Jebe hem öz on sany müňbaşysy bilen geldi. Olaryň hemmesi, gojalary-da, jahyllary-da bir öýe ýygnandylar. Jebäniň aýdanyny diňlediler. Jebe bolsa, uzakdan bir zat görýän ýaly bolup, hemmeleriň kellesiniň üsti aşyra seredip gepleýärdi. – Kiýew baş şäher... – diýip, Jebe gürrüň berýärdi. – Ybadat edilýän öýleri belent, tes-tegelek, özleri-de gyzyl altyn bilen basyrylgy. Biz şol altynlary goparyp alarys we Çingiz hanyň Seter diýen gyr aty ýaly bir aty sap altyndan guýup, onuň çadyrynyň ýanynda goýarys. – Çingiz hana altyn at eltip bereliň! – diýip, mongollar gygyryşdylar. – Ruslaryň köp hanlary bar, olaryň dilinde hanlara «konýaz» diýilýär. Şol hanlaryň – «konýazlaryň» hemmesi, dürli obalaryň itleri ýaly, biri-biriniň etini çekeläýjek bolýarlar. Şoňa görä, olary derbi-dagyn etmek kyn bolmaz. Ol «konýazlary» hiç kim bir sagdaga jemlemändir we olaryň öz Çingiz hany ýok. – Biziň beýik Çingiz hanymyz ýaly başga bir serdar dünýäde hiç ýerde tapylmaz! – Men size aýdýaryn, biz haýal etmän, rus topragyna çozmalydyrys, oňa ähli tarapdan ot bermelidiris we Kiýewi almalydyrys, özi-de... – diýip, Jebe sakga sesini kesdi. – Özi-de näme? – diýip, müňbaşylar soradylar. – Özi-de biziň «ýalňyz we iň beýik hökümdara» iberen habarymyza jogap gelmänkä şeýtmek gerek. Mongollar: – Çingiz han özi gelýänçä garaşmagy buýrar! Onuň özi Kiýewe girmek islär! Biz Buhara, Samarkant, Gürgenç ýaly uly şäherleri aldyk, bize Kiýewi-de almak kyn däl. Kiýewi tizräk almalydyrys! – diýdiler, Hemmeler Subudaýa gözleriniň gytagyny aýlaýardylar we «dabanyny gemirden» mekir we seresap bars näme aýdarka diýip garaşýardylar. Ol bir ýanbaşyna gyşarylyp otyrdy we içiňden geçip barýan gözi bilen oturanlaryň ýüzüne gezekme-gezegine seredýärdi. Müňbaşy Gemýabeg: – Ruslary derbi-dagyn edäýmek Jebe-noýonyň aýdyşy ýaly beýle aňsat bolmaz – diýdi. – Ruslar bilen gypjaklar kän, olar ýüz müň, biz bolsak az, ýigrimi müň, bir tümenem dürli ykmandamyz bar, eger biz yza çekilip ugraýsak, ol ykmandalar edil serçe sürüsi ýaly bolup pytrap giderler. Rus topragyna aralaşmak biziň üçin hatardyr, ol ýerde güýçli goşun köp, örän köp. Kiýewiň üstüne gitmek bolmaz... Biziň şu ýerden yzymyza, Çingiz hanyň kuwwatly gollarynyň astyna gitmegimiz gerek... Jebe oňa jogap berip: – Ikimiz beýleki batyrlar bilen bilelikde szinleriň1 uly Hytaý diwaryndan aňyrdaky sürülen düzlüklerine çozanymyzda hytaýlaryň ruslardan-da köp bolandygy ýadyna düşmeýärmi, batyr Gemýabeg? – diýdi. Subudaý gozganyp, elini salgap goýberdi. Hemmeler seslerini goýup, ona tarap egildiler. Subudaý haýallyk bilen gepläp ugrady: – Bir işe başlanyňda, ozal Çingiz hanyň nähili edendigini ýatlamak gerek. Soňra bolsa, eger biziň ornumyza şol bolan bolsa, nähili ederdi diýip, pikirlenmek gerek. Ilki bada duşmana mekirlik etmek gerek, ol ýygrylyp, aýaklaryny uzadyp, arkan düşer ýaly, onuň arkasyny sypalamak gerek... Şondan soň onuň üstüne özüňi oklap, onuň bokurdagyny gemirmek gerek! Hemmeler gönelip, biri-birleriniň ýüzüne seredişdiler. Näme etmeli boljakdygy indi aýdyň boldy. Yza, beýik kaganyň güýçli golunyň astyna gaýtmak hakynda pikir hem etmeli däl. – Subudaý sözüni dowam etdirýärdi: – Ruslar köp! Olar biçeme güýçli, ýoluň üstünde irkilip duran çekirtgäni düýäniň basyp mynjyradyşy ýaly, olaryň bizi mynjyratmagy-da mümkin. Emma olarda tertip ýok! Olaryň «konýazlary» biri-birleri bilen gan-da pyçak. Olaryň goşuny sährada dürli tarapa dagap ýören güýçli öküzler hökmündedir... Emma ruslaryň öz Jebesi bar! Oňa «batyr Mastislýab» diýýärler... Ol Mastislýab köp urşupdyr we henize çenli ýeňilmek diýlen zady görmändir, emma Mastislýab öne gidip, ölüm howpuna duçar bolanda, onuň dadyna ýetişip, ölüm howpundan gutarar ýaly, olaryň öz Subudaý Batyry ýok!.. – Biz ony, Mastislýaby tutup, Çingiz hanyň ýanyna elteris! – diýip, mongollar gygyryşdylar, Subudaý onuň üstüne goşup: – Kim Mastislýaby tutup, onuň altyn telpegini başyndan çykarsa, şonuň özüne ony Çingiz hanyň ýanyna äkitdirmäge wada berýerin – diýdi. Maslahat uzaga çekdi. Mongol serkerdeleriniň kararyny nökerler eşitmesinler diýip, olaryň hemmesi pyşyrdaşyp gepleşýärdiler. Şol günüň ertesi Jebe özüniň bir tümen atlysy bilen günbatara ugrady, Subudaý bolsa, atlary bakmak we aýgytly tutuşlyga taýynlamak üçin beýleki tümen bilen Kalka derýasynyň kenarynda galdy. __________ 1 Szinler – hytaýlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |