16:49 Çingiz han -64: romanyň dowamy | |
Dokuzynjy bap
Taryhy proza
MONGOLLAR DNEPRIŇ KENARLARYNDA Ýaz biçeme yssy boldy. Köp günläp epgek öwüsdi. Ürç edip gögeren otlar solup, guramaga başlady. Gün ýakyp barýardy we Subudaýyň hemmäni gyssaýan gözi ýaly, asmanda içiňden geçäýjek bolup durdy. Jebe-noýon öz tümeniňi bäş bölege böldi. Iki müň atlydan ybarat bolan bir bölegi bilen ol Dnepre baka gitdi, beýleki dört otrýady bolsa, asyrlar boýy basgylanan, sähranyň içi bilen egrem-bugram bolup gidýän ýoluň ugrunda ýerleşdirdi. Tatar atlylarynyň birnäçe ýüzi dürli tarapa, sähra giňişliklerine tarap gitdiler we sürülerini bakyp ýören gypjak çarwalaryny gören ýerlerinden ýola tarap kowup getirýärdiler. Jebe üsti-başy tozan bolan ýüz sany nökere baş bolup, gün şöhlelerine ýalpyllap duran giň Dnepre golaý bardy. Derýanyň ýylmanak gök suwunyň üstünden garaýaglanan gaýyklar ýüzüp barýardy. Dilmaç: – Seret, honha rus söweşijileri! – diýip görkezdi. Kenardaky depäniň üstünde demir telpekli, gysga naýzaly rus esgerleri durdy. Olar elleri bilen gözlerini günden penalap, uzaga seredýärdiler. Gypjaklar däl-de, başga bir taýpadan bolan atlylaryň gelýändigini görüp, olar ur-tut derýa baryp, gaýyklaryna mündüler-de kenardan uzaklaşdylar. Çüri polat telpekli Jebe günüň jöwzasyndan çym-gyzyl bolan ýüzüni sallap, kert kenara baryp, atynyň başyny çekdi we aňyrky kenaryň baýyrly düzlügine özüniň gyrpyllamaýan, gyýa gözleri bilen uzak wagtlap seretdi. Ol tarapda köp adamly lager garalyp görünýärdi, arşlary dik ýokary galyp duran arabalar hatar-hatar bolup durdy. Dürli reňkli gylýal sürüleri bakylyp ýördi. Pyýada we atly urşujylar düzlükde hereket edýärdiler, olaryň ýaraglarynyň metal bölekleri güne ýalpyllaýardy. Birnäçe gaýyk kenaryň ýakynynda aýlanyp ýördi. Kürekçiler köp suwly derýanyň akymyna garşy göreşip, ellerinde baryndan kürekleýärdiler. Bir gaýygyň üstünden: – A-haw, çagyrylmadyk myhmanlar! Siz biziň ilimizden näme gözleýärsiňiz? Nähili päl bilen geldiňiz? – diýip gygyrdylar. Gaýygyň üstünden gelen sözleri Jebäniň ýanyndaky iki sany ykmanda Jebä düşündirdi. Ykmanda özüniň çirkin sesi bilen: – Biz siziň üstüňize gelemzok, gypjaklaryň üstüne geldik! Gypjaklar biziň gullarymyz we at bakarlarymyzdyr. Olary sizem uruň, barja zatlaryny we mallaryny özüňize alyň. Gypjaklar bize köp ýamanlyk etdiler, size-de köpden bäri horluk berip gelýärler, Biz siziň bilen oňşukly bolmak isleýäris, Siziň bilen uruşmak islämzok – diýip jogap berdi. Gaýygyň üstünden: – Ilçileriňizi iberiň, şolar bilen gepleşip göreli! – diýip gygyrdylar. – Kim bilen gepleşmeli? Bu ýerde siziň uly baştutanyňyz barmy? – Bu ýerde knýaz köp. Şolar siziň ilçileriňiz bilen gepleşerler! Jebe dört sany nökeri we dilmaç hökmünde bir ykmandany saýlady we olara aňyrky kenara gitmegi buýurdy. Olar Kiýewiň uly knýazyny görmelidiler we ona: siz gypjaklaryň mallaryny we baýlyklaryny ellerinden alyp, kowuň, soň biz bu sährada olaryň sonuňa çykarys diýip aýtmalydylar. Saýlanan nökerler ýaýdandylar we gamçylarynyň sapy bilen ýagyrnylaryny gaşap: – Ruslar bilen biziň näme gürrüňimiz bolup biler? Gowusy, ur-tut urşa başlalyň – diýdiler. Jebe: – Onda dilmajy ýanyma alyp, meniň bir özüm giderin – diýdi. Nökerler: – Ýok, sen gitme! Sen bolmasan biziň goşunymyzyň başyna nä günler geler? Enesiz galan möjek çagalary näme ederler? Olar seni öldirler. Sen şu ýerde gal! Biz gideli – diýip gygyrdylar. Dört nöker bilen bir ykmanda aşak, derýanyň boýuna düşdüler we kenaryň ýakynynda gaýyk sürüp ýören ruslary çagyrdylar. Bir gaýyk gelip, mongol ilçilerini alyp gitdi. Jebe belent kenaryň üstünden beýleki tarapa uzak wagtlap seredip durdy. Ol ýerde, dumanlap duran uzaklykda çemenlikler, jeňňeller we göm-gök aýlaglar uzaga ýaýylyp gidýärdi, ýakynlaşyp gelýän otrýadlaryň turuzýan tozany ýollaryň hemmesinde al-asmana galýardy. Gije boldy, Jebe goýun derisinden tikilen possunyna çolanyp, depäniň üstünde oduň başynda gyşaryp ýatyrdy. Ol ruslaryň ýanyna iberen nökerlerine garaşýardy. Olar gaýdyp gelmediler. Olary gypjaklar öldüripdirler. Sähranyň içinde töwerek-daşda uzakdaky otlaryň ýylpyllysy görünýärdi. Düzlügiň hemme ýeri näbelli ýaşaýyş bilen ýaşaýardy. Kimdigi bildirmeýän biynjalyk atlylar sährada dereleriň içi bilen geçýärdiler we gijäniň birmahaly uzakda ýakylýan otlar ýylpyllaýardy... Jebe uzynly gijäni irkilip bilmän geçirdi. Agyr pikirler, birmahal aýdylan sözleriň bölek-büçekleri, tanyş ýüzler onuň gözüniň öňüne gelip geçýärdi, ol kä guduzlan ýaly bolup gyssanyp ugraýardy, kä irkilmäge başlaýardy... Soň ýene kä Çingiz hanyň gara tilki guýrukly demir telpegi we onuň gyrpyllamaýan, mawyrak pişik gözleri, kä Subudaýyň içiňden geçip barýan açyk gözi, kä ýalpyllawuk hanjarlaryň ýokary galyp aşak inişi gözüne görnüýärdi... Indi ruslar bilen uruşmaly, rus urşujylary güýçli, söweşden gaçmaýarlar, gaýtam olaryň özleri sürünýärler. Bulary ýeňäýmek uçursyz kyn bolar!.. Jebäniň Hytaýda gazanan ýeňişleri arkaly edinen şöhratynyň indi, şu günler öçmegi mümkindi. Ýa-ha şu sähralarda ol öz kellesini goýar ýa-da Jebäniň ady ruslary we gypjaklary ýeňip, Mastslýabyň altyn telpegini alan beýik ýeňijiniň ady hökmünde, kaganyň altyn öýünde ýene hemmeleriň agzyna düşer – ine Jebe şeýle pikir edýärdi. Ertirden soň nökerler Jebäni oýatdylar. – Ol tarapda edilýän işlere bir seret... Ruslar ýokardan şeýle köp gaýyk getiripdirler-de, indi olary biri-birine daňyp, derýadan geçmek üçin köpri ýasaýarlar. Olaryň arabalary edil suwuň ýanyna getirilipdir. Ýygnan atly we pyýala goşunyň aňrysy-bärisi ýok1. Olar tiz wagtdan bu tarapa geçmäge başlarlar. Näme etmeli? Jebe: – Ruslara päsgel bermäň! Uzakdan gözegçilik ediň-de, sähra tarapa yza çekiliberiň! – diýip, buýruk berdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |